09:11 Ýaşlar bilen öňe barýar diýarym | |
ÝAŞLAR BILEN ÖŇE BARÝAR DIÝARYM
Gözbaşyny gadymyýetiň jümmüşinden alyp gaýdýan merdana türkmen halkymyz geçen ähli taryhy döwürlerinde özüniň ýaş nesline aýratyn sylag-sarpa bilen garapdyr. Gadymy Gündogar halklarynyň edebiýatynda “Bir ýylyň aladasyny etseňiz, däne ekiň. On ýylyň aladasyny etseňiz, daragt ýetişdiriň. Ýüz ýylyň, müň ýylyň aladasyny etseňiz, nesil ýetişdiriň” diýen ýörgünli tymsal bar. Hawa, şu tymsaldan hem görnüşi ýaly, nesilbaşymyz Oguz hanyň, pähimdar Gorkut atanyň parasatlylygyna, milli gahrymanymyz Göroglynyň edermenligine uýup, pederlerimiziň nusgalyk ýoluny dowam etdirýän ýaşlar ýurduň röwşen çyragydyr. Ýaşlar, ýaşlyk diýlende Türkmenistanyň halk ýazyjysy, şahyr Atamyrat Atabaýewiň şeýleräk şygry ýadyňa düşýär. Garaşsyz, Bitarap beýik Döwletde Ýaşap, günde-günden beýgeliň, ýaşlar! Bu beýik işlerden durmaň siz çetde, Döwrüň gadamlaryna eýeriň, ýaşlar! Dogrudan-da, mukaddes Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Diýarymyzda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan giň gerimli we tutumly işleriniň saýasynda türkmen ýaşlaryna uly mümkinçilikler döredilip berilýär. Bagtdan paýly, ylym-bilimden serpaýly ýaşlar bolsa ýurdumyzyň ähli pudaklarynda halal zähmet çekip, ata Watanymyzyň at-abraýyna, şan-şöhratyna özleriniň mynasyp goşandyny goşýarlar. Ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalary, olaryň işleriniň köpugurly goldanylýandygyny biz her ädimde duýup ýaşaýarys. Hormatly Prezidentimiziň başlangyçlary esasynda, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VII gurultaýynda “Ýaşlar barada döwlet syýasaty hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň rejelenen görnüşiniň kabul edilmegi we taryhyň sahypalaryna müdimilik altyn harplar bilen ýazyljak hut bir ýylyň “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýyly diýilip atlandyrylmagy ýazlaryň ýaraşygy bolan ýaşlaryň buýsançly başyny we göwün guşuny ýene bir gez belende göterdi. Kanunda ýaşlaryň geljekde kämil şahsyýetler bolup ýetişmegi ugrunda gözöňünde tutulan ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy guwandyryjy wakadyr. Milli hem-de halkara derejede kanun esasynda ykrar edilen, türkmen halkynyň Milli Lideri, döwrümiziň Beýik şahsyýeti, Gahryman Arkadagymyzyň döwet galamyndan syzylyp çykan “Ýaşlara gutlag” atly dür setirli dürdäne şygry bagtyýar ýaşlaryň belent senasyna öwrüldi. Gahryman Arkadagymyzyň bu şygrynda dörediji türkmen ýaşlaryna bildirilen uly ynam gaýnap joşýar. Şygryň her bir setririni okanyňda, şu toprakda doglup, önüp-ösendigiňe we şu Watanyň neslidigiňe tüýs ýürekden buýsanýarsyň. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ýaşlara gutlag” atly ajaýyp eseri “Arakadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” ýylynda ösüşiň hereketlendiriji güýji bolan ýaşlara edilen serpaý bolsa gerek. Arkadagly Serdarymyzyň: “Biz Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe öňümizde belent maksatlary goýduk. Mähriban Watanymyzyň abadançylygyny we durmuş-ykdysady ösüşini halkymyzyň ýaşaýyş derejesini mundan beýläk-de ýokarlandyrmak, dünýäde parahatçylygy hem-de ynanyşmagy berkitmek wezipelerini öňe sürdük. Şu belent maksatlara ýetmekde ýurdumyzyň ýaş nesillerine aýratyn bil baglaýarys” diýip nygtamagy ýaşlaryň kalbynda Watana bolan çäksiz söýginiň ýokarlanmagyna itergi berýär. Watan geljegini türkmen ýaşlarynda görýän Gahryman Arkadagymyzyň, Aekadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun. Tutýan il-ýurt bähbitli, dünýä ähmiýetli işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin! Gözel PARAMOWA, Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň koreý dili hünäriniň 4-nji ýyl talyby. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |