15:39

Türkiýä syýahat: Topgapy

3. TOPGAPY

B.Kerbabaýew bilen Eziz Nesin

Bu adyň öz taryhy bar. Topgapy – toply derweze, saraý bolsa – köşk diýmekdir. Köne zamanlar şol uly derwezede top durup, soltana bir ýurtdan myhman ýa-da ülkäniň ilçisi gelende, top atylyp, salýut berilýän ekeni. Şonuň üçin hem şol derwezä “Topgapy” at galypdyr.
Soltan Mehmet II 1453-nji ýylda Wizantiýa imperiýasynyň paýtagty bolan Konstantinopoly basyp alandan soň, 1463-nji ýylda özüne köşk saldyrmak küýüne düşüp, grek Akropolynyň duran ýerini makul bilipdir. Ýöne weli, Süleýman Adylyň (1520-1556) döwründe şol köşk türk soltanlarynyň resmi rezidensiýasyna öwrülipdir. Şol köşkde soltanlar 1853-nji ýyla çenli döwran sürüpdirler. Soňra bolsa, soltan Abdylmejit Bosforyň kenarynda “Dolmabahça” köşgüni saldyrypdyr...
Haliç köprüsiniň üstünden barýarkaň, gabat garşyňda metjitleriň haýbatly gümmezleri hem sansyz belent minaralar akylyňy haýran edýärdi. Haliçiň Mermere tapyşýan ýerinde bolsa, şäher burnaýardy.
Eziz Nesin şol burna elini uzadyp:
- Ana şoňa Saraýburun at berilýär – diýdi.
Topgapy saraýy Atatürküň permany bilen muzeýe öwrülip, häzir ol ykjam goralýardy. Kassadan bilet alan Eziz bilen Topgapy muzeýine bile ätledik.
Köşgüň meýdany örän giň bolup, ol biri-birine baglanyşykly dört köşkden ybaratdy. Şol dördüň her biri-de dürli görnüşde guralypdyr. Köşk meýdanyna gireňde, öňi bilen, grek buthanasyna miýesser gelýärsiň. Ol birhili ýarag palatasyna öwrülipdir. Şonda gadymy gadymy ýaraglaryň dürli görnüşleri: şemhallar, hyrlylar hem başga hilleri bar. Ençeme soltanlaryň kümüş-gyzyl gaply, dendan saply jöwher gylyçlary, gamalary, pyçaklary ähli zala bezeg berýär. Olar altyn hatlar hem nagyşlar bilen bezelen. Gylyçlaryň iki ýüzlüleri, ujy haçjaklylary, gamalaryň uçgyraňlary, ujy peýkamlylary-da bar. Dürli baýdaklar, naýzalar, derweze açalary-da nyzama dur.
Köşgüň ikinji howlusyna uzak ýaşly agaçlar hem dürli güller bezeg berýärdi. Onuň bir tarapynda soltanyň naharthanasy bolup, beýle gapdalynda hem gözel nagyşlanan bir jaý bardy. Şonda çet ýurtlardan gelýän myhmanlary hezzetleýän ekenler. Ondan aňyrda soltanyň haremhanasy bolup, şonda soltanlaryň aýallary ýaşaýan eken. Şol howla girmek bolsa, agtalardan başga erkek adamlaryň hemmesine gadagan bolupdyr.
Köşgüň içinde taryhy taýdan iň ähmiýetlileri bolsa, tagt hem masalaht zallary. Köşgüň içinde ençeme muzeý bar: farfor, gap-çanak muzeýi, soltanlaryň geýim-gejim muzeýi, ýarag muzeýi, gymmatbaha daşlar, altyndan emele gelen üýtgeşik zatlar muzeýi, gündogaryň miniatýur muzeýi.
Şol muzeýlerdäki örän selçeň uçraýan hem örän gymmatbaha zatlar akylyňy haýran edýärdi. Hemme zatdan aýylganç görünýäni bolsa, şol ýerde jellat paltalary-da ýatyrdy.
Köşgüň ybadathanasynda Muhammet pygamberiň peýkamy saklanýardy. Onuň peýkamy hem kirşi bolman, diňe kemal şekilinde bir gury agaçdy. Şol ybadathanaň bir tekjesinde altyn sandyk bardy. Şonda pygamberiň hyrkasy, ýagny egin-eşigi saklanýar diýýärler. Şonuň golaýynda mälim bolup ýatan bir yza pygamberiň yzy diýýärler. Şonda gyzyldan bir gap bolup, şonuň içinde pygamberiň ýazan haty bar diýýärler.
Eziz Nesiniň nähili garajagyna-da onçakly ähmiýet bermän:
- Gardaş ogly, pygamberiň zatlary bu ýerik nireden gelip düşýär? – diýip soradym.
Muzeý zatlaryna birhili mejbury hem göwünsiz garaýan Eziz ýönekeý bir görnüşde:
- Istanbul bir zaman araplaryň golundady – diýip, jogap gaýtardy.
Topgapy köşgünde arheologiýa muzeýi-de bar eken. Eziz menden:
- Arheologiki muzeýine bakmak istiormusun? – diýip sorady.
Eziz Nesiniň höwessizliginiň, parhsyz garaýanynyň täsirindenmi ýa öz aýaklarymyň biraz syzlaşýany üçinmi, arheologiýa muzeýine barmakdan boýun towladym.
Eziz Nesiniň iki mertebe:
- Içmek islemeýärmisiňiz? – diýen teklibine men terki jogap beripdim. Türkler umuman biziňkiler ýaly kesgin teklip edenoklar-da, soraýarlar. Olarda öz meýline görä jogap bermek adaty bar. Eýsem-de bolsa, Eziz öz teklibine iň soňunda menden rugsatsyz emel etdi. Ol meni Topgapy restoranyna alyp bardy.
Restoran şäher içindäki ýaly onçakly gyzgalaňly bolmasa-da, örän tämizdi, ylaýta-da onuň oturan ýeri üýtgeşikdi, belentdi. Aşakda bag-bakjaly giň meýdan ýaýylyp gidýärdi.

Haldun Taner

Eziz bilen hoşlaşanymyza aradan kän salym geçmänkä, Haldun Taner gelip, stol başynda oturman, elini bir ýana asalgady-da:
- Ýör! – diýdi.
- Aý, gardaş, dyzymyzy epenimzie salym geçenok, ýene nirä?
- Burada bir balaja sergi bar. Men size şony göstermek istiýorum.
- Ýene muzeý?
- Korkma, bu depe janly adamyň sergisine bakajak sen.
Hakykatdan-da, biz golaýjak ýerde bir jaýa baryp girdik. Şol ýerde kokteýkl guradyp, bizi aýak üstünde rýumkaly konýak bilen garşyladylar. Şol ýerde ýaş, emma meşhur Gültekin atly bir hudožnigiň sergisi guralan ekeni. Haldun bizi diňe Gültekin däl, başga-da ençeme medeniýetli adamlar bilen tanyşdyrdy. Türkiýe intelligensiýasy bilen duşuşyk, sözleşik, hakykatdan-da ýakymly hem peýdalydy. Serginiň arasynda meniň görejime ilki ilen Ararat dagydy. Menip geňirgäp garaýanymy aňlan Gültekin:
- Anliýormusunuz? – diýip sorady.
Men bilmezlige salyp, ýaş hudožnige degesim geldi:
- Beýefendi, men düşünýän, ýöne weli, Ararat bizde, ýagny Sowet Soýuzynda ahyry.
Hudožnik enaýy güldi:
- Beýefendi, Araratyň ady sizde, özi bolsa bizde – türkiýede.
Nirede-de bolsa, Ararat dagyny hudožnik Gültekin örän gözel çekipdir. Men oňa uzak wagtlap höwes bilen garadym. Türkler Ararata Ulugdag (Agry dagy -t.b.) diýýärler.
Dogry aýtsam, men hudožnikleriň çekýän suratlaryna, çeper eserlerine çuňňur düşünemok. Eýsem-de bolsa, Gültekiniň sergisi meniň hoşuma geldi. Göwnüme bolmasa käbir şekil edil diri ýaly, maňa bir zat barada sowal berýän ýa jogabyma garaşýan ýaly, sabyrsyz çiňerilýärdi. Şolaryň käbiri meniň aňymda çuňňur duýgy döretdi.
Şonuň üçin hem men hudožnik Gültekine minnetdarlyk beýan etdim.
Категория: Ýol ýazgylary | Просмотров: 149 | Добавил: Haweran | Теги: Berdi Kerbabaýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Ýol ýazgylary bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]