12:13

Ýaşyl zümerret

ÝAŞYL ZÜMERRET

Magtymguly güýçli bilen dalaşmaň,
Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň,
Ýagşy, ýaman sözüm köpdür gülüşmäň,
Neçün, her kim bildijegin diýr gider.

Hemme kişä mälim bolşy ýaly, Ýer planetasy emele gelende ýedi asmanyň ýedi gatlagy hem bir-birine utgaşdyrylyp, sazlaşykly yaradylypdyr. Bu gudtatly yadysa keramatly kitaplarda hem agzalýar. Pyragynyň döwründe medreselerde talyplara diňe dini ylymlar öwredilmän, dünýewi ylymlary hem okadylypdyr. Magtymguly Pyragy öz döwründe alan ylymlarynyň netijesinde asman barada, has takygy Ýeriň atmosfera gurşawy barada “Ýaşyl zümerret” şygrynda, mistiki we şahyrana dilinde düşündiriş beripdir.
Häzirki zaman ylmynyň nukdaý nazaryndan ugur alsaň, Pyragynyň beýan eden ilkinji asmany bolan “Ref:a” Ýer atmosferasynyň troposfera gatlagyna gabat gelýär. Onuň Ýerden uzaklygy 10-14 km we 4/5 bölegi howadan we suw neminden ybarat bolup, Ýer ýüzündäki ýaşaýşyň özeni bolup durýar.
Şygyrda agzalýan ikinji gat asman—“ Arklawyn”, Ýeriň atmosferasynyň stratosfera gatlagyna çalymdaş. Onuň uzynlygy 8-18 km başlap, 40-50 km çenli uzalýar.
Üçünji gat—“Kaýdum”, ozonosferadyr. Bu gatlak stratosferanyň düzüminde bolup, sap ozondan (O3) durýandyr. Ozon Ýer ýüzündäki janly-jandarlary Günüň howply ultramelewşe şöhlesinden goraýandyr. Dördünji—“Magunyň”, mezosferanyň uzaklygy 40-90 km, bäşinji gatlak bolsa “Renka” —“Termosfera” diýip atlandyrylan. Onuň uzynlygy 80-85 kilometrden başlap, 500-800 km çenlidir. Bu gatlagyň düzüminde bolan altynjy gat “Defna” —“Ionosfera” Ýeriň ýüzünden 50 km ýokarlykda başlaýar. Hemmä mälim bolşy ýaly, bu gatlagyň radio-,teleýaýlymlaryň, radiotelefonlaryň tolkunlaryny uzak aralyga ýaýratmakda möhüm ähmiýeti bardyr.
Ýedinji gat bolan ekzosfera—Ýeriň täjine Pyragy “Ajap” diýip at beripdir. Onuň uzynlygy 1000-2000 km bolup, ol wodorod ionyndan (H+) durýandyr.
1666-njy ýylda Isaak Nýuton öz iş otagyny garaňkyradyp, äpişgäniň tutysynda galamyň ujy sygar ýaly deşik deşip, şol deşikden düşýän Gün şöhlesini dury aýnadan ýasalan prizmanyň bir diwarjygyndan geçirýär. Alymalryň arasynda ilkinjileriň biri bolup, Nýuton örän geň hadysanyň şaýady bolýar: otagyň ak diwaryna ýagyş ýagandan soň asmanda ýaýylýan älemgoşaryň nusgasyny görýär we oňa Ýere düşýän Gün ýagtylygynyň spektri diýip at goýýar.
Uly synpdaky mekdep okuwçylaryna mälim bolşy ýaly, Gün şöhlesiniň spektri ýedi zolak reňkden, ýagny: gyzyl, mämişi (narynç), sary, ýaşyl, mawy, gök, benewşe reňklerden ybarat (ýene ýedilik san orta geldi). Goşgydaky agzalýan asmanyň reňkleriniň atlary älemgoşaryň reňklerine takyk gabat gelmese-de, şahyryň çaklamasynyň mazmuny aýdyň.
Magtymgulynyň şygryndaky gyzyl ýakutyny Gün dogup gelýärkä, sary ýakutyny bolsa Gün maňlaýyny görkezip, dogup başlanda görýäris. Ýakut reňkli asmany Gün ýaşyp barýarka hem synlap bilýäris. Şapakda Gün ýokary galanda we aşak inende asmanyň altynsow öwüşgininiň emaý bilen kümüşsöw reňke öwrülýänini biz her gün synlaýarys. Mezosferada (75-85 km beýiklikde) “kümüş bulutlar” emele gelýär, olary tomus aýlary iňrik garalanda görüp bolýar. Gün naýza boýundan has ýokary galansoň-a, asman ak hünjä öwrülip gidýär. Asmanyň bu yzygiderli reňk çalyşma hadysalary Gün nurynyň atmosferanyň ýedi gatlagyndan geçip, ýedi zowala bölünmeginiň hadysasydyr.
Indi “ýaşyl zümerret” barada. Günüň ýagtylygynyň spektriniň bir zolagy bolan ýaşyl reňki kämahallar bulutly günler asmanda sähelçe kölçe bolup sudury bildirýär. Ýaşyl reňkli asmany Demirgazyk polýusyň ýaşaýjylary gijelerine garaňky asmanda has hem ýygy synlaýarlar. Ýer togalagynyň ähli künjeginde mahal-mahal asman tutuşlygyna ýaşyl reňk bilen çaýylýar, ýöne bu hadysa örän seýrek duşýarys. Gün ýaşyp, “seňriginden” ötürip, “maňlaýy” sejdä golaýlanda, Zemin bilen asmanyň birleşýän ýerinde, Gün tegeleginiň alkymynda, gysga wagtlaýyn, inçejik ýaşyl zolak peýda bolýar. Gözýetimde päsgelçilik ýok bolan şertlerde tejribeli, ezber fotograflar şol täsin, ýaşylja zolagy surata düşürip ýetişýärler. Bu hadysany Hazaryň kenarynda Günüň batyşyny synlanyňda ýygyrak görüp bolýar.
Ýer togalagynda wodorod erkin ýagdaýda duşanok, ol diňe beýleki maddalar bilen birleşen görnüşinde duş gelýär. Atmosferanyň iň ýokarky gatlagy bolan ekzosfera—Ýeriň täji erkin wodorod ionlary (H+) bilen dykyzlanandyr. Gepiň gerdişine görä, Günüň gylla ýarysy we ýyldyzlaryň aglabasynyň göwrümi wodoroddan saplanandyr. Günden syçraýan nur (foton), onuň jümmüşinde joş urýan wodorod-geliý termoýader sintez reaksiýasy esasynda älem giňişligine ýaýrap, Ýerdäki ýaşaýşyň durnuklylygyny milliardlarça ýyldan bäri saklap gelýär. Atmosferanyň ýedinji gatlagynyň sap wodorod ionyndan durýanlygyny we wodorod çig mal hökmünde, Günüň çeşmesinde gaýnap, nuruň döremegine gönüden-göni gatnaşýanlygy bilen ylalaşsak, onda şahyryň ýedinji asmanyň nurdandygyny nygtamasy ýöne ýerden däl eken.
Elbetde, bu söhbedimize ylmy seljermäniň netijesi diýip bolmaz. Bu meniň akyldaryň şygryna allegoriki tefsirim. Şonuň üçinem, okyjylaryň käbiri meniň bilen ylalaşmazlyklary hem ähtimal.

Kakajan BALKANOW.
22.06.2019 ý.
Категория: Magtymgulyny öwreniş | Просмотров: 294 | Добавил: kakajanbalkan1 | Теги: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Magtymgulyny öwreniş bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]