08:03

Umytlaryñ ädimi / nowella

UMYTLARYÑ ÄDIMI

Doganlarym bilen öýkeleşensoň, ýüregim bir ýerde karar tapman, egnime donumy atdym-da, ýaglygymy howlukmaçlyk bilen daňyp howla çykdym. Olar meniň tasanjyrap daşary çykanymy görseler-de pitiwa kylmadylar. «Bolýa, köşeş-äý, gel, sowukda daşary çykma!» diýip, iň bolmanda dil ujundanam bolsa ýumşak söz diýmediler. Öýümizde lälik gyz bolup ulalanym üçinmi ýa ýyly söze juda-a mäteçligim üçinmi, bilemok, doganlarymyň bu boluşlary maňa gaty ýokuş degdi. Onsoň, öýke-kinämi kebzäme daňdym-da, derwezeniň girelgesinden köçä çykdym.
Noýabryň başy bolsa-da howanyň çytylyp durşy ýanwaryň ortasyny ýatladýardy. Köçelerde şuwlaýan aýaz simagaçlaryň simlerinde sykylyklaýardy. Men bu sowugy köçäniň ugry bilen içimi hümledip barşyma on, on-bäş jaýyň duşundan geçensoň duýup başladym. Gahardan ýaňa gyzyp durkaň sowuk kär etjekmi diýsene! Alkymymdan gelip uran şemala etegi galgap giden donum çepiksi göwrämi iki-üç adim yza tesdirýärdi. Sagat bolan bolsa, sekiz bolandyr. Şonda-da noýabr aýy bolany üçin hamana gijäň ýary ýaly: köçeler şemalyň şuwwuldysy diýmeseň gum-guklukdy. Seranda-setanda bagryny ýere berip köçäni kesip geçýän «ogry» pişikler jaýlaryň otaglarynda ýanyp, penjirelerden köçä düşýän öçgsi yşykda çalaja saýgardýardylar. Şemal biraz gowzan mahaly yzyma seretdim. Derwezemiziň açyk galan gapysyndan köçä düşýän ýagtylyk gaharyma meçew berdi. Ol ýagtylykdan «Yzyňa dolan-aý!» diýip çykýan ýakynlarym ýokdy. Köçäniň ahyryna çenli baryp beýleki köçä geçip ýene yzyma şunçarak ýol sökmäge takatym ýetmän, biziň ilerimizdäki köçede ýaşaýan mamalrayň jaýynyň gabatragyna gelenimde aýak çekdim. Aýak çeken ýerimde köçäniň çep tarapynda synpdaş joramyň öýleri bardy. Olaryň öýüniň gapdaly bilen ýöräp, melleginden idinsiz geçip, mamalaryň melleginiň aýakujundan ädim ätdim. Çagalygymdan kalbyma mähir ojagy bolan mukaddes ojagyň mellegine ädim ätdim. Alagaraňkyda üstüme has-da garaňkyrap abanyp duran baglaryň bilinden gujaklap aglasym geldi. Biz üýtgäpdiris… biz çaga wagty bu baglaryň kölegesinde bigam çagalygyň ala meýdanynda biçak-biçak erkin ýaýnapdyk. Baglara dyrmaşyp iýsek-iýmesek bişen-u-bişmedik miwe baryny ýolardyk. Biri-birimizi miweler bilen «keseklärdik». Şonda-da bu sahy baglar göwün-kine etmän ýyldan-ýyla bol miwe getirerdi. Bu baglar biziň bilen güllärdi. Häzir bolsa sähelçejik zadyň üstünde doganlarym bilen öýkeleşip göwün-kine edýäris. Hermiz bir pelsepä uýup dünýäniň içinde dünýä döredip barýarys. Hut şu ýagdaýymyz üçinem bu baglary gujaklap aglasym gelýär. Ýöne olary gujaklamaga juda çekinýärin; hamana baglar menden nägile bolup tisginäýjek ýaly…
Mellegiň orta çili bilen howla tarap ýöredim. Howluda adam garasy görnenokdy. Çygly sowuk olaryň hemmesini ýyly jaýa «gabapdyr». Olaryň howlunyň çyrasynyň köýeninden hem habarlary ýok ýaly. Howla diňe ýajyň içinde ýanýan çyranyň penjireden düşýän ýagtysy ýaýraýardy. Ol ýagtylygyň şöhlesini hem penjiräniň ak tutusy mazaly süzüp geçirýärdi.
Howlunyň beton basganjagyna aýagymy goýandan ýüregim gyýylyp gitdi. Beýnimiň gyzgynyna aýaz zym-zyýat boldy. Ol aýaz käte kebzelerimde peýda bolýar we ýene endanmymyň gyzgynyna jähennem bolýar. Men şu hili ýagdaýda bigam çagalygymyz geçen mährem ojagymyzyň gapysyny açyp bilsem besdi; pygamber deý babam ündewleri bilen başymy sypap ýol salgy bererdi welin, göwnüm al asmanda pel-pellläp aýdyma hiňlenip öýümize gaýdyberdim. Häzir gözümiň ýaşlaryny saklap bilemok! Demim gysyp gelýär… Eý, Huda-a-ý! Men şunça ýoly söküp gelsem-de, mundan iki hepde öň kyrk märekesini beren babamyň indi bu dünýäde ýokdugyny teý ýadyma salyp bilmändirin!..

07.01.2018 ý. 23:18

Zergül YLÝASOWA.

Категория: Hekaýalar | Просмотров: 450 | Добавил: Нawеran | Теги: Zergül Ylýasowa | Рейтинг: 3.0/1
Awtoryň başga makalalary

Hekaýalar bölümiň başga makalalary

Jan / hekaýa - 08.03.2024
Gara gözli söýgi ýaşaýarka... / hekaýa - 17.01.2024
Çöldäki jaň sesleri / hekaýa - 06.03.2024
Kaşgarly sözlügi ýa-da iki sürtük / nowella (18+) - 12.02.2024
Ahmyryň awusy / hekaýa - 13.01.2024
Ýagyşly gün boýny burlan söýgi / hekaýa - 15.01.2024
Gijeki gapydanyň ýazgylary / hekaýa - 25.01.2024
Deñinden ötüp bolmaýan adam / hekaýa - 18.01.2024
Haýsy gowy? / Gündogar hekaýaty - 05.03.2024
Kyrk ýyldan soñ gaýdyp gelen şol aýazly gün / hekaýa - 19.01.2024

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Raziýe_Soltan  
16
Bir pursady yadyma saldy...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]