13:50

Türkmen edebiýatynyñ taryhyny yzarlap...

TÜRKMEN EDEBIÝATYNYÑ TARYHYNY YZARLAP...

Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanymyzda ylmyñ ähli ugurlarynda hakykaty aýtmaga açylan giñ mümkinçilikden peýdalanyp, edebi mirasymyzy öwrenmekligiñ problemalary hakynda gürrüñ etmekçi. Ýöne ony halkymyzyñ taryhyndan üzñe öwrenmek mümkin däl.

■ Türkmen halkynyñ kemala gelen döwürleri

Türkmen halkynyñ kemala gelşi hakynda gürrüñ edilende, arheologik we antropologik ylmy barlaglar halkymyzyñ şu toprakda kemala gelendigini, Türkmenistanyñ territoriýasynda ýaşan adamzat jemgyýetiniñ medeniýetiniñem, sungatynyñam, hatda fiziologik (süýrikelleli) gurluşynyñam häzirki türkmenleriñkä doly gabat gelýändigini bireýýäm subut etdi.
Halkymyz ýerli dah-sak, massaget, parn ýaly şu toprakda ýaşan ata-babalarymyzyñ mirasdüşeridir. Türkmenistanyñ territoriýasynda 4-5 müñ ýyl ozal dörän oguz dinine giren ata-babalarymyzy haýsy taýpadandygyna seretmezden, Oguzlar diýip atlandyrypdyrlar. Şonuñ üçin gadymy çeşmelerde ata-babalarymyzyñ Oguzlar diýlip atlandyrylmagyna geñ galasy iş ýok. Şu ýerde bir zady aýratyn nygtamak gerek, çünki Altyndepe şäher döwleti ýykylandan soñra, göçüp giden oguzlar tä Ata Watanyna gelinçäler (X a. çenli) özleriniñ gadymy dinlerinden ýüz öwürmändirler. Mahmyt Gaznawynyñ oguz Seljuklaryna Ata Watany Türkmenistana dolanyp gelmäge rugsat bereninden soñ, olar öz ýerli halkymyz bilen düşünişmezlik bolmasyn diýip, meýletin ýagdaýda yslam dinini kabul edipdirler. Şol sebäpli özleriniñ gadymy dinine wepaly bolan ata-babalarymyz dünýä ýüzünde Oguzlar ady bilen tanalypdyr. Oguzlaryñ türkmenligini bolaa IX asyryñ uly alymy Mahmyt Kaşgary "Diwan-e lugat ät türk" diýen eserinde "Oguzlar ~ türkmenlerdir" diýip, bu meseläni çöp döwen ýaly aýdyñlaşdyrypdyr. Şeýlelik bilen, biz 4-5 müñ ýyl mundan ozal, şu toprakda Oguz dinini döreden ata-babalarymyzyñ ýerli halk hökmünde kemala gelendigine şübhesiz ynanýarys.
Sebäbi häzirki Mäne obasynyñ golaýyndaky Altyndepe şäher döwleti b.e.öñki 11 müñünji (2100-1800-nji ý) degişli bolup, ony esaslandyran Oguz türkmenlerdir. Ýa bolmasa gaýduwsyz aýal patyşamyz Tumaryñ ýolbaşçylygynda b.e.öñki 530-njy ýylda Eýran patyşasy Krosy Kebiriñ 200 müñden gowrak goşunyny çym-pytrak eden ata-babalarymyz halk hökmünde kemala gelmedik bolanlygynda beýle edermenligi görkezip bilmezdiler. Şeýlelikde, halkymyz 4-5 müñ ýyl ozal, halk hökmünde doly kemala gelip, professor Nazar Gullaýewiñ aýdyşy ýaly, 26 gezek döwlet gurluşyny başdan geçirip, kä halatlarda dürli sebäpler bilen birnäçe taýpalara bölünen wagtlaram, käbir taýpalaryñ duşmana boýun bolmajak bolup, Ata Watany terk edip giden halatlaram bolupdyr. Belki, şonuñ üçindir, käbir taryhçylar ýa-ha bilmezlikden, ýa-da başga bir sebäplere görä, birwagt şu topragy taşlap, soñra dolanyp gelen oguz-seljuk türkmenlerini gelmişek hasaplaýarlar. Hakykatda bolsa, olar öz Watanlaryny küýsäp dolanyp geldiler. Ýowuz ykbalyñ emri bilen ata-babalarymyz iki gezek ilkinji Altyndepe şäher döwletiniñ (b.e.öñ 1800 ý), soñra türkmeniñ par taýpasynyñ esaslandyran Parfian imperiýasynyñ ýykylmagy bilen mejbury ýagdaýda Ata Watany terk etmeli bolupdyrlar. Olaryñ gaýry ýurtlarda hiç bir halka siñmän, gaýtam batyrgaýlyk bilen Oguz han ýaly merdana ärleriñ başda durmagynda Oguz han ýaly merdana ärleriñ başda durmagynda Oguz han (b.e.öñki III asyr) imperiýasyny, Türk kaganlygyny (VI-VIII a) esaslandyryp, şu ýerde galan watandaşlarynyñ medeniýetinden, sungatyndan sähelçe-de tapawudy bolmadyk medeniýeti, sungaty özlerinde saklap, üstesine-de ýerli halka ornaşdyryp bilenlikleridir.

■ Halkymyzyñ edebiýaty haýsy döwürden başlanýar?

Eýsem, şeýle gadymdan gözbaş alyp gaýdýan halkymyzyñ edebiýaty haýsy döwürden başlanýarka? Türkmen edebiýaty 4-5 müñ ýyl ozalky döwürden gözbaş alyp gaýdýar diýip, ynam bilen aýdyp bileris. Belki, okyjylaryñ käbiri 4-5 müñ ýyl ozal ozalky döwürde edebi eserler bir boldumyka diýen soragy bermegi mümkin. Biziñ şu soraga şeýle jogap beresimiz gelýär. Dünýäde dil bilimi bilen iş salyşýan adamlar adamzat jemgyýetiniñ heniz elipbiý ýüze çykmanka ideografik, piktografik belgileri ulanandygyny belleýärler. Şonuñ üçin Türkmenistanyñ territoriýasynda gadymy adamlaryñ ýaşan gowaklarynyñ, öýleriniñ, dag-daşlarynyñ ýüzüne çekilen, biz üçin düşnüksiz bolan belgileriñ ýönekeý bir çyzyklar bolman, öz döwrüniñ hat ýazuwy, piktografik belgisi bolup, türkmeniñ haý-haýly geçmişinden habar berýän edebi eserlerdigine ynanýarys. Ondan soñky etapda piktografik belgiler öz ornuny nagyşlamak sungatyna beripdir. Bu günki gelin-gyzlarymyzyñ dakynýan şaý-sepleriniñ, dokaýan haly-palaslarynyñ, keçeleriniñ, el işleriniñ ýüzündäki nagyşlar türkmeniñ taryhyny özünde saklaýan syrly sandyklar diýsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmasa gerek.

■ Türkmen elipbiýi haçan ýüze çykdy?

"Türkmen halkynyñ elipbiýi haçan ýüze çykdyka?" diýen soraga bolsa klassyk şahyrlarymyzyñ şygyrlaryndan hem jogap tapmak bolýar.

Ýedisinden owaz çykyp,
On sekizin tartar çekip,
Üç müñ ýaşda ömrüñ ýakyp,
Geçirdik, gözel ýigrim bäş.

Hawa, ýokarky setirlerde klassyk şahyrymyz Şeýdaýy halkymyzyñ 3.000 ýyllap ýedi çekimliden, on sekiz çekimsizden ybarat bolan elipbiýiniñ bolandygyny guwanç bilen ýatlaýar. Geliñ, biz, Şeýdaýynyñ goşgusyna esaslanyp, elipbiýimiziñ haçan ýüze çykandygyny anyklalyñ.
Bilşimiz ýaly, araplar VIII asyryñ ortalaryna çenli Türkmenistany doly tabyn edip, ýerli medeniýeti, şol sanda elipbiýimizi hem gysyp çykaryp, öz elipbiýlerini ornaşdyrdylar. Bu döwürden 3.000 ýyly aýyrsak, b.e.öñki 2200-nji ýyllar töweregine gabat gelýär. Bu sene bolsa Altyndepe şäher döwletiniñ döremeginiñ öñ ýanlarydyr. Diýmek, biz ata-babalarymyzyñ esaslandyran bu şäher döwletiniñ diñe bir dünýäniñ ýüzünde iñ gadymy döwlet bolmagy bilen çäklenmän, ösen medeniýetli, özbaşdak, kämil hat-ýazuwly döwlet bolandygyny buýsanç bilen ýatlap bileris.
Hat-ýazuwyñ ýüze çykmagy ýazuwly edebiýatyñ emele gelmegine getiripdir. Häzirlikçe biziñ halkymyza degişli iñ irki edebi ýadygärlik otparazçylyk dininiñ 12 müñ öküziñ hamyna ýazylan "Awesta" (b.e.öñki VIII a.) kitabydyr. "Awesta" kitabynyñ iñ gadymy nusgalarynyñ Nusaýdan hem Merwden çykmagy, şeýle hem "Zeririñ hatyrasy" atly Parfiýan dessanynda ata-babalarymyzyñ beýleki halklary uly görgüler bilen otparazçylyk dinine salşyny ýatlanymyzda, bu diniñ hem "Awesta" kitabynyñ ýeke-täk mirasdüşeriniñ türkmen halkydygyna şek-şübhe goýanok.
Häzirki döwürde edebiýatçy alymlarymyzyñ esasy tagallasy 4-5 müñ ýyllyk taryhy bolan edebi mirasymyzy öwrenmäge jemlenmelidir. Ýöne uzak geçmişden gözbaş alyp gaýdýan edebiýatymyzy öwrenmek üçin birnäçe aýdyñlaşdyrylmaly problemalar bar. Ilki bilen edebiýatymyzyñ Ata Watanynyñ nirede bolandygyny, nirelere ýaýrap gidendigini anyklamalydyrys. Edebiýatyñ halklaýyn häsiýete eýedigini, türkmen halkynyñ şu toprakda kemala gelendigini nazarda tutsak, onda edebiýatymyzyñ esasu özeniniñ ~ Ata Watanynyñ Türkmenistan boljakdygy öz-özünden düşnüklidir. Ýöne mesele munuñ bilen çözülenok, sebäbi halkymyzyñ dünýä ýaýraýşy (migrasiýasy) göçüp-gonuş bilen baglanyşykda edebiýatymyz hem dünýäniñ çar künjegine ýaýrapdyr. Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, halkymyz 26 gezek döwlet gurluşyny başdan geçirip, şonuñ 5 sanysy uly (Oguz han, Parfiýan, Türk kaganlygy, Gaznawylar, Seljuklar) imperiýadyr. Şonuñ üçin edebi mirasymyzyñ döwürleýin nirelere ýaýrandygyny anyklamak has amatly bolsa gerek.

1. Şu ýerde göçüp giden Oguz türkmenleri Orhon-Ýeniseý derýalarynyñ boýlaryny, Hytaýy, Orsyýetiñ belli bir bölegini öz içine alýan ägirt uly territoriýada ilki Oguz han imperiýasyny, soñra Türk kaganlygyny esaslandyryp, ol territoriýalarda türkmeniñ oguz edebiýatynu emele getiripdirler. Dünýä belli "Orhon-Ýeniseý" (VII asyr) ýazuw ýadygärligi oguz edebiýatynyñ bir ülşüdir.

2. B.e.öñki VI asyrda Aleksandr Makedonskiniñ türkmenleri basyp almagy bilen grek taryhçylary Gerodot, Strabon ýaly adamlar tarapyndan gadymy dessanlarymyz, folklorymyz, ýazylyp alnyp, Gresiýa äkidilýär, ol ýerden hem Ýewropa ýaýraýar.

3. B.e. 225-nji ýylynda parlaryñ esaslandyran Parfiýan imperiýasynyñ ýykylmagy bilen biziñ Watanymyz esasan, Sasanylar dinastiýasynyñ tabynlygynda bolup, köp edebi mirasymyz olaryñky siñip gidipdir.

4. VII asyryñ ortalaryna araplaryñ gelmegi bilen mirasymyzyñ esasy bölegi yslamlaşdyrylypdyr.

5. X asyryñ aýaklaruna ilki Gaznawylar (gökleñler), soñra Seljuklar (kynyklar) imperiýasy döräp, olar häzirki yslama uýýan halklaryñ ählisini diýen ýaly tabyn edip, türkmenler bu döwürde Hindistan, Ortaýer deñzi aralyga çenli ýaýrapdyrlar. Şol sebäpli dünýäniñ islendik ýerinden edebi mirasymyzyñ çykmagy geñ däldir.

6. XII asyryñ ortalaryna häkimiýetiñ Horasan seljuklaryndan Horezm seljuklaryna geçmegi bilen Horasan seljuklarynyñ bir bölegi Türkiýä gidipdirler. Bu gidişlik tä XVII-XVIII asyra çenli dowam edipdir. Türkiýä giden ildeşlerimiz aýratyn halk hökmündr kemala gelip, türk edebiýatyny döreden hem bolsa, Rumy, Ýunus Emre, Garajaoglan ýaly ýüzlerçe şahyrlarymyz türkmen edebiýatynyñ wekili hökmünde eser döredipdirler.

7. XII asyryñ başlaryna mongol basybalyjylarynyñ gelmegi bilen, bu döwürde hem türkmenler Hytaýa, Hindistana we dünýäniñ başga bir ýerlerine ýaýrap, ol ýerde türkmen edebiýatyny kemala getiripdirler. Hatda Hindistanda Mogollar imperiýasyny döreden hem türkmenlerdir.

8. XVII-XVIII asyrda Akgoýunly, Garagoýunly türkmenler Kiçi Aziýany, Yrak sebitlerini, Gajarlar Owganystany, Awşarlar Eýrany özlerine tabyn edip, edebi mirasymyz ol ýerlere hem ýaýramaly bolupdyr. Hatda ermeni, gruzin alymlarynyñ özleriniñ hem tassyklaýşy ýaly, XVI-XVIII asyra degişli edebi mirasymyz diñe ermeni-gruzin elipbiýinde diýäýmeseñ, arassa türkmen dilinde bu ýurtlaryñ kitaphanalarynda häzirem saklanýar eken. EGER-DE BIZ ERMENI-GRUZIN ELIPBIÝINI BILÝÄN FILOLOGLARY ÝETIŞDIRIP BILSEK, edebi mirasymyzy, taryhymyzy öwrenmegi has hem çaltlandyrardyk.

Edebi mirasymyzy anyklamagyñ iñ uly kynçylygy hem dil problemasydyr. Bu günki gün "Biz edebi mirasymyz näme üçin başga dillerde döredildikä?" diýen soraga her bir döwrüñ syýasatyna görä jogap bermelidiris. Bilşimiz ýaly, Parfiýan imperiýasy ýykylan döwründen tä Gaznawylar imperiýasy (180 ý) döreýänçä, halkymyz ilki Eýranyñ (225-651 ý), soñra araplaryñ (651-850 ý), soñ ýene Eýranyñ (850-980 ý) tabynlygynda ýaşapdyr. Şeýlelikde, sekiz asyr töweregi türkmen dilinde eser döretmeklik gadagan edilip, ýazyjy-şahyrlarymyz mejbury ýagdaýda arap-pars dillerinde eser döretmeli bolupdyrlar.
Şu ýerde "Gaznawylar, Seljuklar imperiýasynyñ ýazyjy-şahyrlary özleri türkmen bolsalar-da, näme üçin pars dilinde eser döretdilerkä?" diýen kanuny soragyñ ýüze çykmagy mümkin. Seljuklar edebiýatynyñ, hatda döwlet diliniñem pars bolandygy hakykat, ýöne dile esaslanyp, ol edebiýaty pars edebiýatyna geçirmek gös-göni ylma galplyk etmekdir. Sekiz asyra golaý wagtlap edebiýatda türkmen diliniñ gadagan edilmegi bilen ýazyjy-şahyrlarymyz arap-pars dillerinde eser döretmäge doly uýgunlaşypdyrlar. Diñe bir ýazyjy-şahyrlarymyz däl, döwlet dolandyryşyndaky ýerli çinowniklerimizem ene dilinde (türkmençe) geplemegi ýadyndan çykarañkyrlapdy. Şol sebäpli tas 250 ýyl töweregi dowam eden Gaznawylar, Seljuklar dinastiýasyna birbada türkmen diline geçmek başartmandy.
Meşhur Gündogary öwreniji, Türkmenistanyñ YA-nyñ akademigi, professor Ý.E.Bertels: "Seljuklar edebiýatynyñ esasy özeni pars dilinde bolsa-da, türkmen edebiýatyny şol döwre baglamasañ, bu halkyñ edebiýaty düşnükli bolup bilmez" diýip nygtaýar. Ol: "Seljuklar döwrüniñ edebiýatynyñ pars dilinde bolmagyna garamazdan, eýýäm şol döwre çenli türkmenleriñ baý hem dürli temadan bolan folklory bar eken" diýip, ýerlikli belläpdir. Hatda ol döwrüñ goşgy kapyýasy hem, bogun ölçegi hem häzirki türkmenleriñkä meñzeş eken. Seljuklar birbada pars dilinden el çekmeseler-de, kem-kemden türkmenleşdirmek prosesini amala aşyrypdyr. Bu döwre baha beren Ý.E.Bertels şeýle diýýär:

"Seljuklar pars diliniñ kemala gelmegine, ýaýramagyna ullakan hemaýat edipdirler, ýöne şonuñ bilen birlikde köpçülikleýin türküleşmek prosesi dowam edipdir. Hatda bu döwürde türki (türkmen manysynda) dilini edebi dil hökmünde ulanmaklyk başlapdyr".

Bu alymyñ aýdanlarynyñ jinnek ýaly ýalanynyñ ýokduguna X-XIII asyry öwrenen alymlar göz ýetirip biler. Ý.E.Bertelsiñ habar bermegine görä, Seljuklar döwründe diñe oguz diliniñ grammatikasyna hem sözlügine degişli 20-ä golaý kitap ýazylypdyr. Oguz diliniñ türkmen dilidigini bolsa, her bir adam bilýän bolsa gerek. Gynansak-da, ol kitaplaryñ köpüsi bize gelip ýetmändir. Şeýle-de bolsa, Mahmyt Kaşgarlynyñ "Diwan-e lugat et türk" diýen oguz dilindäki sözlügi türkmen diliniñ XI asyrda edebi dil hökmünde doly kemala gelendigini kepillendirýär. Ýöne, haýp, mongol basybalyjylarynyñ gelmegi Seljuklaryñ kem-kemden türkmenleşdirmek prosesiniñ öñüni alypdyr. Mongol basybalyjylarynyñ zulmunyñ soñuna çykylyp, täzeden birleşilýän döwründe bolsa, ýene edebi dil hökmünde pars dili orta çykyp, bu proses tä Alyşir Nowaýynyñ döwrüne (XV asyra) çenli dowam edipdir. Şeýlelik bilen, XIII asyrdan tä XV asyryñ aýaklaryna çenli edebi mirasymyzyñ özeni pars dilindedir. Gündogary öwreniji alymlaryñ tassyklaýşy ýaly, pars dilini edebi dil derejesine ýetiren Seljuk türkmenleridir. Biz hiç hili müñkürlige esas bolmaz ýaly, Ý.E.Bertelsiñ "Pars-täjik edebiýatynyñ taryhy" atly kitabyndan örän ýerlikli mysaly alalyñ"

"Samanylar pars dilinde gepleseler-de, ol dili edebi dil derejesine ýetirip bilmändirler. Syrderýadan tutuş Pars aýlagyny öz içine alýan Seljuklar imperiýasyny döreden Seljuk türkmenleri pars diliniñ edebi dil hökmünde kemala gelmeginde iñ möhüm ähmiýete eýedir. Olaryñ täsiri pars edebiýatyna, galyberse-de, tutuş Ýakyn hem Orta Gündogara tä XIX asyra çenli dowam edipdir".

Biziñ edebi mirasymyzyñ arap dilinde bolmagynyñ esasy sebäbi araplaryñ yslamy ornaşdyryp, ýerli dili gysyp çykaranlygy üçindir. Bu döwürde ýazyjy-şahyrlarymyz arap dilinde eser döretseler-de, olar ähli zady araplardan göçürmändirler. Biziñ şahyrlarymyzyñ ulanýan oguz ölçegi, beýleki arap goşgy düzüliş-kadalar araplaryñ özi üçinem näbelli eken. Şeýlelikde, biz halkymyzyñ diñe bir türkmen dilinde däl, eýsem arap-pars dillerinde eser döretmekligiñ hem ussady bolandygyny çekinmän aýdyp bileris.
Gadymy hem Orta asyrlar türkmen edebiýatyny ilik-düwme öwrenen professor Nazar Gullaýew geçiren ylmy derñewlerine esaslanyp, 70-nji ýyllarda şeýle netijä gelipdir:

"Şeýlelikde, näwagt, haýsy döwürde döredilendigine garamazdan, Türkmenistanda ýüze çykan halk eserlerine (elbetde, başga milletdiklerini delillendirýän degerli delilleri bolmasa), edebi mirasyna eýe durmaga türkmen halkynyñ kanuny hukugy bardyr".

Dogry, SSSR imperiýasynyñ haýbatly ýyllarynda aýdylan bu hakykat hasaba alynmady. Gaýtam, Nazar Gullaýew pantürkist, milletçi hökmünde yzarlanypdy. Ýöne hakykat ir-u-giç üstün çykýar. Bu gün biz ähli zady bolşy-bolşy ýaly görkezmäge giñ mümkinçiligimiziñ barlygy üçin Garaşsyzlygymyzyñ gadryny bilmäge borçludyrys.
Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, grek taryhçylary b.e.öñki IV-III asyrda birnäçe edebi mirasymyzy grek diline geçirip, öz ýurtlaryna, ondan hem Ýewropa dillerine ýaýradypdyrlar. Sowet ýyllarynda bolsa Gadymy we Orta asyrlar döwründäki edebi mirasymyzyñ birnäçesi pars-arap hem Ýewropa dillerinden rus diline terjime edildi. Şunuñ bilen ähli aýdanlarymyzy jemläp, edebi mirasymyzy öwrenenimizde grek, arap-pars, Ýewropa, rus, Kawkaz dillerindäki türkmen edebiýaty diýip öwrenmesek, KÖP ZADY ÝITIRERIS. Halkymyzyñ beýleki halklar bilen edebi gatnaşyklar problemasy häzirki döwrüñ iñ wajyp çözülmeli meselesidir.
Dogrusyny aýtsak, bu problema şu çaka çenli ünsden düşürilip gelindi. Sowet döwründe halklaryñ edebi gatnaşyklarda eden täsiri birtaraplaýyn öwrenildi. Hatda ýerli alymlarymyz klassyk şahyrlarymyzyñ dessanlaryny, folklor eserlerimizi derñew edenlerinde, ol eserleriñ sýužetini araplardan-parslardan alnan hasap edýärdiler. Ýöne näme üçin başga halklar bize täsir etmeli-de, biz olara täsir etmeli däl? Taýagyñ iki ujynyñ bardygyny ýatdan çykarmaly däldiris.
Halkymyzyñ edebi gatnaşyklar taryhyny yzarlanyñda, Oguz imperiýasyny döreden türkmenler öz golastynda bolan hytaý, mongol, koreý, wýetnam, ýapon halkynyñ medeniýetine, sungatyna, edebiýatyna uly täsirini ýetiripdir. Bu imperiýany döreden halkymyzyñ esasy bölegi oguz (öküze uýmak) dinine uýsa-da, olaryñ arasynda hem köp dinlilik höküm sürüpdir. Ata-babalarymyzyñ dini ynanjynyñ birem asmana, Tañra uýmakdyr. Bu dini ata-babalarymyz Oguz imperiýasyna ýaýradypdyrlar. Hatda häzirki döwürde bu halklaryñ folklorynda hem bu dini ynanç güýçli. Ynha, biziñ elimizde rus dilinde çyjan wýetnam halk ertekileri. Hatda bu kitabyñ içindäki "Akylly oglanjyk", "Bu menmi, ýa monah?", "Az soran köp alar", "Görlüp-eşidilmedik ýylan" ýaly onlarça ertekileriñ mazmuny sähelçe tapawut bilen öz folklorymyzda hem bar. Bu meñzeşlik gözbaşyny Oguz imperiýasy döwründen alyp gaýdýar.
Iki eýýamyñ sepgidinde 475 ýyl dowam eden Parfiýan imperiýasy diñe bir öz eýelän territoriýasynda däl, hatda dünýä ýüzünde hem bu döwletiñ medeniýeti, sungaty, edebiýaty agalyk edip, ähli ýere öz täsirini ýetiripdir. Dogry III asyryñ başlaryna Parfiýan imperiýasy ýykylyp, Sasanylar dinastiýasynyñ gelmegi bilen, olardan galan edebi miras rehimsiz parslaşdyrylan hem bolsa biziñ günlerimize gelip ýetenleri bar. ("Geçi hem hurma agajy", "Zeririñ hatyrasyna" dessanlaryny ýada salalyñ). Sasanylaryñ köşgünde işlän Parwat, Parzuýa ýaly asly türkmeniñ par taýpasyndan bolan adamlar Sasanylar edebiýatynyñ kemala gelmeginde uly rol oýnapdyrlar. Hatda hindileriñ meşhur "Kalila we Dimna" atly eserini pars diline terjime edip, ýörite özündenem birnäçe bölüm goşup, dünýä ýaýradan hem türkmen alymy Parzuýadyr.
XI-XIII asyrlarda dowam eden Seljuklar edebiýatynyñ täsiri bolsa, Ý.E.Bertelsiñ şaýatlyk etmegine görä, tä XIX asyra çenli pars edebiýatyna, galyberse-de, tutuş Ýakyn hem Orta Gündogara berk täsirini ýetiripdir.
Şeýlelikde, biz halklaryñ edebi gatnaşyklarynyñ iki taraplaýyn bolandygyny nygtamalydyrys.
Umuman alanyñda, türkmen edebiýatyny, onuñ taryhyny dogruçyl öwrenmek üçin sistemalaýyn ylmy-derñew geçirmek gerek. Halkymyza geçmişdäki baý edebi mirasyny gaýtaryp bermek biziñ mukaddes borjumyzdyr. Onuñ üçin bolsa, edebiýatçy alymlarymyz tagallalaryny birleşdirip, edebiýatymyzy öwrenmekdäki toplanan problemalary çözmelidirler.

Döwletmyrat ÝAZGULYÝEW,
Magtymguly adyndaky TDU-nyñ türkmen edebiýaty kafedrasynyñ uly mugallymy.

# edebiyatwesungat_98
Категория: Edebiýaty öwreniş | Просмотров: 777 | Добавил: Нawеran | Теги: Döwletmyrat Ýazgulyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Edebiýaty öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]