13:58

Wagt, dünýä we ahyret hakynda

WAGT, DÜNÝÄ WE AHYRET HAKYNDA

Hasan Basry şeýle diýipdir: «Eý, Adam ogly! Seniň bu arkaýynçylygyň nirä çenli? Sen ertirki gün üçin däl, şu gün üçin ýaşaýarsyň. Eger sen ertirki güne ýeteniňde şu günki aklyňy ulanyşyň ýaly aklyňy ulanarsyň. Eger sen ertirki güne ýetmeseň onda bu günki eden az işleriňe ökünme. Men dirhemlerinden we dinarlaryndan hem beter, öz ömürlerinden geçen günlerine gynanan ençeme kişileri gördüm».

* * *
Şygyr:
Goýma haýyr işi ertire çenli,
Ertä çenli galjagyňam näbelli.

* * *
Pyrgun Temimi şeýle diýipdir: «Zamananyň yzyndan ýetip bilen ýokdur. Zamana olary özüniň iki hadysasy bilen dependir».

* * *
Bir gezek Nugman ibn Munzyr bir agajyň aşagynda dynç almak üçin düşläpdir. Onuň ýanynda Adyý hem bar eken. Adyý ondan:
— Eý, hökümdar! Sen bu agajyň näme diýýändigini bilýärsiňmi? — diýip sorapdyr, soň bolsa şu şygry okapdyr:

Bu saýada düşlän ençe ötegçi,
Oturyp, keýp çekip, al şerap içdi.

Möwriti geçensoň boldy ýolagçy,
Döwür hem üýtgedi, bu hala geçdi.

Nugman ibn Munzyryň şol güni mazasy bolmandyr.

* * *
Bir adamdan:
— Güýz gowumy, ýa-da bahar? — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Bahar gözler üçin, güýz agyz üçin gowy — diýip jogap beripdir.

* * *
Ibn Agraby şeýle diýipdir:

Eşidiň ýediler, baryňyz dogan,
Ölmez-ýitmez hem juwan siz elmydam,
Ýokdur sizi ynsan ornunda goýan (hepdäniň günleri).

* * *
Halyl şeýle diýipdir: «Günler üç görnüşdir, geçilen, görlen we wada berlen. Olar düýn, şu gün we ertirdir».

* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zaman kime peýda beren bolsa, ondan peýdalandygydyr».

* * *
Ibn Semmak şeýle diýipdir: «Dünýä gowşan şondan hem öler. Oňa gowuşmadyk şonuň üstünde hem öler».

* * *
Musa ibn Abdylla ibn Hasan ibn Aly şeýle diýipdir:

Ýaşan ömrümde durmasam ýanyp,
Dergazap bolýaryn bagrymy ýakyp.

* * *
Ibn Jureýjden :
— Mekgede siziň tomsuňyz näçe aý dowam edýär? — diýip sorapdyrlar.
Ol:
— On iki aý — diýip jogap beripdir.

* * *
Şygyr:

Dostlaşalym bäri, zamana bilen,
Asandan soň müşgil baryn gördüm men.
Bir zat begendirse, ulaşyp gama,
Kynçylyga taýýar bolup durdum men.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Kim dünýäde arkaýyn ýaşap, özüniň onuň mekirliklerine sezewar bolandygyny duýmasa, ol aldanandyr».

* * *
Akyldar şeýle diýipdir: «Dünýäniň diňe üç zady bardyr: baýlygy, yzzaty we rahatlygy. Kim-de kim dünýäde kanagatly ýaşasa - baýlygyna gowşandyr. Kim-de kim takwa ýaşasa - yzzatyna gowşandyr. Kimiň gaýgy-gamy az bolsa - rahatlygyna gowşandyr».

* * *
Hasan kakasy Hezret Alydan:
— Ynsanlaryň dünýä bolan söýgüleri barada näme diýýärsiň? — diýip sorapdyr.
Onda Hezret Aly:
— Olar dünýäniň perzentleridir. Heý-de ynsan öz ene-atasyny söýmezmi? — diýip jogap beripdir.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dünýä we ahyret göýä maşryk we magryp ýalydyr. Eger birine ýakynlaşsaň, beýlekisinden uzaklaşarsyň».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dünýä kime giň bolup, özüniň dünýäden aldanýandygyndan bihabar bolsa, akly ony aldandyr».

* * *
Bekr ibn Abdylla Muzeni şeýle diýipdir: «Dünýäden dünýä bilen ýüz öwürýän adam, ody saman bilen söndürjek bolýan mysalydyr» .

* * *
Ybraýym ibn Ysmaýyl şeýle diýipdir: «Soňunyň puşmanlykdygyny bilip, dünýä meýil edýän adamyň haly örän geňdir».

* * *
Asmagy şeýle diýipdir: «Abu Amr ibn Agla maňa şu wakany gürrüň berip: «Obamyzda aýlanyp ýörkäm biriniň şeýle diýýändigini eşitdim:

Adamzadyň dünýäde,
Iň uly gaýgy-gamy,
Ulumsylyk ýüp bilen,
Ony tutjak bolmagy.

Men hem bu sözleri ýüzügimiň gaşyna ýazdym» diýdi.

* * *
Terkidünýä şeýle diýipdir: «Dünýäparaz garypdyr. Ol ony zeýrenip ýygnaýar we nägile bolup iýýär».

* * *
Hasan Basry bir adamdan:
— Seniň dünýä bolan islegiň nähili? — diýip sorapdyr.
Onda ol:
¬¬— Örän güýçli — diýip jogap beripdir.
Onda Hasan Basry:
— Ondan isleýän zadyňa ýetdiňmi? — diýip sorapdyr.
Ol:
— Ýok — diýipdir.
Onda Hasan Basry:
— Sen ondan isleýän zadyňa ýetmedik bolsaň, ondan islemeýän zadyň nähili bolar? — diýipdir.

* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Zamananyň iň gowusy köňlümiň hoşnutlyk tapanydyr».

* * *
Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: — Atly aýlanyp ýörkäm, şeýle bir ses eşidildi:

Eý, ynsanlar! Ägä boluň, bir düşelge bu dünýä,
Islegini bitirip, göçüp, kepenläp münýär.

* * *
Akyldardan:
— Dünýäniň mysaly nämä meňzeýär? — diýip sorapdyrlar.
Onda akyldar:
— Dünýä özüniň mysaly bolmakdan has pesdir — diýip jogap beripdir.

* * *
Bir şahyr şeýle diýipdir:

Gije uzyn, ýöremeýär ýyldyzlar,
Ýa-da azaşdymy, ýitirip ýoly.
Olar bu gijede syr bolup galdy,
Meniň üçin olar azaşan ýaly.

Başga biri oňa şeýle jogaby beripdir:

Gije-hä uzalmady, ýyldyzlaň şol bir ýoly.
Aşyga gije uzyn, olar öňküsi ýaly.

* * *
Şahyr şeýle diýipdir:

Uzyndyr ýar bilen geçirlen gije,
Pynhan posa bolsa, süýji hem gysga.

* * *
Aly ibn Ubeýde şeýle diýipdir: «Zamananyň gözi erbetlikler bilen gyrpyldady, halaýyk hem onuň gözleriniň gabaklarynyň arasynda galdy».

* * *
Rahypdan :
— Siziň baýramyňyz haçan? — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Haýsy gün Allatagallanyň öňünde günä iş etmesem, şol gün hem maňa baýramdyr — diýip jogap beripdir.

* * *
Zahytdan :
— Allatagalla nämäni iň pes edip ýaratdy? — diýip sorapdyrlar.
Ol:
— Eger çybynyň ganaty ýalyjak hem adalatsyzlyk bar bolsa, pany dünýäni — diýipdir.
Soragçy bolsa:
— Eger bu ganatdan köp bolsa, ondan hem has pesdir — diýipdir.

* * *
Bir çarwa arap ýylyň başynda sapara çykarman bolupdyr. Ol öz-özüne: «Eger men muharram aýynda sapara çyksam, haramlyga mynasyp iş etdigim bolar. Eger sapar aýynda ýola çyksam, saralaryn öýdüp gorkýaryn» diýip, saparyny rabyg aýyna goýupdyr. Haçanda rabyg aýy gelip sapara çykanda bolsa, syrkawlapdyr we uzak wagtlap keselinden açylmandyr. Ol öz-özüne: «Men rabyg aýy saglyk aýydyr diýip pikir edýärdim, emma ol syrkawçylygyň dörtden biri eken» diýipdir.

* * *
Şygyr:

Göterenler zamananyň ýükünden,
Akmaklara geçmeginden çekinmez.

* * *
Şygyr:

Bu gün terbiýeledi meni zamana,
Durmuşy ýeňene peşgeş hamana.

* * *
Şygyr:

Diýdiler: «Bu ýyl-a sörtükli boldy»,
Bolmaz-a, ähli ýyl ýagyş-ygally.

* * *
Şygyr:

Ýüzi reňkli zaman dilli degirmen,
Aýlanar ol bir pursatam dek durman.

* * *
Abu Zeýt Ensary şeýle diýipdir: «Abu Dukeýşiň ýanyna bardym. Ol syrkaw ýatan eken.
Ondan:
— Dünýäni nähili görýärsiň? — diýip soradym.
Ol:
— Göwün isleýşim ýaly görmeýärin. Erbet zamanda ýaşaýarys. Tapan jomart däl. Jomart hem tapmaýar — diýdi».

* * *
Hasan Basrydan:
— Eý, Abu Sagyt, sen Muhammet sallallahy alaýhy we sellemden: «Zamana diňe erbetlige gider. Kyýamat diňe erbetleriň üstüne gopar» diýen hadysy rowaýat etmediňmi? — diýip sorapdyrlar.
Ol:
— Hawa, rowaýat etdim — diýip jogap beripdir.
Oňa:
— Omar ibn Abdyleziziň zamany barada näme diýersiň? — diýipdirler.
Ol:
— Ynsanlara dynç almak hem gerek ahyry! — diýipdir.

* * *
Jahyz şeýle diýipdir: «Nowruz güni mihrijandan has öňdedir. Sebäbi, nowruz Nuh pygamberiň döwründäki tupandan öň Jem (Jemşit) şanyň döwründe hem bolupdyr. Nowruz güni Yspyhanyň Kis diýen ýerinde uly baýramçylyk edilip başlanypdyr. Kim ol baýramçylyga girse, adamlaryň köplüginden ýaňa ondan çykyp bilmez eken. Mihrijan bolsa Peridun şanyň döwründe ýüze çykypdyr. Ol Zahhakyň Dünýänet (Demawent) dagynda ýüze çykan we baýramçylyk edilip başlan günüdir».

* * *
Abussamt halypa Japar Mütewekkil barada şeýle diýipdir:

Zamananyň gowusy zamanasy Japaryň,
Biziň üçin mihrijan ol zamanaň her güni.
Her bir kişä aýandyr, kimlerdigi kimleriň,
Ähli zatdan ajaýyp, dilleriň wasp edeni.

* * *
Jahza Barmaky şeýle diýipdir:

Ketjal dek bolsa-da ýyldyzlar gije,
Onuň uzaklygy baky däl hijem.
Zym-zyýatdyr olar daň atan mahal,
Jomart hem wepala meňzeýär säher.

* * *
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kimiň aladasy we gaýgysy dünýä bolsa, Allatagalla onuň kalbyndan baýlygy alar. Ony garyp eder. Oňa ýazgytdan özge zat bermez. Kimiň aladasy we gaýgysy ahyret bolsa, Allatagala ony baý eder. Ol islemese-de, dünýäni oňa berer».

* * *
Dünýäniň we ahyretiň mysaly iki aýally adam ýalydyr. Eger biri razy bolsa, beýlekisi öýkeleýändir.

* * *
Mesih Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Men dünýäni bütinleý taşladym. Şonuň üçin meniň öler ýaly maşgalam ýok, ýykylar ýaly öýüm ýok».

* * *
Wehb ibn Munebbih şeýle diýipdir: «Dünýä akylly üçin oljadyr, akmak üçin gaýgy-hasratdyr».

* * *
Ýahýa ibn Mugaz şeýle diýipdir: «Dünýä şeýtanyň dükanydyr, onuň dükanyndan hiç zat ogurlama, soň ony gelip senden alyp gider. Dünýä weýrançylyk öýüdir, kim ony timarlajak bolsa, onuň kalby weýran bolar. Ahyret abatlyk öýüdir. Kim ony islese, kalby abat bolar».

* * *
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Siziň dünýä üçin ahyreti terk etmegiňizde ýa-da ahyret üçin dünýäni terk etmegiňizde haýyr ýokdur. Siziň üçin haýyrlysy ikisinden hem peýdalanmakdyr».

* * *
Aly ibn Hüseýin Sejjady şeýle diýipdir: «Dünýä ukudadyr, ahyret bolsa oýadyr. Biz bolsa olaryň ikisiniň arasyny birleşdirijidiris».

* * *
Hasan Basry köplenç Nehşel ibn Harysyň sözlerinden mysal getirer eken. Bu beýt hem şolaryň biridir:

Dünýä baky diri däldir ýaşaýan üçin,
Dünýä baky däldir hem zaman üçin.

* * *
Muhammet ibn Wasygdan :
— Sen hiç zatsyz ýaşamaga razy bolarsyňmy? — diýip sorapdyrlar.
Ol hem:
— Hiç zatsyz ýaşamaga razy bolan adam, dünýäden razy bolan adamdyr — diýipdir.

* * *
Farkat şeýle diýipdir: «Dünýäni eneke hökmünde, ahyreti bolsa ene hökmünde görüň. Siz çaganyň ulalyp, akly goýalyp başlanda enekesini taşlap, hakyky enesine ýönelýändigini görmeýärsiňizmi?».

* * *
Herem ibn Hybban şeýle diýipdir: «Akylly adam dünýäni ahyretden öňe tutmaz, jomart adam Allanyň öňünde günä iş etmez».

* * *
Şahyr şeýle diýipdir:

Ganhor hem dindara galkandyr gije,
Maksatlary üçin, güýç goşýan güýje.

* * *
Ýezit Rakkaşy şeýle diýipdir: «Siziň günleriňiz üçdür. Doglan günüňiz, gubura giren günüňiz, Rebbiňiziň huzuryna çykan günüňiz. Munuň iň gysga gününden, ýagny eneden bolup tä gubura girýänçäňiz bolan aralykdan, habardar boluň. Iki uzyn gün onuň şol wagt aralygynda edilen işlere görä kesgitlener».

* * *
Rabyganyň ýanyna zahytlardan we fakyhlardan birnäçe kişi ýygnanypdyr. Olar dünýäniň panydygy barada gürrüň edipdirler. Rabyga bolsa sesini çykarman, olary diňläp oturypdyr. Olar gürrüňlerini tamamlanlaryndan soň, olara garap: «Kim-de kim bir zady halasa, şonuň gürrüňüni köp edýändir. Ony ýa öwer, ýa-da ýamanlar. Eger siziň kalbyňyzda dünýäden zerreçe zat ýok bolsady, ol barada hiç zat agzamazdyňyz!» diýipdir.

* * *
Şahyr şeýle diýipdir:

Dünýä bolsa eger kimleriň dini,
Gorkmaz ondan, ýokdur oňa zyýany.

* * *
Zubeýt Ýamy , Alkama we başga-da birnäçe zahytlar Nowruz we Mihrijan günleri gelende metjide girip, ygtykafda oturar ekenler. Olar: «Eý, Allam! Eger kapyrlar bu günlerde küpür we jahyllyk içinde ygtykafda oturýan bolsalar, biz imanymyz üçin ygtykafda oturýarys. Biziň günälerimizi bagyşla!» diýip, dileg eder ekenler.

* * *
Abu Hanypanyň atasy Nugman Merzuban nowruz güni Hezreti Ala faluzeç getirip beripdir. Hezreti Aly hem oňa: «Biziň nowruzymyz her gün» diýipdir.
Başga bir rowaýatda bolsa, mihrijan güni faluzeç getirdi diýilýär. Ol hem: «Biziň mihrijanymyz her gün» diýipdir.

* * *
Dawut Taýy şeýle diýipdir: «Gije bilen gündiz ynsanlaryň bir düşelgeden başga bir düşelgä düşleýän düşelgesidir. Bu düşelge tä, olaryň saparlary gutarýança dowam edýär. Eger sen her düşelgä azykly we özüň üçin bähbitli gelmek isleýän bolsaň, onda seniň etmeli işiň, munuň üçin howlukmalysyň. Sebäbi sapar ýakyn wagtda kesiler. Sen bu işi başararsyň».

* * *
Dawut Taýy şeýle diýipdir: «Diniň üçin dünýä galyň töleme. Kim dini üçin dünýä galyň tölese, onuň dini puşman edip, oňa öýlener».

* * *
Bir adam Dawut Taýydan atyjylygy öwrenmekçi bolýandygyny aýdypdyr. Dawut hem oňa: «Atyjylyk gowudyr, ýöne sen öz döwrüňe seret, näme bilen meşgullanýarlar, ana, şony öwren» diýipdir.

* * *
Sufýan Söwri şeýle diýipdir: «Eger dünýäni tanamakçy bolsaň, dünýä kimiň elinde bolsa şoňa seret».

* * *
Omar ibn Zer Hemedany şeýle diýipdir: «Düýn bilen şu gün ikisi dogandyr, olaryň biri seniň ýanyňa geler. Sen ol günde erbetlik edersiň we ol gün erbet ýagdaýda seniň ýanyňdan gider. Soň beýleki dogany seniň ýanyňa geler we saňa: «Doganyma eden erbetlikleriňi maňa etjek ýagşylyklaryň bilen süpürip aýyr. Ýogsam biz saňa erbet şaýat bolarys» diýer».

* * *
Muhammet ibn Sewka şeýle diýipdir: «Dünýä bilen ahyretiň mysaly tereziniň iki tarapy ýalydyr, ýagny bir tarapy agralsa, beýlekisi ýeňlär».

* * *
Beni Ysraýylly bir hökümdar bir şäher gurdurypdyr. Onuň gurluşygyna uly üns beripdir. Soň şäheriň gapysynda çadyr gurup, nahar taýýarlap, uly hudaýýoly beripdir. Onuň bu şäherinden hiç kim aýp tapmanyr. Diňe üç sany donly kişi gelip:
— Biz seniň bu işiňde iki sany aýyp görýäris — diýipdirler.
Onda ol:
— O nähili aýyp ? — diýip sorapdyr.
Olar:
— Bu şäher weýran bolar we eýesi hem öler — diýipdirler.
Hökümdar olara:
— Bu iki aýby bolmadyk başga öýi siz bilýärsiňizmi? — diýip sorapdyr.
Olar hem:
— Hawa bilýäris, ahyret öýi — diýip jogap beripdirler.
Hökümdar hem olaryň bu sözünden soň tagat-ybadat bilen meşgullanmaga başlapdyr. Birnäçe gün olar bilen bolup, ybadat edipdir. Soň olar bilen hoşlaşypdyr we olar ondan:
— Sen bizde göwnüňe ýaramadyk zat gördüňmi? — diýip sorapdyrlar.
Ol hem:
— Ýok siz maňa öwretdiňiz, maňa hormat goýduňyz. Men özümi tanamaýanlar bilen dostlaşdym, siz maňa dost bolduňyz, maňa dogry ýoly öwretdiňiz we ahyreti tanatdyňyz — diýipdir.

* * *
Ibn Semmak şeýle diýipdir: «Dünýä kimi özüne meýil etdirmek üçin lezzetinden dadyrsa, ahyret hem dünýäniň ajylygyny ondan uzaklaşdyrmak üçin dadyrar».

* * *

Mujahyt şeýle diýipdir: «Dünýäniň ähli günleri: «Elhamdulillä (Alla öwgi bolsun), ol meni dünýäden we dünýädäkilerden rahat etdi» diýmän gidýän däldir. Soň Allatagala ol güni ýygnar we ol gün hiç haçan yzyna gelmez».

* * *
Muhammet alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eger ymmatym dünýä meýil etmäge niýetlense, onuň kalbyndan yslama hormat gider».

* * *
Fuzeýl şeýle diýipdir: «Eger dünýä tutuşlygyna maňa halal diýip berilse we kyýamatda ondan sorag ýok diýilse hem, siziň biriňiziň maslygyň ýanyndan geçeniňizde, «ysy üstüme siňäýmesin» diýip, gaçyşyžyz ýaly men hem ony ýigrenip, gaçaryn».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýä kyýamat gününde bezenip, bütin gözelligi bilen ýöräp geler. Ol:
— Eý, Rebbim! Meni öz bendeleriň içinden iň ýagşylaryna öý et! — diýer.
Allatagala bolsa oňa:
— Seniň olara öý bolmagyňa razy däldirin. Sebäbi sen hiç zatsyň. Ýok bol! Dyr-pytrak bol! — diýer».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger dünýä seniň eliňde bolsa we saňa: «Ony taşla, seniň guburyň giňär» diýilse, sen etmezmiň? Ýa-da saňa: «Ony taşlasaň kyýamat gününde suwsuzlygyňy gandyrarsyň» diýilse, sen etmezmiň?»

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ähli haýyr işler bir öýdedir. Onuň açary takwalykdyr. Hemme şerler hem bir öýdedir, onuň açary dünýäni söýmekdedir».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýäni saz-söhbet we surnaý bilen islemek, dünýäni din bilen islemekden has gowudyr».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Ynsanyň dünýäni dünýädäki iň erbet zatlar bilen islemegi, ahyreti islenilýän zatlaryň iň gowusy bilen islemeginden has gowudyr».

* * *
Hadysda şeýle diýlipdir: «Allatagala dünýä şeýle diýipdir: «Eý, dünýä meniň mömin bendäm üçin ajy bol. Oňa süýji bolma».

* * *
Abyt (ybadathon) şeýle diýipdir: «Men gaýgy-gamlara, hata we günä işlere gynanmaýaryn. Men uklap geçiren gijelerime, oraza tutmadyk günlerime we Allanyň zikrini etmän geçiren wagtlaryma gynanýaryn».

* * *
Ybraýym Edhem şeýle diýipdir: «Kalbyňy dünýäni agzamakdan boşatsaň, kalbyň hem saňa öz razylygyny bütinleý berer».

* * *
Çarwa arap aýal kowmuna şeýle diýipdir: «Allatagala gowuşjakdygyňyza şatlanyň. Sebäbi bu günler bizi ýuwaş-ýuwaşdan oňa golaýlaşdyrýar (ýagny gün geçdikçe ölüm ýakynlaşýar)».

* * *

Mustewrit Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýä ahyretiň ýanynda, siziň biriňiziň barmagyňyzy umman deňze batyranda galýan zat ýalydyr».

* * *
Abul Atahyýa şeýle diýipdir:

Irden turdum, meniň sussum örän pes,
Bu ýollara çäre barmy, eý näkes?

Dünýä meni oýunjak dek oýnaýar,
Deňiz gark bolany şeýtmän goýmaýar.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dünýäni dost tutan göýä suwy goşawuçlap tutan ýalydyr. Barmaklary hem oňa hyýanat edip, suwy syzdyryp çykararlar».

* * *
Enes şeýle diýipdir: «Allatagala dünýäni synag öýi edip ýaratdy. Ahyreti bolsa synagyň netije öýi edip ýaratdy. Dünýäni ahyretiň sogabyny gazanmak üçin sebäp etdi. Ahyretiň sogabyny hem dünýäniň synagyna garşylyk etdi. Ol bermek üçin alýandyr, sogap üçin synag edýändir».

* * *
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Dünýä uly ähmiýet bermäň, sebäbi ol size peýdasyz zatlary has owadan görkezer. Size peýdaly bolan zatlary bolsa erbet görkezer».

* * *
Ibn Uýeýne şeýle diýipdir: «Allatagala dünýä şeýle diýipdir: «Eý, dünýä! Özüňe hyzmat edeni özüňe bendi et. Maňa hyzmat edene bolsa, sen hem hyzmat et!».

* * *
Bir adam Hasan Basra:
— Eý, Abu Sagyt, men eger ajyksam tapdan düşýärin, doýsam demimi zordan alýaryn — diýipdir.
Onda Hasan oňa:
— Bu diýar seniň bilen ylalaşmaz. Sen başga diýary gözle — diýipdir.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dünýä asyl mekana tarap geçelge ýoludyr. Ynsanlar hem iki topardyr. Biri öz janyny satar, dünýä olary heläk eder. Beýlekileri bolsa janlaryny satyn alarlar, dünýä bolsa olary erkinlige goýberer».

* * *
Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hakykatdan Allatagala dünýäni ahyretiň niýetine berýär, emma ahyreti dünýäniň niýetine bermez».

* * *
Zahytdan dünýä barada soralanda ol: «Dünýä dert-muşakgatlaryň üýşen we şerbeti bulançak bolan ýerdir. Munda dost dosta, dogan-dogana peýda bermez» diýipdir.

* * *
Sabyt ibn Magbat şeýle diýipdir: «Dünýäniň dostlugy içýanyň dostlugy ýalydyr. Soňunda zäheri we iňňesi bilen çakar».

* * *
Halypa Mamun şeýle diýipdir: «Eger sen menden dünýä barada sorasaň, men ony diňe Abu Nuwwasyň aýdyşy ýaly wasp ederin:

Dünýäni synaga salsaň eger sen,
Dost lybasly duşmanlygyn görersiň.

* * *
Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Kim derýanyň tolkunlarynyň üstünde öý gurar? Dünýäden habardar boluň. Dünýäni özüňize mesgen görmäň».

* * *
Muhammet ibn Ýahýa Wasyty şeýle diýipdir: «Allanyň tagatyndan şeýtanyň tagatyna köp üns berýän Allany doly manyda tanamaz, dünýä köp üns berýän hem ahyreti doly manyda tanamaz».

* * *
Bişr ibn Harys şeýle diýipdir: «Ahyreti mal-mülküň başy kyl. Heý, dünýäni utan kişini görüpmidiň?».

* * *
Ibn Mesgut Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Dünýä sögmäň. Ol mömini haýra ýetirýän nähili oňat ulagydyr. Onuň bilen şerden halas bolýarlar».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eger bir adam saňa: «Allatagalla dünýä lagnat etsin diýse» onda dünýä hem: «Öz Rebbine iň uly günäkär bolan guluna Allatagala lagnat etsin» diýer.

* * *
Şahyr şeýle diýipdir:

Käbirleri diýýär: «Zamana, bozuk»,
Ýok, bozuk özüňiz, däl ahyr siz hak.

* * *
Ibn Rumy şeýle diýipdir: «Sen näme döwri günäkärleýärsiň, ol näme saňa öz maksatlaryny, seniň üçin gizlin ýa-da görünmeýän ýer bolan, dag başyndaky bürgüdiň höwürtgesinde ýa-da balygyň ýaşaýan ýeri bolan deňiziň düýbünde getirdimi?»

* * *
Hasan Basry bir gezek:
— Hajjaçdan eşiden sözüm meni keselletdi — diýipdir.
Ondan:
— Seni şu Hajjajyň sözi keselletdimi? — diýip geňirgenip sorapdyrlar.
Ol hem:
— Hawa. Men onuň şu agaja çykyp aýdan şeýle sözlerini eşitdim. Ol: «Eger bir kişiniň ömrüniň sagady öz ýaradylyşyna mynasyp bolmadyk ýagdaýda geçse, onda onuň muňa gynanmasy dogrudyr» diýdi — diýipdir.

* * *
Abdyrahman Ensary Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kyýamat ýakynlaşanda ýagyş köp ýagyp, ösümlik az bolar, ylym okan köp bolup, din alymy az bolar, soltanlar köp bolar, emma ynamdarlary az bolar».
Enes hem bir hadysda şeýle rowaýat edipdir: «Metjitler geçelge ýoluna öwrüler».

* * *
Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Fyrat derýasy gyzyl bir dagdan açylyp çykýança kyýamat gopmaz. Ynsanlar onuň üstünde urşarlar. Her ýüz kişiden togsan dokuz kişi öldüriler. Olaryň her biri: «Belki, şol halas bolan mendirin» diýer».

* * *
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Sen Allanyň 50 000 ýyllap aýakda goýjak kowumlary barada pikirlen. Olar iýmezler, içmezler hatda olar suwsap boýunlary kesilip gider. Garynlary açlykdan ýaňa ýansa, ony ot bilen doldurarlar, gaýnap duran suw guýarlar. Onuň tagamy hem örän ajydyr we ol mundan ýaňa çişer».

* * *
Bir gezek Abu Sagyt Hudry Muhammet alaýhyssalamdan:
— Ýa, Resulalla! Kyýamat gününiň dowamlylygy näçedir? — diýip sorapdyr.
Pygamberimiz hem:
— Nebsim (janym) gudrat elinde bolan Alladan ant içýärin, ol mömine gysga bolar. Eger mömin namazly bende bolan bolsa has hem gysga bolar — diýipdir.

* * *
Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Bu mömine şeýle bir gysga bolar welin, göýä günüň batýarka sallanyşy ýaly gysga bolar».

* * *
Dawut ibn Abu Hint şeýle diýipdir: «Bendäniň kyýamat güni elli duralgasy bardyr. Her duralganyň arasy müň ýyldyr».

* * *
Gije bilen gündiz iki sany hazynadyr. Olary taşlama. Olar seniň peýdaňa işleýändir. Olaryň ikisini hem ulan.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Zamanany baş egdirip bilmersiň, şonuň üçinem oňa mylaýym bol».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Dünýä saňa özüniň sypatlaryny görkezdi, saňa öz erbetliklerini açdy. Sen dünýä ýaşaýjylaryndan düşýän zatlara aldanmaly dälsiň. Olar oňa topulýarlar. Sebäbi olar uwlaýan itlerdir, açgöz ýyrtyjy haýwanlardyr, biri-birine hyrryldaşýarlar, güýçli ejizi gemirýär, uly kiçini dalaýar, biri rahatdyr, beýlekisi misgindir. Olar akyllaryndan azaşanlar we nadanlyklaryna atlananlardyr».

* * *
Abdylmälik Hajjaja hat ýazyp, maňa zamanany beýan et diýipdir. Ol hem: «Düýn göýä bolmadyk ýalydyr. Ertir hem göýä bolmadyk ýaly bolup geçer. Bu günüň bolsa boş wagty uzyndyr. Emma ony hem aýdym-saz bilen gysgaldýarlar, akylly kişi geljegi üçin munda azyk taýýarlamalydyr» diýipdir.

* * *
Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Ýazyklar bolsun. Men dünýäni alyn dişleri bolmadyk garry aýal görnüşinde gördüm. Onuň ähli zynatlary bardy.
Ondan:
— Näçe gezek durmuşa çykdyň? — diýip soradylar.
Ol:
— Sanamadym. Örän köp — diýdi.
Ondan ýene:
— Olar öldülermi ýa-da saňa talak berdiler? — diýip soradylar.
Ol:
— Ýok, men olaryň hemmesini öldürdim — diýdi.
Onda oňa:
— Seniň galan ýanýoldaşlaryň hem nähili betbagt eken! Olar nädip öňküleriň saňa öýlenip düşen ýagdaýlaryndan nusga almaýarlar. Olar senden heder etmeýärmikäler! — diýdiler».

* * *
Ibn Abu Uýeýne şeýle diýipdir:

Hiç kim dünýä öýünde dynç alyp gören däldir,
Emma dünýä akylla ybratdyr-göreldedir.

* * *
Hasan ibn Aly köplenç şuny aýdar eken:

Eý, bu pany dünýäden lezzet alanlar, biliň,
Saýasyna daýansaň birisiň biakylyň.

* * *
Hadysda şeýle diýlipdir: «Dünýä öýsüze öýdür. Malsyza maldyr. Ony akylsyzlar ýygnar. Pähimsiz onuň lezzetleriniň ugrunda bolar. Ylmy ýok oňa duşmançylyk eder. Düşünjesi bolmadyk oňa bahylçylyk eder. Ony tanamaýan onuň ugrunda ylgar».

* * *
Mälik ibn Dinar şeýle diýipdir: «Jadygöý dünýäden gorkuň. Sebäbi ol alymlaryň hem kalbyny jadylaýandyr. Kimiň kalbynda imandan bir zerre bar bolsa dünýäniň soňuna daýanmasyn».

* * *
Kim dünýä uly ähmiýet berse, dünýäde we ahyretde gaýgysy köp bolar.

* * *
Ol gün (kyýamat gününde) kyýamatyň gorkunçlygyndan ýaňa garrylar bükülip, çagalar garrar.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Günler içinde sagat çalt geçýär. Aý içinde gün çalt geçýär. Ýyl içinde aý çalt geçýär. Ömür içinde ýyllar çalt geçýändir».

* * *
Enes şeýle diýipdir: «Pygamberden günler barada soraldy. Ol: «Ruh gün mekirlik we aldawçylyk günüdir. Sebäbi kuraýşy taýpasy bu günde Darun-Nedwede hilegärlik edendir. Dynç gün agaç oturtmak we gurluşyk günüdir. Sebäbi ol günde Allatagala dünýäni ýaradyp başlapdyr. Baş gün sapara çykmak we söwda günüdir. Sebäbi Şugaýyp alaýhyssalam bu günde sapara çykdy we söwda edip, peýda gazandy. Ýaş gün gan günüdir. Sebäbi How ene bu günde aýbaşy gördi we Adam Atanyň ogly öz doganynyň ganyny dökdi. Hoş gün dowamly bela günüdir. Sebäbi Alla ol günde Pyrguny gark etdi we ad bilen semut kowmuny heläk etdi. Sogap gün hajatlaryň islenilýän we soltanlaryň kabulhanasyna barylýan gündür. Sebäbi Ybraýym alaýhyssalam ol günde hökümdaryň ýanyna bardy, öz hajatlaryny isledi, ol hem oňa hormat goýdy we oňa aýaly Hajar sowgat berildi. Anna gün sawçylyk we nika günüdir. Sebäbi nikalar bu günde gyýylýar».

* * *
Muhammet alaýhyssalam bir gezek sahabalara ýüzlenip: «Size jennetiň sagatlaryndan bir sagady habar bermegimi isleýärsiňizmi? Ol sagatda kölegeler uzalýar, rysgallar paýlanýar, rehmet giňelýär, dogalar kabul bolýar» diýipdir.
Oňa:
— Hawa, ýa, Resulalla — diýip jogap beripdirler.
Ol:
— Ol wagt daň atandan tä gün dogýança bolan aralykdyr — diýipdir».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Bir gün Muhammet alaýhyssalam gün dogmazdan ozal uklap ýatan Äşäni yralap, oňa: «Rebbiň rysgalyny gazanmak üçin we gapyllardan bolmazlygyň üçin tur, çünki Alla öz bendeleriniň rysgallaryny daň atandan, tä gün dogýança paýlaýandyr» diýdi».

* * *
Enes Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Ertir namazyňdan soň, tä gün dogýança özüniň tutuş maşgalasy bilen Allanyň zikrine meşgul bolan kişi, meniň ýanymda Ysmaýyl ogullaryndan bir kişini azat edenden hem has gowudyr».

* * *
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Nebsim gudrat elinde bolandan ant içýärin, men şeýle bir kişileri bilýärin, olar dünýä üstünde ýöreýän topraklaryndan hem has az üns berýärler. Olaryň gün dogdumy ýa-da batdymy, hiç hili habarlary hem ýok».

* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Dünýä özi üçin çalyşýana, çalyşýandyr. Onda heläk bolmazdan, ondan gaç. Walla, men saňa bulary duýdurýaryn we heläkçiligi habardar edýärin».

* * *
Ibn Apbasdan:
— Nuh alaýhyssalam gämide namazyň wagtlaryny nädip bilipdir? — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Alla oňa iki sany dür beripdir, biri ak, göýä gündiziň aklygy ýaly, beýlekisi gara, göýä gije garaňkysy ýaly. Eger agşam düşse, bu gara dür ak dürden üstün çykmaga başlaýar eken. Eger gündiz bolsa ak dür gara dürden üstün çykmaga başlaýan eken, göýä on iki sagadyň ölçegi ýaly — diýip jogap beripdir.

* * *
Kubeýsa ibn Jabyr şeýle diýipdir: «Dünýä ahyretde towşanyň awçydan gaçyşy ýaly gorkup gaçar».

* * *
Ýahýa ibn Mugaz Razy şeýle diýipdir: «Dünýä şeýtanyň şerabydyr. Kim ondan içse, diňe ölüm esgeri gelende gynanyp, puşman edip açylar (ondan bärde açylmaz)».

* * *
Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Dünýäňi ahyretiňe sat. Şeýtseň, hemme taraplaýyn utarsyň».

* * *
«Mütewekkiliň gijesi» atlandyrylan söz — kimdir biriniň maksadyna ýeten gijesi hökmünde «şatlykly gijä» mysal bolup nakyla öwrülip galypdyr. Ol gije 232-nji hijri ýylynyň şowwal aýynyň dolmagyna üç gün galanda, sogap güne gabat gelýär. Ony Bagyr Türk(men)i bilen öz ogly Muntasyr dildüwşip, bir şerap mejlisinde öldüripdirler.

* * *
Abul Kasym Zagpyrany bir şygyrda şeýle diýipdir:

Mütewekkil gözlerin baky ýuman gijesi,
Halas boldy galada, ynsanlaryň nijesi.

* * *
Barmakylaryň döwrüniň parahatçylygy, haýryň we bereketiň köpdügi barada Jemmaz : «Bize barmakylaryň zamany ýaly saçak getiriň, hyzmat ediň» diýipdir.

* * *
Salyh ibn Taryf şeýle diýipdir:

Siziň döwür gowudy, eý, Barmak ogullary!
Ol döwürler üýtgedi, zamana yrga boldy.

Siziň ötgür döwrüňiz, dünýä göýä gelindi,
Bu gün göýä dul aýalyň, ýagdaýyna gelindi.

* * *
Abu Mansur Sagalyby Horezm Şa Abul Apbas barada şeýle diýipdir:

«Eý, Perwerdigär! Sen Mamun ogly Mamunyň raýatlaryny Barmak ogullaryny goraýşyň deýin, gorawer!
Onuň halky üçin eden işleri, nygmatlary, halk üçin şatlyk boldy we hemme ýere ýaýrady».

* * *
Abdylmälik ibn Merwan «Biz «Ümmi Hynewwerden» üstün çykdyk» diýeninden soň bir hepde ýaşapdyr. «Ümmi Hynewwer» dünýäniň lakamydyr. Aslyýetinde «Ümmi Hynewwer» syrtlan diýmekdir. Syrtlanyň adam iýýändigi üçin dünýä oňa meňzedilipdir. Hatda dişe hem syrtlan diýlipdir.

* * *
Hezreti Hatyja we Abu Talyp bir ýylda, ýagny Muhammet alaýhyssalamyň pygamberliginiň altynjy ýylynda wepat bolupdyrlar. Muhammet alaýhyssalam bu ýyly «gynanç ýyly» diýip atlandyrypdyr.

* * *
Hijri ýylynyň 80-nji ýylynda Mekgä uly sil gelipdir. Hatda ol sil üsti ýükli düýeleri hem alyp gidipdir. Mekgeliler bu ýyla: «Zyýan ýyly» diýipdirler.

* * *
Ibn Rumy şeýle diýipdir:

Döwrüň iki oglunyň gapyl işleri bardyr,
Günüň geçirmek bilen ýagşyja oýnaýandyr.

* * *
«Kösäniň ata münmegi» sözi – azer aýynyň gelmeginden ybaratdyr. Munuň sebäbi hem köseler bu aýyň başynda gyzgyn dermanlary içýärler we endamlaryna gyzgyn, çig zatlary sürtýärler. Soň diňe ýeke donly gezýärler. Bu bagdatlylaryň we parslaryň däbidir.
* * *
Şahyr Myrady şeýle diýipdir:

Eý, jarçy, ulaga atlandy köse,
Düş atdan, pyýada ýöre, sen eýse.

Azerden nygmaty – paýyňy al sen,
Hem durmuşda sapaň açaryn al sen.

* * *
Erdeşir ibn Bäbek şeýle diýipdir: «Dünýä aldanma, sebäbi seniň ýeke özüň dälsiň. Dünýäni terk hem etmäň, sebäbi ahyrete diňe onuň üsti bilen ýetip bolýandyr».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dünýäniň ýaşaýjylary göýä ulagly seýr edip ýören ýalydyr. Ol ulagyň üstündedir, ulag bolsa uklap ýatandyr».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Size dünýäden el çekmegiňizi maslahat berýärin. Sebäbi ol ýer çadyryň sökülmeli ýeridir. Suwuna-otuna aldanyp, oturylmaly ýer däldir. Ol aldawçylyk sebäpleri bilen bezenendir, zynaty bilen aldaýandyr. Ol öý Rebbiniň gatynda ähmiýetsiz öýdür. Halaly haramyna, haramy halalyna garyşandyr. Ýaşaýşy ölüm bilendir, lezzeti ajylyk bilendir. Allatagala ony dostlaryna hem beren däldir, duşmanlaryndan hem ony saklan däldir».

* * *
Ibn Hanapyýa şeýle diýipdir: «Kime nebsi hormat-sylagly bolan bolsa, dünýäsi oňa haýyn bolandyr».

* * *
Bir adam Hezreti Alynyň ýanynda dünýäni ýamanlapdyr. Hezreti Aly oňa şeýle jogap beripdir: «Dünýä hakykatdan hem sözüni dogry bilene hakykat ýurdudyr. Düşünýäne halasgärlik ýurdudyr, ondan azygyny edinýäne baýlyk öýüdir. Öwüdini tutana öwüt-nesihat öýüdir. Allanyň dostlarynyň sežde edýän ýeridir. Allanyň perişdeleriniň namaz okaýan ýeridir. Allanyň wahysynyň inen ýeridir. Allanyň dostlarynyň dükanydyr. Ondan rehmet gazanýarlar, ondan jenneti gazanýarlar. Kim dünýäni ýamanlap biler. Ol onuň özünden aýrylyp gitjekdigini belent ses bilen bildirendir. Özüniň we maşgalasynyň soňuny habar berendir. Belasy bilen bela mysal berer. Şatlygy bilen şatlyga mysal berer. Ynsan aman-sag ýatyp, derde, mähnete sezewar bolup turar.
Eý, dünýäni ýamanlaýan, soňra bolsa onuň aldawyna düşen. Dünýä seni haçan aldady? Haçan seniň ýoluňy azdyrdy? Bedenleri çüýräp, dargap giden atalaryň bilen aldadymy, ýa-da topragyň aşagynda ýatan eneleriň mazarlary bilen aldadymy?»

* * *
Şahyr şeýle diýipdir:

Gowy günlere duşsaň, peýdalangyn sen ony,
Sebäbi, mydam duşar bu durmuşyň kyn güni.

* * *
Ubeýdylla ibn Abdylla ibn Tahyr şeýle diýipdir:

Saňa bu pany dünýäniň pesligi hökmünde, haramzadalaryň belent bolup, abraýlylaryň pes bolmagy ýeter.
Sebäbi yzzatly adamlar aýak astyndadyr, emma pes adamlar bolsa, başlaryň üstündedir.

* * *
Araplar taryhdaky her 100 ýyla eşek ýyly diýip at goýupdurlar. Ol 100 ýyl hem Uzeýriň eşeginiň başyndan geçen hadysa üçindir.

* * *
Merwan ibn Muhammede «eşek» Merwan diýip at goýupdurlar. Sebäbi merwan ogullary halypalygyň başynda 100 ýyl hökümdar bolupdurlar.

* * *
Bir adam bazardan eşek satyn alypdyr. Görse ol garry eken. Ol oňa seredip: «Görýän welin bu eşek «eşek ýylyndan» hem öň doglupdyr öýdýän» diýipdir.

* * *
Dünýä talak bermek, ahyrete galyň bermekdir, ahyrete talak bermek, dünýä galyň bermekdir.

* * *
Mugawyýa şeýle diýipdir: «Biz erbet zamanda we ýaramaz döwürde ýaşaýarys. Bu dünýäde gowy ýaman hasaplanýar, ýaman bolsa gowy hasaplanýar».

* * *
Şygyr:

Ýolagça iň gowy wagt eger yza dolansa,
Onuň salkyn howasy, gije ýöräne bolsa.

* * *
Bahar paslynyň waspy barada şeýle diýipdirler: «Bahar pasly ýürekleriň rahatlygy we jennetiň ysy bilen geldi».

* * *
Semut kowumyna azap dynç gün irden berlipdir.

* * *
Hadysda şeýle diýlipdir: «Dynç günüň şerinden Alla sygynýarys. Siz we siziň her biriňiz dynç günüň şerinden habardar boluň. Göýä gylyjyň kesgir tarapynyň bolşy ýaly onuň hem ýiti tarapy bardyr».

* * *
Araplarda hoş gün şum gün hasaplanýar.

* * *
Ibn Apbas Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Her aýyň iň soňky hoş güni dowamly bela günüdir».

* * *
Milady gijesi uzynlyga mysaldyr. Bu barada Abu Nuwwas şeýle diýipdir:

Ol gije uzyndy – atmajak ýalydy daňam,
Iki ujy-da birleşipdi onuň tasdanam.

Ol gije milady gijesidir (milady gijesi örän uzyn bolupdyr).
* * *
Bu gije Isa ibn Merýemiň doglan güni hem diýipdirler.

* * *
«Gadyýry hum» gijesi — şaýylara görä mukaddes gijedir. Olar ol gijäni ybadat bilen geçirýärler. Bu gije Resulalla Gadyýry hum diýen ýerde düýäniň üstünde hutba aýdypdyr. Şol hutbada hem: «Men kimiň möwlasy (hojaýyny) bolsam, Aly hem şonuň möwlasydyr (hojaýynydyr)» diýipdir.

* * *
Herir gijesi — Syffyn söweşiniň gijelerinden bir gijedir. Ol gijede köp adam öldürilipdir. Hezreti Aly her bir adam ölende «tekbir» aýdar eken. Onuň tekbirleri ýedi ýüze ýetipdir. Bu gije elhençligiň nusgasy bolup galypdyr.

* * *
Ibn Apbasdan:
— Nowruz näme üçin baýramçylyk edilip bellenýär — diýip sorapdyrlar.
Onda ol:
— Sebäbi ol täze ýylyň baş güni, köne ýylyň hem iň soňky günüdir. Bu güni baýram edýänler hökümdarlaryna geň-enaýy zatlary we sowgatlary hödürlemegi gowy görýärler. Ajamlar ony ýyl başy hökmünde kabul edýärler. Hökümdar daşardan gelýänlerden şeker kabul edýär. Bu gün ferwerdin aýynyň ilkinji günüdir — diýipdir.

* * *
Çarwa arap şeýle diýipdir: «Pylan kişi meniň gözümde kiçeldi, sebäbi, görsem dünýä onuň gözünde ulalypdyr».

* * *
Çarwa arap dünýä barada şeýle diýipdir: «Dünýä örküçleri ýerde, dabanlary asmanda bolan düýe ýalydyr. Dünýäde haýyr nämynasypdan islenilýär. Garyplyk bolsa nädogry ýerlerde. Onuň bu kemçilikleri saňa ýeter».

* * *
Hasan Basry şeýle diýipdir: «Mömin dünýäde kesekidir. Şonuň üçin ol onuň pesligine gynanmaz, lezzeti üçin jan çekmez».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Eý, Adam ogly! Sen şu wagt köpsüň. Wagt geçer, olaryň köpüsi gider».

* * *
Salam ibn Misgin şeýle diýipdir: «Hasan Basry bize şeýle diýdi: «Eý, ýaşlar! Siz ahyreti isläň. Biz ahyreti islän käbir kişileri gördük. Olara dünýäni-de, ahyreti-de gazandylar. Emma biz dünýäni isläp, ahyreti gazanany görmedik».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Her dogan täze gün şeýle diýip gidýär: «Eý, ynsanlar, men täze gün. Edilen işleri görýärin. Meniň günüm batandan soň, size tä kyýamata çenli gaýdyp gelmerin».

* * *

«Farazdagyň gijesi» — «talanmak gijesine» mysaldyr. Farazdak bir gezek bir aýal monahyň ýanynda gijeläpdir. Onuň ýanynda doňuz etinden bişen nahary iýipdir, aragyny içipdir. Onuň bilen bile ýatypdyr we eşiklerini ogurladypdyr . Jerir bu barada Farazdagy ýaňsylap şeýle diýipdir:

Kimdir biri gonak alaýsa meni,
Tiz ýitirýän ar-namysy, haýany.

* * *
Abu Ferej Babga şeýle diýipdir:

Zamananyň gowsy zikir mahaly,
Pasyllaryň iň gowusy – bahary.

* * *
«Ubeýt güni» — «bagtsyzlyk gününiň» mysalydyr. Ubeýt ibn Ebras hökümdar Nugman ibn Munzyryň erbet we gynançly gününde onuň garşysyna gidipdir. Sebäbi kim erbet gününde onuň garşysyna çyksa, halas bolmaz eken, şeýle hem onuň bagtly gününde kim onuň bilen duşuşsa, ol oňa sylag-serpaý berer eken. Şol güne hem «Ubeýt güni» diýlipdir. Abu Temam bu barada şeýle diýipdir:

Pikir etseler dönmez diýip yzyma,
Düşer Ubeýt güni ol gün ýadyma.

* * *
Garrylaryň günleri — aýdylyşyna görä, araplardan bir bilgiç garry aýal bar eken. Ol bir gün öz taýpasyna gyşyň ahyrynda güýçli we gazaply sowugyň boljakdygyny we uly şahly mallara erbet zyýan ýetirjekdigini aýdypdyr. Emma onuň aýdanlaryna gulak asmandyrlar we ýazyň gelmegine garaşyp, diňe kiçi mallaryna üns beripdirler. Birdenkä, gyşyň ahyry diýseň gazaply gelipdir we uly şahly mallara zyýan ýetiripdir, şonuň üçin hem oňa garrylar günleri ýa-da garrylar sowugy diýipdirler.

* * *
Rowaýat etmeklerine görä, ol garry aýalyň ýedi ogly bar eken. Ol bir gün ogullaryndan özüni durmuşa çykarmaklaryny sorapdyr. Ogullary hem oňa käýäpdirler. Soň olar oňa: «Sowuk howada ýedi gün dursaň seni durmuşa çykaraly» diýipdirler.
Ol garry aýal hem olaryň aýdyşlary ýaly edip, sowuk howada galypdyr. Ýyl hem it ýyly eken. Ol ýedinji gün diýlende wepat bolupdyr. Şol günler hem garrylar gününe degişli edilipdir.

* * *
Şeýle-de: «Ol günler ad kowumynyň heläk bolan günleridir» hem diýlipdir. Ýöne dogrusy «garrylar güni» gyşyň ahyrydyr.

* * *
Eger oglan ýigit çykanda oňa: «Çaganyň sakaly çykdy, murty derledi» diýipdirler.

* * *
Abul Atahyýa şeýle diýipdir:

Aldanma dünýäniň ýüzüne bakyp siňe sen,
Ömür puşman edersiň görseň eger ýeňsesin.

* * *
Ibn Ammaryň ýyly mekgeliler üçin haýry köp bolan ýyldyr. Ibn Ammar — Ahmet ibn Omar ibn Şady Basrydyr. Ol halypa Mugtasymyň weziri bolupdyr. Ol wezirligini taşlap: «Men Mekgede Allanyň goňşuçylygynda ýaşamak isleýärin» diýipdir. Mugtasym oňa on müň dinar beripdir. Şeýle hem oňa Mekgede paýlamak üçin ýigrimi müň dinar iberip, olary diňe haşymylara, kuraýşylara we ensarylara bermegini sargapdyr.
Ibn Ammar ondan:
— Olardan galanlara paýlamaýynmy? — diýip sorapdyr.
Mugtasym hem oňa ýene-de bäş müň dinar berip:
— Al bulary hem olara paýla — diýipdir.
Mekgeliler hem bu ýagdaý sebäpli: «Ibn Ammaryň ýyly ýaly ýyl görmedik» diýipdirler.

* * *
Bir akyldar şeýle diýipdir: «Ynsanlaryň içinde zamananyň iň alymy, onuň hadysalaryna az geň galýandyr».

* * *
Şahyr şeýle diýipdir:

Gündizden soň gijäň gelşine kybap,
Wagt hemmä terbiýe berer döwrebap.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Bu dünýä meniň gözüme jüzzamly kişiniň elinde gemirlen doňuz süňklerinden hem has pesdir».

* * *
Abu Hafs Şatranjy şeýle diýipdir:

Ynsan geçen her gün üçin dynç almagy arzuw edýär,
Täze günüň her habaram düýn üçin seni agladýar.

* * *
Mugawyýa şeýle diýipdir: «Hezreti Abubekr Syddyk (Alla ondan razy bolsun) dünýäden gaçdy, dünýä bolsa ondan gaçdy. Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) onuň bilen gyzyklandy, ol hem onuň bilen gyzyklandy. Hezreti Osman (goý, Alla ondan razy bolsun!) oňa gowuşdy, ol hem oňa gowuşdy. Emma men dünýä bilen arkan-ýüzin ýatdym».

* * *
«En-nesaýyh es-sygarda» şeýle diýlipdir: «Eý, dünýä! Sen niçe batyrlary ýaraladyň. Niçe göz gabaklaryny gabartdyň. Özüňden aýra düşendikleri sebäpli, aşyklaryň kellelerini erbet akybete ugratdyň. Olaryň senden edýän arz-şikaýatlary bolsa daşlaryň sany ýalydyr».

* * *
Enes şeýle diýipdir: «Her gijäniň, gündiziň, aýyň we ýylyň owwalynda haýyr bardyr. Men muny siziň pygamberiňizden eşitdim».

* * *
Ýunus ibn Meýsere şeýle diýipdir: «Bize näme bolýarka? Üstümize gelýän ähli zaman üçin aglaýarys we üstümizden geçen ähli günler üçin hem aglaýarys».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Başy jebir-jepa (mähnet) bolan we soňy panylyga elten ýurdy men size nädip beýan edeýin. Halalynda hasap bar, haramynda azap. Kim-de kim bu ýurtda baý bolan bolsa, onuň synaglaryna sezewar bolandyr. Kim-de kim garyp bolsa, gaýgy-gam içindedir. Kim ony gazanjak bolsa, ondan ýiter-gider. Kim oturyp ony islemese oňa geler. Kim oňa ybrat-görelde bilen seretse, ony dogry garaýyşly eder. Kim oňa isleg-hesret bilen seretse, ol onuň kalbyny kör eder».

* * *
Halyt ibn Abdylmälik ýedi ýaşynda Medine häkimligine bellenilipdir. Şol ýyl gurak bolupdyr, hatda çöldäkiler Şama göçüp başlapdyrlar. Şonuň üçinem: «Halydyň ýyllary ýaly ýyllary indi yzyna getirmäwersin» diýipdirler. Hatda ol «Ýusubyň ýyllarynyň bolşy» ýaly diýen atalar sözüne öwrülip galypdyr.

* * *
Abu Hureýra Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Hakykatdan-da Alla meret aýynyň ortasynda öz ýaradan bendeleriniň ählisiniň günäsini geçer. Diňe özüne şirk goşan müşrigi we öz musulman dogany bilen öýke-kineli ýagdaýda bolanyň günäsini geçmez».

* * *
Hasan Basry oraza baýramy günlerinde birnäçe adamlaryň gülüşip-oýnaşyp ýörendiklerini görüpdir. Ol şeýle diýipdir: «Oraza ynsanlaryň Allanyň tagat-ybadatynda ýaryşmak üçin aýlaw edilip goýuldy. Ömrümden ant içýärin eger, aradaky gaýyp perde açylyp, hemme zat äşgär bolsa-dy, bularyň arasyndaky ýagşy kişiler haýyr işleri bilen, zalymlar bolsa donlaryny täzeläp, çekýän arpalaryndaky kem çekmekden seresap bolmak bilen meşgul bolardylar».

* * *
Sagyt ibn Jubeýr Ibn Apbasdan şeýle gürrüň beripdir: «Dünýä jemi ýedi müň ýyldyr. Şu wagt alty müň bir ýüz ýyl geçdi. Ýöne ýyllardan ýene-de asyrlar geler, olar muňa birleşen däldir (bulardan başgadyr)».

* * *
Kagbul Ahbar şeýle diýipdir: «Dünýäniň uzynlygy 6000 ýyldyr».

* * *
Şu wagt ajal ýakaňdan tutmanka, onuň bu pursatyny amal etmäge mümkinçilik we olja hasapla. Sebäp we bahana görkezmegi taşla. Sen çäkli wagtyň içindesiň we ömrüň hem uzak däldir.

* * *
Isa alaýhyssalam şeýle diýipdir: «Eý, dünýäni talap ediji, dünýäni ýyk. Seniň ony terk etmegiň oňa iňňe sokan ýalydyr».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim möwç urýan deňizde öý gurnar. Bu size dünýädir. Ony ýaşaýyş ýeri hökmünde tutmaň».

* * *
Ýene-de ol şeýle diýipdir: «Kim dünýäde özüni erbet alyp barsa, Alla oňa garşy çykar. Ahyrete diňe dünýäni terk etmek bilen ýetip bolar».

* * *
Rahypdan:
— Nädip dünýäni özüňe gadagan edýärsiň? — diýip sorapdyrlar.
Ol:
— Men özümiň ondan islegsiz çykjakdygyma göz ýetirdim, şonuň üçinem ondan öz islegim boýunça çykdym — diýipdir.

* * *
Hezreti Omar (goý, Alla ondan razy bolsun!) bir gün Resulallanyň ýanyna barypdyr. Resulalla şol wagt boýranyň üstünde ýatan eken. Hezreti Omar ony görüp, aglap:
— Eý, Allanyň pygamberi, bir düşek ýazyp ýumşak ýerde ýatsadyňyz — diýipdir.
Onda pygamber oňa :
— Meniň dünýä bilen işim ýok. Men bilen dünýäniň mysaly göýä bir syýahatçynyň yssy günde seýr edip barýarka, bir agajyň aşagynda dynç almak üçin düşläp, dynç alyp, soň bolsa terk edip gidişi ýalydyr — diýipdir.

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Kim-de kim juma güni sabyr edip we sogap isläp agzyny beklese, oňa on sany üýtgeşik gün berler, ol günler dünýä günlerine meňzemez».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Biliň, Alla size rehim etsin. Hakykatdan hem siz hakykatyň az aýdylýan wagtynda, dilleriň dogruçyllykdan kütek, hakykatyň basgylanýan döwründe ýaşaýarsyňyz. Siziň döwrüňiziň ýaşaýjylary günälere özüni beren, aldanylmaga öwrenişen, ýaşlaryňyz azan, garrylaryňyz günäkär, alymlaryňyz mynapyk, karylaryňyz ryýakär. Kiçileriňiz ulularyňyza hormat goýmaýar, baýlaryňyz garyplaryňyza seretmeýär».

* * *
Kimiň juma güni metjitden çykmanka gözünden ýaş aksa, Allatagala çepdäki perişdä bakyp: «Bendämiň amal depderini düýrle. Indiki juma çenli onuň günä işlerini ýazma!» diýer.

* * *
Abu Zer şeýle diýipdir: «Dünýä göýä ýumşak başly düýe ýalydyr. Eger onuň kellesinden tutsaň, guýrugyny hem getirer, ýagny eger günüň başyny haýyr bilen başlasaň, tä soňuna çenli şol gün haýyrly bolarsyň».

* * *
Lukman Hekim ogluna şeýle diýipdir: «Dünýäniň içine girme, aralaşma, ol seniň ahyretiňe zyýan ýetirer. Ony terk hem etme, ynsanlara ýük bolarsyň».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) her gezek münbere çykyp dik durup, hutbasyny şeýle sözler bilen başlar eken: «Eý, ynsanlar, Alladan gorkuň! Ol ynsany ýöne ýere oýun üçin ýaradan däldir. Ol ynsany ýöne ýere öz peýwagtyna goýberen däldir. Ahyretiň tersine erbetlikleri gözüňize gowy şekilde görkezilýän dünýäňizi hem ýöne ýere ýaradan däldir. Siziň dünýäde rüstem hasaplap, uly ähmiýet berýän ulumsylygyňyz näme? Ahyretden hem rüstem görýän pes gynançlaryňyz ýaly bular näme?».

* * *
Huzeýfe Muhammet alaýhyssalamdan şeýle hadys rowaýat edipdir: «Siziň iň haýyrly bolanyňyz ahyreti dünýä üçin terk edeniňiz ýa-da dünýäni ahyret üçin terk edenleriňiz däldir. Gaýtam, tersine, ikisinden hem peýdalanandyr».

* * *
Halypa Mugawyýa Dyrar ibn Damra Şeýbanydan Hezret Aly barada sorapdyr. Onda ol: «Şaýat bolýaryn, men ony köp ýerlerde gördüm. Bir gezek ol mährapda durup, bir eli bilen sakgalyndan tutup, närahat ýagdaýda enesini ýitiren köşek ýaly aglap şeýle diýýärdi:
— Eý, dünýä, dünýä! Sen menden daş dur. Sen maňa hüjüm edýärsiňmi ýa-da maňa hasrat çekdirýärsiňmi? Seniňki ýaly hyýanatym ýok. Haýhat, haýhat! Sen menden başgasyny gözle! Meniň saňa mätäçligim ýok. Men seni gaýdyp yza almaz ýaly üç gezek talak diýdim. Seniň ýaşaýşyň gysga. Seniň hataryň aňsat. Seniň maksadyň pes. Ah, azyk az, ýol bolsa uzak. Sapardan soň baryljak ýer uludyr».

* * *
Muhammet ibn Wasyg bir gezek dünýäniň gürrüňini edip oturan bir jemagatyň ýanyndan geçip barýarka:
— Bular kim? — diýip sorapdyr.
Oňa:
— Bular zahytlar — diýipdirler.
Onda ol:
— Dünýä nähili hatarly zatdyr, hatda zahytlar hem onuň gürrüňini edýärler — diýipdir.

* * *
Lukman Hekim şeýle diýipdir: «Eý, oguljygym! Sen uklaýşyň ýaly ölersiň, oýanyşyň ýaly hem direlersiň».

* * *
Hezreti Aly (goý, Alla onuň ýüzüni nurlandyrsyn!) şeýle diýipdir: «Dünýäden habardar boluň. Ondan hiç zat galan däldir, gapda galyndynyň galyşy ýaly diňe galyndy galandyr. Şeýle-de ahyret sizi hem garşy alar. Olaryň ikisiniň hem ogullary bardyr. Siz ahyretiň ogullaryndan boluň. Dünýäniň ogullaryndan bolmaň. Her bir dogan çaga kyýamat güni ejesine garaşjakdyr. Şeýle-de bu günler amal günüdir, hasap güni däldir. Ertir bolsa hasap günüdir, amal güni däldir».

* * *
Abytdan:
— Dünýäni näme üçin terk etdiň? — diýip sorapdyrlar.
Ol:
— Sebäbi men onuň lezzetini özüme gadagan etdim, şonuň üçinem onuň gaýgysyndan daş durýaryn — diýipdir.

* * *
Başga bir abyda bolsa:
— Sen hem dünýäden öz paýyňy al, sebäbi sen ondan gitmeli bolarsyň –diýipdirler.
Ol:
— Seniň şu sözüňden soň meniň ondan lezzet almazlygym wajyp boldy — diýipdir.

* * *
Abdylmälik ibn Merwan şeýle diýipdir: «Men remezan aýynda doguldym. Rejep aýynda Gurhany hatym etdim. Halypalyk hem remezan aýynda berildi. Remezan aýynda ölerin öýdüp hem gorkýaryn.
Emma şowwal (baýram) aýy gelende, ol arkaýynlaşypdyr we şol aýda hem wepat bolupdyr».

* * *
Men şol bir günde haýsydyr bir halypanyň hem ölen, hem halypa bolan, hem doglan gününi bilmeýärin. Ýöne bir gijede halypa Hady doguldy, Harun Reşit halypa boldy we halypa Mansur dünýä indi, ine, men şol güni bilýärin.
Категория: Edebi makalalar | Просмотров: 757 | Добавил: Нawеran | Теги: Mahmyt Zamahşary | Рейтинг: 2.0/1
Awtoryň başga makalalary

Edebi makalalar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]