TÜRKMEN DÜNÝÄSINIÑ HADYSASYNA
Hormat saña, Nobatguly halypa,
Aperin diýýärin ýazanlaryña!
Ömür guýduñ şygyr atly galyba,
Maýyl boldum goşgy-gazallaryña!
"Jemşidiñ jamyny" okan halatym,
Sereden ýaly men gudratly jama.
Ganat biten sözleriñi haladym,
Täsin pelsepeler jan goşdy jana!
Söhbede çagyryp Panyýahany,
Garşysynda Galandary goýupsyñ.
Pelegiñ oýnundan çykaryp many,
Gaýgyrmany diýjegiñi diýipsiñ.
Her sözüñde hakykata orun bar,
Setirleriñ synan göwne seýiklik.
Emeriñde-damaryñda görünýär,
Daş ykbally daglar ýaly beýiklik!
Ýazdygyñça söz ýaragyñ berkäpdir,
Şygyr awlag - şahyr onuñ mergeni.
Buşluk, seni hataryna tirkäpdir,
Pyragynyñ çekip barýan kerweni!
Dessurdyr ussada sarpa goýmaklyk,
Döwrümiñ aýnasy, hakydasy sen.
Az görünýär saña şahyr diýmeklik,
Türkmen dünýäsiniñ hadysasy sen.
Didarberdi ALLABERDIÝEW.
|