13:41 Ýatlama | |
ÝATLAMA Gözýetimde Gün gizlenen çagynda, Ýyldyzlar doganda hatar-hatarly, Yzymda ullakan tozan turuzyp, Köçäňizden köp gatnardym motorly. Ýöne bir gatnamak bolsa ne ýagşy, Seni görjek bolup, bolardym harap. Käte gabat geläýseňem, il-günden çekinip, oňardyň gytajyk garap. Öýňüze garawul bordum käteler, (Ýöne agaň hemişelik sakçydy.) Hernäçe bukdaklap gezenem bolsam, Wah, şo gije agaň meni gapjady... Ählije kynçylyk unudylardy, Düýnki gaçyş durmazdy hem ýatlanyp. Garaňky gatlyşsa, ýene siz taýa Ýelk ýasardym motoryma atlanyp. Sapa HOMMADOW. | |
|
√ «Весна несла свои дары…» / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Musa Jelile / Goşgular - 15.02.2023 |
√ «Если б в сердце тебя я не грел, не ласкал…» / Goşgular - 18.01.2023 |
√ "Когда на то нет божьего согласья…" / Goşgular - 12.01.2023 |
√ Зеркало / Goşgular - 10.02.2023 |
√ Goşgularym! / Goşgular - 06.01.2023 |
√ «Мировое началось во мгле кочевье…» / Goşgular - 14.01.2023 |
√ Gyş arzuwy / Goşgular - 16.01.2023 |
√ «Мой милый, будь смелым…» / Goşgular - 07.01.2023 |
√ Git! / Goşgular - 09.02.2023 |
Teswirleriň ählisi: 0 | |