23:59

Ýanyma gelýäň

ÝANYMA GELÝÄŇ

Ömrümiň ömre deň ahwalyn buşlap,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.
Hemişekiň ýaly dodagyň dişläp,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.

Ýarym ýoldan döndi yzyna joraň,
Ne gözel kem-kemden gysylşy araň.
Ak günde alnymyň alnyndan dirän –
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.

Ädim urýaň, bozman ýeriň gaýmagyn,
Ýapraklary syryp gelýär köýnegiň.
Oklap özüň jadysyna söýmegiň,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.

Päk söýginiň gundagynda gundalan,
Bilýärmiň gözlerňiň ömre deňdigin.
Gizlenip gijäniň tümlügindenem,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.

Gözlerňi gaplapdyr syrly alada,
Ol kem-kemden geçip barýar maňa-da.
Ahwalyňy ahwalyma deň ede,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.

Ýylgyrýaň, ýylgyrşy melhem tebibim,
Ýylgyrşyňa baryn bersem zeminiň.
Gujagyna dolmak üçin söýginiň,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň.

...Gel, seni bagryma basaýyn, dünýäm,
Hanha, sen ýene-de ýanyma gelýäň...
Категория: Goşgular | Просмотров: 175 | Добавил: Lebaply4751 | Теги: Agageldi Italmazow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Dünýe... / Goşgular - 11.02.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
"At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Nädip ýaşamaly?! / Goşgular - 13.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]