20:17

Türkiýä syýahat: Stambul

2. STAMBUL

Stambul Türkiýäniň öňki paýtagty hem iň uly şäheri, häzir bolsa, Stambul welaýatynyň merkezi. Stambul Mermer deňzi bilen Gara deňziň ortasynda ýerleşeni üçin, onda ähmiýetli deňiz floty bar. Ol ülkäniň senagat, söwda hem medeniýet merkezi. Häzir Stambulda üç milliona golaý adam ýaşaýar.
Stambul örän ähmiýetli transport uzeli bolup, demir ýol transporty ony Merkezi Ýewropa hem Kiçi Aziýada Siriýa hem Yrak bilen tapyşdyrýar. Stambula Bagdat demir ýoly hem birnäçe şosse ýol gelip girýär. Stambulda dürli senagat kärhanalary-da kän. Şäherde metro hem Bosforyň üstünden köpri gurmak plany-da çözülmegine garaşýar.
Stambulda Sowet Soýuzynyň baş ilçihanasy hem söwda wekilhanasy bar.
Biz şol gadymy medeniýetli şäheriň ýadygärliklerini görmäge howlugýardyk. Emma ýagyş, çygly howa, aýyň on ýedisinde-de dowam edýärdi.
Biz Elwira Aleksandrowna bilen çaý içip otyrdyk. Giň aýnanyň aňyrsyndan üstüni ümür gaplan köçe garaňky bolup görünýärdi. Biziň ikimiziň hem dymmagymyz, çaý meýlimiziň ýa işdämiziň oýananlygy üçin bolman, howanyň erbetligi üçindi.
Asyrlar boýunça dowam edip gelýän şäheriň diňe şu günki ýaşaýşyny däl, gadymy ýadygärliklerini synlamaga mende höwes uludy. Eziz Nesin sagat onda geljegine wada beren bolsa-da, howanyň bulaşyp durşuny göreniňde, oňa garaşmak mümkin däldi. Bosfor bogazy Stambuly ikä bölýäni üçin, biz Ýewropa taýynda ýaşaýan bolsak, Eziz Aziýada ýaşaýardy. Şeýle howada deňiz arkaly Aziýadan Ýewropa towusmak, elbetde, kyndy. Uly gaýda Bosfor parohodlarynyň daýanýan çaglary-da az däldi. Şonuň üçin hem biz öz ýanymyzdan täze plan toslaýardyk.
Eýsem-de bolsa, sagat on bolup-bolmanka Eziz Nesin göýä diýersiň, bulut arasyndan güneş çylgymy ýaly, peýda boldy. Çaklaň, emma örän ykjam adamyň şol hereketi, diňe öz işine däl, wadasyna-da jürlügini mesaňa aýdyp durdy. Eziziň gije-gündiz döredijilik bilen meşgullanýany bize gizlin däldi. Hatda onuň öz maşgalasy bilen bile ýaşaýan ýerinden başga, ümsüm bir ýerde-de ýörite otagy bardy. Onuň derwaýys döredijiligini terk edip, biziň ýanymyza gelmegi sowet edebiýatyna, sowet halkyna bolan uly söýgüsi üçindi.
Men oňa hoşamaý söz urasym geldi:
- Aziz gardaş, men saňa şeýle howada garaşmaýardym.
Ol öz adatyna görä mylaýym ýylgyrdy:
- Eziz efendim, şeýle howada sen Moskwadan Istambula geleňde, men Istambuldan-Istambula gele bilmenmi? Men howadan, hiç bir şeýden-de gorhmyram. Gorkan kişi ýaşap bilmez.
Ol meniň jogabyma garaşman:
- Bu günki programma? – diýip sorady.
Men oňa wäşi jogap gaýtardym:
- Musapyr – öý eýesiniň guly. Hojaýyn näme buýursa, şol biziň üçin kanun.
- Ýoh, ýoh, böýle deýil. Musapyryň göwni näzik olur. Seniň göwnüň ne istese, şoňa amal etmek meniň borjum.
- Belki-de, men Aziz, aý Aziz, men özüme köşk isleýän diýerin – diýdim.
- Ýapajaýam. Şübhesiz ýapajaýam.
- Sag ol, gardaşym!
- Belki, muzeýe bakmak isleýorsiňiz?
Eziziň gadymy galyndylara wagt sarp etmegi onçakly söýmeýäni maňa mälim bolsa-da, muzeý görmek borjum hem höwesim bolany üçin onuň göwünsiz teklibini hoşallyk bilen makulladym.
Tebigatyň oýnuna düşünmek, elbetde kyn. Häliden öýkeliň keşbine çalym edýän howa birdenkä talhan çalnana döndi. Görsek ýagyş diňip, tüýdülen ýüňe dönen, çalaran bulutlar biri-birinden öýkeli ýaly, biri-birine ýeňsesini öwürýärdi. Günüň şöhlesi bolsa, olary böwüsmäge ymtylýardy.
Eziz köçä bakan elini uzatdy:
- Gördüň, Istambulyň howasy-da musapyryň göwnüne görä ösmek istiýor.
- Men ýene gaýtalaýan, men musapyr däl.
- Dostuň islegine görä.
- Dogry bolsa, ýör.
Biz köçä çykamyzda, ýadaw bulut kerweni nirädir köç edýärdi.
Stambulda her ädimde taksi taýyn, eliňi galdyrdygyň, bes.
Biz maşyna oturanymyzda, Eziz onuň şofýoryna:
- Topgapy saraýyna sür! – diýdi.
Biz şäheriň Beýogly bölüminde ýaşaýardyk. Maşyn dartaň köçelerden aýlanyp, Halyçaň üstündäki köpri bilen köne Stambula bakan tigirlendi.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 165 | Добавил: Haweran | Теги: Berdi Kerbabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]