23:43

Uzakdaky dosta

UZAKDAKY DOSTA

Adam galmaz öýdüp etmezdim hyýal,
Sesim barmasa-da, duýýansyň meni.
Berjek bolýar, göýä, ýekelik zyýan,
Ömrüm ýatladyp dur boşan ýelkeni.

Paýlaşmaga derdem galmady indi,
Baryny ýuwutdym, galamsoň ýeke.
Maňa-da alysdan ýollar göründi,
Nirede mähelle?!
Nirde märeke?!

Wagtyndan ir doldy şeýdip möwritim,
Okan kitaplarym basypdyr tozan.
Garaldy şapagym, söndi gözýetim,
Gitdiň, ýeke setir bolmady ýazan.

Çykgynsyz ýagdaýa düşmekden gaçdym,
Durmuş düşünmeýär seniň derdiňe.
Adamly günlerden aramy açdym,
Ýöreýän, ýanymda ruhum bar diňe.

Güýzüň gussasynyň öňküligi ýok,
Kesp edindim ýalňyzlygy söýmegi.
Eý, dost, niçüýn beýle sesiň çykanok,
Ýene könäň başyn syryp ýörmeli.

Köçeler ýagyşly, galmady ugry,
Heser eden ýaly nätanyş gussa.
Seň bilen dogrumy, sensizlik dogry?
Pikirlem daralýar, köňlümem hassa.

Seýran OTUZOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 380 | Добавил: Мylayym | Теги: Seýran Otuzow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Пересветы / Goşgular - 08.01.2023
Лиле Эфрон / Goşgular - 29.01.2023
«Каменногрудый…» / Goşgular - 19.01.2023
Ot bilen oýun / Goşgular - 16.01.2023
"Näme bolsa, ýene bolsun şonçarak..." / Goşgular - 19.01.2023
«Только закрою горячие веки…» / Goşgular - 20.01.2023
Истина / Goşgular - 02.01.2023
«Всех повестей его герои плоховаты…» / Goşgular - 27.01.2023
«Вскрыла жилы: неостановимо…» / Goşgular - 06.01.2023
"Men şeýle bir goşgy okasym geldi..." / Goşgular - 21.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
1
1 jumagylyjovao  
88
Gussaly.Gowy goşgy, duýgularyny gowy beýan edipdir.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]