09:39

Toýdan soň / hekaýa

TOÝDAN SOŇ

Hekaýaň ideýasy @mangoňky.

Belaň körügi bilýäňizmi nämede?
Özünde.
Ýeri bolsa bolupdyr-da: “klaszaşym ogluny öýerýä”.
Nä, ýeriň ýüzünde öýerilýän ýa öýlenýän gytmy?
Ite dökün.
Tä, ýazgyt ýazylawaç kompuň külpet klawişasynyň sag ortasyndaky kyýamat knopkasy basylyp, adamzat tohumy restartsyz, ymykly deleýtlenýänçä-de, bolar.
Ýeri bolýa, gep, klaszaşyň ogluny duşaklanda-da däl.
Gürrüň şo toýdan gaýdyşynda.
Dogrusy, başdan oýlanyp başlasa, özüne-de düşnükli boljak...

*****

Öýden toýa gül ýaly gaýtdy...
Öňler, keýwanysy, nedenem bir çagalaň arasyndan sähel eýlä-beýlä sogrulmaga küýlendigi, birhili öz-özünden tebil tapybererdi. Içki howsalasyny özem duýup-duýman, zordanjyk bassyr-ýussur edensirese-de, oda-köze düşýändigi bildirýärdi.
Soňky döwür welin, azaryna däl.
Hamana: “Honha! Jylawyň başyňa! Maňramazdan mälemeze geçip barýan goçuňky deý guýrugyň salparyp, topugyňy öpensoň, alyp bilen galaň özüňki!” diýýän ýaly.
Bü-de birhili...
...ýaranok...
Ýöne, dogrusyny dogry aýtmaly.
Öňem öňki bolşy, birhili...
...nemeräkdi...
...“ýaranokdy” diýseňem boljak...
...“ýaramanam duranokdy” diýseňem...
Şomatlar, käte-käte şeýtan şübhesi böwrüne symsyklap: “Şü-de birtüýslek was-wasrak ýalymy? Ýa, oň ata-enesine: “süýthak, gatykhak, süzmehak, gurthak we ş.m.hak” diýip tölän abyrsyz manatlaňňa, garaz azak-tenegrägem bolsa, degýän zatmy bir, özi?!” diýen ýaly, biderek pikirlerem kellesinde öz-özünden peýda bolubererdi.
Indem, munsynyň bolşuna, şo pikirjikleri başga sypata girýä. “Şüňem piňine dä welin, ýa näme, biň heleý hymmyldysy bilen: “Ah-he-e-ý! Inni seň goluňdan geljek zat bamy diýsenäň!” diýen bolup, gel-gel meň erkekligimi şübhe astyna alan bolup ýördügimikä, şü bolan bolşy?!” diýýän äheňde, oýlanylmaga başlady.
Garaz, kyn-da.
Umuman, gepiň keltesi, öýden-ä gowy gaýtdy.
Bolşuna görä bezäp-besläp, saç-paç, üst-baş, jorap-sorap, köwüş-pöwüş...sypaň-sermeň edişdirip, her niçigem bolsa adama meňzedip – aman-esenlik dileginem ýanyna ýoldaş – ýola saldylar.
Toýam erbet bolmady.
Çagalygyndan bäri hemişe öz-özüne-de, olara-da kümsükje kinaýa bilen garap, öz ýanyndan: “klaszaşlar” diýýän synpdaşlaram oňat garşylady.
Oturdylar.
Iýdiler.
Wurdylar, bäş-bäşden.
Gutladylar.
Wurlan “bäş-bäşlik” birneme kellä depensoň, toý eýesi – deňdeşini ýöriteläp ýanyna çagyryp, oňa ilk-ä: “biriň müň bolsun” diýip, sammyldanam tapyldy. Soň öz samahyllysynyň çöwre tarapy tenha öz aňyna ýetip: “Heleýi diýemmo-laýh-hou! “Çagasy” diýjek bolýan-laý-hou!” diýip, has beter bulaşdyrjak bolýanam bolman durmady.
Garaz, toý-da.
Ýöne, belaň körügi munuň öz-özüniň serkerdesine öwrülip: “Seňki kekirdekden, esger! Şoň üçinem: Şagom-m-m! Ma:ş! Dawaý! Damoý! Paş-şol! Drang nah-öý!” diýip buýruk berensoň, başlandy.

*****

“Oh-how, dos! Ýörite kireýçi çagyrypsyň! Elin ulagyň ba ken. Gaýrat et-de, şünemmir tünegine taşlap öt! Barybir ugruňyz şonjak! Özüň görýäň, abraý barka, äkidip dynaýmasaň, maňkasyndan marožny ýasap başlad-a!” diýip toý eýesi, muň ýanyna ýene bir deňdeşini dakdy.
Harasat gopýan deňizde ýaýkyldaýan gämi deý, durka ýüzüp barýan pyýadany birlaý gözden geçirdi.
“Bäh-h...”.
Ýeňsäni gaşady.
Ýöne, gadyr edip toýuna çagyransoň, “ýok” diýip bolýamy?
“Töwella zordan ýaman” diýleni.
Zoraýakdanam bolsa, “bor” diýdi.
“Äý, edil neme däl-laý! Yssambyl aşma aladamyz ýok. Aňry gitse ýigrimmintlik ýol. Ölesi ýok. Çydar!”.
Öz-özüni köşeşdirenem boldy.
Mündüler.
Ol-a öňdäki orna.
“Guwwasam” yzdaka.
Kireýçi ýigit, nowbaharyndan, bolsa üç-dört ýaş ulurak, boz oglan. Bada-bat ulagyň içinde burugsap başlan, ýürekbulanjy der-şerap ysyna seňrigini ýygyrdy. Nämedir bir zatlar diýjek bolup agzyny müňküldetdi. Soňam öz ýanyndan: “Äý-ý! Gammarlara geplediň nä, geplemediň nä?! Gaýrat kylaýyn!” diýip, içinden elini salgandyr-da. Jyňkyny çykarmady. Diňe gapyň tutawajyndaky düwmelere basyp, öň-yz aýnalary aşak düşürdi.
Ugradylar.
Ýola düşenlerindenem, indi otyrka çaýkanjyrap, öňlin-yzlyn, arkan-ýüzin, gapdallykgan ýüzýäne dil bitdi:
-Ýak..kyf-ypsan-a-ou...iş..şig-ň...tois...äp-iş-ňä...hiýk...ňi! Ysky...woz-z...n...hiýk..ak kak-yp...fyk... hiýk...lat-j-jak bol...bol...ýaň-maýt?!
Sürüjiden seda çykmady.
Aýnalary esli galdyryp, ulagyň içine çala şemal çalar ýaly yşyratdy.
Ýöne, oňa derek muň içi tütedi.
Şuň soňky ýyllar tapynan edäheti şeýle.
Muny özem bilýär.
Öňem-ä doga zanny gyjyr-gyjyr welin, ind-ä ýaşy gitdigisaýy gyňyrlygam esselenýämi nämemi. Birhili, öte ezber ussaň elinde kikstarteri ýagşyja sazlanan motosiklet ýaly bolşy. Ýeke depimde “tarryldamag-a” beýlede dursun. Ýöne bir, gapdalyndan ötüp-geçseňem, ýüzüniň ugruna “otlanyp” duran bolupdyr.
Ine şumadam girre gahary gelmekden ýaňa, nädip içinden sögünmäge başlanynam duýman galdy.
“Häý seňemmir, pormyňa pistolet, jymou! Özüň-ä-wir, çagakaňam ejemogly sümükdiň. On bir ýyllabam, sähel özüne göwni ýeten, syrtyňa pätiňkesini möhürläp, päpge daşadar ýörerdi. Soňammyr, il içinde şo sümükligiňe galdyň. Ine indem özüň-ä şumat sümügiňden şüle ýasap otyrsyň. Ýene-de nägile bolanam bolýaň-a! Haý günüňe ýanaýyn! “Skwoznýak” kakýamyş ony! Seni zowwam şemal başyna ýapsynmy diýsene? Şu pille demiňden dem aldygy, şolam duranja ýerinde jüýgürip, jan berer!”.

*****

Tarp!
Duýman durka yzdaky, oň çep çignine bar güýji bilen tarpyldadyp goýberdi.
Oň süňňi edil, kellä bedre geýdirilip, daşyndanam serdesse bilen urlana döndi.
Lerzana geldi.
Hasam, soňky iküç ýyl bäri, idi-yssywatyny gaýym ýetirip, üstesine-de ýalbaryp-ýakaryp diýen ýaly gün görýän oňurga ingisi, atdanlykda awunan jögi çaga deý, ýagyrnysynda ulili bilen wägirmäge başlady.
“Wah, seň bir ejejigiňi üçürdikledeýin!”.
Ol birbada-ha süňňüni sarsdyran agyrydan ýaňa deminem alyp bilmedi. Gymyldara haly bolman, doňňara-daş oturdy. Gözüniň öňünde gaýmalaklaýan älemgoşar öwüşginli, set hazar sany, ýylpyldydan dokalan siňekler seýrekläp ugrandan soňam, gazabyna bäs gelip bilmän, tas mojuk bir zat goparýardy.
Hernä, özüniň ýaşy, gapdalynda özüne haýpygelme bilen gözüniň gyýtagyny aýlap oturan sürüji ýigit ýadyna düşüp, zordan saklanaýdy.
Ýöne, şonda-da, henizem agyly iňňildemesini dowam edýän lälik oňurgasyny ynjytmazlyk üçin, emaý bilen yzyna gaňryldy. Gözüniň agyny köpeltdi. Yzdakyň petigulusyny berjek bolanam şoldy welin, birdenkä oň çyn adynyň ýadyna düşmeýändigini aňşyrdy.
Huşda diňe lakamy.
Maňka.
“Bäh” edip, dem salym oýurgandy. Emma bada-badam süňňüniň ýaňky yzasy ýadyna düşüp, lowlap ýandy.
“Bolup geçsin-laý! Bü sümügi öň syladymm-aý, inni muňa adyny tutup hormat goýar ýaly! Onnoňam, bizar-laý, şü tükeniksiz edepli-salyhatly, gowy adamsyran bolup ýörmekdenem, hemmeje zat gülala-güllüksiredilýän, sypaýyja durmuşdanam...”.
Ol ýeke pursatda şu gazaply pikirler bilen öz-özüne meçew berdi. Iki-baka ýaýkyjaklaýan serhoş deňdeşiniň nazaryny nazaryna örklemäge synanyşyp, oňa tiňkesini dikdi. Soňam gorkunç haşşyldady:
-Eý-ý! Sen-n! Maň-ň-ka-a! Ýene! Birje gezek, eşidýäňmi, ýekkeje sapar! Ýaňkyň ýaly etdigiň, ulagy saklaryn-da, pohuňy içegäňe gararyn! Düşdüňmi?!
-Dü..düş...şüş...näm...te...dim-aýt, şuw-wat...wrat...hiýk...ok...hä-ä...?!
-Onnoň bilersiň “näm” edenňi!-diýip ol, hüňürdedi-de, bärisine bakdy.
Ýöne, özi duýýar.
Barybir içi sowanok.

*****

Wah, öňdenem belet.
Indem düşünýä.
Belaň körügi özünde.
Muň ýalylaň güjükligine depesiniň öli ganyny almaly ekeni. Ol-a saňa el uzatmak diýeli, hol garagörnümden seňkä meňzeş biriniň sudury garagyna ilse-de, elli ýaşdan soňam, duranja ýerinden balagyna buşugyp duran bolsun-la.
Aýtmyşlaryna görä, haçan ýaşap ötenin-ä magat bilenok welin, obalarynda “Garadäli pälwan” diýen, hyrsyz, ämert güýçli, garadangaýtmazyňam “şaňkelle” diýilýän hilisinden, bir garry bolupmyş.
Ine şolam, ýolda-yzda-da bolsa, öz gözüne dogumlyrak, edenliräk görnen biri sataşyp, ýaşkiçilik edip salam berdigi, bolgusyzdan gelen bir telbe hereket edermiş.
Şo gabat gelişeni: “Salawmaleýkim” diýen dessine: “Waleýkim essalam” diýäge-de, bar güýji bilen ýaňky pahyryň çat maňlaýyna malçyldadyp, ýeke zarbada çalam-çaş eder goýberäýer ekeni.
Onsoň şo Garadäliň sarpa goýýan ýaşulusynyň biri:
-How pälwan, bi nätdigiň bolýa-la-how! Bi nä, alnyňdan çykyp, seni sylap, taňry salamyny beren bendäni, beýdip, sende ýok mende, sebäpsiz-bahanasyz ýerden, garaşman durka çaşyryp taşlaberýäň-le?!-diýip sorapmyş.
Onda o dälisirän bolup ýöreniň eýgörmüş zaňňary aýdýamyş:
-Äý, Pelan aga! Bular ýalyny güjükligine dalap, gözüniň oduny alaýmasaň, köpek çyksa, soň aldyrmaz! Bular ýalyň şeýle boljagyny men garaçygyndan okaýan-a!...
...Ine, bulaň bir deň-duşam şo Garadäliň neslidi. Eger-walla, gaýraty çatanyny it alan sanaja döndermese oňmazdy. Bi yzyndaky oturana dagy, tutuş mekdebiň dowamy gün görkezen däldir.
Muň özi welin, bu yzdaky ýalylara hiç dözmezdi.
Bar edip bilýäni, özüne degmeseler degmezdi. Başarsa, eýgerse, kimdir birinden kimdir birini goranam bolardy. Hötde gelmejegi mese-mälim bolsa, onam etmän çete çekiläýerdi.
O ýaňky, Garadäliň syçrantgysy bolsa, muň özüne-de başky iküç synpda azar ýamanyny bererdi. Diňe, şu pille, anyk ýadynda däl welin, üçünji ýa-da dördünji synpdady öýdýän. Bir gün ýene-de şondan bihuda taýak paýyny iýip, öýlerine geldi. Gelibem öz başyna düşüp ýören üznüksiz külpetden birazam bolsa, ünsüni sowmak üçin, Mýunhgauzenli kyssajyklary okamaga güýmendi. Şonda-da oňa gabat geleni, ýaňky ýeser begzadaň öz saçyndan dartyp, öz-özüni batgalykdan halas edýän ýeri boldy.
Bujagaz sahna-da, oň soňragynda bir ýerdemi ýa-da başga bir şoňa meňzeş eserdemi, diýilýänje: “gark bolup barýany halas etmek, oň öz derdi” diýene çalymdaş aýtgam, oň gögele ýüregine jüňk boldy.
Ertesi gün mekdepden gaýdyp barýarka-da, adatdakysy ýaly ýaňky sütemkäriň gözüne güýdüşip, öýlerine sumat bolmaň aladasyny etmedi.
Oň ýene-de kimdir birine ezýet berip duran sypatyny agtaryp tapdy-da, ýanyna baryp, göni görejine mäzerdi. “Wuruşjakmy?” diýdi.
Özem, öz-ä şeý diýýä. Özem öz diýen bolup duruşjygyna haýrany hekgermekden ýaňa, şo hekgerýän haýranynyň takga jany çykyp barýa.
Ýa-da belki, geň galmakdanam däl-de, süňňüni elesledýän wehimden ýaňadyr...
...Soň uruşdylar.
Asyl, soň seredip otursa, beýdip güjük gemrişen deý gemrişmekde, beýlebir elhenç gorkuly zadam ýok eken-le. Bassaňam, basylsaňam, iýseň, birki ýumruk artyk iýýäň, teniň ol-bi ýerem sähel-mähel müçükýä diýäýmeseň...
...Şo birinji sapar, basdymy, basyldymy, bellisi ýok.
O-da hyltly galdy, bi-de ahmyrda.
Ertesi gün ýene-de mekdepden gaýdyşyn basalaşdylar.
Ýene-de öz wurşuşlarynyň netijesinden ikisiniňem göwni suw içmedi.
Üçülenji günem döwüş taýak başlarynda. Ine şonda-da, megerem oň garşydaşynda hyş atasynyň mejnun häsiýeti gozganandyr. Ol asgyn gelip, munuň astyna düşende, muň köýnejigi ýokary serpilen garnyndan hatyladyp agyz saldy. Bu-da agyrysyna çydaman, dyzap-dyzap oň äňinden göbek çukanagyny sypdyrdy-da, heýýaty göçüp, elýeterde ýatan kerpiç bölegine ýapyşdy. Şoň bilenem, onuň edil dulugynyň üstüne gondurdy...
Şodur-da, şodur.
Garadäliň mapagy üçin ol göze görünmeýän salgyma öwrüldi.
Muňa-da, näme, geregi şo.
Robin Gud-a dä ol.
Görogly ýa Döwhe goja ogly Däli Domrulam.
Öz derdi özüne ýetik.
Ýöne, şomadam, şumadam begenýän zady: ýaňky ýaşytdaşy ýaly, özünden bir gadamam bolsa aşakdaky misgine hunaba ýuwutdyrmakdan keýp gapýan, sütembazam däl.
Bolmadam...
...Ýöne, ine şumat welin, belki gahar üstedir, şo zulumkär deý şu yzdaky pisintleri özünden gaçarak durmaga endik etdirmänine, bir gadak, ýarym gadak ökünmänem durmaýar.

*****

Pat!
Bu gezek yzdaky gaty urmadygam bolsa, barybir onuň endamy syzlady.
Ýeri, nädersiň?
Ulagy saklaga-da, ondan atylyp düşüp, yzdakynam çalaran saçyndan süýräp çykaryp, birki öwran çöwüp içine depjekmi?!
Göz öňüne gelip gitdi.
...Ine ol, ýanyndaky ýigitden haýyş edýär:
-Gyra sow-da, birje mintlik saklap dursana, inim!
Sürüji oglan, oň aýakýol küýsegi gozgandyr öýdüp, howlukman haýallaýar-da, seresaply saklaýar.
Ol göýä, ulagyň gapysyny ynjytmajak bolýan dek, ony usully açyp, düşýär.
Öz-ä içi-bagry tütäp, gursagyna gysym-gysym köz guýlan mysaly, kükregi lowlap ýanyp gelýär. Süňňüni gaplan gazaply sabyrsyzlykdan ýaňa penjeleridir barmaklary sandyraýar. Olar, göýä kimdir biriniň haýsydyr bir ýerinden penjeläp, pugta tutaga-da, ony bir dartanda guma bulap taşlaýan dek, öz-özünden ýygrylyp-ýazylýar. Ol bolsa özüne zor salyp, şeýlebir sop-sowuk, şeýlebir äwmezek.
Şol arkaýynlygy bilenem yzky gapyny açýar. Birdenem...
“Ýere seredenden gork” diýleni.
Çagalygyndaky ýaly duýdansyz partlap, guduzlan maýmyna dönýär.
-Seň ejeňemmir, sümük diýsäni! Nä, men saňa, gant onuňammiri, wurgy ýassygymyý, hä-ä?!-diýip jabjynýar-da, kürsüdäki bulamagyň ezeneginden ebşitläp tutýar. Gahardan ýaňa-da bedenine wagşy kuwwat inip, ony bir dartanda, daşaryk sogrup alýar. Olam lül-gammar, özi bilen bolup geçýän zatlara doly aklam ýetmän, wazzy-wuzzy edip, nämedir bir zatlar gürlejek bolýar. Düşündirjek bolýar.
Ýeri, şuň ýaly ýerde kim saňa gulak gabartjak?!
Beýdip, gumuň üstünde tozana bulaşyp, ýenjilip ýatmajak bolsaň, hälden özüňe erk etmeli ekeniň-dä!
Özüňe ygtyýar edip biljekgämi?
Onda, nä, muň nemesine, götermejegiňden artyk ýuwudýaňmy?!
Me saňa, me saňa!
Ýere ýazybam, o küçen deý eplik-ýaplyk bolup ýatanyň çem gelen ýerine depmäge başlaýar. Özem ýöne-möne bir: “äý, balyk gahatçylygyndaky leňňeç-le” diýen bolup, öz göwnüni aldamagyň hatyrasyna, depensiränem bolmaýar. Hakyýt ýöne, garşydaş toparyň derwezesine jerime urgusy urlandaky ýaly, topuň öňüne diwar bolup duranlaň hut ýöne satansepini kül-uşak etmek üçin, bat alyp depilendäki deý, hyruç bilen, aýgyt bilen, ýatany birjik-de gaýgyrman, depýär.
Baý, hezildigin-aý!

*****

-Agam, sen-ä öýüňedir welin, bü yzdakyny nirä eltmeli?
Sürüjiň özüne ýüzlenmesi, ony lezzetli göwün ýüwürtmesinden sogurdy.
Emma, ol bada-bat jogap bermän, ýene-de süýji hyýalyny az-maz dowam etdi.

*****

-Indem bar-a, gant onuňam hiç dükanda ýok, hiç zäwutda öndürilmeýän sorty! Meni diňle! Dagy-duwara, şü meni gören ýeriňde kilemetr daşymdan aýlanyp geçgiň! Düşdüňmi?!-diýip oň, mazaly ýugrulan hamyra dönen ýüzüne garşy eglip, hetjikleýär.
Soňam, hiç zat bolmadyk ýaly, ulaga öwrülýär. Ulagdan daşyna düşmäge-de het etmän, gözüni tegeläp, özüni synlap oturan oglan-sürüjä, keýpihonlyk bilen gözüni gypýar. Ulagyň açyk penjiresinden elini sokýar-da, gapyň astky guty-kisesine gysdyrylgy suwly düpbäni alýar. Düpbäň gapagyny çala gowşadýar.
Çommalýar.
Düpbäni birazajyk egip, ondan syzylýan suwa, misli hiç zat bolmadyk ýaly, biparhlyk bilen elini ýuwýar.
Agzyny çaýkaýar.
Ulaga münüp barýarka-da, ýaňky gowuz düpbäni, entegem serine gelip bilmän, ýerde bulanjyrap ýatanyň üstüne zyňyp goýberýär.
Hamana: “Me! Al! Jomartlykdyr dözümsizlik menden galsyn!” diýýän ýaly.
Soňam, göni çat maňlaýyna tiňkesini dikýär-de, sürüjä baş atýar:
-Gitdik.
-Agam,-diýip ulagyny gyssanmaç otlan ýigit, sakynýar:-o ýaşuly nä?
-Hymh,-edip ol, göwnüýetmezçilik bilen ernini gyşardýar:-ýaşuly bolarm-aý, şuň ýalydanam?! Özi barar, ölesi ýok. Men oň ýaly alkaşy gatnadyp ýörerim ýalaky, gazýonny şopur dä...

*****

-Agam? Ýa irkiläýdiňmi?
Owf!
Ol owhuldap, uludan demini aldy-da, ýüzüni owkalaşdyryp, sürüjä garady.
“Bäh! Şü zamanyň çagalaryn-aý! Ine-gana arzuw etmäge-de goýmaýar-aý! Özüňe zat diýilmese, otur-da “Hudaý” diý-de. Ýo beýdäýmezler. Şo dürtgelär oturarlar!”.
-Inim, sürübersene şäher içine. Oňkam meňkiden uzak, Hytaýda ýa Çynma-çynda däl.
Ol şeý diýip, ýene-de ýaňky, özüne lezzet berýän hyýalbentligine dolanjak boldy.
Bolmady.
Ýeri, indi o taýyk nämüçin gaýdyp barjak diýsene?!
Wurup bolduň. Depip bolduň. Keýpiňi köklediň.
Diýjegiňi diýdiň.
Edesiň gelenini edip, gara gije, ýediň ýoluň üstünde taşlap gaýtdyň.
Indi nämetjek?
Nähak ganyna galjakmy?
Päh...
Häý, gara zalym diýsäni!
Adam bolaýşyňy seňem...

*****

Güp!
Bu sapar-a diňe boguksy ses çykdy diýäýmeseň, ol çignine kakylanynam çalaja duýdy.
Işigaýdan, halys melul bolup, ysgyny gidýärmi nämemi...
Belki, şondandyr, indi ony ýenjesi gelmedi.
Ýa-da ýaňy kalbynda bolsa-da, gaýym içini sowadandygy zerarly, birneme ganygyzmalygy kiparlady.
Diňe, özüniň assaja gatyrganýandygyny syzdy.
-Eý, neme...
“Maňka” diýjek boldy. Ýöne nämüçindir diýmedi.
-Inni şeýdip egnime kakma, bolýamy? Oňurgamda gryýžam ba diýýäler. Çala wursaňam agyrýa şo.
-Bö-ö...-diýip, yzdan gümürtik bazzyk-buzzuk eşidildi.
“Ögeýämi ýa jogap berýäm-aý?” diýen pikir bilen öňde oturanlaň ikisem birwagtda arkan gaňryldy.
Hudaýa şükür, gusjag-a bolmaýan ekeni.

*****

Garaňkyda hasam garalyp görünýän, hakykat-da çal asfalt, misli yzyndan allajy ýagy kowalaýan dek, tizräk zymdyrylyp ulagyň aşagyna girmäge howlugýar.
Çar-töwerek tümlük.
Uly ýoluň gyrasynda obalaň sary-ak yşyklary lowurdaýar.
Ep-esli öňde, şo lowurdylardan müňlerçe esse ýalpyldyly, gyrpyldyly şäher, şemala galgaýan ýukajyk ýüpek sowsan deýin, birgeňsi hellewleýär.
Hol ilerde garalyp görünýän daglaň depesinde-de, gyrpyldysyz doňup galan ýyldyzlar...
Kim ýaşaýaka şo taýda?
Bäh...
Özüni nähili serinde hasaplasa-da, gör-ä muny, toýda gönderilen “bäşlikler” muňam kellesine çam-çüm täsirini ýetirýä öýdýän.
Tüýs derwaýys wagt, beýnisinde oýanýan bu sowala sered-ä!
Gant onuňammyr barypýatany...

*****

-Wratoçek!-diýip şo müddet, yzdaky göwrä-de jan girdi:-Şü biziňkiden başga ýerde-de, adamdan başga-da adam barmyka-raýt, hä?!
Ol biygtyýar ajymtyk ýylgyrdy.
“Muňa sered-ä, “ähli akyllylar birmeňzeş oýlanýa” diýilýäni çyn bolup çykd-ow!”.
-Ony nämetjek?
-Bilseň gowy-da-diýip yzdaky, penjireden gelýän sergin şemala az-owlak nepesi durlanýarmy nämemi, öňküsine görä düşnükli gepleýär.
-Bilip nätjek?
-Äý ýöne...
Dymdylar.

*****

Ýene-de sozulyp, özüni, endigan myçyp barýan tekerleriň astyna oklamaga gyssanýan, garaňky asfalt.
Gije.
Yşyklar.
Salgym-şäheriň hellewlemesiniň barha üstlerine süýşüp, ýakynlap gelmesi.
Daglar.
Ýyldyzlar.
“Dogrudanam, nämüçin?” diýip, ýoldan gözüni aýyrman oturan ol, özi üçinem duýdansyz, düşnüksiz oýlandy.
“Näme “nämüçin”?” diýibem şo bada-da, oň içindemi, daşyndamy, nämedir bir zatmy ýa-da kimdir birimi, soragyna sorag bilen jogap berdi.
“Senem biziňkilerden öýdýän” diýip ol, gulagynamy ýa-da göwnünemi eşidilen bu sese, ýaňsyly ýüzlendi.
Ses gep alyp galmady.
“Elwetde”.
Muňa diňe: “Heh!” edäýmek galdy.
“Heh!”.
Sesem şony gaýtalady.
-Jowap bermediň-ä-ou, kylazgaş!-diýip, onuň Ses bilen söhbetdeşligine, yzdaky morta goşuldy.
“Edep galmandyr-aý, adamlarda! Biri bilen gepleşip oty:ň diýmeýäler!”.
Ol hüňürdili oýlandy-da, ýoldan ünsüni sowup, gapdala bakdy.
Penjiräň yşyndan müňzäp sümülýän sergin şemal, ýaýylyp ýatan ekinzarlygyň üstünden agşam çygy düşen ekinleriň dürli-dümen ysyny getirýär.
Pomidoryň ysy.
Hyýaryň ysy.
Soganyň ysy.
Badamjanyň ysy.
Bulgar burçuň ysy.
Mekgejöweniň ysy.
Çaýryň ysy.
Ýandagyň ysy.
Suwotyň ysy.
Ýapdan agan suwuň emele getiren läbiginiň ysy...
Olaryň her birini beýlekisinden äginmän aýyl-saýyl edip bilýär.
Sebäbem nämede?
Hemmesem gögelelikden diňe aňyn-a däl, kalbyna-da ornaşyp galan.
Köňlünde kök uran...
...Çagalygy ýadyna düşdi.
Kolhoz, öýden ýatymlyk gaýdylýan ekin meýdanlary, kaka-eje, doganlar, dostlar...
Günler, günler, günler...
Ajy.
Süýji.
Adaty.
Biweç.
Garym-gatym...

*****

-Ba: bolsalar, şumat geläýseler...-diýdi-de yzdaky uludan dem aldy. Oň äheňinde şeýlebir tükeniksiz gamgyn arzuw eşidildi welin...
Öňdäkiň biygtyýar ini tikenekläp gitdi.
Yzdakyň äheňi onuň göwnüne bolmasa, edil Mosartyň “Rekwiýemindäki” owazlaň hemmeje hasratyny özünde jemläp, soňam sogduryp şony daşyna çykaran ýaly boldy.
Ol nädip soranynam duýmady:
-Nämüçin?
-Äkitseler...
Hasam geň galdyrdy.
-Nämüçin?
-Bizar-laý...
“Menem” diýdi, içindäki Ses.
Daşyndan bolsa ol geňirgenme bilen sorady:
-Nämeden?
-Hemme zatdan.
-Nä, äkitseler gowy bor öýdýäňmi?
“Bolmand-a üýtgeşikdir” diýip, yzdakyň deregine Ses jogap berdi.
-Bolmand-a üýtgeşikdir,-diýip yzdakam gaýtalady.
Bu ýagdaý öňdäkini hasam geňirgendirdi.
“Näm-aý, Ses ikiňiz bir adammy?”.
Yzyna towlandy-da, yzdakyň ýüzünde nämedir bir zady görjek bolýan dek, çiňerildi.
Ol, serhoşam bolsa, saýgarýan bolara çemeli:
-Hä-ä?-diýdi.
-Jukk.-edip bu başyny ýaýkady. Ýene-de öňüne döndi.
Dymdylar.

*****

Pat!
Bu gezek yzdaky, sürüjiň egnine kakdy. Ol oslagsyzlykdan ýaňa ulagyň destini çala towlady welin, ulag bulanjyrap gitdi. Sürüji kellesini biraz gyşartdy-da, yzdaka gözüni alartdy:
-Agam, maňa degme, bormy? Men rolda, görýäň-ä! Düňderilsek nä?
-Düňderilmeris,-diýip yzdaky, ynamly myňňyldady.
Zannyň teýeneli bolmasyn, öňdäkiň dili gijäp gitdi:
-Nämüçin?
-O taýdakylar saklar,-diýende, yza bakýan aýnajykda yzdakyň süýem barmagyny ulagyň üçegine çommaldýandygy saýgartdy.
-Pyýanlar kimiň nä derdin-aý!-diýip, öz aýdýan zadyna özem ynanmaýandygy bildirip duran hörpde, öňdäki seslendi.
-Pyýan bol, dä bol, gerekgäl ýokdur. Eger bar bolan bolsady, onda ýok bolardy.
Öňdäki ýene-de geň galdy.
“Bäh. Muňka tüýs: “in wino weritas” (latynca: in vino veritas – hakykat şerapda) diýilýänine döndi”.
“Howwa, howwa! Ýöne weritasyň çakyrda bolşy ýaly, sanitasyňam akwadadyr (latynça: in aqua sanitas – saglyk suwda). Biläýgiň şunam!” diýip Ses, ýene-de gep gatyp galdy.
Jogap bermedi.
Sebäbi öňden bilýä.
Häzirem düşünýä.
Beýdip, içiňde ýa daşyňdadygam näbelli Ses bilen gepleşip ýörseň, ahyrynda gowulygyň üstünden barmajagyň-a köre hasa.

*****

Şähere girdiler.
Ýap-ýagty.
Asfaltam çalardy.
Garaňkam agardy.
Ýeňsesinden yzdakyň sodaja ukuly myşlamasy eşidilýär.
Oňa gözi gitdi.
“Ýataýsaň-aý şumat! Aladasyz-gaýgysyz. Ertirsiz, birigünsüz...Hatda şu günsüzem...”.
“Näsini aýdýaň...” diýip, ýene-de Sese dil bitdi.
Bäh...
Bi Sesleň süwümsizdigin-aý!
Ýuwulmadyk çemçe ýaly...
Adamlardanam beter.
Owf!
Ol gapydaky düwmä basdy-da, penjiräň aýnasyny ýitýänçä aşak düşürdi. Kellesini çykaryp, boýnuny tagaşyksyz gyşartdy. Ýüzüni göge tutdy.
Ýyldyzlar.
Garaňky gögüň düýpsüzligi.
Şü-de çagalykdaky ýaly däl.
O mahallar, howlularyndaky sekide, peşehanaň içinde ýatan ýeriňden, hasaň uşajyk gözenekleriniň arasyndan şo ümmülmez garaňkylyga kän seredersiň welin, ol ýuwaşjadan seni özüne baka sormaga başlar.
Soror.
Soror.
Assajadan ýokarylygyna galyp barýansyň, galyp barýansyň...
Näme bar, şo alys tükeniksiz ýyldyz ekilen sonarly meýdanlarda?
Jadymy?
Ertekimi?
Peýkerlermi?
Ýa ýetmiş ýedi kelleli aždarlar?
Belli däl.
Ýöne bir zady welin, takyk bilýä.
O jelegaýlar ertekisiz-jadysyz-a bolmaly däldir.
Çünki, eger-de şeýle bolmasady, o taýlary seni ine şeýdip, birsellem seredip ýatsaň özüne tarap sorup, dartyp, göterip alyp gitmez...
Indi welin...
Heý-ý-h...
Ol uludan demini alyp, eýýäm şujagaz pursatda ulag badynyň ýelginine sowujak bolan kellesini yzyna çekdi. Düwmäni basyp, aýnany galdyrdy.
“Gögem gök däl, garaňkylygam garaňkylyk. Ýyldyzlaram gymyldysyz...” diýip ýüz berilmese-de lalyny açyp, sumat bolubermeýän ýüzibek, hötjet Ses, onuň ýaňky soňlamadyk pikiriniň yzyny dowam etdirdi: “Çar ýanyňam diňe pyýanlar...”.
“Onnoňam sürüji gögeleler...” diýip ýolundan başga zada üns bermän barýan sürüji ýigde assyrynlyk bilen gabak astyndan nazar oklan ol, Sesiň seslenmesiniň üstüni ýetirdi.
Soň dymdylar.

*****

Onuň salgysy bilen yzdakyň öýüniň deňesine ýetenlerinde, ol synpdaşyny yrgyldatmaga başlady:
-Neme...bäh, şüň ady nämä-dä...äý bolýa-laý...Neme...Maňka...tur-how, geldik öýüňe!
Yzdaky birbada yňranjyrap oýanmajak bolsa-da, soň turdy. Gözüni ýumjukladyp, biraz oturdy-da, gapyny açyp, düşdi.
Muňam bahymrak öýüne ýetip, süýnesi gelýärdi. Ertirem iş. Şoň üçinem bu biygtyýar ýoldaşyny çaltrak başyndan sowmak üçin ulagdan düşmedi:
-Bolýa, klaszaş! Hoş onda...
Emma, Maňka ony beýle aňsatlyk bilen sypdyraýmady.
-Dursana, Neme,-diýip, agzyny pakgyldatdy-da, hamana olar ugrap barýan ýaly, onuň oturan tarapyndaky penjireden ýapyşdy.
“Bäh, bü-de meň adymy undupdyr-ow!” diýip oýlananda, ol ýene-de içiniň ýanyp başlajak-başlajakdygyny äşgär duýdy.
-Näm-aý?!
-Düşsene, Neme jan...
Düşüp, muny şu dört gatly jaýyň girelgesinden dykyp gaýdaýmasa, onuň wagty bilen özüni goýbermejekdigine aňy ýetdimi nämemi, ol düşdi.
-Näme?
-Neme jan, men neme...-diýip Maňka, onuň goltugyna girdi-de, çete çekip ugrady. Ulagdan bäş-on ädim daşlaşandan soňam, ind-ä sürüji eşitmez diýip çaklandyr-da, birdenkä ýüzüni daşdan çapylana dönderip, gatady. Soňam umytsyz lapykeçlik bilen pyşyrdady:
-Häzir, öýe girjek-de özümi asjak...
Bu onuň ýüzüne biperwaýlyk bilen äňetdi. Jinnek ýaly ynanmaýandygy biparh durşundanam bildirip dur.
“Dogrudar-aýt, walla! Nämesine ynanjag-aý? Eger-de her entäp ýören pyýan sammy-summy edişi ýaly özüni heläkläp ýörse, ýeriň ýüzünde birmahal pyýan tohumy tükenerdi...” diýip, Sesem onuň bolup durşuny goldady.
Duýgudaşlyga garaşdymy ýa-da özüne: “eýtme, beýtme” diýip, höre-köşe edilip başlanmagyny isledimi, bellisi ýok. Ýöne ondan tamasy çykmadyk Maňka, oň ýüzüne birsalym tiňkesini dikip durdy-durdy-da, birdenem: “Äý sendenem bir adam bolarm-aý! Wäpşeňem wäpşesi keniň-laý!” diýýän terzde, elini lapykeç silkdi. Soňam iki ýaňa bulanyp-çaýkanyp, sygyrsiýdik ýöreýiş bilen girelgä ýöneldi.
Ol sesini çykarman, onuň yzyndan şol parhsyzlygy bilen garap durdy.
Ses bolsa, adam däldigi mese-mälim.
Saklanyp bilmedi.
“Asmadyň-a, Maňka, hä?!” diýip, dynnym ýalyjagam şepagatsyz, heşelle kakdy.
Şol pursadam misli, Sesiň heşellesini eşiden dek, Maňka sakga kürtdürdi. Yzyna gaňrylman, doňup durdy. Onuň hökgerilip duran, serhoş göwresinde nähilidir birhili haýwany gazabyň oýanyp başlandygyny ol aralary ep-esli bolsa-da duýdy.
Onýança:
-Belki saňa-da pul gerekdir, hä? Neme jan!-diýip Maňka dişlerini gyjyrdadyp, boguk hümürdedi:-Siziň hemmäňize pul gerek. Şonnan başga zat ýog-a, ne aňyňyzza, ne ýüregiňizze. Maňa bolsa şo başga ýerdäki adamlaň gelip meni äkideni gerek. Sebäbi olar bize garaňda has adam. Biz bolsa ol adamlar bilen deňäňde adamam däl...
Ol näme diýjegini bilmedi.
Dogrusy, hiç zat diýesem gelmeýär.
Gaýdasy gelýär.
Bahymrak öýüne barasy gelýär.
Ýatasy gelýär.
Sebäbem...
“Bizar-ow, şü pyýanlaň hemmejesindenem...” diýip, oňa pikirini soňlamaga maý bermän Ses, ýene-de geçiň öň aýagy ýaly sokuldy.
Ol hyrra yzyna öwrüldi-de, ulaga mündi.
“Gümüne gitsinler-laý! Sesem, pyýanlaram, adamdan gowy adamlaram, adam ýaşaýan ýerden özge adam ýaşaýan ýerlerem, ýaşalmaýan ýerlerem...”.
Gitdiler.
Категория: Hekaýalar | Просмотров: 311 | Добавил: Bagabat | Теги: Serdar Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Oglanlyk döwrümiň peji / hekaýa - 21.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Umyt – bu dem / hekaýa-esse - 26.01.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024
Diriligiň derdi / hekaýa - 12.01.2024
Ýolagçy / hekaýa - 12.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Шер аминь / рассказ - 20.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]