23:15 Ýaş nesilleri terbiýelemekde Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynyň ähmiýeti | |
ÝAŞ NESILLERI TERBIÝELEMEKDE MAGTYMGULY PYRAGYNYÑ ŞYGYRLARYNYÑ ÄHMIÝETI
Terbiýäniň esasy maksady ýaş nesli edep-terbiýeli edip ýetişdirmekdir. Türkmen halky edep-terbiýä uly üns beripdir. Magtymguly Pyragynyň goşgulary öwüt-nesihaty, türkmeniň ahlak, ruhy gymmatlyklaryny öz içine alýar. Ol durmuşyň ähli öwrümlerinden eriş-argaç bolup geçýän goşgulary bilen halkyň kalbynda ebedi orun alandyr, aňyna, ganyna, ruhuna ornaşandyr. Beýik ussadyň pikir eleginden geçen parasatly pikirleri umumadamzat ruhy çeşmelerinden ugur alan ýörelgelerdir. Asyrlaryň geçmegi bilen beýik dananyň eserleriniň terbiýeçilik ähmiýeti barha artýar. Akyldaryň döredijiligi türkmen halkynyň ruhy dünýäsiniň, ene diliniň, çuňňur mazmunly edebi mirasynyň, özboluşly ýaşaýyş medeniýetiniň ýaş nesli ýokary ahlak ýörelgelerine laýyklykda terbiýelemegiň milli mekdebiniň dürdänelerine esasdyr.Şahyryň öz şygyrlarynda ýüzlenmedik meselesi ýok diýerliklidir. Berkarar döwlet, Watany söýmek, agzybirlik, ata-enä hormat goýmak, ulyny sylamak, kiçini söýmek, mätäje kömek-goldaw bermek, edepli-ekramly bolmak, sagdyn durmuş ýörelgesini alyp barmak ýaly meselelere şahyr yzygiderli ýüzlenipdir. Akyl terbiýesi terbiýeçilik döwrüniň iň möhüm ugurlarynyň biri bolup, şahsyýetiň hemmetaraplaýyn ösmeginde esasy orun tutýar. Ol ahlak, gözellik, maşgala, beden we zähmet terbiýesi bilen berk baglanşyklydyr. Pyragynyň eserlerinden hem adamlary bilimli, ylymly, ynsanperwer bolmaga çagyrýan köp goşgularyny mysal getirmek bolar. Mekdep okuwçylaryna kitap okap, bilimiňi artdyrsaň, durmuşyň manyly, ruhy dünýäň kämil, kalbyň arassa boljakdygyny öwredýän, ine, şu bendi mysal görkezmek bolar: Kitap okan gullar magnydan dokdur, Olaryň kalbynda şeýtan bolarmy? Watana söýgi-milli guwanç, milli mertebedir. Bu bolsa öz gezeginde gahrymançylyk, mertlik ýaly häsiýetleriň gözbaşy bolup durýar. Akyldar: Ýat illerde mysapyrlyk çekenden, Ursa, sögse, horlasa-da il ýagşy- diýip, il-halka bolan çäksiz söýgüsini, il-günüňden arzyly zadyň ýokdugyny we hiç halkyň, hiç ülkäň öz dogduk iliň ýerini tutup bilmejekdigini beýan edýär. Magtymguly atamyzyň ýaşlaryň biri-birini goldamaklaryny, olaryň özara gowy gatnaşyk etmeklerini, bir-birege kömek bermeklerini ündeýän birnäçe şygyrlary bar: Ýetimi göreňde güler ýüz bergil, Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil, Gamgyny göreňde, ýagşy söz bergil, Entäni goldara hemaýat ýagşy. Mundan başga-da dosta wepalylyk hakynda şeýle nesihat edýär: Gadyrdan dostuňdan ýüzüň öwürme, Barsaň depesine täç eder seni. Bu setirleriň ählisi ýaş nesillerde kitap okamaga söýgi döredip, bilesigelijiligini artdyrmakda, olaryň hemmetaraplaýyn ösüşini üpjün edýän akyl, ahlak, estetiki taýdan terbiýelenmeginde esasy çeşmelerdir. Mugallymçylyk kärinde zähmet çekmek bilen ýörelgämiz bolan Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň-türkmen halky üçin bahasyz baýlygynyň elimizde bardygy bizi çäksiz buýsandyrýar. Islendik kärde bolsaňam bu ajaýyp şygyrlardan gözlän soragyňa jogap tapyp bolýar. Esasanam, mugallymçylyk kärinde bu eserler uly gollanmadyr. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginiň köptaraplydygyny, zamanamyzyň nesillerine miras goýan adamkärçilik, watansöýüjilik, nesil terbiýesi hakyndaky şygyrlarynyň ajaýyp terbiýeçilik taglymatyny öwrenip, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýeti kemala getirmekde, ýaş nesle ähli ugurdan milli terbiýe bermekde esasy wezipe edip goýmalydyrys. Annabeg AÝMAKOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |