13:59

Ýalñyzlykdan gaýry derdim ýok meniñ...

ÝALŇYZLYKDAN GAÝRY DERDIM ÝOK MENIŇ...

Ýalňyzlykdan gaýry derdim ýok meniň,
Göwnüm göwündeşi küýseýär juda.
Köňle käte oklasa-da gaýgy-gam,
Herne ele galam beripdir Huda.

Ýazýan, edil ýazgydymy ýazýan dek,
Serime däl, gursagyma gelenin.
Hereketlem — durmuşymyň ýordumy,
Bu ahwalym alynypdy dilenip.

Ne ýaşlykdan, ne durmuşdan algyly,
Ne ýaşlyga, ne durmuşa bergim bar.
Kalbym ýaly çolarypdyr töwerek,
Goşgulamda görünmeýän görgim bar.

Pikirlerden ýagyr boldy çal beýnim,
Olar bilen döwüş gurýan daňa çen.
Gaý-harasat, tupan turýar dünýämde,
Dostum, biraz düşünsediň maňa sen.

Göwnüme bolmasa, göwnüm garraýar,
Aladadan ýüki ýetik her günüň.
Maňa birazajyk düşünsediňiz,
Ýalňyzlykdan gaýry derdim ýok meniň.

Sapa HOMMADOW.
Категория: Goşgular | Просмотров: 429 | Добавил: Мylayym | Теги: Sapa Hommadow | Рейтинг: 3.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Майе / Goşgular - 28.01.2023
Şahyryň beýikligi nämede? / Goşgular - 07.01.2023
«Мы преклонились у завета…» / Goşgular - 18.01.2023
Şol gün diýsene!.. / Goşgular - 07.01.2023
«Не презирайте, бога ради…» / Goşgular - 23.01.2023
К 16 января 1814 года / Goşgular - 16.01.2023
Mynajat / Goşgular - 04.02.2023
Söýgi derwezesi / Goşgular - 07.01.2023
Saňa / Goşgular - 06.01.2023
«Не ревновать и не клясть…» / Goşgular - 21.01.2023

Teswirleriň ählisi: 1
0
1 Sona  
621
... entek biraz ýaşa, şonda bir bir hakykata --- ýalňyzlygyň dert däldigine düşünersiň!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]