08:39

Ýazmajak bolup ýazylan goşgy

ÝAZMAJAK BOLUP ÝAZYLAN GOŞGY

“Il möňňürip, ýüzün tutup aglaýar,
Ýesir boşamazmy, giden gelmezmi?!”
Şähri-Bossan


Köp gülen bir aglar bolsa,
Köp aglan bir gülmezmi?!
Magtymguly aýtmyşlaýyn:
“Ajap eýýam gelmezmi?!”

Hydyry hyrs çykan millet,
Gözün gara çokan millet,
Kül üstüne çöken millet
Bir silkinip galmazmy?!

Çörek gözläp çapalanan,
Ýüzüne gum sepelenen,
Ar-namysy depelenen
Azgyndan ar almazmy?!

Türkmen ady dakylanyň,
Tumşugyna kakylanyň,
Çynar deýin ýykylanyň
Dikeljegi bolmazmy?!

El tersine oklanan halk,
Batrak kimin saklanan halk,
Agzy-burny beklenen halk
Süllermezmi, solmazmy?!

Hakykatdan zormuş ýalan,
Köpelýärmiş baýrak alan,
Bu gün başy sypalanan
Ertir saçyn ýolmazmy?!

Bir bedewdim, gopdy ýalym,
Süňk gapdy ýazyjy-alym.
Adamdan mal ýasan zalym
Ýüzüne gara çalmazmy?!

Iru-giç syrylar perde,
Nyrh bolmaz egilen serde,
“Namart” diýp ýüzlenseň merde,
Öldürmezmi, ölmezmi?!

Şiraly NURMYRADOW
Категория: Goşgular | Просмотров: 310 | Добавил: Revo | Теги: Şiraly Nurmyradow | Рейтинг: 4.5/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Kyrk ýaşa ýeteniñde / Goşgular - 03.02.2024
Atsyz goşgy / Goşgular - 31.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
At galar / Goşgular - 11.02.2024
Çarwa arabyñ söýgüsi / Goşgular - 10.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Moskwadan görýärler / Goşgular - 30.01.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]