22:49 Unutma | |
UNUTMA
Aldandyň, ezizim, ýalňyşdyň çensiz, Ýöne soňra biljegiňi, unutma. Saňa durmuş juda kyn düşer mensiz, Günleň agyr geljegini unutma. Mejnunyň Leýlini söýşünden zyýat Söýüpdim men seni, wah, özüň şaýat. Sen şeýle söýgini bilmediň aýap, Ahmyr bolup dömjegini unutma. Hoş gal, gidýän ömür saňa lak atman Gezjek borun, «oýlan» diýip ýatlatman. Emma öpüşlermi ýatlap, dodaklaň Lowlap-lowlap ýanjagyny unutma. Ähdiň, wepaň, gör, daşlaşyp seň bile Gaçyp barýar, bir näbelli menzile. Ýaşlyk arzuwlaňam gider meň bile, Bir boş göwrä dönjegiňi unutma. Şat günleňde, belkem, biri gaşyňa Gonup, meni getirmez seň huşuňa. Kyn günleňde welin girip düýşüňe, Ýalňyz hossar boljagymy unutma. Hoş gal, peýda gelmez soňky «belkemden...» Gan bilen girmedik çykarmyş tenden, Bu ýüregem daş däl, sowap kem-kemden, Ahyr bir gün sönjegini unutma. Italmaz NURYÝEW. | |
|
√ Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Nar / Goşgular - 22.04.2024 |
√ Şert / Goşgular - 09.02.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garaş maňa / Goşgular - 17.02.2024 |
√ Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024 |
√ Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024 |
√ Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Erjellik / Goşgular - 05.01.2024 |
√ Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |