UKLASYM GELENOK MENIÑ ÝENE-DE...
Saz gonupdyr ýüregimiň kirşine,
Aňk bolýan men, silleň akyp gelşine,
Ötegçi dünýäniň münüp gerşine,
Uklasym gelenok meniň ýene-de.
Gaýratyň pes bolsa, "Baş!" diýip bilmen,
Görüpler kösener, "Boş!" diýip bilmän,
Geçip barýan güne "Hoş!" diýip bilmän,
Uklasym gelenok meniň ýene-de.
Çaýym dursun, ýene biraz demine!
Eýäm entek degmese bor demime,
Başym goýup gijäň gyzgyn demine,
Uklasym gelenok meniň ýene-de.
Saňa ýaňy başladym men düşünip,
Ýatyn, yşky düşek edip düşenip,
Parlak ýyldyzlary Ýere düşürip,
Uklasym gelenok meniň ýene-de.
Täze dogan Aýy ýüzüme sylyp,
Otyryn tümlügiň perdesin syryp,
Bu ýüpek gijäni syrdaşym saýyp,
Uklasym gelenok meniň ýene-de.
Ogultäç ORAZTAGANOWA.
|