20:05 Wah, siz, erkeklermi! / bir aktly gysgajyk komediýa | |
WAH, SIZ ERKEKLERMI!
Oýna gatnaşýanlar: 1. Toý lybasyny geýinen, deşli, orta ýaşlaryndaky aýal 2. Eli gülli we gutyly, baýramçyllyk lybasyny geýinen erkek adam Waka biziň günlerimizde bolup geçýär Sahna Geýniwli deşli orta ýaşlaryndaky aýal çykýar. Ol sahna özüne göwni ýetip çykýar we sahnanynň ortasyna baryp, hamala tomaşaçylaryň arasyndan birini gözleýän ýaly, birlaý göz aýlap çykansoň, göýä biri bilen dil düwüşýän ýaly ilki çalarak gepläp, soňra sesine bat berip başlaýar. Şu gün gelin-gyzlaryň baýramçylygy bolsa-da, men erkekler barada gürrüň berjek. Erkek adamyň öýe gelenini ilki köwşüniň taýlarynyň hersiniň bir ýerde ýatanyndan anyklap bolýar. Soň şular ýaly tertiplikde (süýem barmagy bilen ýere çommaldyp, bir-birden sanaýan ýaly edip): joraplary, jalbary, penjegi, köýnegi, galstugy hatara ýatandyrlar. Ýygnalmasa ertire çenlem ýaňky tertipde ýatar. Hezillik ir bilen işe gitjek wagty başlanýar. Amerikany erkekler açypmyşyn diýýärler welin, haý näbileýin-dä...Ir bilen işe gitjek bolup durka gyssagarada öz balagyny tapanok. Amerikanyň nirededigini näbilsin. Çagalary bilen edil esgerler ýaly, ir bilen nyzama duransyň: birimiziň elimizde joraby, birimiziň elimizde diş ýuwýan çotgasy, ogly sakgal syrýan maşynyny uzadyp durandyr. O bolşuna hüňürdänem bolýar, gyz: “Ýeke-ýekeden uzadyň, meň on elim ýok”, diýip. Aýn bolmasa işdeş kärdeşi, kimdir bir, Gözel Berdiýewnany agzaýar: “ Gözel Berdiýewna bilen o taslamany çyzdyk, Gözel Berdiýewna bilen ol meýilnamany maslahatlaşdyk”. Hany, şu Gözel Berdiýewna diýilýäni menem bir synlap, gaýdaýyn-la diýip, haýyş edip, bir salymlyk joramyň eşigini geýdim, gözüme gara äýnek dakynyp, kelläme-de ýewropaly aýallaryň giň etekli şlýapasyny geýdim—garaz, ol-a adamym ekeni, oň çagalary hem tanamaz sypata girip, adamymyň kärhanasyndaky Gözel Berdiýewna diýilýäniniň kabinetini tapdym. Gyw, (elini göwsüniň deňinde tutup) şuň ýalyjak, çöpe şifon geýdirersiň-ä, gözi ullakan minus äýnekli, kompýuteriň arkasyndan görünenogam. Dünýäm giňäp gitdi, rahatlanaýdym. Görgülä nebsim-janym agyraýdy-da...Asyl adamym, Sapar jan maňa: “Azajyk horlan, kyrk dört ölçegli gaýyş possun alyp bereýin” diýýädi-le. Alty ýyldyr alyp berjegi, men bolsa ellinjiden elli dörde ýetdim. Olam içiň ýakaýyn diýen ýaly “Saňa bolar ýaly ölçeg tikilenok, erkekleň possunyny geýäýmeseň” diýýär. Menem oňa “Sen çişik” diýän. Ynha, şular ýaly (iki eli bilen garnynyň öňünde ullakan şaryň şekilini görkezýär we moýmuduklap pingwinleriň ýöreýşini edýär). Gyw, geçen şenbede bezenip-beslenip teatra gitdik, gelin-gyzlaryň ýanyndan geçip barýarka, ýaş hem syratly görünjek bolup, garnyny içine çekenem bolýar (eginlerini giňeldip ellerinigiňden hallanladyp, garnyny içine çekýär ), boýny çapgy ýaly bolansoň, kellesini öwürip bilmän, bütin göwresi bilen aýlanyp başlaýar, aşakdan ýokaryk kellesini galdyranda, maňa nazary düşýär welin, uludan bir demini alyp, mejbury ýagdaýda ýöreýän ýoluna seretmeli bolaýar-da. Menem syr bildirmän, içimden “Işdäňi otaryber, barybir agşam şamlygyňy öýden iýersiň” diýýän. Adam dynç alanda dynç alan şekilli bor-a. Oýun gutarandan soň men oňa “Ezizim, öýe pyýadaja gidäýeli, gijeki şäheri synlarys, sered-ä nähili owadan!” diýsem, ýok, biz entäk teatra ugramankak hüňür-hüňr edip,“Men Barselonanyň final oýnuna ýetişäýmeli”, diýip, halys boldy. Ol artybam gije ýarymdan soň başlayan ekeni. Gijäň bir wagty “G-o-o-o-o-ol!” sese oýanypdyrynam, çaşypdyrynam. Men ilki, çaşmankam gysga wagtlyk aňymdadym, şonda gapydan biri girip, şum habar getirdimikän öüýtdüm. Bir haýukdan soň, özüme gelenimden soň, ýatýan otagymyz gap-garaňky, “ hä-ä, düşnükli, men ýalançy dünýäni terk edipdirin, indi bolsa bakylyga barýan öýdýän” diýip, pikir edenimem şoldy, birdenlikgä, gapdalymdaky hor çekäýdi, onda-da ynanman ilki özümi, soň ony çümmükläp görýän, ol bolsa “Azar bermesene how, ýatjak” diýýär, menem diri galanyma begenjime uçaýjak bolýan. “Ýataý balam, ýat köşejigim!” diýýän. Ertesi ir bilen men oňa “Gije näme bolanyny bilýärmiň?” diýip, ýüzlenemde, ol “Barselona 2:1 hasap bilen utdy” diýýär. Men şumjaryp: “Men ölüp gitsemem seň piňiňe-de däl” diýdim. Sahnanyň bir çetinden Eli gülli we gutyly baýramçyllyk lybasyny geýinen erkek adam ýöräp baýar Geýniwli deşli orta ýaşlaryndaky aýal onuň yzyndan siňe seredip, Wiý, ol çagalaryň kakasy ýaly-la. Meni baýramym bilen gutlajakdyr, ol azaşyp başga ýere sowulmanka öňünden çykaýyn (gidýär, ylgaşlap barşyna gygyrýar), ezizim men bärde! Kakajan BALKANOW. 27-nji fewral 2016 ýyl | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |