20:57

Ýagşylygy ýaýyp ýeriñ ýüzüne...

ÝAGŞYLYGY ÝAÝYP ÝERIÑ ÝÜZÜNE...

Her gezek kalendaryñ iñ soñky sahypasyny agdaranyñda bir gyzykly kitaby okap gutaran ýaly bolýañ. Ondan ummasyz täsir alyp, özüñde birhili tolgunma duýýarsyñ. Geçen günleriñe ser salanyñda, geljeguñe aýdyñ göz ýetirýärsiñ.
Göreşlerden, açyşlardan, hyjuwly zähmetden, üstünliklerden doly bolan ýylyñy ugradyp, Täze ýyly garşy alyp durkañ hem öz-özüñden oýlanýarsyñ:


Kalendaryñ iñ soñkuja sahabyn,
Agtaryp, oýlanyp oturýam bir dem.
Bir ýylym, sen maña nämeler berdiñ,
Bir ýylym, men saña nämeler berdim?!

Nämäni ýitirip, nämäni tapdym?
Nämäni öwredip, näme öwrendim?
Alanymdan azmy ile berenim?
Nämäni söýdüm men, kimi ýigrendim?

Geçen günler dolanmaýar hiç mahal,
Göwnüñde birgeñsi ýatlama galýar.
Azalýar ömrüñden ýene-de bir ýyl,
Her kim dogan Güni ýüzüne sylýar.

Goý, Täze Günüñiz ýalbyrap dogsun,
Goý, Täze ýylyñyz bolsun düşümli!
Ýagşylygy ýaýyñ ýeriñ ýüzüne,
Ýamanlyga daralyñ biz dözümli.

Ýeriñ bar, suwuñ bar, erkiñ eliñde,
Öz eliñ, öz ýakañ, bolsa mydaryñ.
Zähmet çekip, ýaýnap ýaşap ýörmeli,
Aladañy edip ýörkä Serdaryñ.

Goý, türkmeniñ bagty daş ýaryp çyksyn,
Galkynsyn On ýyllyk abadanlygmyz,
Şu günki yhlasym, ertirki ryskym,
Ýalkasyn üç ýyllyk Maksatnamamyz.

Ýer ýüzüdne bar türkmeniñ buýsanjy,
Ýurdumyz abadan bolsun, Adamlar!
Bize hemme zatdan eziz Watanmyz,
Il-günümiz aman bolsun, Adamlar!

1994 ý.

Sona ÝAZOWA.

"WATAN" gazeti, 1995 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 318 | Добавил: Haweran | Теги: Sona Ýazowa | Рейтинг: 2.3/3
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Şert / Goşgular - 09.02.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]