22:10

Ýanar ot men

ÝANAR OT MEN

Mähribanym, daşlaşdyrma özüňden,
Ýogsa yşkym ýalyn bolup çirkizer!
Üşäniňde çoýunara közüň men,
Ýürek sensiz ebedilik irkiler!

Goý, ezizim, basma meni bagryňa,
Ýanar ot men, ýalyn degse awudar!
Diýen etmez, gitmez dilim ugruna,
Gün astynda öte bişen gawunam!

Söwer ýarym, indi kalbym körese,
Bir seni däl, bu jahany ýandyrar!
Dilsize dil, göz bolaryn köre-de,
Söýgimizdir, äleme nur ýagdyran.

Ýogsa mähriň bilen gandyr ömürlik,
Özgelerde eglenmesin gözlerim!
Gidemden soň karar tapman öwrülip,
Seni küýsäp geler ýaly, dözmezim!

Alla maňa goşa ykbal beripdir,
Biri şygrym, eziz ýarym, biri sen!
Gör-ä, eýýäm gül açypdyr erikler,
Nowçalapdyr ykbalymyň girişem!

Aýralyk hakynda ýazmandym heniz,
Şu güne çen okamandyň setir sen!
Şazadam sen, yşk mülkünde men keniz,
Ykbalyma nokadym sen, otur sen!..
Категория: Goşgular | Просмотров: 169 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Baýramsoltan Gurbanowа | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024
Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024
Şemally gün / Goşgular - 27.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Soltan / Goşgular - 27.03.2024
Goltugy daşly adam / Goşgular - 05.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Ak buýnuzly ak maral / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]