14:34

Ýagmyr Pirgulyýew

ÝAGMYR PIRGULYÝEW
(1929-2000)

Ýagmyr Pirgulyýew 1929-njy ýylyň 29-njy noýabrynda Halaç etrabynyň Esenmeňli obasynda dogulýar.
Ol 1955-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň türkmen fi¬lologiýasy fakultetini tamamlaýar.
Çagalar edebiýatyna saldamly eserleri bilen goşant goşan şahyryň çagalara degişli ilkinji şygry «Gyzyl galstuk» ady bilen «Mydam taýýar» gazetinde çap edilýär.
Şahyryň «Durnaly ada» (1965), «Jamlybiliň derekleri» (1967), «Çagalyk gahrymanym» (1971), «Keýigokara» (1975), «Sekiz sowal» (1976), «Bahar sowgady» (1979) «Älemgoşar» (1982) ýygyndylary çagalar şygryýetiniň baýlaşmagyna uly goşant boldy. Şahyryň kitaplary rus, ukrain, belorus, özbek, gyrgyz, moldawan, eston, garagalpak dillerinde çap edildi.
«Jamlybiliň derekleri» goşgular ýygyndysy bütewi sýužet ýor¬dumyna eýerýär. Şahyr bu goşgularynda Garagumda bir obajyga göçüp baran Bagtyýar atly oglanjygyň ýolda hem obada çeken suratlarynyň mazmuny barada gürrüň berýär.
Ozal çölde bolup görmedik oglanjygyň Garagum bilen tanyşlygy başlanýar.
Goşgulary okadygyňsaýyn okyjynyň göz öňünde Garagumuň syrlary, täsinlikleri açylyp başlaýar, şonuň bilen birlikde gahrymanyň gözýetimi hem giňeýär.
Şahyr tebigat şekillerine çeper keşp berip, çaganyň gözellik duýgularynyň kämilleşmegi üçin amatly şert döredýär. Bir tarapy suw, üç tarapy depe gallap duran obajygyň keşbiniň çekilişinde-de şahyranalyk bar. Türkmen tebigatynyň ajaýyp şekilini janly keşpler arkaly şahyrana suratlandyrmak ussatlygy şahyryň döredijiliginiň esasy aýratynlygydyr.

Jamlybil dutar,
Derekler kirşi.
Heň edip berýär,
Ol garşy-garşy.
Ýel çermäp golun,
Dutaryn çalýar.
Kakanda şelpe,
Çöle ýaň salýar.
Jamlybil sazy,
Hoş ýakýar guma.
Deňeýär gumy,
Altynly huma.

(Pirgulyýew Ý.Jamlybiliň derekleri. Aşgabat, 1967, 30-njy sah.).

Şahyryň «Keýigokara» ýygyndysynda türkmen tebigatynyň özboluşly alamatlarynyň janlandyrylmagy körpeleriň gözýetimi¬ni giňeldip, duýgy dünýäsini baýlaşdyrýar. Ol duýgy tebigata bolan söýgi bilen utgaşyp gidýär. Bu goşgular okyjyny öz yzy bilen çöle alyp gidýär. Körpe çölüň baharyny doýman synlaýar. Lemmer-lem¬mer bolup süýşüp gelýän bahar buludy, mele çagbanyň şaglap inişi çagalaryň göz öňünde janlanýar. Gögüň gübürdisi hut gulagyňa gelýär. Şol mele ýagyşdan soň, tebigatyň ajaýyp keşbini çekmek üçin juda synçy hem zehinli bolmaly.
Ý.Pirgulyýewiň tebigatyň keşbini çekmekdäki özboluşlylygy, suratkeşligi eserden-esere, ýygyndydan ýygynda kämilleşýär. Şahyryň çöl tebigatyna bagyşlanan goşgularyndaky ýiti synçylygy, gije lybasyna giren tebigaty janlandyrmak üçin saýlap alan tebigy gözelligi onuň bu ugurdaky ussatlyk derejesinden habar berýär.

Urpak çäge gultunýar,
Meňzäp erän gurşuna.
Garry sazak tamşanýar,
Ýüzi ýygyrt durşuna.

(Pirgulyýew Ý. Keýigokara. Aşgabat, 1975, 18-nji sah.).

Şahyr gün ýaşansoň, çöl tebigatynyň mylaýym hala geçişini, serginje gijäniň ýakymly şemalynyň jana tenekardygyny çägäniň mysalynda çeper görkezip, bu gözelligi ýaşajyk okyjynyň göz öňünde janlandyrýar.

Gelmez çişirip,
Epgek owurdyn,
Şemal sypady
Çägäň ýygyrdyn.

(Pirgulyýew Ý. Keýigokara. Aşgabat, 1975, 11-nji sah.).

Şahyr körpeje okyjy bilen söhbetdeş bolanda onuň bilen ýokary çeperçilik derejesinde gürrüň edip, meňzetmeleri, deňeşdirmeleri hem metaforany ussatlyk bilen ulanýar. Gün gizlenenden, zülplerini çöşlän şapak hem, kümüş reňk lybasyna giren Garagum hem Ý.Pirgulyýewiň diňe öz meňzetmesi.
Şahyryň «Sekiz sowal» goşgular ýygyndysy hem tebigatyň ajaýyp keşbi bilen baglanyşykly şahyrana keşplere baýdyr. Jana şypaly tomus gijesi, öz sürüsine guwanýan çopanyň hoştap gijäniň ruhuna bap duýgulary, tebigat bilen ynsan gatnaşygynyň utgaşmasy, birligi, goşgynyň mazmunyny has-da çuňlaşdyrýar. Ynsan gözelligi tebigat bilen utgaşýar.
Liriki gahrymanyň Garagumuň geljegi barada, onuň bol suw bi¬len gül-gülzarlyga öwrüljekdigi baradaky hyýallary, pikirleri ýaşajyk okyja ýakyndyr:

Bol suw hazyna,
Topragymyz göwher,
Ikisi bilen
Ülkäm gül öwser8.

(Pirgulyýew Ý. Bahar sowgady. Aşgabat, 1979, 24-nji sah.).

«Suw hakynda erteki» poemasy «Keýigokara» ýygyndysyna gi¬rizilen eserleriň arasynda çeperçilik derejesi taýdan aýratyn tapawut¬lanýar. Bu täsirli poemada tebigatyň, çölüň suwdan çeken mätäçligini çaga aňyna ýetirmeklik esas edilip alnypdyr.
Gurak çölde ýaşaýan haýwanlar bir owurt suwa ýetmek üçin horluk baryny çekýärler. Şahyr suwa mätäçlik çekýän haýwanlaryň ählisini bir maksada gönükdirýär. Köne guýudan suw çykarylanda haýwanlaryň häsiýetleri açylýar. Maksada ýetmek üçin agzybirlik ge¬rek! Birleşmek, bütewüleşmek ideýasy haýwanlaryň hereketi, sözleri, biri-biri bilen gatnaşyklary arkaly aýdyňlaşýar.
Şahyryň liriki gahrymany gün bilen dostlaşýar, gün bilen gepleşýär. Şahyr bir «Gün» goşgusynda däl, beýleki eserleriniň en¬çemesinde Güne älemi, dünýäni jana getiriji güýç hökmünde garaýar. Şahyr «Uky geldi gapyňa» goşgusynda ýaşajyk gahrymana irden turmagy öwretmek üçin täsirli sözleri saýlap alýar. Awtor bu ýerde Günüň dogşy baradaky ajaýyp pursady ulanypdyr.
«Keýigokara» ýygyndysynda gün bilen baglanyşykly berlen ýörite bölüm körpe okyjyny özüne çekmekde möhüm ähmiýete eýe¬dir. Şol goşgular toplumynyň adyna şahyr «Günüň çagalary» diýip, at goýupdyr. «Gün bilen gülälek», «Gün bilen gurçuk», «Gün bilen Guwanç», «Gün bilen gowaça» ýaly goşgularda şahyr ähli zatlara adam häsiýetini beripdir.
Çagalary tebigat hem haýwanat dünýäsi bilen tanyşdyrýan, olaryň hersine mahsus bolan özboluşly häsiýetlerini ýüze çykarýan «Tilki», «Kirpi», «Göle», «Kebelek», «Ýekegapan», «Çöl guýusy», «Teneçir bilen lakga», «Biziň gahrymanlarymyz» ýaly goşgulary şahyryň «Sekiz sowal» ýygyndysynda ýerleşdirlipdir.
Ý.Pirgulyýewiň eserlerinde eli açyklyk, sahylyk, adamkärçiligiň beýleki oňat sypatlary jemlenendir. Şahyryň «Oklukirpi bilen goýun kirpisi hakynda erteki» poemasynda oklukirpiniň häsiýetleri arkaly, malyny, baýlygyny özüne-de dözmän, iýip-içip bilmän, basyp ýatan harsydünýäniň üstünden gülünýär.
«Lukman hekimde» Lukman hekim – dogruçyllygy, ýüzgör¬mezekligi, adalatlylygy, mähribanlylygy, belent adamkärçiligi bilen çagalaryň aňynda galýar. Halka hyzmat etseň, ýagşylyk ýerde ýat¬maz. Eserden gelip çykýan ideýa şu pikire syrygýar.
Şahyryň «Bahar sowgady» ýygyndysynda ruhubelentlik, tebigat bilen ynsan durmuşynyň arasyndaky bütewülik örän ýokary derejede teswirlenýär. Adamlara ýagşylyk etmek, sahawat paýlamak isleýän liriki gahrymanyň arzuwlary, ýagşy niýetleri onuň öz dünýäsi ýaly arassa bolup beýan edilýär:

Tereň-tereň derýalara,
Köpri bolsam, köpri bolsam.
Adam geçse, maşyn geçse,
Sag bol alsam, sag bol alsam.
Ýol üstünde guýy bolsam,
Suw içseler, suw içseler.
Uzap giden ýoda bolsam,
Kän geçseler, kän geçseler.

(Pirgulyýew Ý. Bahar sowgady, 12-13-nji sah.).

Şahyr «Bahar sowgady» goşgusynda bahar paslynda tebigat gözelligini gowy teswirleýär:

Dört doganyň biri bahar
«Guzym!» diýip, gujak gerdi.
Getirdi-de süýt dek säher,
Bahar maňa sowgat berdi.
Kowdy gyşyň sowuk ýelin,
Ony buşlap saýran sardy.
Erik-almaň patrak gülün,
Bahar maňa sowgat berdi.
Bezäp çölüň belent-pesin,
Uç gyraksyz palas serdi.
Owlak-guzyň näzik sesin,
Bahar maňa sowgat berdi.
Garlawajyň byjyrdysyn,
Eýwanmyza ol getirdi.
Ýapraklaryň pyşyrdysyn
Bahar maňa sowgat berdi.
Hüwdüledi Jeýhun joşy,
Ak sähramyz gulak gerdi.
Bu gün dogry dokuz ýaşy,
Bahar maňa sowgat berdi…

Goşguda baharyň gelmegi bilen hemme zatlaryň janlanyp, baglaryň gülläp başlamagy, owlak-guzularyň mylaýym sesleri, guşlaryň saýrak owazlary bilen saýraşyp saz çalmagy, agaç ýapraklarynyň mylaýym şemala helpildeşip şybyrdaýşy, derýalaryň joşgunly akyşy hakynda şahyr şahyrana söhbet açýar.
«Bahar sowgady» ýygyndysy boýdan-başa dokuz ýaşly, duýga baý, şadyýan, zähmetsöýer oglanjygyň gürrüňlerine esaslanýar. Ýygyndyda çagalaryň gözýetimini giňeldýän («Akar suw», «Gök guşak», «Şar», «Serhetçi», «Bulak», «Sülgün» ), işjeňligi öwredýän («Bary meniňki», «Serçe», «Bal arynyň aýdymy», «Palta», «Orak»), ynsan¬perwerligi ündeýän («Karlson») eserleriniň bir gideni ýerleşdirlipdir.
K.Taňrygulyýewiň erteki gahrymanlaryny janlandyryp, biziň döwrümize getirişi ýaly, Ý.Pirgulyýew hem şeýle häsiýetli gahrymanlara bagyşlap poema döretdi. Ýöne onuň beýlekilerden tapawutly tarapy bu gahryman türkmen halk döredijiliginden däl-de, daşary yurt edebiýatynda meşhur bolan gahrymandyr.
Ilki Ýewropada, soňra bütin dünýäde tanymal bolan Karlson ba¬radaky adybir poemasy şahyryň «Bahar sowgady» ýygyndysynda iň gowy çykan eserleriniň biri. Uzak ýurtdan düşen Karlsonyň köpta¬raply häsiýetleri ýygyndyda hut çaga gözi bilen synlanýar. Çaga öz akyly bilen baha kesýär. Ol bahadaky tebigylyk, sadalyk maňzyňa batýar. Adamkärçiligiň oňat sypatlaryny özünde jemleýän, ähli işden başy çykýan, şadyýan, ýetişikli, päk ýürekli, sada Karlson çagalaryň söýgüli gahrymany. Onuň çagalar bilen edýän gatnaşyklary, hat¬da oýunlary-da poemada täsirli berlipdir. Karlson her bir häsiýe¬ti, aňy-düşünjesi, sözi bilen çagalaryň ýüreklerine ýakyn durup, şol ýakynlyk bilen-de olaryň göwünlerini awlaýar. Şu poemada, beýleki ýygyndylaryndaky ençeme eserlerinde-de şahyr türkmen çagalarynyň milli dünýäsine has içgin aralaşýar. Şahyr hatda Karlsonyň keşbine de millilik ýokundysyny berip, bellibir derejede utuş gazanypdyr.
Ý.Pirgulyýew terjimeçilik sungatynda-da türkmen çagalaryny ajaýyp eserler bilen begendirdi. Şol eserleriň arasynda aýratynam belli özbek çagalar ýazyjysy Hudaýberdi Tuhtabaýewiň «Sary döwe atlanyp…» atly gaty täsirli powestiniň hakyky nusgasyndan türkmen diline geçirilen terjimesi uly baha mynasypdyr.
Zehinli şahyr bütin ömrüni manyly döredijiligine, eziz hem mähri¬ban çagajyklara bagyşlady. Türkmen çagalar poeziýasyna ol şahyrana pikirlenmäni, liriki gahrymanyň adaty bolmadyk çeper pikirlenişini getirdi. Tebigatyň keşbini çagalaryň dünýäsine laýyklykda hakyky sungat derejesinde suratlandyrmakda, çeper teswirlemäniň üsti bilen häsiýet açmakda şahyryň çeperçilik ussatlygy çagalar edebiýatynyň soňky ýyllardaky wekilleri üçin ajaýyp mekdebe öwrüldi.

Çeşmesi: Begenç Hydyrow, Durdymyrat Rejepow. Türkmen çagalar edebiýaty. Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby.-A.: Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2015. 90-96 sah.
Категория: Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly | Просмотров: 526 | Добавил: Bagabat | Теги: Durdymyrat Rejepow, Begenç Hydyrow | Рейтинг: 3.3/3
Awtoryň başga makalalary

Ýazyjy şahyrlaryň we alymlaryň terjimehaly bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]