01:12

Türkmen diliniñ ýañzytma aýtgylarynyñ sözlügi / dowamy

▶  Y.

1. Yrym - yrym, ýom - ýom - bolşuna görä.
2. Yrymyna ýagşy - ýagşy niýetde bolmak.
3. Yra - dara - aram, ýykma - ýykylma manysynda.
4. Ysgynyňy hoja gaýdymy - haýal - ýagal hereket edýän, ýalta adama aýdylýar.

▶       L

1. Lalyň diline enesi düşüner - başgalar ügin cylşyrymly bolup duran bu ugurdan oňt baş cykarýan biri aňsatlyk bilen ýerine ýetirende aýdylýan aýtgy. "Başarmajak işiňe urnup durma, ony başarjak adama ynan" diýen manyny hem aňladýar.
2.Lgar düşen mal ýaly - horlanyp, gözgyny ýagdaýa düşen adam hakynda gürrüň gidende aýdylýar.
3.Lebzini ýuwdan - wadasynda durmadyk, biwepa, ygtybarsyz diýen manyny berýär.
4.Leglegiň gideni görünmez geleni görüner - bu aýtgynyň asyl manysyndan başga -da gögme manysy hem bar. Oba arasynda kämahal bir görünýän belli - belli meşhur adamlara gözi düşen mahaly dilewar adamlar şu aýtgyny aýdýarlar.
5.Lüti cykmak ýa - da lüt bolmak - örän ýadaw halda bolmak. Adatca pyýada köp ýörelende "lütüm cykdy" diýip aýdylýar. Aslynda "lüt" sözüniň
manysy bar.
 
 ▶ H

1.Howul bela howul bela başymyzdan sowul bela - tüweleý, güýşli ýel turanda aýdylýar.
2.Hem hoz gerek hem hozuň mürrigi - berlen zada göwni ýetmeýän adama aýdylýar.
3.Hamyr ujundan petir - başlangyg.
4."Hoşuň" atasy ölüpdir - hoş söz ber.
5.Hemedan daş bolsa kadi ýakyn.
          
▶       Ç

1.Çöpi koze degip duran - ýanjak, ýaryljak bolup dur.
2.çigildem köwledik - gije ýatanymyzda üşedik.
3.çöpe jan biten ýaly - gaty hor adam.
4.çuwalgyz - täze durmuşa cykan gyz.
5.Cyna berimsiz cypdyrma - ýalan sözlemek.
6.çig süýt emen - ynanjaň, sada.
7.Cakgy ýsadyk - üşedik diýen manyda.
 
            ▶   U

1.Ulalyp oňalmadyk - bikemal, näletkerde, emelsiz.
2.Ursaň öljek, berseň iýjek - nalajedeýin.
3.Uguryp atýan - emelkeş, pirimi köp.
4.Ula gider - dawasy uly bolar manyda (aslynda "ula gitmek" - at gapyşygynda uzakcyl atlaryň ýaryşa goşulmagyn aaýdylýar).
5.Ugruny ýekelemek - ugruna kowmak, göwnüni awlamak.
                 
▶     Ş

1.Şahyň  cykdymy-     
2.Şory depesine gykan 
3.Şeýtana sapak beren-
4.Şatyr ýaly-    Şatyr- ýükçi düýe
5.Şänik döwen ýaly -
8.Şgyrdysy ýok -    ç.
                  
▶     Ö

1.Öl - ölincäň - hic hacan düzedip bolmajak ýalňyş goýberen adama gönükdirilip aýdylýar.
2.Öňem bir kepgir görüpsiň öýdýan - adatca nahar wagty işdä saklaýan adama degişme äheňinde şu aýtgy gönükdirilip aýdylýar. Göcme manyda aýdylýan bu aýtgynyň aňyrsynda şeýleräk bir hekaýat bar.
3.Öýli - öýüne garagan düýbüne - gije bir cene ýetdi, öýli öýmüze "dargalyň" manyda.
4.Owez ogluny bersin - Yaş perzendi dünýäden ötene arzuw - dileg manyda aýdylýar.
5.Öweni öküz syndyrany - sygyr - gepine - sözüne ygtybar edip bolmaýan, badyhowa gürleýän adama gönükdirilýän aýtgy.
6.Ökje ogurlady - assyrynlyk bilen gitdi, gacdy.
7.Ökjäňi basyp gelýär - yzymdan ýetip gelýär.
8.Özüni asmandan asýar - özüne aşa artykmac baha berýän, özüni elýetmez edip goýan adama şeýle aýtgy gönükdirilýär.
ç.Özüňe "Alla" diý - başga birine göwnüýetmezcilik edýän adama "sen özüňden habaryň ýok, özüňe Alladan rehim dile" diýen manyda aýdylýar.
10.Öý öýe ýagy - il ile - ýurtda agzalalyk, duşmancylyk höküm sürýär diýen manyda.
11. Özüni bilen weli - il bilen işiň bolmasyn,özýagdaýyňy özüňbil,cakyňdan cykma manyda.
12.Öwlüýäniň deňesinden gecse bir öli kem -13.Öz telpegini özi ogurlan -
14.Öleniň yzynda ölüp bolanok - göcme manyda, ajy hakykaty mertlik bilen boýün almagyň gerekdigini, gaýgy - gama batyp oturman eýsem durmuşyň talap edýän zerur aladalary meşgul bolmalydygyny nygtaýan aýtgy. Adatca bu aýtgy merhumyň iň ýakyn adamlaryna gönükdirilýär. Agyr ýitgini mertlik bilen boýun alyp, aýgytly herekete başlan adamynyň öz töweregindäkilere ýüzlenip şu aýtgyny aýdýan wagty hem bolýar.
15."Öler jany" ýa - da "öler janym" - iň oňt görülýän nahar, lezzetli duz - tagam hakynda gürrüň gidende aýdylýan söz.
lö.Ölüniň sargydy özi bilen gidermiş - Ölmeziniň öň ýany aýdylan sargytlaryň köplenc unydylýandygyny aýladýan aýtgy. Onsoňam bärden baran adama gaýtmakcy bolanda ýumuş baryny buýurýana, sargyt baryny sargaýana "ölüniň sargydyny sargady" diýlen aýtgy gönükdirilýär.
17.Öňüm gelenden soňum gelsin - Şu aýtgy köplenc maşgala durmuşy bozulan gyz -gelinleriň täzeden durmuş gurmagy, bagty acylmagy bilen baglanşykly ýagdaýda işjeň ulanylýar. Garyplykdan şykan, yrsgal - döwleti oýanan adama - da şeýle aýtgy gönükdirilýär.
18.Ölerin "Alla" diýmerin - Hötjetlik edýän adama, ýalňyşyny boýun alman
özüniňkini dogry etjek bolup şol bir gepini gaýtalap, ýer depip durana gönüldirilip aýdylýan aýtgy. "seniňki ölerin Alla diýmerin - ow" diýlen ýaly görnüşde ulanylýar.
1ç.Öliň soragyny berdi - "köp soraglary berdi", "kyn sorag berdi" manyda. 20.Ölüşine görä gömüşim - Göcme manyda aýdylan söz. "seň özüň nähili bolsaň,
bizem seniň özüňe görä bolýarys"diýlen manyny berýär. Göwänli - göwünsiz
bitirilen iş manysynda - da aýdylýan halaty bar. 21.Öz cocgaryna özi colaşdy - öz guran duzagyna özi düşdi. Päline görä tapdy"
manyda.
22.Öz eden işiň, dökülsin dişiň - bu seniň öz ýalňyşyň, öz jebriňi özüň cek manyda aýdylýar.
23.Öz süýegini özi süýreýär - garran tapdan düşen adam hakda şeý - le hem öz gün -
güzeranyny özi dolandyrýan adam hakynda gürrüň edilende aýdylýar. 24. Öýünde öýlänlik ýok - garyp, güzerany pes, özüni ofiarmaýan manysynda.
           
▶          I

1.Ikisiniň arasyndan gyl gecenok.
2.Igdäň aşagyndan geşen ýaly.
3.Injir güllände gel - göcme manydaky şu aýtgy adarca adamyň goni özüne aýdylmaýar-da,kimdir biri hakynda gürrüň edilende"oňa injir güllände gel" diýipdirler ýa -da "injir güllände gel" diýäýmeli ekeniň -diýlen ýaly görnüşde ulanylýar. Aýtgynyň "gelme" diýen manysy bar, sebäbi injir agajy hiş mahal güllemeýär.
4.Itiň aýagyny iýen ýaly.
5.Injigi ince.
6.Item gitdi ýüpem - uc dereksiz gitdi.
7.Ici güjükli - kineçÜ, gizlin ahmyrly, bahyl görüp tersçÜ adam göz öňünde tutylýar. Şeýle adamyň aýdan ýakymsyz sözüni "içi güjükli gürrüň etme" diýip, kesip bolýar.
8.Iki aýagymy bir gonja salma.
9.It ýandakdan böken ýaly.
 lO.Igäňi sürtme - igenme.
11 .It ýatdy men ýatmadym - gije biynjalyk boldum,ýatyp bilmedim. 12. Itiň barmy ýalagyň bolar ýaly.
13 .Iki gözüň dört bolupdyr - öýlenipsiň bagtly bol, geln alypsyň, gutly bolsun manyda.
14.lçim eljuk diýýär- ajykmak manyda.Eljug- arapça ajykmak.             (Alynma söz.)
15.1ňne bilen guýy gazmak - irginsiz işlemek, 
16.1ti kölegesinden kowup ýören - ýalta adam.
 17.1te bir sümek bergisi bar. 
18.1tiň aňsady.   

19  işik ýaly - gepsiz gürrüňsiz, edepli, asylly-gelin hakynda ýakymly gürrüň edilende aýdylýar.
20.lçen suwy alkymynda görnüp duran - owadan ak ýüzli, alkymy ak gelin hakynda
gürrüň edilende gözelligine haýran galynmak manysynda şu aýtgy aýdylýar. 
21 .lçi ýananyň gülküsi - Oýunda, degişmede, söwdada ýa - da adaty durmuşyň başga bir pursatlarynda utulsa - da, ýenilse - de, masgara bolsa - da töweregindäkiler bilen deň gülýän adama gönükdirilýär. 22.lçimtap - etjegi içinde, betgüman garaýürek adam göz öňünde tutylýar. 23.lçinden iglän - Hemme kişiden närazy, iňňirdi, iş buýrulsa ýa - da bir iş haýyş
edilse bahana tapýanadam göz öňünde tutylýar. Munuň "1ç! dertli" görnüşde
aýdylýan ýeri - de bar. 
24.Igdäň aşagyndan geçen ýaly - ýerliksiz gürleýän ýa - da ýerliksiz gülýän,ýeldirgän adamyňka meňzeş hereketleri edýän adama gönükdirilip aýdylýan aýtgy. Bu ýerde igde agajynyň güýçli kömürturşy gazyny bölüp çykarýandygy, bu
öýagdaýy bilmezden onuň aşagynda köp oturan ýa - da ýatan adama zäherli maddanyň täsir etmegi netijesinde onda ýäze cykýan näsazlyk göz öňünde tutylýar.
25.Iki aýagymy bir gonja sokma - juda gyssama diýen manyny aňladýar. 
26.lçim aja salma - uzaga şekdirme tiz bitir diýen manyda.
27.1ndi ýetdiň deňime, ýama urdyň ýeňiňe - sen indi meniň deňime ýetdiň ýöne hali - häzirem seniň ýagdaýyň öwerlikdäl. Saňa meniň deňäme ýetme ýok - diýen manyda.
28.Iki dogandan şirem gorkarmyş - iki doganyň birk - birege arkadagdygyny,
doganlaryň agzybir bolanda almajak galasynyň ýokdugyny aňlňdýan aýtgy. 
29.Iki dogup bir galanym däl - ol meniň hiç kimim däl. Oňa meniň haýpym gelmez, ol meniň ekiz jigimiň taýyny aldyryp ýeke galany däl - diýen manyda. 
30.Iki paý berlen ýaly - hödür - keremde, zat paýlananda görümsüzlik edip, köp aljak bolup göze - basa düşýän adama gönükdirilip aýdylýan aýtgy. 
31 .Iki taňryly - agyp - dönüp duran, seni görse senlik, meni görse menlik bolup duran adam manyda.
32.1kisiniň arasyndan gyl geçenok - ýakyn dost, has takygy saçakly gatnaşyk edýän
adam hakynda aýdylýan aýtgy. 
33.11den aldym ile berdim - gyz maşgala durmuşa çykarylanda ene - ata tarapynda
aýdylýan aýtgy. Ilden gyz almaly, gyzyňy ile bermeli manyda. 34.11 ýatyp it uklady - gije bir çene bardy, ýary gije, gijäniň bir mahaly manyda. 
35.Ile belli sakar eşek - utanç haýasyz, bedasyl.
36.11ik - düwme barlady - ähli ýeri barlady, ýeke - ýeke gözden geçirdi manyda.
 37.il1äp - günläp kel gyzy äre berdiler - goni manysynda dälde bitmesiz iş biten mahaly ýa - da uzak wagtlap çözülmän gelen      meseläniň köpçüligiň aladasy netijesinde çözülmegi - de şeýle aýtgynyň, kimdir biri tarapynda uly şatlyk bilenaýdylmagyna  sebäp bolýar.
 38.1njigi kuje geldi ýa - da injigi götermedi - ýokary wezipäni,üstüne gelen yrsgal -
döwleti elinde saklap bilmedik, baýlygy göterinip bilmedik adama aýdylýar. 
39.1şdäsine sogan dograldy - bady gaýtdy, eli sowady, lapy keç boldy manyda.
 40.1şdäň sogan alýarmy - özünden göwni hoş, öz ýagdaýyny bilmeýän adama gönükdirilýän aýtgy, "başga näme isleýän zadyň bar" diýlen manyda. 
41 .Iti aldap uran ýaly - Öz ýakyndan ynanýan adamynda horluk gören adamyň pikirini beýan etmekçi bolanda ulanýan aýtgysy. 42.It aýagyny iýen ýaly - bir ýerde durmaýan, yapdyrmaýan, gezegen adama
aýdylýan aýtgy.
43.It eýesini, pişik bikesini tananok - başagaýlyk, aljyraňňylyk, bulam - bujarlyk manyda.
44.It ýandakdan böken ýaly - bulaýyk, üzlem - saplam, düşnüksiz gürleýän adama gönükdirilýän bu aýtgy düşnüksiz ýazylan hat ýa - da tagaşyksyz sözlem babatynda - da aýdylyp bilner.
45.It ýatdy - men ýatmadym - agşam uklap bilmedim, ejir çekdim manyda.
46.It ýylgyryşyny etme - ýalandan ýylgyrma, ýasamalyk etme manyda.
47.1tde san bar, onda ýok - adam sanynda görülmeýän, sansyz, hic kime gerekmeýän manyda.
48.1tden cykarmak - garakçy galtamanlaryň arasynda "öldürmek" manyda ulanylýan göçme manyly söz. 
49.1tde pişik - ikisi it bilen pişik ýaly hiç oňuşanok manysynda. 50.1te bir süňk bergisi bar - köp adama bergisi bar diýlen manyda. Aýtgy bergisini berip bilmeýän adama gönükdirilýär. 
51 .Item doýrup atarlar - Ynsanyň hemişe ynsan bolmalydygyny - rehimdar hemynsaply bolmalydygyny ýatladýan aýtgydyr. "Ejize  ganym bolma", zalymlyk etme"diýlen manyda. 
52.Item gitdi ýüpem - aldanan adamyň, ynanjaňlyk edip zadyny elinden gideren adamayň iş işden geçeninden soň aýdýan aýtgysy. 
53.1t-eşek ýaly - öz ýakyn garyndaşy bilen jynsy gatnaşyk edýän haramzada,binamys.
54.1ti kölegeden kowup ýören -uzakly gün hiç iş etmeýän, ýalta. 55.Itiň aňsady.'Tň aňsat iş manysynda aýdylýan aýtgy.
Şu aýtgynyň gös -goni garşylyklaýyn manysyny berýän "Itiň görgüsi diýlip aýdylýan aýtgyda bar. 
56.Itiň art aýagyndan suw içer -güni kyn bolar,pes ýagdaýa düşer, hiç kimçe bolmaz. 
57. Itiň barmy ýalagyň bolar ýaly./Töweregindäkilere göwniýetmezçilik edýän öwünjeňe gönükdirilip aýdylýan
aýtgy. Boş wada berýän ýalança dogruçyl adam şu aýtgyny aýdyp,geplemez ýaly edär.
58.Itiň işi gedaý bilen -asyl manysynda ulanylýan bu aýtgyda itiň köp halatda ýakymsyz , gorkak adma topulýandygy ýaňzydylýar. 59 1tiň oýny bolsa- da, göläniň çyny -oýuna düşünmeýän gödek adamlara gönükdirilýän aýtgy. 
60 Iýeni aýry gidenok."Ikisi juda ýakyn dosf'diýlen manyda.
 61 .Iýeniň,içeniň özüňki,gören -eşideniňden habar ber -adatça syýahatdan,sapardan gelen adama şeýle aýtgy bilen ýüzlenilýär."Senden geň -enaýy, gyzykly,peýdaly
gürrüňe garaşýarys"diýlen manyda aýdylýar. 
62.1ýse doýmaz , ýatsa turmaz -iýip- içip ýatan, işýakmaz. 63.1ýen çöregiňe ýaplansana -türkmençilikde bir adamyň beýleki adama alaçsyzlykdan däl-de ýöne ýerden ýaplanyp durmagy halanylmaýar.Yaplanmakçyadama "durkuňy sakla","öz göwräňi  özüň sakla" manysynda aýdylýar. 64.lçinden ýalyn geçen -köpigören, tejribesi ýetik manysynda. 65.1ýmesemem nanym, geýmesemem donum -aýal maşgalanyň erkek doganyna,agasyna, jigisine, howandaryna buýsanyp aýdýan aýtgysy. 
66 Igimajyna salma - uzaga çekdirme, kösendirme manysynda.
                      
▶  P

1.Peşeden pil ýasama.
2.Pagta bilen damagyny galdy - gizlin, ýaşryn maksadyna ýetmek ücin(kähalatlarda kast etmek ücin,haýynlyk ügin) bir adamyň başga bir adama ýagşydan ýagşy, ýakymly- ýumşak sözleri aýdyp ynama girip bilşine berilýän bahadyr.
3.Paltasy daşa degdi - yzly - yzyna şowsuzlyga ucrady ýa - da baran gapysy ýapyk, işi basa baranok manyada.
4.Päliň ýoldaşyň bolsun - betpygyl adama hoşniýetli bolmak hakynda aýdylan pendi - nesihata gulak salman gykyp giden wagty gönükdirilýän söz.
8.Kapyra hyzmat edeniň muzdy gara gylyc."Duşmanyň tarapyna gecen dönüge dözümsizlik etmeli däl" diýlen manyda aýdylýan aýtgy.
ç.Peltesine ýag damdy.Göcme manydaky bu aýtgynyň şeýle manysy bar: Biri janygyp gürläp dur,başga biri bu gürrüňe goşulýar-da ony goldap saldamly bir söz aýdýar welin,ýaňky beleň alýar.Bu ýagdaýy synlap,diňläp duran:"Peltesine ýag damdy "diýýär.

"Gepi ulatma!" ýa-da "Yalan sözleme!"-diýlen manyda aýdylýar. 11 .Peýdasy topukdan,zyýany dyzdan.
Ýagşylyk etjek bolup,oňat görünjek bolup,byýrulmadyk işleri edip,öz ýakynyny zyýana goýup,oňa zeper ýetirip ýören tagaşyksyz adam
gönükdirilýän aýtgy.
 12.Peýdasyz perişde.
Her gün diýen ýaly gury wagtyňy alýan haýyrsyz, boş adama
gönükdirilýän aýtgy.Bu aýtdynyň "Peýdasyz perişdeden aşna döw ýagşy"görnüşinde aýdylýan ýagdaýy-da bar.
 13.Pezzebermez."Batberme","Ýüregini çişirme","Öjükdirme"manysynda aýdylýan
ýerleri bar. 
14.Piliň gulagynda uklap ýörsüň."Zatdan habarsyz gezip ýörsüň" manyda aýdylýar. 15.Piliň ýadyna hindistan düşdi.
Ýadyndan gykaran öz zerur işi hakynda garaşylman durka morta atypgoýberýän adama gönükdirilip aýdylýan aýtgy. "Ozal niredediň, öň näme işläp ýördüň"manysynda.
 L5.Pinekläp otyr.çaý igip,dyng alyp oturan adama,kähalatda bolsa irkiljiräp oturan neşebende aýdylýan söz.
17. Piňine - de däl - "Azaryna - da dala', "Asla ýadyna düşenok" manyda. 
18.Pirini kädä gabadym - "sözünde tutdym", "gidere ýer goýmadym", "sypjak ýeri ýok" manyda.
19.Pişik basyşyny edip - "sessiz üýnsiz, bildirmän gelmek" manyda. öO.Pişigiň ýyndamlygy samanhana cenli - "seniň kimdigiňi, näme iş bitirip biljekdigiňi bilýäris" diýlen manyda, badyhowa, öwünjeň erjelligi ýok, uzakgyldäl kişilere aýdylýan aýtgy. 
20 .Pitige mündirdiler - "şu gün ýa ertir zyňyljak, ýok ediljek, wezipesinden pyzyljak'
manyda
21.Polady ýumşak - dözümsiz, mähirli, erkek adama aýdylýar.
22 Pyrryldak - "sapalak atmak, al salmak manyda.

Adamyñ beden agzalarynyňi türkmen dilinde atlandyrlanda agzalan birnäşesiniňi sony..K" sesi bilen tamamlanyar. 

Aşakda olaryñ sanawy:

Dyrnak, barnak, ýumruk, tirsek, goltuk, aýak, topuk, darakyllyk, dyzcanak, ,uýluk, almalyk injik, eginsüňk, kelleşanak, iňrik, seňrik, eňiek, yaňak, dodak, duluk, gulak, garak, bilek, gabak, kirpik, kentgilewik, gaňşylawuk, darnak, bokurdak, kekirdek, gyzylödek, emenjik, ýurek, dalak, böwrek, inek, emjek, ýanjyk, gasyk, kesik, deşik. geýrek.

Birnacesi..N"sesi bilen gutarýar. Beden.egin.şigin Öýken aşgazan we.ş.m.

Barly bolsun barsyz bolsun öýüň bolsun.
Gyňyr bolsun gyşyk bolsun äňň bolsun.

Gyzyň özi şuwalda Sepi sandykda.
Söz dokuz bogundyr, boga boga sözle, düwe düwe gizle.
            
Aşyr Salyh ogly.

Категория: Türkmen dili | Просмотров: 828 | Добавил: Нawеran | Теги: Aşyr Salyh | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Türkmen dili bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Edebiyatcy5066  
58
Salawmaleýkim! Aşyr aga, Sizmeniň gözläp tapyp bilmän ýören işimi ýazypsyňyz. Örän ajaýyp iş. Türkmen
folklory öwreniş ylmynda ilkinji edilen we iň gerekli iş. Size-de, saýtyň
guramaçylaryna-da minnetdarlyk aýdýaryn. Menem Siziň özüňiz ýaly SÖZE hyrydar gullaryň
biri. Siziň söz manysy hakyndaky makalalaryňyzy uly gyzyklanma bilen okaýaryn
we kanagatlanma tapýaryn. Menem nakyllar we aýtgylar hakynda odur-budur ýazanboldum, ýazýan. Çap edilenlerem bar. Siziň aýtgylara degişli sözlügiňize ýazan
sözbaşyňyzdaky pikirleriňiz juda makul pikirler. Bu işiňizde we beýleki söz
manysy baradaky makalalaryňyzda berýän maglumatlaryňyz bu ugurdan işleýänlere
uly gollanma-kömek bolar. Nesip bolsa, entek Siziň bu işiňize degişli käbirpikir-garaýyşlarymy ýazmakçy. Janyňyz sag,galamyňyz ýiti bolsun! Hormat bilen, Nury Seýidow

0
2 Oguzhan_aga  
65
Aşyr hajy aga uly iş edipdir sag bolsun.
Ýokarda bir ýerde "çuwal gyz-täze durmuşa çykan gyz" diýip düşünduriş berlipdir. Oglan wagtym ýadyma düşýä soranym, biziň ýaşulylar "çuwal gyz" diýip, durmuşa çykyp 40 günlükden (her kim bir hili saklaýa) gaýtarylyp öýüne getiilen gyza aýdardylar. Täze durmuşa çykan gyza "40 günlük geln" diýerdiler.
Öňki zamanlarda gelin gaýtarylp getilensoň gudalary tä galyňdan galan bergisini üzüp bilýänçä saklanypdyr. Gürrüň bererdiler hatda 5-ýyl Çuwal gyz bolup gezen gelnlerem bolupdyr.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]