17:44

Ýaş ölümiň ünjüsi

Категория: Goşgular | Просмотров: 501 | Добавил: Ahmet | Теги: Baýram Akatow | Рейтинг: 4.8/4
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Alabahar / Goşgular - 21.03.2024
Owadan pyçak hakynda erteki / Goşgular - 09.04.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024
Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024
Salam, Türkmenistan! / Goşgular - 01.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Estagfurullaly bentler / Goşgular - 14.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 myhman  
732
@Haweran aýdar, eý, baýram,
öýtme meni seň kastyňda.
goşgyň erbet dälem welin,
wah, seň derejäň astynda.

0
2 myhman  
732
@Haweran degişýändirin.

goşgyny liriki gahryman rak keselli diýip derňeýän.
goşgyň birinji bendiniň birinji ikinji setiri baglanyşýaram welin, üçünji setiri bir zat diýýä, dördünji setiri wapşe başga tarapdan tutýan ýalylaý. ýa beýle dälmi?

indi bölek bölek seredip göreliň.

Gabryň içi sowukdyr, kändir onda mör-möjek,
Bu zatlar jansyz tene bildirmez-ä aslynda.


birinji setir düşnükli. ikinji setiri kime diýýä. özüne göwünlik berýämi? birine janygyp düşündirjek bolýan ýaly bolupdyr.

Taňrym* göwne düwüpdir, Ezraýylmy gynanjak,

*(men Taňry sözüni diňe gaýry dinleriň uýýan zatlary üçin ulanylsa dogry hasap edýän)

ýogsa gynanmalymy? ölüme her kim birhili düşünýändir welin...

Ýok bolaýmak kyn ýöne, ömrüň bahar paslynda.

ýöne meň ynanyşyma görä hä ölüm ýok bolmak däl. ikinjem ölmek diňe ýaşlara däl, garrylarada kyn, hiç kimiň (aglaba köpçüligiň) ölesi gelenok.

Asy bolmak kyn işdir, sorag ederler menem,

asy bolmak diýýäniň başa gelenine närza bolmak (türkçedäki isyan etmek) ýaly zat dälmi? gaýtam asy bolmazlyk kyn dälmi, onda-da ýaş başa öljegiň görnüp durka. onsoňam isýankär bolmak bilen sorag edilmegiň näme dahyly bar? barybir sorag ederler asy bolsaňam, bolmasaňam.

Ol ynjar meni görse agyr günäň astynda.

kim ynjar? iň beter ynjajak özüň bolaýmasaň.

Söýmedim, söýülmedim, söýenim düýulmady,

bir setirde hem söýmedim diýýäň hem söýenim duýulmady diýýäň. haýsyna ynanmaly.

Söýmedim, söýülmedim, söýenim düýulmady,
Ýöne kim bilýär, belki, nämbar gyzlaň aklynda.
Bir gözel söýdüm diýip, ýassyga başyn goýup,
Utanjaň-da gyz halky, aglaýandyr ahmyrda.

şu bendiň setirleriniň baglanyşygyny biri düşündiräýmese menä düşünmedim.

"nämbar gyzlaň aklynda" - mel gibsonyň bir kinosyny ýatlatdy :-).

iň soňky bendi boli meni erbet däl, birinji setiriniň soňky üç sözüni hasaba almasaň.

iň normalnyý setiri

Ah, ejemjan gark bolar şor damjalaň astynda.

çykmadyk janda umyt bar. özüňize gowja serediň, eneleriňizi aglatmajak boluň.

Gurbannazar näme diýýä:

Goýsaň,
Goýsaň,
Köp zat goýsaň,
Derdiňi enä goýmasaň.

köp goşgusynda ýaşka öljegini duýan ýaly, neresse.

ýatan ýeri ýagty bolsun.

0
3 mango  
651
"Ýok bolaýmagyň kynlygy..." barada aýdasym gelýär.
aýtjaklarym goşgy bilenem bagly däl, ýöne bir kellede öwüsýän pikirlerden...
anna darakdişiň bir filosofiýasy bar: türmä düşmek gorkusy bilen ýaşandan, türmede azatlygy arzuw edip ýaşanyň gowy - diýen ýalyrak...
onsoň, bir gutulgysyz hassa biriniň içki durmuşyna aralaşyp görseň, belki, ol saglygyna gowuşmajagyny anyk bilse, kim bilýär ol täze durmuşy, şu günki ýagdaýyndan gowy durmuşy - ölümi isleýän bolmagam ahmal. sebäbi ölümde-de rahatlyk bar, azaplardan dynmak bar, öten ýakyn hossarlaryňa gowuşmak bar.....
gorkunç ýaly görünse-de bu bir hakykat dälmi?
umuman.... bes edeýin....
ýöne, ýaşaweriň, her kim uzak, manyly ömür sürsin, ölümine (ýa geljekki ýaşaýşyna) taýýarlykly ýaşasyn...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]