13:46 Ussadym | |
USSADYM (Seýitmyrat Geldiýewe) Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy, Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň. Ynamyňdan yza galsam – agsasam, Ýazygymy öteweri, ussadym. Söýdüm adamlary, söýdüm durmuşy, Ýetdiginden mähir berdim köp kişä. Gussa batdym gussalyny göremde, Has köp şatlyk berdim keýpi kök kişä. Bugdaý nanym bolmasa-da, käteler Bugdaý sözmi paýlap berdim gysganman. Eýýäm saçlarymda akja "zer" gördüm, (Haýran, wagt bir ýere-hä gyssanýar.) Ynanardym dünýäň baky ýazdygna Dertsiz çaglam – has oglantak mahalym. Indi gyşda güýzler üçin aglaýan, Hem begenýän geljekdigne baharyň. Kagyza egisdim bölejik derdi, Dertlerimi aýyp görme, ussadym. Gowzar öýtdüm duýgularyň yzasy, Gowşa:r öýtdüm kirişleri gussamyň... Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Senden öwrendim / Goşgular - 04.02.2023 |
√ Письмо к*** / Goşgular - 04.01.2023 |
√ Зеркало / Goşgular - 10.02.2023 |
√ Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023 |
√ Musa Jelile / Goşgular - 15.02.2023 |
√ Видение Иезекииля / Goşgular - 21.01.2023 |
√ Я дома / Goşgular - 05.01.2023 |
√ "Когда на то нет божьего согласья…" / Goşgular - 12.01.2023 |
√ Истина / Goşgular - 02.01.2023 |
√ Janymyň aramy / Goşgular - 06.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |