06:55

"...Ýanyp-ýanybam ýazmak bolar..."

«...ÝANYP-ÝANYBAM ÝAZMAK BOLAR»

Golaýda ýazyjy Annatagan Nurgeldiýew redaksiýamyzda myhmançylykda boldy. Şonda habarçymyz köp sanly okyjylaryň islegi boýunça oňa «Baýram han» romanyna degişli käbir sowallar bilen ýüz tutdy.

– Annatagan, sende «Baýram han» romanyny ýazmak meýli haçan döredi?

– Muhammet Baýram hanyň ykbaly bilen men has irräkden gyzyklandym. Ol XVI asyrda türkmen we pars dilinde şygyr ýazan beýik türkmen şahyry. Dört ýyl Hindistanda patyşalyk edýär. Beýik mogol goşunynyň serkerdesi bolýar. Durmuşy täsin. Çylşyrymly häsiýetli. Türkmeniň baharly taýpasyndan. Gaznada dogulýar. Atasy Seýf Aly beg şol ýerde häkim bolupdyr. Wakalar meni öz erkime goýmady. Tolgunyp köp gezdim. Birbada ýazyp başlamaga ýürek edip bilmedim. Sebäbi Baýram han taryhy şahs: Ol barada taryhy çeşmeler bolsa, az. Ahyry 1985-nji ýylda, o diýen uzak bolmadyk möhletde taslamasyny boldum etdim. 1988-nji ýylda-da eseri tamamladym.

– Haýsy taryhy, edebi we ylmy çeşmelerden peýdalananyň barada aýdaýsaň?

– Bu okyjylaryň-da köp berýän sowaly. Baýram hanyň durmuşyna degişli takyk maglumatlar bilmekden başga-da, şol döwrüň syýasy, ykdysady ýagdaýlaryndan hem baş alyp çykmaly. Onsoňokalmaly zatlaryň spisogyny düzdüm. Olaryň käbirini agzaýyn:
1. «Baburnama». Bobir. Asarlar. Diwon, Toşkent, 1965ý.
2. Humaýunnama, Akbarnama (Moskwa ýa-da Leningrad).
3. Abdylkadyr Badanny, «Mun takab at-tawaryh», III t., Kalkutta, 1886ý.
4. A.Meredow. «Bäş dilde şygyr ýazan türkmen şahyry», «Sowet edebiýaty» ž., 1967ý. № 12.
5. «Türkmen edebiýatynyň taryhy», Aşgabat–1975ý., 1 tom.
6. Hindistanyň, Eýranyň, Buharanyň, Samarkandyň taryhy, SSSR-iň gadymy dünýä we orta asyrlar taryhy.
7. G.Aliýew. «Baýram han–türkmen şahyry».
8. Jawaharlal Neru. «Hindistanyň açylyşy», Moskwa, 1955ý.
9. Taryhy romanlar, «Çingiz han», «Baty han, Uzaga çeken tümlük» ýaly romanlary gaýtadan okamaly.
10. Sözlükleri okamaly we romana degişli sözlük düzmeli.
Elbetde, Türkmenistanyň çäklerinden daşary edebiýatlary gidip okamak şowuna düşmedi. Onuň subektiw sebäpleri bar. Ýöne şo mahallar hindi durmuşyna degişli elime düşen materiallary sypdyrman okamaga çalyşdym. Aýdaly, «Nedelýa» hepdeliginiň 1965-nji ýylyň awgustsanynyňbirinde«sihhi» («sikhi» görnüşi-de düşýar– N.A.) taýpasyna degişli kiçijikbirmaglumatasataşdym. Bu taýpa ady, esasan Penjapda ýaşaýarlar. Beýik Mogol imperatory bu taýpanyň saç-sakgalynyň belli bir ölçegde bolmagyny höküm edýär. Şeýle gysgajyk jümläniň köp wagt ýitirilip okalan galyň tomuňberen maglumatlaryndan gymmatly bolýan pursaty mälim...

– Söhbetiň arasyny bölýän weli... Hindistany görmensiň-ow....

– Hawa. şowuna düşmedi. «Hindistanda hyýalym» diýlişi ýaly, häzirem bu ajaýyp ülkäni görmegiň arzuwynda.

– Romanda şol döwrüň hindi durmuşy, däbi, ýaşaýşy, syýasy we ykdysady. tebigaty juda beletlik bilen suratlandyrylýar.

– Ähtimal, bilýäňmi neme, bir gezek «Sowet edebiýaty» (häzirki Garagum») žurnalynyň redaksiýasynda bir söhbetdeşlige gatnaşmak miýesser etdi. Bir şahyr Magtymgula bagyşlap poema ýazypdyr. Ýöne onuň gezen ýerlerini görüp bilmändir, Tankytçylar bolsa, şol sebäpli, ýaňky şahyra igendiler. Şonda Kerim Gurbannepesow oňa: «Zyýany ýok, özüňi tolgundyrýan zady görmän, ýanyp-ýanybam ýazmak bolar» diýip, göwnüni göterip goýberdi.

– Annatagan, Baýram han taryhy şahsyýet bolansoň, romany ýazanyňda köp kynçylyga duşansyň?

– Döredijiligiň ezýeti iňňe bilen guýy gazandan enaýy däl. Ylaýta-da. geçmişe ýüzlenmek. Dogry aýdýarsyňyz, «Baýram han» köp ejir çekdirdi. Edebi çeşmelerde Baýram hanyňgelnineSelime Soltan beguma ýa-da Ruhiýa Soltan beguma diýilýär. «Beguma sözi» patyşanyňaýaly» diýen manyny aňladýar. Şöhratly adamynyňaýalynyň adynyň iki hili berilmegi, elbetde, kynçylyk döredýär. Haýsysy anyk? Haýsysyny almaly? Şu hili çylşyrymlylyk ýüze çykanda köplenç Gazanfar Aliýewiň Baýram han hakyndaky ylmy işine ýüzlendim. Aslynda-da, bir hakykaty bilmeli. Baýram hany tarpdan açan, Türkmenligini delillendiren, ilkinji gezek ylmy iş ýazan G.Aliýewdir. Bu alym Moskwada ýaşady. Muny bilenimden soň, şu alym bilen hataragatnaşygyny etmegi, mümkinçilik dörese görüp, söhbetdeş bolmagy ýüregime düwdüm. Emma G.Aliýew basym ardan çykdy.
Indi Baýram hanyň aýalynyň adynyň iki hili berlişine dolanalyň. Men iň ygtybarly çeşme hökmünde G.Aliýewiň materialyna ýüzlenip, «Selime» diýip aldym. Elbetde, «Baýram han» dokumental eser däl. Şonda-da Baýram hanyň daşyny gaplan adamlaryň ady taryhy atbolsa ýagşy bolardiýen pikire gulluk etdim. Onsoň Edhem han, Tardy beg, Mahym eneke, Hemu we ş.m. epizodik gahrymanlaryň atlaryny ýazanymda-da G.Aliýewiň işlerinden ugur aldym. Romany ikinji gezek işläp «Balkan» gazetiniň redaksiýasyna tabşyranymdan soňam köp ikirjiňlenip gezdim. «Yzyna alsam» diýip meýillendim. Sebäbi romandaky käbir beýan edilýän epizodlar hakykatdy. Aýdaly Abulkasym bilen Baýram han tussagçylykdan gaçýar. Bular daşky keşbi boýunça gaty meňzeş eken. Ýolda patyşanyň ilçisisataşyp, Baýram hany öldürmekçibolýar. Abulkasym dostuny halas egmek üçin «Men Baýram han» diýip orta çykýar we janyny gurban edýär. Şu epizod çeşmelerde häli-şindi duşýar. Şony ýazmagy birhiliräk gördüm, özem zerurýetdi. Bir gezek edebi konsultantymyz Ýylgaý Durdyýew sataşdy. Ýagdaýy aýtdym. Tejribeli ýazyjy «Ýerinde getiribilseň, gaýtam, gowy ahyry» diýdi.

– Romanyň göwrümi kiçiräk ýaly...

– Hawa, ikinji gezek işlenimde has-da gysbaladym. Megerem, Maýakowskiý aýdan bolsa gerek: «Üç söz bilen ýazyp bilýärkäm, bäş sözüň näme geregi bar?» Prozada roman iň iri žanr. Ýöne munda sahypanyň köplügi däl-de, eserde şol döwrüň syýasy, ykdysady ýagdaýy, umuman, ruhunyňbeýan edilişi göwne makul bolmalydyr.

– Eseriň diliniň şireliligini aýratyn bellemeli.

– Sag boluň. Romanyň her bir sözüniň «gylynyň gyrylman» çap edileni üçin «Balkan» gazetinden has-da razy. Dil meselesinde gürrüňiň ýaýrawyny az-kem uzaldalyň.
«Girdap» powestimde «gerege» sözüni getiripdim. Çap edilende «Narly baýyň göçüniň iň gereklisi urlan düýe» diýlip, «gerege» sözüniň manysyna düşünilmän, belki düşünjegem bolunman, «iň gereklisi» diýen jümle bilen çalşyrylypdyr. Meniňdädem çagakam düýe çopany boldy. Bu söz çarwa durmuşynda, has takygy, göçülende köp ulanylýar. Irräk döwürde öýler şu mahalky ýaly, maşyn bilen däl-de, bugurça ýüklenilip göçülerdi. Garaja öýüň tärimi, ugy, tüýnügi urlan bugurçy burundygy ilişmez ýaly, göçüň yzyna tirkelýär. Şol ýük gerege. Sözlüklerde sataşanok. Türkmençe, edebi aňlatma weli, gerek. Bu söz gazak ýazyjysy Muhtar Auzowyň «Abaýyň ýoly» romanynyň rusçasynda «kerege» şekilinde berlipdir. Gazaklar bilenem biz hemme babatda gany bir garyndaş. Edebi dilimizden diňe alman, ony baýlaşdyrmaly hem. Derýalar damjadan emele gelýär ahyry.

– Annatagan, tankyda niçik garaýarsyňyz? Hususan-da, bu «Baýram han» romany babatynda nähili?

– Yrsarama tankyt (bu-da bolýar) däl-de, ak ýürekli bellikler dörediji adama diňe peýda getirýär. «Baýram han» barada edebi tankyt indi seslenmeli. Dogry golýazmany okan galamdaşlarymyň bellikleriniň aglabasyny düzetdim. Eser 1987-nji ýylda Krasnowodskide ýaş ýazyjylaryňseminarynda ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýöne Baýram han we onuň döwründen gowy habarly, edebi taýdan taýýarlykly adam tapmak çetin. Bir ýaşuly ýazyjy gönüsinden geldi: «Men Baýram hany» okamaga taýyn däl. Sebäbi Baýram hany, şo döwri gowy bilemok...».
Keýpime sogan dogralan pursatlary-da boldy. Bir tomus gijesi gaharyma elýazmany, maşynkadan geçirilenleri otladym. Ep-esli wagt geçdi. Arhiwimi dörjeleşdirip otyrkam... «Baýram hanyň»maşynkadan geçirileniniň bir ekzemplýaryny tapaýdym. Gaýtadan okadym. Başga biriniň ýazan eseri ýaly, özüme ýiti täsir etdi. Onsoň ýalňyşanyma düşündim.

– Annatagan, «Baýram hana» degişli başga aýtjak zadyň barmy?

– Belli serkerdeniň we şahyryň ady ebedileşdirilse ýagşy bolardy. Onuň şu mahala çenli 1918 setiri mälim. Gözlegi tizleşdirseler, doglan gününi ýa-da hatyra gününi gurnasalar, belki kinofilm döretseler sogabynyň çägi bolmazdy.

– Beren gürrüňiňiz üçin sag boluň!

Söhbetdeşligi ýazga geçiren: Amanmyrat Maýew.

# «Balkan» gazeti, 15. X. 1992 ý.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 396 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Amanmyrat Maýew | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 2
0
1 Gurban  
24
Baýram han barada kino düşürlendi heniz habarym ýok. Ýöne spektakl goýlandy bilýän. 2000-nji ýylda Lebap welaýatynyň Seýitnazar adyndaky sazly drama teatrynda goýuldy. Režissýory Türkmenistanyň halk artisti Çary Işangulyýew, Baýram hanyň rolunda bolsa Türkmenistanyň sungatda at gazan artisti Kadyrberdi Atabaýew ussatlyk bilen oýnaýar. Şowly spektakl bolýar.

0
2 Nurdan  
100
Taryh bilen gyzyklanyp, aslyny beýgeltmek maksatly eserleri yzynda nesillere galdyryp bilen Ýazyjy, Mugallym. Ady tutulmaga mynasyp YNSAN.
Annatagan Nurgeldiýewiñ kitaplaryny tapyp, ählisini şu saýda täze elipbiýde goýulypdy. Annatagan agañ ruhy şat bolsun! Alla razy bolsun..!

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]