13:32 Toýda | |
TOÝDA Şeýle bir gyzypdy toýuň şowhuny, Iýhä-iý, içhä-iç, tans, aýdym-sazlar. Göçgünli ýigitleň nazarlaryndan Ýaňaklary nar deý gyzaran gyzlar. Şu gyzlaň içinde bir gyz otyrdy, Ne gürrüňe, ne şowhuna garyşyp. Gözünde birgeňsi kine bar ýaly, Ana, gaşlary-da gitdi bürüşip. Öýlenýän ýigide garaýar taýly, Käte göz astyndan, kä-de dikanlap. Her bir garaýşynda ýalyn görünýär, Atylýar her bakyşyndan tikenler. Düýn bagtyna şärik edinen ýigdi Bu gün özge gyzyň bagtyna şärik, Geljegine şärik, Wagtyna şärik! Durmuşyna şärik! Köňül şalygnyň Tagtyna şärik! Bir ömre ýeterlik arzuw-hyýaly Bir günde ýaprak deý gidäýdi tänip... Mertlik etjek boldy, çydajak boldy, Bolmady, wah... Ýeňildi öz-özünden. Ýalynly ýüregniň syryn paş edip, Bir damja ýaş taýyp düşdi gözünden... Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Истина / Goşgular - 02.01.2023 |
√ «Когда вы стоите на моём пути…» / Goşgular - 06.02.2023 |
√ «Годы твои – гора…» / Goşgular - 24.01.2023 |
√ «Над синевой просторной дали…» / Goşgular - 30.01.2023 |
√ «Если б в сердце тебя я не грел, не ласкал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
√ Uçup gitdiň / Goşgular - 28.01.2023 |
√ Söýgi (ýa-da däliniň samramalary) / Goşgular - 04.02.2023 |
√ Графу А.В.Олсуфьеву / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Бунтовщик / Goşgular - 25.01.2023 |
√ Mynajat / Goşgular - 04.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |