15:51

Umyt

UMYT

Men yşkymy gözlerimde gizledim,
Sözledim pyşyrdap gülleň gulagna.
Iç dökere ýalňyz syrdaş gözledim,
Dözmedim syrymy köpleň ýüregne.

Uzaklardan gaýyp gelýän ýapraga,
Altynsöw gudrata ellerim serdim.
Derdim gözlerime guýdy topragy,
Men şonda-da,
Men şonda-da,
Sermedim.

Görmedim.
Hyýalym gussa büredi,
Şapak reňki siňen göreçlerimi.
Özümden bihabar ynam döredi,
(Belki, undandyryn biweçligimi).

Dogry,
Güňläp ýatan gümmeze dönen
Serim soň oýlady iň wajyp zady.
Hiç kimsäge göwni ýetmeýän bagtyň,
Hiç kim däle göwni ýetip bilermi?!

* * *

Bilýän, ömrüňizde iň bagtly pursat,
Megerem, ezizlem,
martyň altysy.
Şol gün uranynda täze bir gursak,
Göründi siz üçin dünýäň ýagtysy.

Ondan bäri on ýedi ýaz aýlanyp,
Ýyllara barabar döräpdir gasyn.
Şolaň döremegne günäkär bolsam,
Ýalňyzlam,
Haýyşym, günämi ötüň!

Siz maňa berdiňiz millionlarça bagt.
Çalyşmaryn sizden alan bagtymy.
Gynansam-da meniň bar beren bagtym,
Ýekeje,
ýekeje,
martyň altysy.

Maksatmyrat ÇARYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 358 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«К озеру вышла. Крут берег…» / Goşgular - 06.02.2023
Şahyryň beýikligi nämede? / Goşgular - 07.01.2023
«Я прежде боролся, скорбел…» / Goşgular - 11.01.2023
Ene / Goşgular - 10.02.2023
«Первородство – на сиротство!..» / Goşgular - 12.01.2023
«За окном гудит метелица…» / Goşgular - 09.02.2023
Uçup gitdiň / Goşgular - 28.01.2023
Men dünýäň aşygy / Goşgular - 08.01.2023
«Скала к скале; безмолвие пустыни…» / Goşgular - 07.01.2023
Eger... / Goşgular - 25.01.2023

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]