10:35

Watan

WATAN

Müñläp million ýaşly Ýeriñ goýnunda,
Bu gün meniñ göwün terligim, Watan!
Saña parzym dogup-döräp boýnumda,
Asly Oguz ata - barlygym, Watan!

Türkmeniñ ebedi ojagy, öýi,
Seniñ bilen bagly mertebe, toýy,
Saña benduwanam ömrümiñ boýy,
Ykbalyña ykbal birligim, Watan!

Gylyç gemren ärleñ mesgeni bolan,
Halal atalaryñ messebi bolan,
Gorkudyñ, Pyragyñ mekdebi bolan,
Kasamyña baky ýarlygym, Watan!

Goýnuñ - ene mähri, ýelleriñ - köwser,
Adamlañ kalbyna ruh berip öwsen,
Topragyñda uçmah daragty ösen,
Iki dünýe mülküm-baýlygym, Watan!

Kim arasa bagt içinde bahana -
Sözlerim tir bolsun gyýa bakana,
Sahawatyñ nusgalykdyr jahana,
Didelere enwer-nurlugyñ, Watan!

Men bahryñda birje damja - şol bagtym,
Parlap ösýär seniñ nesil daragtyñ,
Bilýäs gadyryny gymmatly wagtyñ,
Bedew badyñ ganat-perligim, Watan!

Näzik ANNATYÝEWA.
Категория: Goşgular | Просмотров: 395 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Näzik Annatyýewa | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

"Garrap ýörünmi ýa men..." / Goşgular - 01.01.2024
Göreş / Goşgular - 11.02.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Жизнь / Goşgular - 29.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]