15:14

Üçünji wariant / hekaýa

ÜÇÜNJI WARIANT

Bir gün öýe gire-girmäne Perhat aşhanada saçak ýazyp ýören aýalyň sesini eşitdi:
– Daşaryň howasy nähili?
Krasowkasynyň bagjygyny çözüp, kepkasyny asgyja ildirýänçä, iki ýaşly oglanjyk «Kakka, kakka» diýip, ala-güpürdi turzup, ylgap geldi.
– Köçelerde maşyn-gara ýok. Tiz kömekden başga. Nähilidir öýdýäň?
Ol özüne mölerilip, nämedir bir zada garaşýan ýaly geňirgenip, doňup galan oglanjygy göterdi-de:
– Hawa-da, he-he, kakaň geldi. Wah, hiç zat getirmändirinem-dä saňa – diýip, ony göwresinden öňe saýlanyp, dyňzap duran garnynyň üstünde oturtdy, çaga garşylyk görkezse-de, şire-şepbik ýaňagyndan şap-şap ogşady, soň ýerde goýup, wanna girdi, suwuk sabyn bilen elini-ýüzüni ýuwdy. «Gel, Serdar, senem ýuwun» diýlende, myhman jaýa bakan jyran oglanjygyň yzyndan ýetip tutdy-da, «Äý, garagol» diýip, lägirmesine-de gulak salman, onuňam ýüzüni suw bilen syldy. Soňra iýjegi-içjegi taýýarlanan saçagyň başyna çökdi.
– Gowy howa – diýip, Şekeriň hälki sowalynyň jogabyny indi ýetirdi. Çörek döwünip, batyrma batyrýança, süýndürip, sözleriň arasyna salym salyp gürledi.
– Yp-yssy diýmeseň… arassa…howa… Sesiň ýaňlanýar…
Esli böwşeňlikden soňam agzyna atan duzly turpçany ýuwdaga-da: «…gürläňde» diýip, aýaklan sözleminiň aýyklaýjy agzasyny yzyna tirkedi.
Ajy burçly pomidor bilen kartoşka bölejikleriniň ep-eslini garnyna taşlansoň:
– Süýji bolupdyr naharyň – diýip ahyryn sözleri sepleşdirip gürledi.
– Noş bolsun!
Ara giren uzak dymyşlykdan soň Şeker bulgurlara sowujak düýe çalyny guýup oturan ýerinden:
– Nätdiňiz onsoň, sürdüňizmi tigriňizi? – diýip, haýallyk bilen gawüşeýän ýadaw Perhada habar gatdy.
– Sürdük. Bir sagat gijä galyp, üçlere dagy bardym welin, yns-jyns ýok eken. Il dört töwerekleri ýygnanyp ugrady. Hernä Wepa-da geläýdi. Ýogsa ýüregim gysyp ölerdimmikäm diýýän.
Uzakly gijesini, soňam günortana çenli ogly bilen ýeke galyp, şoň bilen Maşadan başga adam sesi gulagyna degmedik Şekeriň erkek sesini diňläsi gelýärdi, emma halys surnugan Perhat söhbet gurmaga höwesek däldi. Şonuň üçin aýalyň: «Hany, aýdyp bersene, nähili geçdi?» diýen soragyna sport eşiginde agyr atlede meňzäp oturan pälwan ştanga ýapyşan ýaly gyzaryp, gaharly jogap berdi:
– Ýürege-bagra düşdüň-äýt! Nämäni aýdyp bereýin, haw? Ýygnandy bir gumursga adam. Sürdük tigrimizi. Ýeňsämizde tiz kömek maşyny gelýär. Ysgyny gaçyp, ýykylýany haýsy, daljygyp, çaşyp ýatany haýsy. Şonuň ýalylary tiz kömege dykýalar-da, birki müntden täzeden tow berlen ýaly edip çykarýalar. Ýaňkylar onsoň welosipetde barymyzy ozup, öňe geçip gidýär. Soň yzkylar çaşýar… Boldumy indi?
Perhadyň gürrüň berşini gowy görse-de, gaharynyň özünden çykaryljak bolmagyny ýokuş gören aýal gyňajynyň çowuny arkasyna taşlap, tasanjyrap ýerinden turdy.
– Senem özüňden gitdiňmi onsoň?
Bu soragdan ýaňa agzyndaky çöregi çeýnemegi unudyp, tokgalygyna ýuwdan Perhat başyny galdyryp, aýala humrarylyp seretdi:
– Men näme, heleým-ow?!
Erkek gyzmalygyna belet Şeker ýagşydan-ýamandan sesini çykarman, gap-gaçlary ýuwuşdyrmak bilen boldy. Onuň tabaklary şakyrdadyşy, hamala, şolaryň ýüzündäki ýagy bilen öz agyr günäsinem ýuwup aýraýjak bolýana çalymdaşdy.
– Eşidýäňmi, maňa nä, heleý diýjek bolýaňmy? Men seň üçin erkekmi ýa ýok, hä? – diýip, soragyny iki ýola dagy gaýtalan Perhat kanagatlanarly jogap eşitýänçä ony gününe goýarly däldi. Her niçiksi bolsa-da:
– Ýok, elbetde – diýip, gelin çala başyny ýaýkady.
– Şeý diý-de, işiň bilen bol-da! – diýip, Perhat öz ýanyndan aýala ak baýdagy götertdim edensoň, gaýşanaklap, ýene elini ýuwmaga gitdi, soňra telewizoryň öňüne geçip, agyr göwresini diwana taşlady.
Gap-çanak ýuwup duran Şeker bolsa çala eginlerini bökdürip, oýun edip aýdan jogabyna Perhadyň düşünmänligine kikirdeýärdi.
– Ärsiräp, keýp alýar, ýerçeken!

Az salymdan ähli zat ýatdan çykyşdy, öýdäki erkegiň gaharam çaga bilen bir bada ýatdy. Ýumşak goňur diwanda süýnen halyna ol pulty gysymlap, kanal saýlady, gyjyndyryp ýa ünsüni çekip biläýjek tomaşa gözledi, Şeker gelinem onuň kellesini gujagyna alyp, kösük barmaklary bilen kä gara saçyny daraklasa, käte depesindäki giňäp, keli ýaýrap ugran burmasynyň daşynda aýlaw ýasaýardy.
Kanallaryň birinde amerikan filmi görkezilýän eken: saryýagyz erkek bilen uzyn boýly turpa zenan öýüň içini ýykan-ýumran edip, atyşyp, gyrlyşanlaryndan soň, birden şapbyl-şupbyl ogşaşyp başladylar-da, aldygyna biri-biriniň eşigini sypyryp ugradylar.
Darak eller haýallady, pultuň düwmejigine basýan barmak sägindi.
Onsuzam gürläp oturan ýokdy welin, indiki dymyşlygyň güwwüldisi hasam gulagy gapyp barýardy; aýalyňam, onuň gujagyndaky agyr kelläňem myşlap dem alşy uly gopgun turuzýan ýalydy. Göwsünde dyňzap, halys möwç alýan höwesi Şeker ilki Perhadyň ýüze çykararyny isläp, endamynyň, aýaklarynyň jümşüldisine erk etjek bolup, gara görgä galdy. Häzir Ol (eýse bu artyp galmyş kakabaşlygy üçin baş harpa mynasyp dälmidir?!) turar, onsoň Perhadam turar-da, o jaýa geçeli diýer.
Şekeriň agzy suwardy, diňe bir agzam däl. Ol tutuşlygyna öl-myžžyk bolan ýalydy. Ahyrsoňy çydaman:
– O jaýa geçeýinmi? – diýip, özi aýgydyny bildirtdi, ýöne biderek aýbyny açdygy boldy.
– Bar, geçiber. Men-ä futbol görjek. Hana, Bred Pitt bilen Anjelina oýnaşýar.
Onýança agzalan kino gahrymanlary diwara ýaplanyp, gaýtadan söweşe girdiler. Süsüşip, dyrnaçaklaşyp, derleşip, kelleleri humarlanyp, kameraň öňünde bolmajysyny bolup, baýraga mynasyp ussatlyk bilen oýun-dalaş etdiler.
Şeker:
– Menem ýaplanaýjakdym-da – diýip gultundy.
– Ýaplanyber-dä?
– A sen ýapla-da, wiý!
– Ýör onda – diýip, Perhat ahyryn aýak üstüne galdy. Indi ony idip barýan diňe bir garny däldi, bu «köre hasady» (şeýle metafora ulanmagyň deregine, «mesaňa» diýsegem gelişmän durmazdy welin, okyjyň öňünde beýdibersek gelşiksiz boljak).

Bir salymdan on minutlyk ýassykdaşlar ýatalgaň arkasyna ýaplanyp, demini dürsäp otyrdylar.
Otagyň gapysy gurulgydy, ýogsa çaga oýanmagy mümkin. Haý-haýly pursatda çaga oýansa, beýlekiler ýatmaly bolýar.
Indi işem, göwünlerem bitensoň, Şeker köýnegini geýip, gapyny açdy, çagasynyň henizem beýleki otagda rahatja uklap ýatandygyna göz ýetirip, ýene yzyna dolandy, düşegiň üstüne geçip, Perhadyň derden ýaňa ýylmanak, etlek döşüne gysmyljyrady.
– Indi saňa gürrüň bersemem bolýar – diýip, Perhat endigine görä geň bir zat aýtmanka aýala gaşyny kakyp, köpmanyly nazaryny gönükdirdi.
– Nämäni?
Giň ýatalgada ornaşykly oturyp, mekirje ýyrş-ýyrş edýän adamyň hiç gürrüňe başlamaýşyna Şekeriň içi ýansa-da, boýun egmeli däl diýen karara geldi. Ol Perhadyň özüne ýalbartjak bolýanlygyna beletdi, şonuň üçinem ýörite tersinden gaýdýardy. Ýöne Perhadam tohumy taşlansoň, indi aýalyň näçe erk etse-de, ahyrsoňy ejizläp, ejelejegini aňýardy.
Bularyň ikisinden başga hiç kime belli bolmadyk, hatda olaryň özleriniň hem biri-birine mälim etmejek bu içki dawasy hemişeki terzinde tamamlanýar.
– Bolýa-la, gyzyla döndüräýdiň. Gürrüň bermeseň, tersine gürrüň ber!
– Eý-waý, bolýa, aýtmarynam.
Bir haýukdanam Şeker ýene ýalbarar:
– Hawa, näme gürrüň berjekdiň, aýdaý indi?
Perhadam ahyryn dözümsizlik eden bolar: özüniňem çaltrak gürrüň beresi gelip, içi byjyklap durandyr, ýöne jübütleriň arasyndaky endikler – däbe, däbem – mukaddeslige öwrülýär.
– Garaz, Wepaň gürrüň beren zadyny aýtjakdym.
– Öwf-f, şeýdeweri… Näme diýdi dostuň?
– Öňräk kireý etmäge çykan eken. He-he… Onsoň «Berkararyň» ýanynda bir gyzy mündüripdir ulagyna. Aý, gysga ýubkaly, koftaly, owadan gyz diýýä. Bir ýer-ä äkit diýipdir öz-ä… Nirädikä?.. Öldür ýadyma düşenok…
– Gerekmi bir şol! Yzyny aýtsana?
– Özem öňünde, Wepaň ýanynda oturypmyş, ýogsam yzky ýerem boş eken. Äý, gidýä bular, Wepa-da näçe özüne buýurjak bolsa-da, bolanok, zol-zol şonuň aýagyna, buduna göz gezdiresi gelýär. Seredýärem käteler, pursat arap. Gyza-da geregi şol…
– Näme dymdyň?
– Garaş, ýadyma düşürýän… Gepiň küle ýeri, ýaňkyny eltmeli ýerine eltýänçä, düşürýänçä, tanşypdyr, başyny-gözüni aýlapdyr…
– Kim kimiň?
– Wepa ol gyzyň başyny aýlapdyr. Äý, näme, gelşikli, syratly erkekdir-dä, gyzam garşy bolan däldir-le.
– Ganjyk guýruk bulamasa…
– Diňled-ä, haw! Näme, gabanýaňm-aý dostumy? Ýa aýdybam bermäýinmi?.. Tümmek ýeri, telefon belgisini alypdyr. Ady Gülnura diýýär. Bahym jaňlaşýarlar, görüşýärler, halaşýarlar. Ine, öňňünem bile sauna gidipmişler…
– Wiý, Hudaý saklasyn!
– Ýok, haw, ol ýerde hiç iş gaýyrmandyrlar.
– Goýsan-a, oglan, sauna gidiler-de…
– Sauna ýapyk eken. Onsoň göni maşynyň yzky oturgyjynda…
– Heýwi, utançsyzlar!
– Şoň üçin maşynyna münülende, seresabrak bolaýmaly…
– Eý, bihaýa Wepa, öýünde gül ýalyjak aýaly, çagasy barka! Wah, jele-e-ep! Wah, ganjyk diýsänim! Şeýdip, ne gözel maşgala ýumrulýar-da!
– Äý, näme, söýgi bolsa buýrup bolýarmy?..
– Nireden söýgiň ysyny aldyň sen, hä?! – diýip, Şeker janygyp, sesini gataldyp gürledi. – Şu erkekler bar-a…
– Ýuwaşrag-ow, oýun etdim. Senem bir oýnatg-aý – diýip, Perhat hy-hy edip gülüp ugrady. – Nähili, balym, ynanaýdyňmy?
– Aý, doňuz diýsänim! Näme, aldap otyrmyň?
– Hawa-laý, he-he, senem bar-a, gönümel sögüniberýäň. Aslynda o gyz tölemeli wagty: «Wiý, gapjygymy galdyraýypdyryn! Maňa telefon belgiňizi beriň, tölegi hasabyňyza geçiräýerin» diýipmiş. Geçiripdirem, çyn bolsa-ha… Soňra wannyda gygyryp aýdym aýdyp, suwa düşüp durka, Wepaň eline jaň gelýär, onam, tentek, daşynda goýupdyr. Aýalam görýär, telefon wibrirläp, stoluň üstünde süýşüp gelýärmiş. Işinden habar tutýan bolaýmasynlar diýip, jogap beräýmezmi? Äý, turýar bir gopgun. Şo günüň agşamsam goşlaryny düwüp, atasy öýüne gidýär-dä.
– Wah, naçar! – diýip, Şeker kinaýaly ýylgyryp, başyny ýaýkady.
– Ýok, haw, aýaly däl, Wepaň özi kowulýar öýden.
Gelin erkegiň ýüzünde şübheli nazaryny egledi.
– Muň çynaberimsiz wakalary toslamaga ökdedigini!
– Şeýle ynandyryjy gerek? – diýip, Perhat hezil edip güldi.
Aýal ýatalgadan düşüp, torsarylyp, hüňürdäp aşhana gitdi. Bir salymdan gapydan jyklap:
– Çaý içjekmi? – diýip sorady.
– Demläber, içeris.
Tokly tüňçe gaýnaýança Şeker çäýnek-käsäni, süýji-kökäni, baly (muňa tirkeşere söz tapylmady) uly mejimäniň üstünde ýerleşdirip durka, Perhat gelip, yzyndan gujaklajak boldy, emma meşik ýaly garny bilen aýaly itekläp, tas gap-çanagy agdar-düňder edipdi.
– Seresap bol, haw, erre! – diýip, ol ýene Şekeriň ýüzüni aldy.
Aýal iki elini bykynyna diräp, onuň tyňky göwresine göz gezdirse-de, ýagşydan-ýamandan sesini çykarmady. Bu ikisiniň arasynda garyn temasyny gozgamak gadagan edilipdi.
– Wah, kemçin, hiç zat döwülmändirem-dä! – diýip, Şeker ahmyr bilen mejimä garap, tibidini dişledi.
– Oňa nämüçin gynanýaň?
– Döwülse, şatlyk bolardy-da. Indi bir pyssy-pyjurlyga garaşyber.
Öýüň asuda ümsümliginde çaý içişligi başlandy.
Käsesini gyzgyn gara çaýdan dolduryp, ondaky bug bilen göterilýän neşeli ysdan ýaňa gözüni süzen Perhat ahyrsoňy dil ýardy:
– Üçünji wariantam bilesiň gelýärmi?
Edil şol pursat zaň sesi ýaňlandy. Garaşylmadyk ýiti owaza çäýnekdeşler tisginip gitdi. Zaň gaýtalanyp ýetişmänkä oýanan çaga-da ýarymukuly halda: «Kakka, kakka» diýip, uly şowhun turzup, gapa tarap ylgady.

Maksat BÄŞIMOW.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 472 | Добавил: Нawеran | Теги: Maksat Bäşimow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Gülgüne köýnekli gyz / gysga hekaýa - 29.04.2023
Ýurt ýykan / hekaýa - 27.08.2023
Gahrymanyñ gelni / hekaýa - 12.08.2023
Komediýa / hekaýa - 15.08.2023
Kim nirde... / mini-kyssajyk - 29.04.2023
Bazar / hekaýa - 15.02.2023
Tagan mugallymyñ söýgüsi / hekaýa - 14.08.2023
Kaseta / hekaýa - 04.05.2023
Sms-deş / hekaýa - 22.04.2023
Март / рассказ - 30.03.2023

Teswirleriň ählisi: 2
0
1 gadambez1986  
335
Su yazyjyda bir zat bar. Name bardygyny bimelok yone birzat bar emma utanc yok. Hekayany onem okadym hazirem okaydm we hezil etdim

0
2 Hyýalkeş  
752
Aý menä şutaýda okar ýaly zat görmedim.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]