09:49

Tupanly gün

TUPANLY GÜN

Asuda tebigat üýtgedi birden, 
Alysdan garalyp göründi asman, 
Turdy tupan, göterilip bir ýerden, 
Şuwlady zarynlap, yzyny kesmän.

Nirden dyňzap geldiň sygman donuňa,
Aýtsana arzyňy, dök sen içiňi. 
Çykar ýaly bolmandyr-la ýanyňa, 
Goýberipsiň bulaşdyryp saçyňy.

Ýaranyp bilmeýäň özüň-özüňe, 
Neden eýleýärsiň janyňy pida?
Düşünmedilermi çalan sazyňa, 
Ýa senem söýgiňden düşdüňmi jyda?

Ýagyş bolup, aglap bilmediň ýeňläp, 
Elendi ýüregim gyýlyp zaryňa, 
Derdiňe goşulyp agladym eňräp, 
Hem-ä saňa derek hem öz halyma...

■ MÄHRIBAN

Sözlerňe döneýin, mähriban ýarym, 
Many saçyp sözläp, çeksene näzim. 
Aýdym aýdyp, menem seni taryplap, 
Bagş edeýin saňa bu çalan sazym.

Tozlarňa döneýin, mähriban ýarym,
Belent daglar kimin bol sen söýegim. 
Kyn ýollarda agsamaýyn ejizläp, 
Seň baryňda ýeňil gopsun aýagym.

Ýazlarňa döneýin, mähriban ýarym, 
Ýazlar deýin yşk peşgeşin aýagyn, 
Her kesiň bagtyndan çykmaz söýmeklik,
Kalbyňa çyrşa sen söýgiň boýagyn.

Gözlerňe döneýin, mähriban ýarym,
Nazaryňdan soňsuz lezzet alaýyn, 
Sözsüz bakyşlaňam bu dünýä malym, 
Şol bakyşda ömürboýy galaýyn.

*   *   *

Geç gaşyma, göwün guşum, 
Gözleriňden ganaýyn, 
Galkynaýyn göge galyp, 
Gollaryňa gonaýyn.

Geçsin gitsin gaýgylaryň, 
Girdaplara garylyp. 
Gaýratyňa guwanaýyn, 
Ganatlanyp, garanyp.

Garrap goşa gumrulykda, 
Gel, galaly, gözelim. 
Gözleýşiňe, garaýşyňa, 
Günde goşýan gazalym,

Goýup gitmen güzaplarda, 
Garaşmagyn gaçarma. 
Gytak gözläp gizlenme-de, 
Goluň goýaý goşarma.

Gyrylmasyn ganatlaryň, 
Gam-gussaňy görmäýin. 
Guba-gazly girelgäňi 
Göwher gaşdan germäýin.

Galpyldyly gürsüldeýän 
Gursagyňda goşlaýyn, 
Garaşaýyn gerekleseň, 
Gyrawlaýyn, gyşlaýyn.

■ YKBALA

Heniz munda ýetişmänkäm gobsunmaga ýerimden, 
Çarhypelek yraladyň, siltäp gördüň serimden,
Synag etme indi beri, çykmaweri çeniňden,
Käte agsan ädimlermi deňlemäge pursat ber.

Arasynda duş eýlediň tüweleýiň zarbyna,
Saýawansyz galan başym, ezdiň siliň jebrine,
Şonda-da köpdür şükürim Hakyň ýazan emrine, 
Heňňamlaryň bulaklarny diňlemäge pursat ber.

Gülberimi arka daňyp, etme gorpa sezewar,
Gubarlatma didelerim, bolmaýyn ak ýola zar,
Saklan, synla ajaplygy, dünýäň keşbi lälezar,
Gözellikden ganyp-ganyp ýeňlemäge pursat ber.

Nartäç ÝUSUPDURDYÝEWA.

Категория: Goşgular | Просмотров: 429 | Добавил: Нawеran | Теги: Nartäç Ýusupdurdyýewa | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Deprem Ve Tedbir / Goşgular - 13.02.2023
Годы в былом / Goşgular - 11.02.2023
«Как некий юноша, в скитаньях без возврата…» / Goşgular - 07.02.2023
«В исканьи истины и бога…» / Goşgular - 14.01.2023
«Плещут в море волны…» / Goşgular - 22.01.2023
«Я был у ней; она сказала…» / Goşgular - 07.01.2023
В горькую минуту / Goşgular - 07.02.2023
Зимний час / Goşgular - 03.02.2023
Yagdaý / Goşgular - 15.02.2023
"Gökdepe mukamy" / goşgular toplumy / Goşgular - 12.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Kovalevskiy  
1521
Şygyr duýgy taýdan güýçli täsir edýär. Tebigatam edil adam ýaly ol şygyrda çylşyrymly açyk suratlandyrylýar.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]