22:06 Türkmen-koreý dostlugy giň ýollara uzaýar | |
TÜRKMEN-KOREÝ DOSTLUGY GIÑ ÝOLLARA UZAÝAR
Golaýda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyza Koreýa respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçisi Sing Son Çaý myhman boldy. Myhman "14-nji Koreý suhangöýligi" at bilen gurnalan bäsleşige hem gatnaşdy. Dabaraly duşuşyga utgaşan bäsleşigiň başynda türkmen hem koreý halklarynyň milli däp-dessury salamlaşmak barada aýratyn çykyş edildi. Soñra, hormatly myhman Sing Son Çaýa söz gezegi berildi. Ilçi çykyşynyň dowamynda türkmen-koreý dostlugynyñ ýyllaryñ dowamynda has berkeýändigini nygtap, asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan dostlugyň ýene-de asyrlardan asyrlara uzamaklygyny arzuwlap bilim babatynda hem türkmen talyplarynyñ Koreýada, koreýaly talyplaryň hem Türkmenistanyñ çäginde okap bilim we tejribelerini artdyrmaklygy dostluga uzan ýollaryñ aýdyñ subutnamasydygyny aýtdy. Çäräniň dowamy gyzgalaňly bäsleşige ýazdy. Bäsleşige adalatly baha bermek üçin Kim Çol Señ, Çoñ Ju Won, Ýun Sun Çon ýaly koreý myhmanlar emin agza bellenildiler. Bäsleşige koreý dili hünäriniň zehinli talyplary özleriniň düzme görnüşde ýazylan çykyşlary bilen gatnaşdylar. "Meniñ koreý dilini saýlamagymyñ sebäbi" atly düzme bilen birinji gatnaşyjy talyp Ataýewa Gültäç çykyş etdi. Ikinji bolup koreý dili hünäriniñ talyby Orazowa Gülüstan "Arzuwlaryma tarap ilkinji ädim" atly düzme bilen çykyş etdi. Üçünji bolup, Öwezjumaýewa Selbi "Koreýa meniñ soñky duralgam" atly tema bilen çykyş etdi. Dördünji çykyşda Aşyrowa Aýlar "Geljek maksadym bolan Koreý dili" atly düzmesini beýan etdi. Bäşinji gatnaşyjy hökmünde Guwanjowa Gülnäz "Maña umyt beren Koreý dili" atly temada çykyş ýerine ýetirdi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda gatnaşyjylara soraglar hem berildi. Şerte görä, türkmen soraglaryna koreýler, koreý soraglaryna türkmenler jogap berdiler.Bäsleşikde berlen soraglaryna iki dostlukly raýatlaryñ ählisi dogry we doly jogap berdi. Bäsleşigiñ dowamynda ýene-de çykyşlar diňlenildi. Gurbanýazowa Aýgözel "Hemme owadan adam üstünligiñ adamy däl", Arazberdiýewa Güljemal "Gözellik möhüm zat däl", Garlyýewa Maral "Birkemsiz dünýä", Ygamberdiýewa Źasmin "Hereketiñ üsti bilen görüp bolýan dünýäniñ içki gözelligi" ýaly temalarda çykyşlar boldy. Bäsleşigiñ jemi jemlenýänçä türkmen-koreý dostlugy bilen baglanyşykly widio ýazga tomaşa edildi. Soňra bäsleşigiñ jemi jemlendi we emin agzalarynyñ başlygy Kim Çol Señe söz gezegi berildi, Kim Çol Seň ähli çykyş eden talyplaryñ gowy çykyş edendigini, saýlap alan temalarynyň many-mazmuna we çeperçilge baýdygyny aýratyn nygtap, has gowy netije görkezenleri ýeňiji saýlandyklaryny aýtdy. Bäsleşigiñ şertlerine görä, başlangyç derejeli I-nji ýere Atdaýewa Gültäç, ortanjy derejeli I-nji ýere Garlyýewa Maral mynasyp boldy. Ýeñiji bolan talyplara institutymyzyñ ýolbaşçylary we koreýaly ilçiler tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Türkmen -koreý dostlugy giñ ýollara uzaýar. Golaýda ýurdumyzyň baýry ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutymyza Koreýa respublikasynyñ Türkmenistandaky ilçisi Sing Son Çaý myhman boldy. Myhman "14-nji Koreý suhangöýligi" at bilen gurnalan bäsleşige hem gatnaşdy. Dabaraly duşuşyga utgaşan bäsleşigiň başynda türkmen hem koreý halklarynyň milli däp-dessury salamlaşmak barada aýratyn çykyş edildi. Soñra, hormatly myhman Sing Son Çaýa söz gezegi berildi. Ilçi çykyşynyň dowamynda türkmen-koreý dostlugynyñ ýyllaryñ dowamynda has berkeýändigini nygtap, asyrlardan gözbaş alyp gaýdýan dostlugyň ýene-de asyrlardan asyrlara uzamaklygyny arzuwlap bilim babatynda hem türkmen talyplarynyñ Koreýada, koreýaly talyplaryň hem Türkmenistanyñ çäginde okap bilim we tejribelerini artdyrmaklygy dostluga uzan ýollaryñ aýdyñ subutnamasydygyny aýtdy. Çäräniň dowamy gyzgalaňly bäsleşige ýazdy. Bäsleşige adalatly baha bermek üçin Kim Çol Señ, Çoñ Ju Won, Ýun Sun Çon ýaly koreý myhmanlar emin agza bellenildiler. Bäsleşige koreý dili hünäriniň zehinli talyplary özleriniň düzme görnüşde ýazylan çykyşlary bilen gatnaşdylar. "Meniñ koreý dilini saýlamagymyñ sebäbi" atly düzme bilen birinji gatnaşyjy talyp Ataýewa Gültäç çykyş etdi. Ikinji bolup koreý dili hünäriniñ talyby Orazowa Gülüstan "Arzuwlaryma tarap ilkinji ädim" atly düzme bilen çykyş etdi. Üçünji bolup, Öwezjumaýewa Selbi "Koreýa meniñ soñky duralgam" atly tema bilen çykyş etdi. Dördünji çykyşda Aşyrowa Aýlar "Geljek maksadym bolan Koreý dili" atly düzmesini beýan etdi. Bäşinji gatnaşyjy hökmünde Guwanjowa Gülnäz "Maña umyt beren Koreý dili" atly temada çykyş ýerine ýetirdi. Bäsleşigiň şertine laýyklykda gatnaşyjylara soraglar hem berildi. Şerte görä, türkmen soraglaryna koreýler, koreý soraglaryna türkmenler jogap berdiler.Bäsleşikde berlen soraglaryna iki dostlukly raýatlaryñ ählisi dogry we doly jogap berdi. Bäsleşigiñ dowamynda ýene-de çykyşlar diňlenildi. Gurbanýazowa Aýgözel "Hemme owadan adam üstünligiñ adamy däl", Arazberdiýewa Güljemal "Gözellik möhüm zat däl" , Garlyýewa Maral "Birkemsiz dünýä", Ygamberdiýewa Źasmin "Hereketiñ üsti bilen görüp bolýan dünýäniñ içki gözelligi" ýaly temalarda çykyşlar boldy. Bäsleşigiñ jemi jemlenýänçä türkmen-koreý dostlugy bilen baglanyşykly widio ýazga tomaşa edildi. Soňra bäsleşigiñ jemi jemlendi we emin agzalarynyñ başlygy Kim Çol Señe söz gezegi berildi, Kim Çol Seň ähli çykyş eden talyplaryñ gowy çykyş edendigini, saýlap alan temalarynyň many-mazmuna we çeperçilge baýdygyny aýratyn nygtap, has gowy netije görkezenleri ýeňiji saýlandyklaryny aýtdy. Bäsleşigiñ şertlerine görä, başlangyç derejeli I-nji ýere Atdaýewa Gültäç , ortanjy derejeli I-nji ýere Garlyýewa Maral mynasyp boldy. Ýeñiji bolan talyplara institutymyzyñ ýolbaşçylary we koreýaly ilçiler tarapyndan diplomlar we gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Arslan TANGIÝEW, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň Gündogar dilleri we edebiýaty fakultetiniň terbiýeçilik işleriniň orunbasary. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |