19:03

Ýalan eken

ÝALAN EKEN

Öýdüpdirin dünýe baky,
Dogra meňzeş ýalan eken.
Gijeler dälmiş garaňky,
Hak yşkynda ýanan eken.

Didelerde galmyş ne syr,
Söz diňlemez,durmuş kesir.
Gylyçdan ýiti hem kesgir,
Hak sözleýen galam eken.

Garalardan agy gözläp,
Gezdim namartdan syr gizläp,
Duýgulam aklymda güýzäp,
Yşk bolup, görk alan eken.

Sogapdyr sabryň dogany,
Bezär ýigdi mert-dogumy.
Gören barmydyr soňuny?!
Ah, hatalam ýaman eken.

Gögermez bahylyň bagy,
Gögerse-de, bermez bary,
Gelse başa synag bary,
Tomsuňda gar ýagar eken.

Ýol uzyn, düweýin goşum,
Gitmäwersin sabyr guşum,
Hak sürse, ýalana goşun,
Isgender dek ýeňer eken.

Ýaýnalaram ýaşlyk içre,
Gaýnalaram ýaşlyk içre,
,,Ýaşlykdyr" diýp,günä geçme,
Ömrüň güýzem geler eken.

Sözüm bar, eý,köňül,diňle!
Umydym bolmasyn düňle.
Dostumdyr öýdüpdim dünýe,
Bir wepasyz, gedem eken!

Nury SAKÇYÝEW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 194 | Добавил: Nury6119 | Теги: Nury Sakçyýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Aldawçynyñ pañ-pañy / Goşgular - 18.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Erjellik / Goşgular - 05.01.2024
Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]