14:47

Ussat grimçi Fatima Gizatulinany ýatlap...

USSAT GRIMÇI FATIMA GIZATULINANY ÝATLAP...

Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda sahnalaşdyrylýan täze sahna oýnunyň taýýarlyk işleriniň başlanmagyna az wagt galypdy. Men bu sahna oýnunda esasy keşpleriň birini ýerine ýetirýän artist Gözel Çommyýewany görmekçi boldum. Artistleriň biri maňa onuň teatryň grimçisi Faýa daýzanyň grim otagyna gidendigini aýtdy. Men grim otagyna baramda, Faýa daýza daşaryk çykan eken. Oturgyçda gara geýimli gartaşan zenan otyrdy. Men ondan:
- Siz Gözel Çommyýewany görmediňizmi? — diýip soradym.
Ol ýylgyrdy-da:
- Gözel sahna gitdi — diýdi.
Men sahna barmak maksady bilen işige ýöneldim. Gapydan çykmankam ýaňky zenan jykyrdap güldi-de:
- Men Gözel-dä — diýdi.
Oňa içgin seredenimden soň, dogrudan-da, bu zenanyň Gözel Çommyýewadygyny tanadym.
Hawa, artistleriň daşky keşplerini sahna oýunlarda hereket edýän gahrymanlaryň keşplerine görä tanalmaz ýaly özgerdip bilýän Fatima Mihaýlowna Gizatulina öz ömrüniň kyrk ýyldan gowragyny grim sungatyna bagyşlady.
Grimçilik işi özboluşly sungat. Sahna oýny başlanmazdan öň, artistler gezekli-gezegine Faýa daýzanyň grim otagyna barýarlar-da, aýnanyň öňündäki özlerine degişli oturgyja geçip oturýarlar. Onsoň Faýa daýza sünnälik bilen hereket edip, öz işine başlaýar. Köp wagt geçmänkä-de şol günki boljak sahna oýnundaky öz janlandyrýan gahrymanlarynyň sypatlaryna görä artistleriň ýüzleri başga keşbe girip ugraýar. Kimler sakgally-murtly epeý ýaşuly bolýar, kimleriň saçlary özgerýär, hatda artistleriň gaşlarydyr kirpikleri hem Faýa daýzanyň nazaryndan sypmaz. Dürli reňkli galamlar hereket edip başlaýar. Kimleriň ýüzlerinde menekler peýda bolýar, kimleriň gözleriniň asty garalyp, gabaklary çişen ýaly bolup, olara seredeniňde, “Be, bu näçe günläp ukudan galdyka?” diýdirýär.
Suratkeş suraty kagyzyň ýüzüne çekse, grimçi öz suratyny — eserini artistiň ýüzünde döredýändir.
Fatimanyň kiçilikden höwesi öz gurjaklaryna egin-eşik tikmek boldy. Ol joralarynyň gurjaklary üçinem owadanja eşikler tikerdi. Soňabaka gurjaklarynyň saçlaryny bejermek Fatimanyň yhlas bilen ýerine ýetirýän işleriniň birine öwrüldi.
Mümkin şonuň üçindir, teatrda grimçi bolup işleýän daýzasy Fatimany özi bilen teatra äkidip başlady. Daýzasynyň hünäri Fatima-da ýarady. Kämahallar daýzasy öz işine ýetişmedik wagtlary Fatima oňa el-aýak bolýardy. Heniz orta mekdepde okaýarka Fatima teatryň köp artistlerine saç, sakgal, murt dakyp beripdi. Onuň tikinçilik işine ökdeligi teatryň ýolbaşçysynyň nazaryndan sypmady. Mekdebi tamamlandan soň, teatryň tikinçisi bolup işlemek hakdaky özüne edilen teklibi Fatima höwes bilen kabul etdi. 1975-nji ýylda Fatima öz saýlap alan hünärini A.S.Puşkin adyndaky döwlet rus drama teatrynda dowam etdirdi. F.Gizatulina teatrda dellekçi, şeýle hem bu käri bilen utgaşyklykda grimçi bolup işe başlady.
Bu teatrda dürli ýyllarda sahnalaşdyrylan A.Ostrowskiniň “Tupan”, W.Rozowyň “Dört damja”, K.Trenewiň “Lýubow Ýarowaýa”, W.Wasilýewiň “Gyş gijesiniň ertekisi”, W.Delmaryň “Ertirki güne orun ber”, M.Şatrowyň “Pržewalskiniň bedewi”, G.Goriniň “Iň dogruçyl”, W.Bykowyň “Çatryk”, A.Arbuzowyň “Gazaply oýunlar” ýaly onlarça spektakllarynda diňe häsiýetleri taýdan däl, eysem, daşky sypatlary boýunça-da biri-birlerinden düýpgöter tapawutlanýan keşpleri döreden artistleri grimledi. Haçan-da gahrymanlaryň ýüz-keşpleri bolmalysy ýaly derejä ýetirilende, bu ýagdaý artistler heniz sahna çykmanka olarda hyjuw, joşgun, özlerine bolan ynam döredýär. Şol bir wagtyň özünde sahnada bolup geçýän wakalar spektakldaky keşpleriň hakykata, durmuşylyga ýakynlygy bilen tomaşaçylar tarapyndan gowy kabul edilýär, ynandyryjy çykýar.
1980-nji ýylda F.Gizatulinanyň öňki A.Gulmämmedow adyndaky Ýaş tomaşaçylar teatrynda işläp başlamagy bilen bu ýerde milli häsiýetli spektakllaryň yzygiderli sahnalaşdyrylýandygy üçin öz grim sungatyndaky ukybyny, başarnygyny täze-täze gözlegler bilen utgaşdyrdy.
F.Gizatulinanyň şol ýyllarda tomaşaçylaryň söýgüsini gazanan, köp wagtlap sahnadan düşmedik W.Şekspiriň “Koriolan”, R.Güntekiniň “Amanat giýew”, A.Lindgreniň “Oglanjyk we Karlson”, Kabo Abeniň “Çöldäki aýal”, G.Muhtarowyň “Täsin tebip”, G.Gurbansähedowyň “Meňli”, Ç.Aşyrowyň “Ogul takdyry” ýaly ençeme spektakllarynda artistlere, şol oýunlardaky gahrymanlara mahsus bolan keşpleri bermek üçin öz başarnygyny, sungatyny görkezdi.
1991-2001-nji ýyllar aralygynda teatrda 50-ä golaý dürli mazmundaky sahna oýunlary sahnalaşdyryldy hem-de olarda hereket edýän 500 töweregi keşplere F.Gizatulina öz grim sungatyny siňdirdi. Olardan A.Ilowaýskiniň “Çanduwyň başdan geçirenleri” sahna oýnundaky Çandu, Matab, Puşta, Kartas, Selim, A.Wampilowyň “Iki şorta” sahna oýnundaky Hamutow, Ançugin, H.Müllügiň “Sawçylar” sahna oýnundaky Çary, Agajan, Gylyç, G.Daňatarowyň “Jelaletdin Soltan” sahna oýnundaky Jelaletdin, Çingiz han, Şalwa, Ozlag, “Soltan Sanjar” sahna oýnundaky Sanjar, Mälik Dinar, Bozoglan köp grim işlerini talap edýän çylşyrymly keşplerdir.
F.Gizatulina 2001-nji ýyldan Türkmenistanyň Alp Arslan adyndaky milli drama teatrynda grim bölüminiň müdiri bolup işe başlady. Ý.Mämmediýewiň “Daňdanakanyň bürgütleri”, G.Orazgulyýewiň “Çyna ýazan söýgi”, G.Kulyýewiň “Wah, siz erkekler”, G.Daňatarowyň “Aşyk-Peýker”, “Bir bakyşda söýen ýarym” teatryň ilkinji sahnalaşdyran oýunlary bolup, ol sahna oýunlarda hereket edýän keşpleriň tomaşaçylara şowly ýetmeginde F.Gizatulina köp zähmet çekdi.
Käbir sahna oýunlarda alty-ýedi sany keşp bar bolsa, käbirlerinde otuz-kyrk töweregi keşp hereket edýär. Şonuň ýaly köp keşpler gatnaşýan sahna oýunlaryň grim işleri kän wagty, köp zähmeti talap edýär. Faýa daýza welin çykyş etmeli artistleriň kändigine seretmezden, öz işini sabyr-takatlylyk, ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. G.Kakabaýewiň “Ýurt” oýny hem köp keşpler hereket edýän, uly spektakllaryň biri. Şeýle hem bu spektakl taryhy oýun. Sahna oýnunda Oguz han, Gorkut ata, Keýmir kör, Nedir şa ýaly ençeme dürli häsiýetli, özboluşly ýüz-keşpli gahrymanlar bar. Sahna oýnunyň meýilnamasy boýunça kesgitläýmeseň, ýa-da taýýarlyk döwri gören bolaýmasaň, oýun gidip durka hereket edýän keşpleriň daşky sypatlary boýunça olary haýsy artistiň ýerine ýetirýändigini biläýmek aňsat däl. Bu her bir keşp babatda şeýle. Hususan-da Keýmir kör bilen Nedir şanyň ýüz-keşbi grim babatda ýokary ussatlyk bilen sünnälenilip ýerine ýetirilendigi üçin tomaşaçynyň ünsüni çekýär.
Keşpleriň daşky sypatlarynyň ýerlikli, hakykata ýakyn çykmagynda režissýora köp iş degişli bolup durýar, ýöne bu meselede grimçiniň hem hyzmaty örän uludyr. Şonuň üçin-de islendik spektakl sahnalaşdyrylanda, Faýa daýzanyň şol döwre degişli kitaplary köp okaýandygyna, eger oýunlarda taryhy şahslar hereket edýän bolsa, olaryň bar bolan suratlaryny içgin öwrenýändigine köp duş gelmek bolýar. Artistleri özleriniň janlandyrýan gahrymanlaryna görä biraz ýaşartmaly ýa-da gartaşan keşbe getirmeli bolsa-da, ýüzlerinde ýara, ýanyk, tyg yzlarynydyr meň, hal, täç goýmaly bolsa-da Faýa Gizatulina bu işleri ussatlyk bilen ýerine ýetirýär. Soňky ýyllarda teatrda sahnalaşdyrylan N.Rejebowyň “Döwletli döwran geldi”, “Gyrat”, “Jahan jomardy”, G.Daňatarowyň “Täze maşgala”, “Nusaý söýgüsi”, “Habyl bilen Kabyl”, G.Kakabaýewiň “Watan hakda üç aýdym”, “Ýurt” spektakllarynyň şowly çykmagynda, keşpleriň özüne çekiji, ýatda galyjy bolmagynda F.Gizatulinanyň hem uly paýy bar. Faýa daýzanyň grim işlerini kämil ýerine ýetirýändigi bilen birlikde onuň eliniň çalasyndygy işiň sazlaşykly gitmeginde, spektakllaryň öz wagtynda, bökdençsiz başlanmagynda uly ähmiýete eýe bolýar.
Faýa daýza spektakllarda hereket edýän keşpler üçin gerek bolan saçlary, sakgallary, murtlary, gaşlary we beýleki zerur zatlary özi ýasaýar. Onuň tikinçilik, dellekçilik hünärleriniň hem bardygy bu işleri ýerine ýetirende uly kömek edýär.
Teatrda beýleki halklaryň durmuşy bilen baglanyşykly spektakllar sahnalaşdyrylanda grimçiniň ýerine ýetirmeli işleri has hem çylşyrymlaşýar. Režissýor, suratçy hem-de grimçi her bir keşbiň üstünde ýekänme-ýekän durup geçýärler. Aglaba keşpler ilkibada kagyzyň ýüzüne çekilip, olaryň daşky sypatlary babatda belli bir karara gelinýänçä suratlar boýunça-da işlenilýär. Faýa daýza pýesalary içgin okamak bilen bir wagtda ýene-de ençeme suratlary gözden geçirýär. O.Rozumyň “Ketekde kim ýaşaýar?”, M.Maşadunyň “Ajaýyp sogan” ýaly ençeme oýunlardaky keşplere-de Faýa daýzanyň hysyrdyly zähmeti siňdi. Mysal üçin, M.Maşadunyň “Ajaýyp sogan” spektaklynda hereket edýän Maneku, Lýussiýa, Gaspar, Flora, Simon, Hamelýon diňe egin-eşikleri bilen däl, eýsem, ýüz-keşpleri bilen-de özboluşly, täsin. Olary sahna çykmaga taýýarlamakda grimçä köp zähmet degişli bolup durýar hem-de Faýa daýza bu işlere ussatlyk bilen hötde gelýär. Şonuň üçin-de biz sahnada öz tanaýan artistlerimizi däl-de, Lýussiýany, Gaspary, Florany... görýäris.
Sahna oýny tamamlanýar. Soňra artistler ýene-de grim otagynda peýda bolýarlar. Faýa daýza bolsa öz eden grimlerini usullyk bilen aýryp başlaýar. Artistleriň şadyýan ýüzlerinden ol spektaklyň şowly geçendigini mese-mälim görýär. Diýmek, Faýa daýzanyň hem yhlasly çeken hysyrdyly zähmeti ýerine düşüpdir.
Ussat grimçi suratkeş Fatima Gizatulina öz ykbalyny düýrmegi bilen teatr sungatyna bagyş etdi. Teatr onuň öýi, artistler syrdaşy boldy. Ol 2012-nji ýylda “Türkmenistanyň at gazanan medeniýet işgäri’ diýen hormatly ada mynasyp boldy.

Mämmetgurban MÄMMETGURBANOW.
Категория: Teatr we kino sungaty | Просмотров: 354 | Добавил: Orhideýa | Теги: Mämmetgurban Mämmetgurbanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Teatr we kino sungaty bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 5
1
1 eatayew33  
761
Teatr hakda meniňem birtopar zatlar gürrüň beresim gelýär. Eger meňem mowzuk goýmaga hukugym bolan bolsa, hökman şeýderdim diýýän-de, soňam pikir edýän:"A seň ony gyzykly gürrüň bermäge ukybyň barmy?"
Düýndi öýdýän, @Myhman bir wakama:"hekaýa edäýmeli waka eken" diýipdir. Ol hakda özümem az pikir etmedim, sebäbi şol gezegem, soňam juda gyzykly wakalaryň şaýady bolmak miýesser edipdi, ýöne men hiç bir eseriňem diňe haýsydyr wakaň, diňe haýsydyr bir pikiriň ýa-da diňe haýsydyr bir duýgyň hatyrasy üçin ýazylmagynyň tarapdary bolmamsoň, özümde bolsa eser ýazmak ukybyny duýmamsoň, şo-ol izaklaşdyryp ýörün.
Men hatda makalaňam diňe şol makalaň ýazylmalydygy, wajypdygy üçin ýazylmagyna garşy bolup gezdim (öz ýanymdan).
Ine, öz wagtynda (belki, häzirem) atly žurnalist bolan Mämmetgurbanyň bu oçerkindenem hiç hili estetiki lezzet alyp bilmedim, ýogsa dile çeperlikde şondan öňe geçjek adam bir barmyka diýdirerdi. Belki, gürläp bilmek bir zat, ýazyp bilmek asla başga zat bolany üçindir? Bu eserde nämelerdir bir zatlardan habarly bolmakdan başga näme bar? Oçerk ýa makala bolsa habar žanry däl. Asla, soňky döwürde žurnalisterimiz oçerk bilen makalaň öz aralaryndaky tapawydynam saýgaryp bilenoklar welin, olaryň çeper eserlerden näme bilen tapawutlanýandygynam bilmeýän ýaly, ýogsa edebiýatyň ilkinji lokomotiwleri žurnalistler bolmaly ýalam welin...

1
2 eatayew33  
761
Kimdir birini nämedir bir zatda aýyplaýan ýaly bolmasyn diýip, "estetiki lezzet" diýip nämä düşünýändigimi ýene-de teatryň üsti bilen düşündirjek bolaýyn.
"Gyz salgydy" spektaklyna gitdik. Antraktda her kim daşaryk, kafe howluksa, ýoldaşym bilen men ikinji gata howlukdyk. Şu gün diňe sahnaň däl, zalyň içiniň bezegem üýtgeşikdi: zalyň tutuş hemme ýeri her dürli gykyndy matajyklaryň asylyp goýulmasy bilen bezelendi. Balkonlaram, potologam, biziň ýapyşyp duran (ikinji gatdan) периламызам şolaryň palitrasynda zala üýtgeşik bir bezeg berýärdi.
Ýanymyza bir adam geldi. Elinde-de gulaklygy (terjime üçin). Germanyýadan eken. Ol az-owlak rus dilini bilýän eken, meňem ýoldaşym nemes dilinden habarlydy. Garaz, düşünişdik. Olam biziň seredip duran zadymyza seredip, bunuň nämäni aňladýandygyny sorady. Bizem başardygymyzdan, bu zatlaryň millilik bilen baglanyşyklydygyny düşündirjek bolduk.
Onuň janykmasy hiç ýadymdan çykanok:
— Wah, men ol zatlara düşünýä-än(!), ýöne dünýäň dürli ýurtlarynyň teatrlarynda bolsamam, henize çenli şeýle dekorasiýany göremok!
Antraktdan soň otyryn hemem şol nyhmanyň sözleri hakda pikirlenýän. Yşyklaryň bolsa, zalyň içinde "oýnap" , şol bezegleri şöhlelendirip durşy hasam üýtgeşik täsir edýärdi.
Režissýoryň näme maksat bilen şeýle dekorasiýa ulanandygyny bilemok, ýöne men özümi birdenkä ullakan türkmen gara öýüniň içinde duýdum! Inim tikenekläp gitdi! Wakanyň iň pajygaly ýerlerem şol türkmen gara öýüniň içinde geçýärdi ahyryn!
Elbetde, bu ýagdaý artistleriňem ussatlygyna bagly. Şolaryň ussatlygy bilen men şolaryň "arasyna girmedik" bolsam, belki, spektaklyň soňuna çenlem "dogrudanam, bu zatlar nämäni aňladýarka?" diýer oturardym...

Ine, men her bir eseriňem şeýdip "içine girmegi" gowy göýän, eger-de ol öz içine goýberip bilýän bolsa...

1
3 myhman  
732
söhbetdeşlik

@myhman:
- ýoldaş ataýew, tüweleme, soňky bir-iki hepdäň içinde diliňiz açylan ýaly bolupdyr. öň-ä iki agyzjyk bir zat ýazyp oňýadyňyz. olam, köplenç, "düýe" diýen ýaly bolýady. men ol "düýäň" aňyrsynda bir zatlaryň bardygyny aňýadym (özüňize-de ýaňzydandyryn, başda). köp zat görüpsiňiz, köp zat okana meňzeýäňiz. nämüçin ýazaňyzok.

@eatayew33:
- Teatr hakda meniňem birtopar zatlar gürrüň beresim gelýär. Eger meňem mowzuk goýmaga hukugym bolan bolsa, hökman şeýderdim diýýän-de, soňam pikir edýän:"A seň ony gyzykly gürrüň bermäge ukybyň barmy?"

@myhman:
- meň pikirimçe bar. mowzuk goýmaga hukugy saýtyň adminleri berýä. adamyň ýazanlary ýazjaklaryna kepil. soňky ýazan zatlaryňyza seretseň-ä, gowja zatlar çykjaga meňzeýä. onsoňam siziň eşidenleriňiz hä däl, hatda diňe görenleriňizdenem bir-iki sany hekaýalar toplumy çykjaga meňzeýär. ýazybermeli-dä...

@eatayew33:
- Ol hakda özümem az pikir etmedim, sebäbi şol gezegem, soňam juda gyzykly wakalaryň şaýady bolmak miýesser edipdi, ýöne men hiç bir eseriňem diňe haýsydyr wakaň, diňe haýsydyr bir pikiriň ýa-da diňe haýsydyr bir duýgyň hatyrasy üçin ýazylmagynyň tarapdary bolmamsoň, özümde bolsa eser ýazmak ukybyny duýmamsoň, şo-ol izaklaşdyryp ýörün.
[b]Men hatda makalaňam diňe şol makalaň ýazylmalydygy, wajypdygy üçin ýazylmagyna garşy bolup gezdim (öz ýanymdan).

@myhman:
- makala hakynda aýdanlaryňyz bilen ylalaşýan. ýöne çeper eser barada aýdanlaryňyz bilen ylalaşyp bilemok. maňa görä bir eser diňe haýsydyr bir wakaň ýa pikiriň, galyberse-de duýgyň hatyrasyna ýazylyp bilner. hatda ýazylmaly. iň esasysy hem duýgy. makala-da şonýaly ýazylyp bilner aslynda. men makalada diňe zakaza garşy. umuman, hemme eserde zakaza garşy.

@eatayew33:
- öz wagtynda (belki, häzirem) atly žurnalist bolan Mämmetgurbanyň bu oçerkindenem hiç hili estetiki lezzet alyp bilmedim, ýogsa dile çeperlikde şondan öňe geçjek adam bir barmyka diýdirerdi. Belki, gürläp bilmek bir zat, ýazyp bilmek asla başga zat bolany üçindir? Bu eserde nämelerdir bir zatlardan habarly bolmakdan başga näme bar? Oçerk ýa makala bolsa habar žanry däl. Asla, soňky döwürde žurnalisterimiz oçerk bilen makalaň öz aralaryndaky tapawydynam saýgaryp bilenoklar welin, olaryň çeper eserlerden näme bilen tapawutlanýandygynam bilmeýän ýaly, ýogsa edebiýatyň ilkinji lokomotiwleri žurnalistler bolmaly ýalam welin...

@myhman:
- agam (resmileşip durman "agam" diýäýjek), umuman, ikimizde "analitiklik" damary bar öýdýän. beýle damary bolan adamlaryňam ýazýany az. men-ä ony öz ýazjak zadyna ýazmaka göwni ýetmeýänliginden görýän. biz käte "şular näme okanda lezzet alýaka" diýdirýäs. ýogsada, bir eserden lezzet alyp gördüňizmi? nähili eserlerden lezzet alýaňyz?

1
4 myhman  
732
@eatayew33:
- Kimdir birini nämedir bir zatda aýyplaýan ýaly bolmasyn diýip, "estetiki lezzet" diýip nämä düşünýändigimi ýene-de teatryň üsti bilen düşündirjek bolaýyn.
"Gyz salgydy" spektaklyna gitdik. Antraktda her kim daşaryk, kafe howluksa, ýoldaşym bilen men ikinji gata howlukdyk. Şu gün diňe sahnaň däl, zalyň içiniň bezegem üýtgeşikdi: zalyň tutuş hemme ýeri her dürli gykyndy matajyklaryň asylyp goýulmasy bilen bezelendi. Balkonlaram, potologam, biziň ýapyşyp duran (ikinji gatdan) периламызам şolaryň palitrasynda zala üýtgeşik bir bezeg berýärdi.
Ýanymyza bir adam geldi. Elinde-de gulaklygy (terjime üçin). Germanyýadan eken. Ol az-owlak rus dilini bilýän eken, meňem ýoldaşym nemes dilinden habarlydy. Garaz, düşünişdik. Olam biziň seredip duran zadymyza seredip, bunuň nämäni aňladýandygyny sorady. Bizem başardygymyzdan, bu zatlaryň millilik bilen baglanyşyklydygyny düşündirjek bolduk.
Onuň janykmasy hiç ýadymdan çykanok:
— Wah, men ol zatlara düşünýä-än(!), ýöne dünýäň dürli ýurtlarynyň teatrlarynda bolsamam, henize çenli şeýle dekorasiýany göremok!
Antraktdan soň otyryn hemem şol nyhmanyň sözleri hakda pikirlenýän. Yşyklaryň bolsa, zalyň içinde "oýnap" , şol bezegleri şöhlelendirip durşy hasam üýtgeşik täsir edýärdi.
Režissýoryň näme maksat bilen şeýle dekorasiýa ulanandygyny bilemok, ýöne men özümi birdenkä ullakan türkmen gara öýüniň içinde duýdum! Inim tikenekläp gitdi! Wakanyň iň pajygaly ýerlerem şol türkmen gara öýüniň içinde geçýärdi ahyryn!
Elbetde, bu ýagdaý artistleriňem ussatlygyna bagly. Şolaryň ussatlygy bilen men şolaryň "arasyna girmedik" bolsam, belki, spektaklyň soňuna çenlem "dogrudanam, bu zatlar nämäni aňladýarka?" diýer oturardym...

@myhman:
- ine-de bir hekaýalyk waka. men köp eserden lezzet alýan. iň gowy görýänim hem öz ýazyjylarymyzyň ýatlama, gündelik, esse ýaly eserleri. sizem esse ýazsaňyz gowy bolaýjak ýaly. öň Derýa Baýramgulyýew diýen biriniň Gurbannazar hakda ýazan "Meniň dostum Gurbannazar" ýatlamasyny okadym. idili sözlemem düzüp bilenok eken welin, eseri okap bolamsoň, eseriň gutaranyna gynandym (eseriň adynam beýle etmeli däl eken, meň pikirimçe "meniň dostum meleguş" atly kino bolmadyk bolsa beýle pikir etmezdim). käte ýazylýan zat eseriň ýazylyşyndan gyzykly bolup bilýä.
umuman, ýazmaly.

adamy topraga meňzedeli. käbir toprak näçe suw berseň içip ýatyr. ne özünde saklaýa, ne-de bitgi bitirýä (çäge suwaran ýaly diýýäler-ä). käbir toprak beren suwuňy saklaýa. ýöne ösümlik çykaranok. soň kime gerek bolsa, şo suwy alyp ulanyp bilýä. käbir toprak welin suw bereňsoň al-ýaşyl öwsüp durýa.

toprak - adam, suw - okan-gören-eşiden-öwrenen zatlary diýip pikir etmeli.

söhbetdeşlik üçin minnetdar! :-)

0
5 eatayew33  
761
Hormatly @Myhman! Hormatyňa sag bol!
Men problemamy özüm bilýän, has dogrusy, bilip başladym. Arada-da bir teswirimde aýdypdym:" mende maňa düşünýän ýekeje adamam ýok" diýip. Hemme zat şol "düýe"- likde. Meniň iň halamaýan zadym — hetjikläp bermek. Iň bärkisi şu "hiç bir eseriň DIŇE bir zadyň hatyrasyna ýazylmagyna garşy" diýenimem düşündirmeli bolýanyma hem gynanýan hemem şeýle dýmüşündirmelerden çalt ýadaýan. Onyňam manysy: eser ýazmagyň esasy kadalaryny oňarmazdan, esasy zat haýsydyr bir wakany, duýgyny, pikiri beýan etmek bolman, şol zatlaryň gahrymanlara eden täsirini açyp görkezip bilmezden eser ýazylmaly däl diýmekdi. Ol täsirem ha pozitiw bolsun, ha-da negatiw, awtoryň gös-göni görkezmesi bilen däl-de, epizodlaryň, dialaoglaryň, hereketleriň, tebigatyň we ýene-de onlarça zatlaryň üsti bilen açylmaly, ýogsa anekdot aýdyp, soňam ony düşündirjek bolýan ýaly birzatlar bolýar.

Teswielem barada-da şeýle: kä bir adama bir ýa iki gezek "birzatlar" aýdyp görýän,. Netije barmy? Gowy zat. Ýok bolsa, nämä gerek ol adamyňam, özüňiňem biderek ýere nerwilerimizi sarp edip?

Indi bolsa hiç kime öwgüli sözem aýdyp bilemok. Şonam ters kabul etdiler. Bir oglanjyga duşdum. Beýle göwnüm ýeten şahyrym öňde-soňda bolmandy. Çynym bilen öwdümem, gerek ýerinde döwdümem. Onuň hem öz töweregimden çykan onlarça garşylyklar piňime-de däldi, ýöne onuň özem soňa-baka bu gatnaşygy göterip bilmedi. Oňa-da düşünýän: olam jemgyýetde ýaşaýar.

Garaz, iň dogry göreldeleriň birini alyp gideniň gowumyka diýýän: Esasy zat — zyýan ýetirmezlik. ( "Главное — не навредить" )

Edebiýaty gowy görýän, ony gowy görýänlerem gowy görýän, ýöne käte öte geçýändigimem (kelle gyzyp) soň duýup galýan.

Garaz, oňuşmazça dal-dä... :-)

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]