10:05 Ýaşyl reňkli ýazym | |
ÝAŞYL REŇKLI ÝAZYM Owsunşyňa ýeller düşünebilmez, Pasyrdyňa meňzäp uçar guşlaram. Sen barkaň, gök buldun düşenebilmez, Aý-ýyldyzlar gujagyňdan düşmezem. Ýaýlalara ýaşyl reňkiň ýokupdyr, Görküňden gül-gunça syçrar düzlere. Mydam nazarlarmyz saňa bakyp dur, Gözelligiň damyp dursun gözlere. Sen – asmanyň ýüzi, ýeriň ýazy sen, Beýikligiň deňleşer ho-l daga-da. Hemişe pasyrdap dursaň razy men Elimde ömürlik götermäge-de. Diňe ellerde däl, göterip ýörün ýüregimiň üstünde seň nyşanyň. Eýeläňsoň bu gün kalbymyň törün, Synyňdan üç gez däl, on gez ogşaryn. Gördüm mertleň saňa başyn egen-de, Sen ýollara şöhle boljak yşyksyň. Aýyrsalar Tugy Arşdan eger-de Asman galan ýaly bolar eşiksiz... Goçmyrat ORAZBERDIÝEW. | |
|
√ Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024 |
√ Was-wasylara... / Goşgular - 23.01.2024 |
√ «Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024 |
√ Soltan / Goşgular - 27.03.2024 |
√ Günüñ monology / Goşgular - 01.01.2024 |
√ Tazy / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024 |
√ Siziñki / Goşgular - 30.01.2024 |
√ Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024 |
√ "At bilen kowalap gördüler ony..." / Goşgular - 01.01.2024 |
Teswirleriň ählisi: 1 | |
| |