23:54

Tuwak serdar

TUWAK SERDAR

Tuwak serdar ärsarylaryñ Çatrak ilinden döräp, ata çykan adam bolupdyr. Meniñ dünýä inen ýyllarymda (1929) ol Amyderýanyñ iki boýunda-da yzyna atlylaryny tirkäp, soñam sowet häkimiýetiniñ adamlary bilen atyşyp-çapyşyp ýörüpdir. Köplenjem derýanyñ gaýra ýüzünde ~ Gyzylgumda gezipdir. Türkmen obalarynyñ adamlaryna azar bermändir.
Diýişlerine görä, ol guşuñ gözünden urýan mergen bolupdyr.
"Tuwagyñ köprüsi", "Tuwak gurynyñ ýeri" diýen düşünjeler il içinde ýörgünlidi. Gaty belent bolmadyk adaty howlusy soñky ýyllara çenli bardy.
Ot atlylaryndan aýrylyp gaýdyp, kämahal-kämahal öýünde, çagalarynyñ arasynda-da bolupdyr. Bu bolsa obanyñ "arhiaktiwleriniñ", ýerli häkimiýetleriniñ gonjuna gor guýupdyr.
Tuwak serdary ele salmak meselesi bilen Kerki okrugynyñ ýolbaşçylary içgin gyzyklanypdyrlar. Günlerde bir gün uzak Kerkiden on-on bäş sany milisionerden düzülen atly otrýad Tuwak serdary tutmaga gelipdir. Serdaryñ mydama gözi ýeňsesinde bolany üçin, olary garşylamaga taýynlyk görüpdir. Milisionerleriñ hyýaly ony ýeke mahaly güpbasdy etmek ekeni. Gelenler howlynyñ öñünde atlarynyñ başyny çekip, derwezäni kakyp başlapdyrlar. Tuwak serdar olary derwezäniñ ýokarsyndaky gözara deşiklerden mazaly synlap duran ekeni. Aşak düşüp, derwezäniñ bilini çala açypdyr. Ýaşkiçi hökmünde olara salam beripdir. Gelenleriñ baştutany gaty haýbatly gürläpdir. Tuwak serdary sorapdyr. Bir gowy ýeri, gelenler Tuwagy öñ görmändikleri üçin, ony tanamandyrlar. "Agam-ä häzir ýok, öz-ä gelmeli" diýip, gümürtik jogap beripdir. "Sen kim borsuñ?" diýip, ýañky sorasa: "Agalar, men Tuwak serdaryñ hyzmatkäri. Atdan düşüñ, çaý içiñ!" diýipdir.
Tuwak serdar gurşunly kenek ýaly, müçesi kiçeñje, sakgal-sarmyksyz, köseleç adam bolupdyr. Egninde-de dyzyna düşüp duran uzyn biýz köýnegi, aýagynda-da gowaldañ köwşi bar ekeni. Edil ýetginjek oglana çalym edip durşundan onuñ gerekli adamdygyny tutmaga gelenler gümanam etmändirler. Aýdyşlaryna görä, ýörän wagty egindäki bäşatarynyñ gundagy ýere degýän ekeni.
Atlylar howa girip, atdan düşüpdirler. Myhman jaýa dolupdyrlar. Bäşatarlaryny diwardaky hatara syhçalardan asyp, Hezret Alyny tutmaga gelen ýaly hondanbärsi bolşup, saçak başynda tirsek urupdyrlar. Öñlerine çaý alan milisionerleriñ baştutany çaýyny gyssagly içip, "hyzmatkäri" gyssapdyr. Oña agasyny tapmagy buýrup ugrapdyr.
Tuwak serdar ojak başynda çommalyp oturyşyna: "Agalar, gowusy, serdara azar bermäñ, gaýdyñ! Onuñ size ýamanlygy ýok!" diýipdir. Tirsekläp ýatyşyna hälki gamçysyny ädigine çalaja şarpyldadyp uran bolup: "Gepiñi köpeltme! Derrew tapyp gel Tuwak serdary!" diýip, sesini gataldypdyr. Tuwak serdar bolsa sowukganlylyk bilen ýene-de: "Degmäñ şoña!" diýip, ýalbaran kişi bolupdyr. Soñam bolmajagyna gözi ýetip, ol ýerinden böküp turupdyr-da, çermegine gyssyrylgy iki sany sapançany oturanlara çenäpdir. "Öz sylagyny bilmez diýerler sizlere! Ana, men şol Tuwak serdar diýýänleri! Gymyl-l edeniñiziñ paýy ýeke ok. Meni alyp bilseñiz halalyñyz". Soñam haýbatly baştutany ýerinden turzup, diwardan asylgy ýaraglaryñ çakmagyny sogrup, biriniñ etegine oklamagy buýrupdyr. Oňa-da etegindäkileri jaýyñ burçuna dökdüripdir.
Kelte ýaraglaryñ deminden sypyp bilmejeklerine gözleri ýetik milisionerleriñ ruhlary öçüpdir. Sapançalaryny çenäp durşuna Tuwak serdar: "Yzyñyzy ýel basmanka göteriliñ! At-ýaraglaryñyzy alyñ! Ikilenç öwrülip geliji bolmañ, geldigiñiz menden eýgilige garaşmañ!" diýip, kowup goýberipdir. At-ýaragyny alyp, aman sypanyna begenen milisionerler sesýetim ýere baryp, atyñ başyny çekipdirler. "Beýdip barsak, biziñ ýüzümizden sypamazlar" diýip, maslahat gurupdyrlar. Olar tüpeñleriniñ çakmagyny sorapdyrlar. Serdara gaýdyp azar bermejeklerini wada beripdirler. Derwezäniñ depesindäki gözaradan olary synlap ýatan Tuwak serdar razy bolupdyr. Iberilen milisioner bäşatarlaryñ bar çakmagyny äkidipdir. Gelenler üýşüp duruşlaryna ähdini bozupdyrlar-da, suw ýaly bäşatarlaryny öñlerine kese basyp, ýene howla tarap gaýdypdyrlar. Tuwak serdar olaryñ boluşlaryny synlap ýatyşyna sesýetim ýere gelenlere: Agalar, aýak çekiñ, päliñizi bozmañ! Yzyñyza gaýdyñ!" diýip gygyrypdyr. Kim eşiden, kim diñlän? Sabyr käsesi dolan serdar: "Onda gep şu bolsun, men size özümi aldyrman! Ana, belläñ, bir atyñyzyñ ~ al sakaryñ aýagyndan atjak!" diýipdir-de, mäşäni gysypdyr welin, şo bada-da al sakar at güpürdäp gaýdypdyr. Muny gören atlylar yzyna öwrülmek bilen bolupdyrlar.
Şondan kän wagt geçmänkä-de Tuwak serdar derýa gaýrasyna geçip, atlylary bilen birigipdir. Soñ bir gezekki özlerini yzarlap ýören gyzyl otrýad bilen uly söweş gurupdyr. Tuwak serdar oky tükenýänçä (100 sany oky bar ekeni) atyşypdyr. Oky gutaransoñ, tüpeñi beýläk oklapdyr-da, mauzere ýapyşypdyr. Gyzyl otradyñ esgerlerine: "Geliberiñ!" diýip gygyrypdyr. Görnenine ok atypdyr. Günortana çenli ýanyna goýbermän saklapdyr. "Zöhre-Tahyra" gygyryp ýatypdyr. Ölen ýeri Bilal babada (Amyderýanyñ gaýra ýüzündäki gyryñ, öwlüýäniñ ady).

Ýagmyr PIRGULYÝEW.

Категория: Taryhy şahslar | Просмотров: 815 | Добавил: Нawеran | Теги: Ýagmyr Pirgulyýew | Рейтинг: 3.5/2
Awtoryň başga makalalary

Taryhy şahslar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 afrasyyap  
13
Ata Mäneli ýaly gerçek adam ekeni. Ruhy bizlerden razy bolsun. Allatagalada ondan razy bolsun.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]