13:54 Ýalñyzlykda, ýoklugyñda, ýoluñda... | |
ÝALŇYZLYKDA, ÝOKLUGYŇDA, ÝOLUŇDA...
Gaýgy-gamdan ýüki ýetdi günleriň Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Solup gitdi saňa netlän güllerim Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Indi ýazlar bark uranok öňki deý, Dünýä dymdy, dünýä diňe seňki deý, Agdy gitdi durmuşymyň eňki-leý Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Asman ýaly arassadyň, sadadyň, Durmuşymyň güneşidiň — odudyň, Men çalajan umytlardan ýadadym Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda. Gursagymda agyry bar, agy bar, Setirlermiň nalasy bar, ahy bar, Şo-ol garaşyp ýörşüm saňa ahy-zar Ýalňyzlykda, Ýoklugyňda, Ýoluňda... Sapa HOMMADOW. | |
|
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Yzany yşkyma ýamag etdim / Goşgular - 15.04.2024 |
√ Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024 |
√ Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024 |
√ Düýşgowuran / Goşgular - 08.04.2024 |
√ Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024 |
√ "Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024 |
√ Göreş / Goşgular - 11.02.2024 |
√ Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | ||
| ||