14:06

Türkmenleri kim açypdyr?!

TÜRKMENLERI KIM AÇYPDYR?!

Käte janyýangynlyk bilen şeýle diýerdiň:
— Bizde soňky döwürde bir häsiýet döredi: birini ilki ýerden alyp ýere sokup, öldürip: soňundan hor bolup gowy adamdy diýip arşa çykarmaly. Ol çykarylýan ýalan aryşlarynda-da hiç zat ýok. Dirikäň gadyryň bilinmese, öleňsoň ediljek hormat-gadyryň çyndan boljakdygyna men-ä ynanamok.
Durmuşda janyň ýanýan ýerleri az bolanok. Şeýle ýagdaýlarda nämeler diýlenok, nämeler edilenok. Adam hil-hil bolýar. Sen janyňy ýakýanlaryň garşysyna, öz sözleriň bilen aýtsam, «köne töňňeleriň» garşysyna juda bir göreşjek bolmadyň. Sebäbi, olaryň garşysyna göreşmegiň wagty bihuda ýitirmekdigine, peýdasyzdygyna düşündiň. Olary diňe işläp ýeňmeli diýen pikiri maksat edindiň. Janyň ýanmalaryny, örtenmeleriňi diňe işläp, çilim çekip unutmak islediň. Ýöne urgular yzsyz, tagamsyz aýrylmady.
Seniň ýaly çilim çeken adama şu galagoply ömrümde entek gabat gelemok. Sen çilimi çeýnäp-çeýnäp çekdiň. Ylla janyňy ýakan adamlardan ahmyryňy çykarýan ýaly. Biz seniň bilen degşen bolardyk.
— Ahmet, çeken çilimleriň näçe kerwene ýük bolarka?..
Sen çala ýylgyraýardyň. Janyňy ýakýanlar babatda Puşkiniň sözleri bilen öz-özüňe teselli bererdiň:
— Sanaşma samsyk bilen.
Sen hiç kim bilen sanaşmadyň. Käte edilýän işler içiňe sygmaýan bolarly: bizi öýüňe çagyrardyň. Şeýdip özüňe teselli bermek isleýärdiň. Öýem darlyk edýändir-dä: Änewiň baýyrlygyna çykardyk. Sen bize sereder ýatardyň. Her kimiň müň bir hyýally, müň bir etsem-petsemli döwründe günde-günaşa baýra gidip bolýarmy näme!
Men bir zada göz ýetirdim: ýüregagyryly dünýä ýalançy diýilmesiniň sebäbi, çyn zatlary içiňe salyp, çüýredip, ýalan zatlaram dabara-baýdaga öwrüp ýaşamaga mejbur edýändikleri üçin bolsun gerek.
Magtymguluda şeýle setir bar!
— Öz beren janyňa jebr etme, Jepbar!
Jepbar jebiri seniň ýazgydyndan goşalanyp çykdy. Sen hemme zady iş bilen ýeňjek bolduň. Çilim bilen ýeňjek bolduň. Her gün daňdana çenli işlediň. Diňe Jepbar däl, özüňem özüňe jebir etdiň. Saňa köp adam aýtdy:
— Ahmet, beýdip özüňe jebir etme. Heläk bolarsyň.
Öwran-öwran söz berdiň:
— Men ölmerin, it janlydyryn, arkaýyn bolaýyň.
Gitdiň.
Ýürekleri daglap-daglap gitdiň. Öňem onçakly gyzygy bolmadyk dünýämiziň bir gyzygam sowuldy.
Seni elimizden aldyryp, iki ýyly getirdim. Ýeriň ýüreklerimizde-de oýulyp dur.
Ine, çar ýany maşynlaryň gohundan ýaňa üm alşar ýaly däl jaýymda çagalaryma häzir ýanyma gelmäň diýil sargap, suratyna seredip, içimi hümledip otyryn. Gözümiň alny gubarlap dünýäm gapyşaýjaga döndi. Näme üçindigini bilmedim, indi tegelek bir aýyň içidir, aňymda diňe sen.
Sen hakda hiç zat ýazyp bilmerin öýdüp ýördüm. Ýöne bu gün saklanyp bilmedim, seniň bilen aýrylyşan günümiz — şu gün gürleşesim geldi. Öteni-geçeni ýatlasym, käbir zatlary gürrüň beresim geldi, Ahmet!

* * *

Geçen iki ýylyň içinde sen hakda köp adam gazetlerde, žurnallarda ýatlama bilen çykyş etdi. Goşgy bagyşlanlar hem kän. Şol goşgy goşanlaryň içinde seniň tanamaýanlaryň-da bolmagy mümkin. Olar metbugatdaky çykyşlaryň boýunça seni tanap, hormat goýup, goşgy goşan bolsalar gerek. Men ol ýatlamalary, goşgulary okap çykdym. Olar adamlaryň saňa bolan hormaty, minnetdarlygy, guwanjy.
Ahmet, adamlar bitiren işiňe gadyr-hormat goýýar. Birki sany kel ýolbaşçynyň saňa göriplik edeni, bitiren işleriňi ýaşyrmaga çalşany bilen halkyň saňa bolan garaýşy kemelenok.
«Ýagşylyk et-de derýa at, balyk bilmese, halyk biler» diýen pähim bar. Türkmen halkynyň basyrylyp ýatan altyn köklerini ýüze çykarmakda eden, ýagşy işleriňi halkymyz bilýär, Ahmet!
Gadymy türkmen taryhyny öwrenmekdäki ýoluňdan zehinli alym, ýegre dostuň Arazbaý Öräýew ýöräp ugrady. Gowy, gowy makalalar ýazdy. Muňa köpler begendi. Muňa köpler begendi. Begenmez ýalymy näme! Ýöne ýalňyşmaýan bolsam, soňky döwürde onuň edebiýatdan başga-da iş-aladasy ýeterlik öýdýän.

* * *

— «Gadymy türkmenler» diýen düýpli işe girişdim, inim, onda türkmen halkynyň gelip-çykyşyny edil çöp döwen ýaly etmek niýetim bar. «Türkmen» adynyň gelip çykyşy hakda birgiden alym birgiden çaklama edip gidipdir. Indi şol çaklamalaryň soňuna nokat goýmaly. «Türkmen» adynyň gelip çykyşyny halkyň gadymy durmuşyndan, etniki gurluşyndan gözlemeli. «Türkmen» adynyň gelip çykyşy nähili?», «Amerikany ilki bolup kim açypdyr?» atly makalalarymy okaýansyň. Ana, şol makalalar «Gadymy türkmenleriň» — «Türkmennamanyň» parçalary. — Ahmet gürrüňiň soňuny degişmä salypdy. — Bu zatlara syn ýazmak üçinem köp çaý sowatmaly.
Ynanýan, «Sadrançnama», «Andalyp we oguznamaçylyk däbi», «Göroglynyň yzlary», «Magtymgulynyň poeziýasynda şahyrana däp hem täzeçilik gözlegleri», «Örtemäň meni», «Edebi miras — ebedi miras» atly kitaplaryň her birine syn ýazmak üçin gaty köp zatlary öwrenmeli, bilmeli. Köp çaý sowatmaly. Şonuň üçinem men stolumyň üstünde basyryp goýan çaýymy sowadyp, seniň bilen baglanyşykly käbir wakalary ýatlap çäklenmekçi.
Adatça, ýatlamalarda uly-uly wakalar beýan edilýär. Ýöne, näme üçindigini bilmedim, meniň adyma häzir özüňe meňzeş ýönekeýje wakalar düşýär.

* * *
«Türkmenistan kommunisti» žurnalynda bäş ýyllap bile işledik. Žurnalyň işem-ä ýeterlik welin, ol ylmy işe-de ýetişerdi. Ol her gün bir täzelik bilen gelerdi.
— Magtymgulynyň «Daşymyza» diýen goşgusyny üns berip okap gördüňizmi? Daňdana çenli şol goşgyny öwrendim. Meniň pikirimçe, bu goşgy ýazylyp alnanda bulaşdyrylypdyr: onuň her setiri on dört bogunly däl-de, sekiz bogunly ikileme bolmaly. Özem bu goşgy garry molla bilen Magtymgulynyň öz durmuşlary hakdaky aýdyşygy. Ilki Azady başlaýar. Magtymguly onuň pikiriniň üstüni ýetirýär. Goşgy sekiz bogunly ikileme aýdyşygy edilip okalanda, olaryň durmuşy, döwür hakdaky pikirleri dolulygyna göz öňüne gelýär. Ýogsam, häzirki durşuna goşgynyň ideýasy gümürtik — diýip, Ahmet goşgynyň her setirini çintgäp düşündirmäge durdy.
Ol günde-günaşa bir täze pikiri buşlardy.
Men Ahmediň ençe günläp çirim etmän, ýadaman işläp bilşine haýran galýardym. Uky hakda birnäçe kitaby dörüp çykdym. Ýöne ol kitaplaryň içinden Ahmet ýaly başarnykly, ukusyna rüstem adamyň bolandygy hakdaky maglumata gabat gelmedim. Ahmet ýaly şeýle ýadawsyz işläp bilen adam başga bolmadyk bolsa gerek.
Soltanşa Atanyýazow müň keren mamla:
— Ahmet otuz sekiz ýaşynyň içinde-de men-men diýen üç-dört alymyň işini bitirmäge ýetişdi.

* * *
Ahmet ilki-ilkiler käbir täze çykýan kitaplara syn ýazýardy. Soň birden syn ýazmasyny goýdy-da, diňe ylym bilen meşgullandy.
Syn ýazmasyny goýmasynyň ýönekeýje sebäbi bar eken.
Bir gezek öýüne bardyk. Ol birgiden täze kitaby öňüme taşlady.
Awtorlar kitaplaryna awtograf ýazyp Ahmede ýadygärlik beripdirler. «Türkmeniň ägirt edebiýat sütüni, tankytçy Ahmet Bekmyradowa ýadygärlik berýärin», «Zehinli, talantly belent adamkärçilikli Ahmede dünýädäki ähli gowulyklary arzuw etmek bilen awtor», «Döredijilik çäjiň egsilmesin, Ahmet»... Ulaldyp, nädeýin, ol awtograflarda tankytçy Ahmet Bekmyradow arşyň arşyna çykarylýar.
— Şu öwgüler näme üçindir öýdýäň? Awtorlar meni öwýärler. Olaryň pikiriçe, menem olary öwüp syn ýazmaly. Ýöne bu kitaplar syn ýazanyňa degmeýän kitaplar. Meniňem aňsat däl. Syn ýaz diýip ony-muny hödürlänlerem ýok däl. Edebiýata, özüme bile-göre hyýanat etmäýin diýip tankytçylyk meýdanyndan zut gaçdym.

* * *

— Ýalançy dünýäde nämedir bir zat sürseň gowy.
— Mysal üçin?
— Ýa gowy döwran sürseň ýa-da Kömek Kuly ýaly maşyn sürseň. Aý, ol zaňňar maşynam döwranam, prozanyň üstünden häkimligem sürýär. Meniň ýekeje-de sürüp bilýän zadym ýok. Kömek şu gün maşynynda mündürmedi. Gel, şu gün agşam Kömek Kula azar bereli. Näme berse iýip-içip ýene tap diýeli.
Azar bermek niýeti bilen Kömeklere ugrarys.
Soň görüp otursam. Ahmediň bar maksady Kömege «azar» bermek däl eken. Onuň maksady biziň başymyzyň birikmegi. Düşünişmegimiz eken. Edebiýat hakda jaýy göçürere getirip jedelleşmegimiz, pikir alyşmagymyz eken.
Ýene bir zat.
Ahmet çalaja ýylgyryp gürrüňe başlar.
— Osman Kömek seni çaňa bulajak öýdýän.
— Nätdiň-aý!
— Düýn gürrüň berdi. Men gije-gündiz joşup işleýän diýdi. Gül ýalak powest ýazypdyr. Ýigrimi sanam hekaýa. Okap heziller etdim. Gaty üýtgeşik zatlar. Beýdip arkaýyn gezip ýörseň-ä, işjik, Kömek seni çaňa garyp, gözüň açylmaz ýaly etjek.
Birki günden soň Kömek Kulyýewe duşdum.
— Üýtgeşik powest, ýigrimi sany hekaýa ýazanmyşyň, okap göreli-le.
Kömek ýylgyrdy:
— Ahmet «Osman üýtgeşik roman ýazypdyr» diýdi...
Ahmediň «göçümi» ikimize-de düşnükli boldy.

* * *

— Şu ýanynda doňdurylmadyk et iýip gördüňmi?
— Iýsem iýendirin.
— Iýen dälsiň. Men üç-dört kile täzeje et aldym. Işden soň biziňkä Änewe gideli. Gelnejeň tamdyrlama bişirip berjek diýdi. Agşam hezil edip tamdyrlama iýeris. Isleseň, küştde-de birki gezek utulaýaryn. Gije bizde ýatyp gaýdarsyň. Häzir gidip öýüňizden rugsat alaly.
— Tamdyrlama iýesim gelýär. Ýöne öz bilýän sebäpleriňe görä şol lezzetden el çekýän.
— Amosowyň kitabyny okamadyňmy? Ol gije pyýada ýöremek peýdaly diýýär.
— Men şol peýdaň hem haýryndan doly geçýän.
— Gitmeseň başga birini äkiderin. Dişiň suwuny sorup galarsyň. Ýer depip durma-da razylaşaý.
— Men Ahmetlere gitmäýin diýip özüm äht etdim.
— Äht edeniňde ýanynda hiç kim ýokmudy? Bolany şol. Ähtini ýuwdany üçin bu zamanyň adamlaryndan Hudaýam öýke-kine edip duranok. Ähti ýuwutmalara halys öwrenişen bolarly.
— Gije sagat on ikiden soň men ýene pyýadalap gaýtmaly bolaryn.
— Özüň yrsarap gep tapýaň. Ýogsam saňa gaýt diýýän ýok.
Şeýle gürrüň ýa-da şuňa meňzeşräk gürrüň aramyzda telim sapar bolupdy. Onuňam sebäbi ýarygije ikimiziň gepimiz azaşardy. Dawamyz edebiýat baradady. Biriniň halanyny beýleki halamaz. Ýazyjylara, şahyrlara, alymlara baha kesiler. Kesilýän baha hem deň gelmez. Daşary ýurt edebiýatynyň kä o çetinden kä bu çetinden çykylar. Dawa edere zat kän. Onsoň menem öýkeläp öýe gaýdardym.
Änew bilen Aşgabat aralygyny awtobus kyrk minutda geçýär. Pyýada bolsaň, bu aralygy dört sagatda geçip bolýan eken. Men muny gaty gowy bilýärin. Sebäbi bu aralygy ýarygije üç gezek paý-pyýada sökdüm. Ýoldan geçýän boş maşynlaram äkidenok. Eliňi göterseň durarlar. Puluň ýokdugyny aýtsaň. «Gämä sowuljak» diýip, bahana edýärler.
Her sapar öýke-kine uzaga çekmezdi.
— Pikirler deň geljek bolsa, onda edebiýat nämä gerek. Ýöne öýkeleşmäli. Her kimden bir kemçilik tapyp öýkelejek bolsaň, onda, Kerim şahyr aýtmyşlaýyn, dostsuz-dogansyz, ýoldaşsyz geçäýmeli. — Ahmet derrew başga gürrüňe geçerdi.
Sähel zatdan kitüw saklap, çemine gelende ar aljak bolup ýörenlerden hudaý saklasyn!

* * *
Bir gezek öýlerine baranymda, Ahmet daş işikdäki sekide elini sarap otyr eken.
— Näme boldy?
— Aý, näme, bolar öýdýäň? Ogulmerýem maňa ýaramaz çekiç beripdir.
— Günä çekiçde däl-le — diýip, Ahmediň aýaly Ogulmerýem janykdy. — Men gutuldyk mata aldym, penjirelerimize karniz kakyp beräý diýdim. Ahmedem çüýe derek barmagyna kakypdyr.
— Çekiç uranda gözüňi ýummaly däl — diýip, men nädip çüý kakmalydygyny düşündirmäge durdum.
— Seniň oýun ýadyňa düşýär, meniň çynym. Durmuşda her kimiň bir başarýan zady bolmaly. Men edebiýatda haýsy nokada urmalydygyny bilýärin. Ýöne çüýi dogry urmagy başarmaýandygyma şu gün düşündim. Meniňem başarmaýan zadym bolmaly ahyryn — diýip, Ahmet özüni aklamaga çalyşdy.

* * *
Küşt oýnamak gyzykly. Gapdalynyň teýeneli sözleri hasam gyzykly. Küşdi degişmän oýnamagyň lezzeti ýok.
Ahmet başlar:
— Nähili döwür boldy? Ine, küşdüň taryhy hakda kitap ýazan adam bilenem arkaýyn küşt oýnap otyrlar.
— Sen küşdüň teoretiki tarapyna ökde, men bolsa praktiki tarapdan Kasparow.
— Sen Kasparow bolan bolsaň, onda o bendäniňem ýaşlykdan işi gaýdypdyr.
— Men saňa bir zat gürrüň bereýin. Bir gün awam (atam) meni ýanyna çagyrdy:
— Pulsuz ogluny näme üçin çagyrdykan-aý ol?!
— Ol «Oglum, men traktorçy» diýdi.
— Bä-ä. Öň traktorçydygyny bilmeýärdiňmi?
— Diňlesene. Men traktorçy bolanymdan soň, durmuşyň «tilkiliklerini» saňa öwredip bilmedim. Şonuň üçin, bilýän seni durmuşa utjak kän bolar. Ýöne, oglum, men saňa gazan ýaly uly kelle, içem akyl-huşdan, zehin-talantdan doly kelle berendirin. Şonuň üçin durmuşda utulsaňam oýunda utulma diýdi. Şondan bärem men awamyň pendini tutup, oýunda hiç kimden utulanok.
Ahmet uzyn nutugymy diňläp başyny ýaýkady:
— Ýaşulular ýalňyşsa, gaty erbet ýalňyşýarlar-ow...
Şondan soň küşt oýnamda şol henegimi gaýtalamamy goýdum.
Ahmet iş stoluň öňünde «WAGT, SAGLYK, GÜÝÇ ÄHLI ZADA ÝETER ÖÝTME! Ö.A.» diýen ýazgyny asyp goýupdyr. Men Ö.A.-nyň Öde Abdyllaýewdigini bilsemem, degişen boldum:
— Meniň sözlerimden sitata alýaň-ow. Hor bolmarsyň. Gowy sözleri men köplenç aýdýan. Ýöne seniň ýaly sözüň gadyryny bilip, ony şygar edinýän ýok. Ýogsa-da näme üçin adymy Ö.A. — Ödäýew Asman diýip gysgaldypsyň?
— Ol Ödäýew Asman däl, Ö.A. «ÖZ AÝDANLARYM» diýmek. Sen muny birden Öde aga aýdaýmagyn.

* * *
Arada Abdylla Yslam, Döwlet Garkyn bilen gaýyn eneň öýüne — Ogulbike daýzalara bardyk, Ahmet. Ogluň Seýdi özüňe meňzäp öňümizden çykdy. Garsa gujaklaşdyk. Ony gujaklap durşuma: «Ýagdaýlaryň nähili?» diýiş zol-zol soraýaryn. Seýdi meniň howsalaly soragyma nähili jogap berjegimiň bilmän egnini ýygyrýar.
Ogluň ers-mers bolupdyr. Ahmet. Men ondan saýlan gyzynyň bar-ýoklugyny soradym. Ol birgeňsi ýylgyrdy. Bar bolarly, gaty arkaýyn görünýär. Biz oňa toýuna üýşüp geljekdigimizi, hyzmat hem tans etjekdigimizi aýtdyk.
Şol günlere hudaý ýetirsin!
Gyzyň Güljan mamasyna uly kömek. Öňümize çaý goýdy.
Çagalaryň her bir hereketi seti ýatladyp dur, Ahmet.
Eneň binobat dünýäniň nobatyndan perýat etdi.
Durmuş ýüregiňi gawun ýaly, dilim-dilim edýär. Ol dilimleriň hersi bir ýerde...

* * *

Ýadyma düşýär. Aramyzda üç ýaş tapawut bolansoň, sen mydama özüňe «Ahmet akga» diýip ýüzlenmegimi talap ederdiň. Öwrenişenligimden bolsa gerek, saňa Ahmet akga diýip ýüzlenip bilmezdim. Şeýle ýüzlenmäm ýasama boljakdy. Biziň bilen gije-gündiz tirkeşip ýöreniňden soň, sen meniň bilen deňmikäň öýdüpdirin.
Ýalňyşypdyryn, gaty ýalňyşypdyryn, AGAM!
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 225 | Добавил: Haweran | Теги: Osman ÖDE | Рейтинг: 4.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]