12:03

Ýagyşly gije

Категория: Goşgular | Просмотров: 519 | Добавил: Pegas | Теги: Seýitmyrat Geldiýew | Рейтинг: 4.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Mürze ýigit / Goşgular - 12.03.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Meniñ monologym / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024

Teswirleriň ählisi: 5
0
1 Garaýolly  
27
Gowy goshgy

0
2 Hаwеrаn  
245
"Aşgabat - öl-myžžyk..."
Ajaýyp metafora.

0
3 mango  
651
owadan goşgy.

Gözüme bolmasa, reňkler garyşyp,
Çyralaň ýagtysy garaňka ýokýar.

aslynda biz "göwnüme bolmasa..." diýmäge endik eden, "gözüme bolmasa" diýseňem gelişjek eken (şu täýda-ha gelişýär)..
adaty düşünjä görä pikirlenseň gara zat aga ýokmaly, emma adatdan çykýa Seýitmyrat kaka we "ýagty garaňka ýokýar". ajaýyp.
---
Gijäň ýaňagyndan syrygýar sürme,
Akýar dünýäň guramadyk guaşy.

"guramadyk guaş" azajyk jedelli ýaly.
guaş bilen surat çekilende, guramadyk diýilende surat çekmek prosesi gutarmadyk bolany üçin, isleseň-islemeseň reňkler guramadyk, ýarym guran, çyg.... garaz, Seýitmyradyň taryp edýäň ol Aşgabady myžžardan ýagyşyň aşagynda gatan, guran guaşam eredip akdyrar. umuman, guramadyk däl. guran reňkleri myžžardyp akdyraýjak ýaly...
ýöne, syrygýan sürme, akýan reňkler owadan (guran ýa guramadyk bolsun tapawudy ýok).
---
Bedenim ruhuma öými ýa türme,
Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!

birinji soragyna "türme" diýip jogap bersim gelýär.
eger öý bolsa, ol ýerde постоянный ýaşamaly bolardy, türme bolany üçin "oturmaly" wagty dolansoň, azatlyga boşap hakyky öýüne gaýdar... gysgaça, hakykatdanam ruhuň öýi beden däldir.
"Penjiräň daşynda kimiň gözýaşy?!" diýende-de gahryman özüni "türmesinde (öýünde)" oturyp, penjiresinden daşaryny, azatlygy synlaýan, ruh kimim duýýan ýaly... täsirli bolupdyr.
---
Aşgabat — öl-myžžyk,
çyg çekýär aňym,

dünýe myžžykka seň aňyň diňe çyg çekipdir...
çyksana daşaryk, myžžarsana...
---
Ýuwulýar jemaly çaňjaran dünýä.

"Ýuwulýar jemaly çaňjaran dünýäŇ." bolýjak ýaly welin....
---
Ruhum — merhum arzuwlarma öwlüýä.

pak tohum bolmasa, ruhuňa gömen arzuwlaryň bärde, ýa aňyrda iru-giç gögerermikä diýýän.... bir meşhur türkleň biri diýýädimi "...tohum okla, gögermese tohum utansyn..." diýen ýalyrak.

okap hezil etdim, minnetdar.
üstünlikler.

0
4 myhman  
732
gowy goşgy eken. juda haladym.

@mango bize aýdara zat goýanok. это нечестнo.
degişýän. ýazmadyk bolsaň görmezdimem. gowy zat okamagyma sebäp bolduň. minnetdar.
Seýitmyradyň ýazanyna, @pegasyň paýlaşanyna, kitapçy.comyň mümkinçiligine minnetdarlyk bildirmegem unudamok.

0
5 Remezan  
1397
PEnjiräñ daşynda kimiñ gözýaşy. Gözden syrygýan gözýaş gözöñüme gelip gitdi, bedenden erkinlige çykmaga howlukýan ruhyñ göz ýaşy diýilen ýaly bolup dur. Berekella halypa şahyr. Ylhamy joşup dursun

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]