10:33

Ümsümligiň sesi

ÜMSÜMLIGIŇ SESI

Orslarda bir güýçli kinorežissýor bar, Sokurow diýýäler. Aslynda Türkmenistandan giden. “Faust” diýip bir kinosy uly baýraklar aldy. Umuman özboluşly işleýän adam. Tarkowskiň okuwçylaryndan. Ine, şol adam “Men Hudaýyň öňüne barsam, ilki bilen “Sen näme üçin dymdyň?” diýip sorajak” diýýär.
Bu aýylgaanç bir sorag. Bapba Gökleňem “Alla bar bolsa adalatsyzlyklara sesini çykarman seredip durmazdy” diýerdi.
Ýaş, men diýen ýaşyndaky, geljegi öňünde, entek öýlenibem ýetişmedik oglan ölýär. Yzynda segsene ýetip barýan atasy gözi ýaşly, bagry girýän onuň ýasyny tutýar. Bu görnüşe ynsan ogly parhsyz seredip bilmeýär. “Allaň etjegidir” diýýäs. Başga diýjek, etjek zadymyzam ýok. Sen nädeňde-de Magtymgyly akyldaryň aýdyşy ýaly “giden gelmeýär.” Bu alaçsyzlyk sende ýene-de bu kaýyllyga şübhe bilen seretmäge esas berýär. Ýesirem ölmejek bolup, duşmanyna başyny egýär, emma ýüregi bilen oňa boýun bolmaýar. Biziň gözümiz bilen seredip, biziň akylymyz bilen ölçeseň dünýäde başga-da adalatsyzlyk kän.
Ýakynda bu sowala şeýle bir jaýdar, şeýle bir jedelsiz, anyk jogap eşitdim. Ony Jelaletdin Rumy aýdypdyr. “Allanyň dili ümsümlikdir, galanynyň bary şol ümsümligiň terjimesi.”
Hakykatdanam, şu ömrüme iň dogry jogaplary men dymylan wagty eşitdim. Sowalyma ses çykarylmadyk, jogap gaýtarylmadyk wagtlary dogry jogaby aldym. Gürläp başlasalar, düşündirjek bolsalar, hakykatdanam düşünen zadyma ümür-duman aralaşýar. Birine bir zat aýdarsyň, ol saňa jogap gaýtarar, sen ýene düşündirmäge çalşarsyň, ol gaýta tersiňden turar. Şonda öz aýdýan zadyň dogrudygyna gözüň ýetip duranam bolsa, pikiriň garyşar. Hatda Magtymgulyny, Tolstoýy okap otyrkaň däl, okap gutaranyňdan soň, bir ümsümlik geler, şol wagt seň nä derejede o genilere düşünip bilendigiň bildirer, ony syzarsyň. Okap otyrkaň “Bäh, bäh” diýip, okap bolaňsoňam, kitaby ýapyp gidiberseň, öňki bolşuňa boluberseň, onda akyldara düşünşiň ýabygorlyrak bolup biler. Adamyň bir böwrüni diňlemesi bardyr, sesini çykarman dymyp oturmasy bardyr. Kakam pahyr beýik ýassyklara maňlaýyny berip, tükge düşüp ýatardy. Men ol wagt onuň ümsümligi diňleýänini bilmezdim. Men o wagtlar diňe gulak bilen diňlenýändir diýip düşünýärdim. “Ýürek, aň” diýen bolardym, ýöne olaň nämedigini, dogrymy aýtsam, bilmezdim. Ýüregiň nämedigini bilmek üçin, onuň sarsylmagy, gyýylmagy, üzüm-üzüm bolmagy gerek eken. Onsoňam saçyňa ak girmegi.
Mümkin, bu hemme kişide deň däldir. Lermontowa saçynyň agarmagy gerek bolmadyk bolmagy mümkin, munam anyk aýdyp biljek däl. Saçy agaran Lermontowyň nähili pikirler etjegi beýle-de dursun, ony göz öňüňe getirmegem kyn, segsene ýetip barýan Gurbannazary göz öňüme getirip bilmeýşim ýaly. Olar şol ýaşlara ýeten bolsalar näderdiler? Möwlana ýaly sema edip, perwana deý pylanayberdilermikä? Alla ýene sesini çykarmaýar. Men samsyk soraglarymdan soň ümsümligi diňlemäge çalyşýan. Aňyrda Gurbannazaryň, ondanam aňyrda Magtymguly Pyragyň ýatan ýerleri görünýär. O ýerler hasam sessiz, hasam ümsümlik. O ýerlerde ümsümligiň sesi hasam gowy eşdilýär.

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/ümsümligiň-sesi-9d3fb4f1faf1. 28.12.2022ý.
Категория: Oýlanmalar | Просмотров: 283 | Добавил: Bagabat | Теги: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Oýlanmalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 1
0
1 sylapberdimuhamov  
1428
Когда ты молчишь, разговариваешь Богом.
(Итальянский пословица)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]