17:09 Ýat bolup barýañ sen ýuwaş-ýuwaşdan... | |
ÝAT BOLUP BARÝAŇ SEN ÝUWAŞ-ÝUWAŞDAN Ýat bolup barýaň sen ýuwaş-ýuwaşdan, Sesiň gelip durmasy hem kesildi. Sessiz söýgi käte bejerip bolýan, Käte bolsa... emi duşmaz keseldi. Aýralyk hakynda pikir etmezden, Garap durduň maňa jahan gözünden. Hakykatyň ysy gelmeýän eken, Yşkyň berýän soňsuz wada -- sözünden. Şonda-da, yşkyndan nägileler hem Ony aňsat-aňsat terk edip bilmez. Erksizlik gurasyn, çünki söýýänler özüne hiç haçan erk edip bilmez. ...Ýat bolup barýaň sen ýuwaş-ýuwaşdan, Meniň umyt agajymy soldyryp. Tug deýin pasyrdap duran yşkymy, Bilmediň sen ýüregiňe sygdyryp. Şonda-da, ýüregim dymyp bilenok, Şonda-da, ýüregim seň bilen bagly. Meniň iň bagtly, süýji günlerim, Dünýäň gujagynda seň bilen galdy. Ýüregim şeýle bir zaryn saz çalýar, Bir naşyja tüýdük ýasap gamyşdan. Meni başga ykballara duş eýläp, Ýat bolup barýaň sen ýuwaş-ýuwaşdan. Ogultäç ORAZTAGANOWA. | |
|
√ Ýeller, maňa yşk hakynda aýdaýyň! / Goşgular - 06.01.2023 |
√ На дне преисподней / Goşgular - 12.01.2023 |
√ Kalbyň ýaz, läläm / Goşgular - 01.01.2023 |
√ Сочувственное послание Сарре, графине Джерсей, по поводу того, что принц регент возвратил ее портрет м-с Ми / Goşgular - 10.01.2023 |
√ Уллин и его дочь / Goşgular - 10.01.2023 |
√ Ода на прибытие из Голстинии и на день рождения великого князя Петра Феодоровича 1742 года февраля 10 дня / Goşgular - 10.02.2023 |
√ Güýzdäki düýş / şol bir şygryň iki äheňi / Goşgular - 02.02.2023 |
√ «Ветер звонок, ветер нищ…» / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Kölege / Goşgular - 31.01.2023 |
√ Как листья в осень / Goşgular - 06.01.2023 |
Teswirleriň ählisi: 4 | |||
| |||