11:11

XXI asyryň iň gowy 100 kitaby ☻

Категория: Degişmeler | Просмотров: 428 | Добавил: Bagabat | Теги: Tapbatçy Ýepbekçiýew | Рейтинг: 5.0/5
Awtoryň başga makalalary

Degişmeler bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 4
0
1 Babay  
1481
The Guardianyň düzen 21-nji asyryň iň gowy 100 kitabynyň içinde birki sanysyny okap görüpdirin, galany bilen nätanyş. Ýöne, meňem gowy görüp okaýan awtorlarym iňlis ýa-da iňlis dilinde ýazýan awtorlar (Ýuwal Harrari, Deniel Kaneman, Robert Sapolski, Barri Şwars, Jorj Oruell...(Tomas Mann we Deniel Kizi okamok, ýöne okamagy arzuw edýän ýazyjylarym)). Žalko iňlis dilini bilemok, şonuň üçinem başga dillere edilen terjimeler bilen kanagat etmeli bolýa.

Indi Guardianyň düzen sanawynyň näme üçin aglabasy iňlis ýa-da iňlis dilinde ýazýan ýazyjylar?

Dünýäniň iň gowy 100 ýokary okuw jaýlarynyň 50-den gowragy, deň ýarysyndan köpüsi awtoryň aýdyşy ýaly "iňlis-sakson" döwletlerine degişli.

Nobel baýragyny iň köp alan döwletleriň içinde ilkinji orunlary awtoryň aýdyşy ýaly "iňlis-sakson" döwletleri eýeleýär.

Iň köp nobel baýragyny alan 10 ýurt:
1. Amerika=406sany.
2. Beýik Britaniýa=138sany.
3. Germaniýa=114sany.
4. Fransiýa=73sany.
5. Şwesiýa=33sany.
6. Rossiýa/SSSR=32sany.
7. Ýaponiýa=29sany.
8. Kanada=28sany.
9. Şwessariýa=27sany.
10. Awstriýa=23sany.

Kitaplarynyň neşir sany köplügi boýunçada "iňlis-sakson" döwletleriniň ýazyjylary dünýäde ilkinji orunlarda.

Çarlz Dikkens "A Tale of Two Cities" - 200 million sany. (iňlis)
Antuan de Sent-Ekzüperi "The Little Prince" - 200 million sany. (fransuz)
Juan Rouling "Harry Potter and the Philosopher's Stone" - 120 million sany. (iňlis)
Agata Kristi "And Then There Were None" - 100 million sany. (iňlis)
Sau Suesin "Dream of the Red Chamber" - 100 million sany. (hytaý)
Jon Tolkin "The Hobbit" - 100 million sany. (iňlis)

Şu ýokarda görkezilen maglumatlar The Guardianyň düzen sanawynda "iňlis-sakson" döwletleriniň ýazyjylarynyň köplügine esas bolup bilermikä?!

Elbetde, her kim öz ýurtdaşynyň, ruhdaşynyň, ideallary kybapdaş gelýän ýazyjylarynyň dünýäniň iň gowy ýazyjy diýip tanalmagyny isleýändir, emma prikoldaky ýaly intäg-ä "islegler boýunça konsert däl".

0
2 Gurgencli  
324
Şo iňlislerem bara özlerini dünýäniň eýesidirin öýdýäler

0
3 Injener  
1
21-nji asyryň iň gowy 100 kitaby diýen zada menä entek köp wagtlap ynanmazdym. Biziň döwürmizde diňe adamzada zyýan ýetirýän informasyýany wagz edýärlerä. Eseriň üstinden 40-50 ýyl geçip klassika öwrülmese, okar ýaly däl. Ýöne başga tarapdan "Ýüzükleriň patyşasy" köne eser bolsada, eserde ýekeje gezek "Hudaý" sözi agzalanok. Göräýmäne ähli zat jadyly dünýäde bolup geçýär, ýöne hamala bar zat ateistlaryň we meterýalistlaryň dünýäsinde bolup geçýän ýaly? Eseri 3-4 gezek diňländirin (audiokitap), ýöne ýeke gezek Hudaý agzalmady. "Materýalist jadygöýi döretmek, —diýipdi bir arwah. Hakykatdan hem bar zat şoňa barýar öýdýän? Soňky döwür näme okasam, näme görsem, Hudaý sözi agzalýamy agzalanok, şoňa seredýän...

0
4 sussupessimist  
1627
Hehe, yazyjylaryň kitaplary daşary yurt dillerine terjime edilmekden geçen, öz yurdumyzda kitap bolup çykmayan halymyza Guardiany subyektiwlikde tankytlamak... geň dàlmi. Geliň, biz türkmen yazyjylarynyň bolmanda XXI asyrda kitap bolup çykan 21 kitabyny sanap çykmaga synanyşalyň. Yetermikä?

Men Guardianyň adwokaty däl, yone birnaçe punkta uns çekesim gelyä 1) olar bu sanawy absolyut hasaplamaga çagyryandyr oydemok. Bu subyektiw garayyş, hemem sanawy duzujiniň okamaga maslahat beryan kitaplary; 2) Guardian bu sanawy Yer şarynyň ol ujundaky adamlar uçin däl-de, öz iňlis ya başga bir yewropa dilinde kitap okayan auditoriyasyna niyetlandir;
3) Olar ozlerine elyeter kitaplardan, yagny, iňlisça terjime edilip, okamaga mumkinçiligi bolan eserlerine orientirlenendirler. Iňlisçä terjime edilmedik kitaplary olar nama esaslanyp, baha bersinler?
4) Asyr gutaranok, olar yone XXI asyry jemledigem diyenok. Geçen 23 yylyň içinde-de kän gyzykly kitaplar yazyldy.
5) Sanawdaky kitaplar biziň köpimize nätanyş bolmagy ahmal. Yone aglabasy dogrudanam okanyňa degyän oran guyçli eserler. "Harri Potterleri" menem halap baramok, yone bu źanrdaky edebiyaty okamagy gowy goryan okyjylaram az daldir.
Yone hazirkizaman dunya edebiyaty bn içgin gyzyklanyanlygym uçin, sanawdakylardan öz okanlarymy aytsam, iň bolmanda Isiguro, Makyuen, Martin Emis, Dewid Mitçell, Julain Barns, Filip Rot, Olga Tokarçuk, Hawier Marias, Sent-Obin, Piter Keri, Margaret Etwud, Karl Uwe Knausgard, Jorj Sonders, Elis Manro, Kormak Makkarti, Jonatan Franzen, Zebald dagynyň dogrudanam uly ussat yazyjydyny kepil geçip biljek.
Sanawda kabir beyleki anglo-saksonlaň yokdygyna gaytam hayran galdym (bu-da yene sanawyň subyektiwliginden). Meselem, Jonatan Litteliň ayylganç bir romany hokman girizilmeli (Благоволительницы), Wargas Lyosa, Juno Diaz, Orhan Pamuk, Saramago, Kutzi, Haled Hosseyni... dagyň eserlerem girizilse gowy bolardy. Okaman tankytlasak – Я Пастернака не читал, но скажу yaly yagdaya meňzàr.
Bärde mesele milletçilikde dàl. Mümkinçilikde!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]