11:34

Watany söýmegiñ belent nusgasy

WATANY SÖÝMEGIŇ BELENT NUSGASY

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Gahryman Arkadagymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda türkmen halkymyzyň milli medenýetine, mirasyna uly üns berilýär. Gadymy medeniýetimiziň maddy hem-de ruhy miraslaryna, ata-babalarymyzyň Watan üçin görkezen edermenliklerine uly hormat goýlup, olaryň sarpasy belentde tutulýar.

Mundan 73 ýyl ozal 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňişde biziň watandaşlarymyzyň orny hem uludyr. Türkmenistanlylaryň ýüz müňlerçesi agyr söweşlerde gahrymançylyk görkezdiler.

Türkmenistanly gerçeklere «Sowet Soýuzynyň Gahrymany» diýen belent atlar dakyldy, olar orden-medallar bilen sylaglandylar. 1941-1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we Watana Ýeňiş bilen dolanyp gelen türkmenistanly esgerleriň atlary ýazylan «Şöhrat» atly kitabyň birinji tomunyň 21-nji sahypasynda: «Ilatyň her 100 müňüne düşýän Gahryman boýunça Türkmenistanyň ozalky Soýuzyň respublikalarynyň arasynda birinji orny eýeleýändigini hasaplama görkezdi» diýlip ýazylypdyr.

1418 gün dowam eden Beyik Watançylyk urşy Ikinji jahan urşunyň aýgytlaýjy tapgyryny düzüpdir. Türkmen ýigitleri Watanyň üstüne abanan ölüm howpuna garşy gelip, döşlerini gerip goramaga taýýardyklaryny görkezdiler. Belki urşuň maddy-ykdysady zyýany bireýýäm ýok edilenem bolsa, onuň millionlarça ýüreklere salan ýarasy henize bu güne çenli hem bitenok... Bu uruşda pida çekmedik ýekeje-de öý, dogan-garyndaşyny ýitirmedik ýekeje-de türkmen maşgalasy ýokdur.

Türkmen esgerleri ady rowaýata öwrülen Brest galasynyň, Moskwanyň, Kiýewiň, Smolenskiniň, Leningradyň, Stalingradyň... eteklerinde mertlerçe söweşip, edermenlik görkezipdirler. Köp sanly türkmenistanlylar bilen bir hatarda bu aldym-berdimli urşa gidenleriň biri hem Hormatly Prezidentimiziň atasy Berdimuhamet Annaýewdir. Gahryman Arkadagymyz özüniň «Älem içre at gezer» atly romanynyň 172-173-nji sahypalarynda söýgüli mugallymlary bolan Berdimuhamet aganyň okuwçylary bilen geçiren iň soňky sagadyndaky aýdan sözlerini şeýle beýan edipdir: «Maňa-da ruçkam bilen görkezme taýajygymy taşlap, elime ýarag almaly pursat geldi. Watanymyz howp astynda! Men Watan üçin janymdan geçmäge, ýigrenji duşmany ýepbeklemäge taýýar. Ýöne Ýeňişli gün geler, biziň halkymyz ýene-de parahat durmuşa dolanar. Häzir bolsa uly adamlaryň ýerine bärde siz galýarsyňyz. Siziň yzymyzy berk saklajakdygyňyza eline ýarag alyp, Watany goraýan atalaryň-babalaryň ornunda mynasyp durjakdygyňyza berk ynanýaryn. Men hökman ýeňiş bilen araňyza dolanyp gelerin». «Mugallym, esger, ilhalar ynsan Berdimuhamet Annaýewiň gahrymançylykly ömür ýoly» atly eserde: «2-nji Ukrain frontunyň 748-nji atyjylyk polkunyň ýefreýtory Berdimuhamet Annaýew duşmana garşy batyr we jan aýaman söweşmek bilen, gaýduwsyzlygyň we mertligiň belent nusgasyny görkezdi» diylip beýan edilipdir.

Berdimuhamet aga frontda agyr ýaralanyp, bäş aýdan gowrak gospitalda ýatypdyr we ony gospitaldan çykaryp, öýlerine ugratmak kararyna gelnipdir. Mugallym, esger we ilhalar ynsan Berdimuhamet aga obasyna gelende ilki bilen öýüne — mekdebine barypdyr. Ol 1944-nji ýylyň 10-njy oktýabryndan başlap mugallymçylyk kärine başlapdyr.

«Döwlet guşy» romanynda beýan edilişi ýaly, kakasy Berdimuhamet aganyň agyr ýaralanyny eşiden Mälikgulynyň göwün ýüwürtmesi we hyýaly ýagdaýda kakasy bilen duşuşmagy örän çeper täsirlidir. Bu hyýaly duşuşykda Mälikguly kakasyna «Kaka, uruş ýaman uzaga çekdi... Biz size her gün garaşýarys kaka» diyip ýüzlenýär we jogap hökmünde atanyň perzendine «... oglum, siziň ýaşlygyňyz gaty agyr döwre gabat geldi. Hyýalyýet dünýäsine girmäge eliňizem ýetýan däldir. Ýaşlykdan gerdeniňize agyr ýük, iner ýüki düşdi... Ýöne bir zat belli. Bu ýüki çekeniňizden soň, siz gürrüňsiz gowy, adamkärçilikli adamlar bolup ýetişersiňiz... Siziň garaşýandygyňyzy men bilýärin, bagt guşum!» sözlerini okanyňda urşuň ýowuz, rehimsiz, uruş döwründe tyldaky kynçylykly pursatlara-da ýene bir gezek göz ýetirýärsiň...

Beýik Watançylyk urşunda erkekler bilen bir hatarda zenanlarymyz hem ellerine ýarag alyp, Watan goragyna çykypdyrlar. «Şöhrat» atly kitabyň birinji tomunyň 21-nji sahypasyndaky maglumata görä, bu weýrançylykly urşa gatnaşyjylaryň arasynda türkmenistanly zenanlaryň 1,6 müňi bar. Olaryň 400-si frontyň öň hatarlarynda boldular. Şeýle-de urşuň başlamagy bilen Berdimuhamet aga ýaly ençeme mugallymlaryň fronta gitmekleri netijesinde, ähli pudaklarda bolşy ýaly mekdeplerde hem hünärmenleriň-mugallymlaryň ýetmezçiligi döräpdir. Türkmen zenanlary diňe gije-gündiz zähmet çekmek bilen çäklenmän, goranmak gaznasyna hem gymmatbahaly şaý-seplerini, el halylaryny eltip beripdirler.

Türkmenistanyn ähli ýerlerinden duşmanyň üstüne ýörän gerçekler taryhy şahsyýetlerimiziň nesillerine mynasyp işler bitirip, geljekki nesilleriň şu günki bagty üçin şirin janlaryny pida etdiler. Ýöne, Watan üçin janlaryny gurban edenler hiç-haçan unudylmaýar. Garaşsyzlyk ýyllarynda, Sowet Goşunynyň hataryna çagyrylyp, Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda (1941—1945 ýý.) söweşde wepat bolan, ýarasyndan ýa-da keselinden ewakogospitallarda ölen we dereksiz ýiten türkmenistanly esgerleriň sanawy jemlenen «Hatyra» kitabynyň ençeme jildiniň çap edilmegi, sözlerimiziň aýdyň subutnamasydyr.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen Watan ugrunda şirin janlaryny pida eden gerçekleri hatyralap «Halk hakydasy» ýagydärlikler toplumynyň gurulmagy şehitlerimizi tirsegine galdyran örän möhüm wakadyr. Beýik Watançylyk urşunda, Watanyň azatlygy, halkymyzyň erkinligi ugrundaky söweşlerde wepat bolanlaryň hatyrasyna gurlan «Baky şöhrat» we «Milletiň ogullary» ýadygärlikleri we Aşgabat ýer titremesinde şehit bolanlaryň hatyrasyna bagyşlanan «Ruhy tagzym» ýadygärligi ýerleşýär.

Gahryman Arkadagymyzyň tagallasy bilen wetaranlar bilen bir hatarda frontçylaryň, tylda zähmet çekenleriň we uruşda wepat bolanlaryň ýanýoldaşlary üçin köp sanly ýeňillikler döredildi.

Häzirki wagtda Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda biziň ýurdumyzyň daşary syýasat doktrinasy hemişelik Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýar. Birleşen Milletler Guramasynyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň paýtagtymyz Aşgabatda açylmagy möhüm syýasy wakadyr. Çünki bu merkeziň açylmagy bilen Türkmenistan ýurdumyz sebitde syýasy durnuklylygy saklamak, hoşniýetli goňşuçylygy, dostlugy we hyzmatdaşlygy ösdürmek işinde BMG-nyň ygtybarly we netijeli hyzmatdaşyna öwrüldi. Türkmenleriň parahatçylyk ýollaryny ulanyp, iň kyn meseleleri hem çözendikleri taryhymyzyň dürli döwürlerinde öz beýanyny tapandyr. Hormatly Prezidentimiz «Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy» atly eserinde türkmen diplomatiýasynyň taryhyndan bir mysal getirýär: «Biziň eýýamymyzdan öňki 49-njy ýylda türkmenleriň iň ýakyn eždatlary — gunlar Han hökümdary bilen (Hytaýyň taryhynda örän güýçli bolan imperiýalaryň biri) birek-biregiň üstüne çozmazlygy borç edinen iki halkyň özara gatnaşyklaryny kadalaşdyran „Ahdi-peýman şertnamasy“ diýip atlandyrylan şertnamany baglanyşýarlar. Şol şertnamada geljek nesillere arkama-arka ähdi-peýmana wepaly bolmak teswirlenipdir.» Alym Arkadagymyzyň eserinde belleýşi ýaly: «Bu mysal türkmenleriň öz taryhynyň irki döwürlerinde-de döwletiň we halkyň bähbitlerini goramak maksady bilen öňüni alyş diplomatiýasyny ulanandygyna şaýatlyk edýär.»

Halkymyz Beýik Watançylyk urşunyň gahrymanlarynyň görkezen deňsiz-taýsyz edermenligini hemişe ýatlaýar, ýowuz ýyllaryň agyr synaglaryna döz gelen atalarymyzyň, enelerimiziň, dogan-garyndaşlarymyzyň hatyrasyny tutup, olaryň mertliginiň, merdanalygynyň öňünde baş egýär. Gahrymanlara baky şöhrat bolsun!

Ahmet ANNABERDIÝEW
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Taryh institutynyň uly ylmy işgäri.

# turkmendili_2028

Категория: Publisistika | Просмотров: 738 | Добавил: Нawеran | Теги: Ahmet Annaberdiýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Publisistika bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]