00:25

Türkmen diliniñ sözlügi -2: M /dowamy

M - TÜRKMEN MILLI ELIPBIÝINIÑ ON BÄŞINJI HARPY

MAKALA [maka:la], at. Žurnallarda, gazetlerde, ýygyndylarda we ş.m. çap edilýän kiçi göwrümli ylmy ýa-da syýasy-jemgyýetçilik ähmiýetli habar, ýazgy. Bu deräniň gözelligini taryp etjek bolsaň, ýörite bir makala ýazmaly (Edebiýat we sungat).
Maket [make:t], at. 1. Jaýyň, zawodyň we ş.m. öňünden ýasalyp goýlan kiçi ölçegli nusgasy. 2. Kitabyň, žurnalyň köpçülikleýin nesir edilmezinden öň ýasalan nusgasy.
MAKSAT, at. 1. Bir işi, arzuwy we ş.m. amala aşyrmak üçin edilýän matlap, niýet, maksat-myrat. 2. Oglana dakylýan at.
MAKSATDAŞ, syp. Maksatlary bir meňzeş, bir maksatly, bir matlaply, niýeti bir.
MAKSATLY, syp. Maksady, arzuwy, niýeti bar bolan, belli bir maksada eýerýän. Aýdan aýdyň maksatly meň Aýlarym (B. Kerbabaýew).
MAKSATLYLYK, at. Maksady, niýeti barlyk, ýüregiňde bir matlap beslemeklik.
MAKSAT-MYRAT [maksat-myra:t], at, ser. Maksat
MAKSATNAMA [maksatna:ma], at. Geljekde amala aşyrylmaly döwlet ähmiýetli işleriň yzygiderli ýazgysy, durmuşa geçirilmeli milli, syýasy, ylmy, edebi, medeni, ykdysady çäreleriň beýany. Maksatnama iş ýüzünde ýerine ýetirildi (Türkmenistan).
MAKSATSYZ [maksassyz], syp. Maksady bolmadyk, maksady ýok, belli bir maksada gulluk etmeýän. Manysyz, maksatsyz hereket üstünlik getirmez.
MAKSATSYZLYK [maksassyzlyk], at. Maksady, niýeti bolmazlyk, belli bir maksat tutmazlyk, maksady ýokluk, maksatly dällik. Maksatsyzlyk işde eli sowuklyga eltýän zatlaryň biridir.
MAKUL [ma:ku:l], syp., hal.. Göwnejaý, dogry, ýerlikli, tassyklarlyk. Ol meniň maslahatymy makul görüpdir (H. Derýaýew).
MAKULLAMA [ma:ku:llomo], iş ady. Makullamak ýagdaýy.
MAKULLAMAK [ma:ku:llomok], işl. Makul bilmek, göwnejaý tapmak, dogry tapmak, ýerlikli hasaplamak, tassyklamak, oňlamak, goldamak. Bu teklibi hemmämiz makulladyk.
MAKULLAMAKLYK [ma:ku:llomokluk], iş ady. Makullamak ýagdaýy.
MAKULLANMAK [ma:ku:llonmok], işl. Biri tarapyndan makul bilinmek, makul tapylmak, tassyklanmak, oňlanmak. Meýilnama dolandyryş edarasynyň ýolbaşçylary tarapyndan makullandy.
MAKULLATMAK [ma:ku:llotmok], işl. Birine makul diýdirmek, makul bilinmegini gazanmak, oňlatmak. Ol pikiri köpçülige makullatmak gerek.
MAKULLAÝYŞ [ma:ku:lloýuş], iş ady. Makullamak ýagdaýy.
MAL [ma:l] I, at. 1. Oba hojalygyndaky ownukly-irili haýwanlar, dowarlar we iri mallar. 2. Küşdüň çöpleriniň umumy ady. Küşdüň mallarynyň atlarynyň gelip çykyşy örän gyzyklydyr.
 Maldan el ýuwmak malsyz galmak, maldan çykmak. Mal dogtory gepl.g.weterinariýadan ýokary hünärli hünärmen. Mal janly mal saklamagy we ony idetmegi halaýan. Türkmen halkynyň ata-babalary hem mal janly bolupdyr (Türkmenistan). Mal ýaly nadan, üşüksiz, kütek.
MAL [ma:l] II, at. 1. Birine degişli bolan haryt, önüm. 2. Baýlyk, emläk. Goç ýigit mal tapsa, hümmeti artar, Namart peýda tapsa, köňlün dar eýlär (Magtymguly). Bu dünýä maly diýip, geçmäň ýagşydan, Ýyrak otur muhabbetsiz kişiden (Zelili).
MALA [ma:la], at. Sürlen ekin ýeri düzlenýan, kesekleri owradylýan hem-de tohum sepilip ekilen ýeriň üstünden basylýan ýasy dişli ýa-da dişsiz tagta. Soňra künde, boýunturuk, ýerdemir, mala hem-de beýleki şaýlary howlynyň ortasyna çykaryp, bir laý elden geçirdiler (B. Seýtäkow).
MALAH [mala:h], at, k. d., ser. Çekirtge. Ol tygly malahdyr, jöwen ganymy, Gürlär, howa galar, sar sesin aňsa (Zelili).
MALALAMA [ma:lalama], iş ady. Malalamak ýagdaýy.
MALALAMAK [ma:lalamak], işl. Mala basyp, ýeriň bejergi işlerini geçirmek.
MALALAMAKLYK [ma:lalamaklyk], iş ady. Malalamak ýagdaýy.
MALALANMAK [ma:lalanmak], işl. Mala basylmak, mala bilen tekizlenmek. Sürlen ýerler malalandy.
MALALAŞMAK [ma:lalaşmak], işl. Mala basmaga kömekleşmek. Sürlen ýerleri malalaşmak.
MALALATMAK [ma:lalatmak], işl. Birine mala basdyrmak. Sürlen ýerler malaladylan bolsa oňat bolardy.
MALALAÝYŞ [ma:lalaýyş], iş ady. Malalamak ýagdaýy.
MAL-BAŞ [ma:l-vaş], at, ser. Mal-gara. Düşseň men guluň eline, Mal-başym hudaý ýoluna, Seni bermen ýüz geline (Zelili).
MALDAR [ma:lla:r], at. Maldarçylyk bilen meşgullanýan adam. Maldarlar mallary gyşlatmak işine göreldeli taýýarlandylar.
MALDARÇYLYK [ma:lla:rçylyk], at. Oba hojalygynyň mal ösdürip ýetişdirýän pudagy. Maldarçylyk hojalygy. Maldarçylyk instituty.
MALDAÝY [ma:llaýy], at. Erşi 4 gara, 20 gyzyl, 2 ak we 20 gyzyl edilip ýüwürdilýän, argajy sap gyzyl ýüpekden kakylyp, tarada dokalýan çabytlyk ýüpek mata. Olaryň eginlerinde täze sowsany köýnek, börükli kellelerine-de maldaýy çabyt atylgydy (A. Gowşudow).
MAL-GARA [ma:l-ğara] at. Ownukly-irili öý haýwanlary. Meret mal-gara seretmek işi bilen meşgul boldy.
Maliýe [ma:liýe], at. Halk hojalyk dolanyşygynyň düzüm bölegi hökmünde pul serişdeleri.
MALIÝEÇI [ma:liýeçi], at. Maliýe amallaryny ýöretmek hem-de maliýe ylymlary boýunça hünärmen.
MALIÝELEŞDIRME [ma:liýeleşdirme], iş ady. Maliýeleşdirmek ýagdaýy.
MALIÝELEŞDIRMEK [ma:liýeleşdirmek], işl. Halk hojalygyny pul serişdeleri bilen üpjün etmek. Kärhanalary maliýeleşdirmek. Nebit-gaz pudagyny maliýeleşdirmek.
MALIÝELEŞDIRMEKLIK [ma:liýeleşdirmeklik], iş ady. Maliýeleşdirmek ýagdaýy.
MALLANMAK [ma:llanmak], işl., gepl. d., Mal-gara edinmek, mally bolmak. Pakyra aşna ýat bolar, Mallansa, ýat ýara dö
MALLY [ma:lly], syp. 1. Maly-garasy bar, eýeçiliginde ownukly-irili mal saklaýan (adam hakynda). Mallylar howul-hara ýarar goşlaryny aldylar (B. Kerbabaýew). 2. göç. m. Baý, emläkli, mally-mülkli, barly-barjamly, gurply.
MAL-MÜLK [ma:l-mülk], at. Biriniň eýeçiligindäki bar zatlar, emläk, baýlyk, mal we ekerançylyk meýdany.
MAL-MÜLKLI [ma:l-mülklü], syp., ser. Mally 2.
MALSYZ [ma:lsyz], syp. 1. Maly ýok, ownukly-irili maly bolmadyk. Ýelsiz gol bolmaz, malsyz – il (Nakyl). 2. Baýlyksyz, emläksiz, mal-mülksüz. Ol malsyzlardan däldi.
MALSYZLYK [ma:lsyzlyk], at. 1. Ownukly-irili maly bolmazlyk, eýeçiliginde maly ýokluk. 2. Barly-barjamly dällik, mal-mülksüzlik. Derwüşlere ýolsuzlygy, Ýigitlere malsyzlygy, Hudaýym aýalsyzlygy, Görkezmesin musulmana (Magtymguly).
MAMA [ma:ma] I, at. 1. Ejeň ejesini anladýaň söz. – Haly ata-babalarymyzyň, enelerimiziň, mama- larymyzyň ýüregine sygmadyk arzuwlarydyr (Türkmenistan). 2. Garry aýallara ýüzlenilende sylanyp aýdylýan söz. Garry mama, geliň, men size ýer bereýin. 3. Gyza dakylýan at.
MAMA [ma:ma] II, at. Adamyň derisinde döreýän iriňli, ýokanç ýara. Soňabaka ýüzündäki mamanyň galdyran yzlary-da derden dolup, hünji ýalyjak bolup ýyldyraşyp başladylar (B. Seýtäkow).
 Mama dişän (ýüz) mama keseliniň çukurjyk-çukurjyk yzy galan (ýüz).
MAMAMÇÖKÜLLIK [ma:mamçöküllük], ser. Mamamçörek.
MAMAMÇÖREK [ma:mamçörök], at. Mama-çörekler maşgalasyna degişli kiçijik tegelejik ak gülli, ýere ýazylyp ösýän ösümlik we onuň hasyly.
MAMAMJÄJEK [ma:mamjä:jek], at. Goýunlaryň agzynda döreýän kesel.
MAMAMKÖKE [ma:mamkö:kö], at, ser. Mamamçörek.
MAMLA [ma:mla], syp., hal. Dogry, dürs, hak, hakykata laýyk. Dost – dost, mamla – rast (Nakyl).
Mamont [ma:mont], at. Demirgazyk ýarym şaryň tundrasynda ýasap, mundan birnäçe müň ýyl öň ölüp ýitip giden we pillere kowumdaş bolan haýwan.
MANAT, at. l. Türkmenistanda hereket edýän pul birligi. 2. Şol gymmatly kagyz ýa-da metal pul.
MANATLYK, at. 1. Bahasy, nyrhy belli bir möçberdäki manada deň. Bazardan otuz manatlyk üzüm, elli manatlyk garpyz alypdyryn, jemi sowan pulum segsen manada barýar. 2. Dürli gymmatlykdaky pul birligi. On manatlyk. Ýüz manatlyk.
MANDALA [mannala], at. Esasan, jalbar, balak tikilýän ýokary hilli ýylmanak galyň ýüň mata. Arçyn mandala jalbarynyň dyzyny dyrmap, jambörügini ýaňy syrylan kellesiniň maňlaýyna süýşürdi-de, gürrüňe başlady (B. Kerbabaýew).
MANDARIN [mandari:n], at. 1. Günorta ýurtlarda bitýän hemişe gök salyp oturan sitrus agajy. 2. Şol agajyň iýilýän miwesi.
MANDOLIN [mandoli:n], at. Dört sany tarly, ýasy, ýarym aýlaw görnüşli çirtilip çalynýan saz guraly.
MANDOLINÇI [mandoli:nçi], at. Mandolin çalýan sazandar.
MANDY [manny], at. Sürümde sürülmän galan dilkaw ýer, sürülmedik zolak. Öz süren ýerinde mandy galyp-galmanyny seljerip bilmeýärdi (B. Kerbabaýew).
MANOMETR [mano:me:tir], at. Gazyň ýa-da suwuklygyň basyşy ölçelýän gural. Ýapyk gapdaky gazyň ýa-da buguň basyşyny ölçemek üçin manometrler ulanylýar.
MANSUR [mansu:r], at, k. d. 1. Ýeňiji, ýeňilmezek. 2. Oglana dakylýan at.
MANTY, at. Içine döwlen ýa-da üwelen et, sogan salnyp, börekden ulurak edilip, ýörite gazanda buglap bişirilýän naharyň bir görnüşi.MANTY Börekden ulurak görnüєde ýaýylan hamyra kerçelen ýagly et, sogan ýaly zatlar garylyp, bükülip, ýörite ýasalan gazanda buglanyp biєirilýän naharyň bir görnüєi. Taýýar bolan manty tabaga çykarylyp, üstüne saryýag ýa-da gaýmak, gatyk ýaly zatlar çalnyp iýilýär.
MANTYGAZAN [mantyğa:zan], at. Manty bişirilýän ýörite gazan.
Mantyk, at, kön.s. Pikirlenişiň kanunlary hem-de görnüşleri hakyndaky ylym (ser. logika) .
MANY [ma:ny / ma:ny:], at. 1. Bir zadyň akyl ýetirip bolýan içki mazmuny, paýhaslanmak, oýlanmak arkaly bir zatdan çykarylýan netije, sözüň, hereketiň maňzy, özeni. Aňla bilmez söz manysyn seçmegen (Magtymguly). 2. göç. m. Oý, pikir. Onuň düşbi gözlerinde many bardy.
 Mana düşmez 1) aýdylýan, eşidilen zatdan netije çykarardan ýaş (çaga hakynda). 2) aýdylan-diýlene akyly ýetmeýän, paýhasy kütek, nadan. Diňe mana düşmez nadan adamlar, Ony gazanç hazynasy hasaplar (M. Seýidow). Many saçmak manyly, pähimli geplemek. Manysy bolmaz (ýok) ýeňil amal edilýän, başarýan üçin etmesi kyn bolmadyk (iş hakynda). Bular ýaly ýigidiň ýanynda işiň manysy boljak däl oguşýan (R. Gelenow).
MANYDAŞ [ma:nydaş / ma:ny:daş], syp. Manylary meňzeş. Manydaş sözler.
MANYLY [ma:nyly / ma:ny:ly], syp. 1. Manysy, mazmuny bar bolan, mazmunly, paýhasa-pähime eýe, özenli. Ähli soraglaryna pähimli, düşnükli, manyly jogap gaýtardy (B. Seýtäkow). 2. Öwüt-nesihatly, täsirli, pikirli. Onuň ýüregi manyly sözleriň hazynasy (A. Gowşudow).
MANYLYLYK [ma:nylylyk / ma:ny:lylyk], at. 1. Manysy, mazmuny barlyk, özenlilik. 2. Öwüt-nesihatlylyk, täsirililik.
MANYSYZ [ma:nysyz / ma:ny:syz], syp. 1. Mazmuny, manysy bolmadyk, mazmunsyz, maňyzsyz. Gurt özüniň gürrüňini manysyz aýtmaýardy (A. Gowşudow). 2. Ähmiýetsiz, peýdasyz, biderek, täsirsiz. Indi garşylyk görkezmek manysyz diýjek ýaly etdi (A. Gowşudow). 3. Hiç zat aňlatmaýan, biperwaý, sowuk-sala, hiç esassyz; ýöne. Garry gür gaşlaryny ýokary göterdi, Täzegülüň ýüzüne manysyz seretdi (B. Seýtäkow).
MANYSYZLAŞDYRMAK [ma:nysyzlaşdyrmak / ma:ny:syzlaşdyrmak], işl. Manysyny, mazmunyny, ähmiýetini kemeltmek, manysyny ýitirmek. Munuň özi bolsa şol hadysalary ýoýmaklyga, manysyzlaşdyrmaga alyp barýar.
MANYSYZLAŞMA [ma:nysyzlaşma / ma:ny:syzlaşma], iş ady. Manysyzlaşmak ýagdaýy.
MANYSYZLAŞMAK [ma:nysyzlaşmak/ ma:ny:syzlaşmak], işl. Many-mazmundan mahrum bolmak, manysyny, ähmiýetini ýitirmek.
MANYSYZLAŞMAKLYK [ma:nysyzlaşmaklyk/ ma:ny:syzlaşmaklyk], iş ady. Manysyzlaşmak ýagdaýy.
MANYSYZLYK [ma:nysyzlyk / ma:ny:syzlyk], at. 1. Manysy, mazmuny ýokluk, mazmunsyzlyk. Hekaýanyň manysyzlygy. 2. Ähmiýetsizlik, peýdasyzlyk, täsirsizlik.
MAŇ, at. Dört ýaşyndaky goýun. Käbir maňy bolsa guýrugyndan gop berip galdyrmaly (B. Kerbabaýew).

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 431 | Добавил: Nurdan | Теги: Türkmen diliniñ sözlügi | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Türkmen dili bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]