17:50

Ýazyjy-şahyrlaryñ näme üçin ýazýandygyny we edebiýat baradaky pikirlerini bilmek üçin üç soragda umumy gürrüñdeşlik

Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 1096 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Kalba Nur, Ogultäç Oraztaganowа, Bagtygül Tekäýewa, Şahymerdan Sary ogly, Dañatar Galpakow, Azat Nurgeldiýew, Oguljemal Çaryýewa, Gapur Hoja, Sapa Hommadоw | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 13
0
1 Palitra  
199
Malades. Okap hezil etdim. Sag boluñ kitapçylar.

0
2 Bagabat  
43
Gyzykly bolupdyr. Minnetdar. Ýöne, näme üçindir, pikir alşylanlar pikirlerini "kitabyrak" ýazypdyrlar. Misli, özleri hakda däl-de, öz eserleriniň liriki gahrymanlary "şahyrlar" barada ýazylan ýaly. Ýa-da sowallary başgaçarak goýmaly ekenmi-nämemi...

0
3 Bagabat  
43
Ýöne, gyzykly hem özüňki bilen pikirdeş pikirleriň kändigini aýratyn belläsim gelýär. @Has Türkmen, zähmetiň ýerine düşüpdir. Esasanam şahyrlarymyzyň dürli ýaşlylary bilen gürrüňdeşlik geçirilmegi, birhili dürli döwürlerde kemala gelen zehinleriň döwürlere we döredijilige bolan garaýyşlaryny bilmäge ýardam beripdir. Göwnümden turan we jaýdar ýerine düşen pikirlerden şulara ünsi çekesim gelýär:
1. Oguljemal Çaryýewanyň ýaş döredijileriň öz halkymyzyň döredijiligine kembaha garap, günbatar döredijiligine etalon hökmünde garamaga ýykgyn edýändiklerine gynanýandygy hakynda pikiri. "Gündogar sazyn diňle Günbatar, Diňlärçeräk bardyr sazy dutaryň" diýipmidi Gurbannazar şahyrymyz?! Onsoňam edebiýatdaky rowaýatlaryň birinde, şeýle aýdylýar. Hamana Saltykow-Şedrine Eýranda Russiýanyň ilçisi bolan Griboýedow Magtymguly atamyzyň şygyrlaryny pars dilinden rus diline terjime etdirip, "Фраги" tahallusy bilen beripmiş, ol bolsa öz gezeginde Žukowskiýniň üsti bilen şol goşgulary A.Puşkine ýetiripmiş. Ol şygyrlary okan Puşkin şondan soň haýran galyp, Gogolyň ýanynda özüniň şeýle jadyly setirleriň döremegine iteren Kurany-Kerimi çuňňur öwrenýändigini aýdanmyş. Soňam A.Puşkin özüniň "Подражание Корану" atly goşgularyny şondan soň ýazanmyş. Elbetde, bu rowaýat adaty edebiýat mifleriniň biri bolmagy mümkin. Ýöne A.Puşkiniň şeýle şygrynyň bardygam hak. Griboýedowyň Eýranda ilçi bolanam hak. Ýöne, gynansagam, häzirki käbir "günbatarçy" ýaşlarymyz üçin, Puşkinem, Griboýedowam "günbatar etalonynyň" düzüm bölegi däl.

0
4 Bagabat  
43
2. Söhbetdeşlikde ikinji bir ünsümi çeken pikir, Ogultäç Oraztaganowanyň: ""Näme üçin ýazýaň?" diýen sowaly bermäge hiç kimiň haky ýok" diýen pikiri boldy. Meniň pikirimç-ä, okyjynyň şahyryň ýa-da ýazyjynyň şahsy durmuşyna, sypatyna, ýüz-keşbine dahylly zatlardan başga islendik içgin sowaly bermäge haky barmyka diýýärin. Sebäbi ýazmak işi hiç haçanam diňe täk-tenha özüň üçin edilmeýär. Gaýta tersine ol diňe köpçülik, okyjylar üçin ýerine ýetirilýär. Hut okyjylara, ýagny daş-töweregiňi gurşaýan adamlara aýtmaga nämedir bir zadyň bardygy, şony hem şolara öz isleýşiň ýaly aýdasyň gelip ölüp barýandygyň, adatça ýazmaga iterýär. Ýadyňyza düşýän bolsa, Keý-Kowus "Kowusnamanyň" girişinde "Ynsan özüniň iň gymmatly zadyny özüniň iň eý görýän adamsyna goýýar" diýýändir. Şahyr, ýazyjy...umuman, dörediji üçinem okyjysy, tomaşaçysy iň eý görülýän ynsanlaryň hataryndamyka diýýärin. Sebäbi diňe iň ezizleýän adamyň pikiri seniň üçin gymmatly bolýar, hemişe onuň göwnüni tapasyň, onuň oňlamasyna, minnetdarlygyna mynasyp bolasyň gelýär...Gymmatly zatlarynam ynsanlaryň aglaba köpüsi özleriniň eý görýän adamlaryna sarp etmäge, iň bolmanda miras goýmaga ymtylýarlar. Ol: "Men okyjy üçin ýazamok. Men özüm üçin ýazýan!" diýen bolup çişýänler bolsa, eýýäm şu pikiri aýtmak üçin agyzlaryny açan batlaryna ýalňyş gepleýärler. Sebäbi eger-de sen okyjy üçin, ýazanyň okalmagy üçin ýazmaýan bolsaň, onda ýazyp, neşir etjek bolup ýa-da kimdir birine ýazan zadyňy görkezip, ýazýandygyňy kimdir birine äşgär etjek bolup nätjek? Ýazman, islän zadyňy kelläňde sakla-da, içiňde öz-özüňe aýdyp berip, içiňi hümlet-de ýör. Ýa-da ýazyp ýeke özüň görmek isleýänem bolsaň, hiç kese görkezme ony! Eger şeýtseň, hiç kes seniň ýazýanyňam bilmez, her bir geldi-geçer "okyjysumaga" "il üçin" däl-de özüň üçin ýazýandygyňy düşündirip azara galyp ýörmek zerurlygam ýüze çykmaz. Şeýlelikde ýazyjy-şahyryň ýeke-täk adalatly kazysy - halk, ýagny okyjy. Şol seniň ýazanyňa neneňsi baha berse, şolam dogry bolup galýar. Bu eýýäm millionlarça gezek tejribede tassyklandy.

0
5 Bagabat  
43
3. Azat Nurgeldiýewiň "Goşgy aslynda adamlaryň dünýägaraýşyny giňeltmek üçin, ýaşlary terbiýelemek, dogry ýola ugrukdyrmak maksady bilen ýazylsa dogry bolarmyka diýýärin. Öz goýberen ýalňyşlyklaryňy açyp görkezip, olaryň şondan sapak almaklaryny gazanmaly." diýen pikiri örän dogry pikir. Ýöne, bu pikiriň öňünde "şol sanda" diýen başky jümle ýatdan çykarylyp galdyrylypdyr. Elbetde Şekspir diýilýän hakyky durmuşda bolandygy-bolmandygam näbelli bir bende "Dünýäde näçe adam bar bolsa, şonça-da filosofiýa bardyr" diýipmiş diýýärler. Türkmen aga bolsa, has düşnüklilik hem-de ýitilik bilen: "Her kellede bir hyýal, kel kellede müň hyýal" diýip goýberiberýär. Ýöne A.Nurgeldiýewiň bu pikiri meniň pikirimçe öz mazmunynda çäklendirmäni saklaýar. Sebäbi şygryýeti haýsydyr bir diňe ýeke-täk öwüt-ündew, edep-terbiýe, dünýägaraýyş temalaryň çygrynda çäklendirmek dogram gelmez welin, mümkinem dälmikä diýýärin. Şygryýet - bu edil çyrpynyp, çar ýanyna urnup duran däli Umman ýaly bir zat. Onuň tolkunlarynyň diňe Aýyň, Günüň, Ýeliň hem-de Zemin togalagynyň dartyş güýjünden başga hiç zada tabyn bolman, islän ugurlaryna garşy urnuşlary ýaly, şygryýetiň tolkunlaram, bir görseň Dowzahy şekillendirse, birden Jennetiň keşbini çyzýar. Bir görseň aşygyň elindäki gargy tüýdüge dönüp hünibirýan zarynlasa, birdenem söweş depleriň gümmürdisi bilen nagara dartyp başlaýar. Bir görseňem şygyr Göroglynyň atyny ogurlan kempiriň töwereginde bökejekleýän masgarabaz şatyrlar deýin, gotazly sopbaçlaryny jyňňyrdadyp, hemmeleriň üstünden kikirdäp gülýär...Bularyň hemmesem gerek. Sebäbi haýsydyr bir ugra gabalan şygryýet, şygryýet bolmagyny bes edýär. Şygryýet - bu Tarhan Hatyn Melike! Ol tarhan. Islän zadyny beýan edýär, islän ugruna-da ýöreýär.

0
6 Bagabat  
43
4. Gapur Hoja: "Indi modernizm we postmodernizm köp muzuklaryň manysyny üýtgedýär. Bir tüýsli jägildä we goh-galmagala ogşaýan ses - goşgyň sesi hökmünde “çeper eser we sungatdyr” öýdülýär. Öňki formalar döwülýär, käte ýürek bilen bagyr ýitýär, bu giň jahanda ýalňyzlykdan çykmak üçin ýürek duýgudaşlyk küýseýär. Zehin çaknyşýar. Her bir tema sungat bolup bilýär. Emma sungata öwrülip bilmeýän muzugyñ wezipesi näme? Häzirlikçe Propaganda we mahabat agentlikleri bir eseri Gözellikde arşa çykaryp bilerler; emma barybir ol eser uzak ömür sürmez. Goşgy aýny göwündir. Diňe “göwün-göwünden suw içse, hakdan içse” ömür sürer. Geljek nesle ülňi bolar. Döredijilik işden galmaz. ".
Berekella! Söz ýok. Ine sagdyn pikir, ýürekden çykan söz. Jinnek ýalam kitabylyk ýok.

0
7 Bagabat  
43
5.Şahymerdan Sary ogly: "Täze çap edilýän kitaplaryň aglabasynda, gazet-jurnallarda berilýän eserleriň käbirinde many-maňyz däl-de, suwjuklyk, pöwhe sözlemler agdyklyk edýär. Hormatlaýan awtoryň bilmeýän zady hakynda ýazanda oňa bolan sylagyň pese düşýär. Düýäni daşyndan görüp ol barasynda ajaýyp eser ýazmaga synanyşýanlara nebsim agyrýar. Her kişi bilýän, aň ýetirýän zady hakynda ýazsa ýagşy. Deňzi-derýany görmedik, gämi bilen gaýygyň tapawudyny bilmeýän awtor balykçy hakynda hekaýa ýazan eken. Okanymda özüm utandym.".
Taňryýalkasyn! Juda ýerine düşen we hakyky tankydy bellik. Şahymerdan aganyň şu tankydy belliginde aýdan kemçiliklerini men öz ýazýan zatlarymda-da üznüksiz ýüze çykara-çykara gelýärin. Mümkin boldugyndan, başardygymdan yzygiderli düzetmäge çalyşýan. Her näme diýilse-de, ýazyjylyk ilkinji nobatda aglaba köp ýagdaýlarda görmedik zatlaryň barada gören ýaly bolup ýazmakdan ybarat bolýar-da. Onsoň isleseň-islemeseň ýalňyşýan, bärden gaýdýan ýerleriň köp bolýar. Sebäbi ýazyjylyk şahyrçylyga garanyňda uzyn we köp ýazmaga mejbur. Şygyr ilkinji nobatda sünnälemek-syngtylamak zähmeti bolsa, kyssa ilkinji nobatda ýazmak zähmeti. Sebäbi, hemme kyssa eserlerini Ernest Hemingueýiň ýeke setirlik hekaýasy ýaly ýeke setirde ýazyp bolmaýar. Aýtmak isleýän zadyňy ýazmak üçin üçin goşguda köplenç her haýsy dört setirden ybarat dört-bäş topbak ýeterlik bolsa, kyssada aglaba köp ýagdaýlarda A4 formatly kagyzyň üç-dördüsini, kähalatda bolsa on-ýigrimisini doldurmaly bolýar. Şonuň üçinem kyssa köplenç "kelläň gyzgyny sowamanka", bat bilen, hyjuwly ýazylýar. Her bir ýazýan owunjak detaljygyňy sünnäläp, barlap, anygyna ýetip durmaga maý bolmaýar. Soňam ýadyňdan çykýar. Şeýdibem ýalňyş emele gelýär.

0
8 Bagabat  
43
6. Goçmyrat Orazberdiýew: "Häzirki döwrüň şygryýetiniň gözelligi, many taýdan agramlylygy, goýazylygy... hem ünsüňi çekäýsedi. Biz döwrüň ruhuny, keşbini eserlerde açyp görkezip bilmeýäris."...
Egniňi gysaýmasaň, başga näme diýjek?
Diňe Goçmyrada: "Seýitmyrat Geldiýewiň, Kakamyrat Rejebowyň, Has Türkmeniň, Aşyr Hanowyň goşgularyny, galamdash.com, kitapcy.com saýtlarynda goýulýan goşgularydyr, beýleki eserleri yzygiderli okaýaňmy? Hydyr Amangeldi aganyň "Gören kim görünen kim?" powestini, Kömek aganyň hekaýalaryny, Ahmet Mele aganyň, Ahmet Halmyrat aganyň, Sungat Gurbangeldiniň, Sapa Hommadyň, Umyt Küläniň, Enwer Nyzamowyň, Maksat Bäşimowyň we beýlekileriň eserlerini okadyňmy? Şolardan döwrüň ruhy barada garaýyşlar tapylmadymy?" diýip gyzyklanyp görläýmese...

0
9 Bagabat  
43
Elbetde, edebiýatda-da, jemgyýetçilik işjeňliginiň islendik görnüşinde bolşy ýaly, haýsydyr bir ýetilen dereje ýa-da sepgit öz-özüňden kanagatlanyp, säginmek ýa-da togtamak üçin sebäbem däl, esasam. Ýöne, her niçigem bolsa, milli edebiýatda öňe gidişlik ýiti duýulýar. Öňem birnäçe gezek aýdyşym ýaly, bu ýerde esasy mesele dil we onuň ýörgünliligi bolup durýar. Elbetde, Çingiz Aýtmatow hakykatdanam beýik ýazyjy, ýöne biziň ýazyjylarymyzyňam şol eserler derejesinde ýazan eserleri bar. Ýöne, Çingiz Aýtmatowyň giňden ýaýran eserleri, terjime däl-de ilki bilen rus dilinde ýazylan we şol sebäpli-de olaryň ýaýrawynyň gerimi juda giň bolan. Çünki terjime neneňsi gowy bolanda-da eseriň asylbaşky "jadysyny" bermegiň hötdesinden gelmeýär. Diňe terjimeçi ýazyjydan has ussat ýa-da onuň bilen deň derejede bolup, öz terjime edýän eserini öz ene dilinde täzeden, "özüçe" ýazaýmasa... Mysal üçin, Atamyrat aga pahyr halkymyzyň ägirt hem zehinli şahyrlarynyň biri. Rus dilinem suwara bilýär. Emma, A.Puşkiniň terjimelerini okap, soňam onuň rus dilindäki originalyny okasaň nähili bolýar?! Ýer bilen gök ýaly. Atamyrat aganyň öz şygyrlarynyň türkmen dilinden rus diline terjime edilen şygyrlaram şonuň ýaly. "Ahramylygyny" ýitirýär. Belki-de, kimdir biri Resul Gamzatowy mysal getirmegi mümkin. Ýöne, bu ýerde-de edil Çingiz Aýtmatow ýaly Resul Gamzatowyň hem özüniň köp goşgularyny rus dilinde ýazandygyny ýadymyzda saklamalydyrys. Ýa-da Orhan Pamuk, ýa-da Elif Şapak...Ilki bilen-ä türk dilinde 82 million adam gepleýär, ýene-de ençeme million adama-da ol düşnükli, onsoňam ýazyjylaryň ikisem iňlis dilinde-de suwara ýazýarlar. Sebäbi Orhan Pamuk Stambuldaky Robert College atly amerikan kollejinde orta bilimi alan, soňra birnäçe ýyllap ABŞ-da habarçy bolup we Kolumbiýa uniwersitetinde işlän. Elif Şapak hem Fransiýada dogulýar, ABŞ-da ýaşaýar we işleýär...

0
10 Medine  
368
Gyzykly gürrüňdeşlik bolupdyr. Sagboluň kitapcylar yenede ýazyjy şahyrlar bilen bolan gürriňdişlikleri ýetirip duruň .Oguljemal Çaryýewanyň,Ogultäç Oraztaganowanyň ,Azat Nurgeldiýewiň ,Orazgül Kemendirowanyň .goşgularyndan köpräk goýsaňyz minnetdar bolardyk.

0
11 Nurdan  
100
Ýöne indi meniñ köplenç eşidýan soragym: "Näme üçin ýazañok? " Hormatly Halypamyz Oguljemal Çaryýewa bilen gürleşsem saglyk amanlykdan soñ ilknji aýdýan sözi "döredijilik nädýär, näme üçin ýazañok, sen hokman ýazmaly!" Şeýle-de Didarberdi Allaberdiýew bir ýerde gabat geläýse ilkinji berýan soragy "soñky wagtlar näme üçindir seýrek ýazýañ, iş bir ýana döredijilik bir ýana, ýaz, diñe ýaz!" Şulara meñzeş gatyrganma gatançly "näme üçin ýazañok? " diýen soragy gabat gelen ýagdaýynda halypalardan Orazguly Annaýewden, Nurgözel Gozlyýewadan, Akmyrat Rejepiwdan we beýleki tanyş okyýjylardanam hokman eşidýän.
Şu saýtda @Wanessaanyñam maña ilkinji berýän soragy: "Sen näme üçin ýazañok?" D

"Näme üçin ýazýañ" diýen soragy bolsa entek mekdepde wagtym "Magtymguly boljak bolýañmy?" Diýip ýañsylap aýdýanlary ýadymda. Indi bolsa ol soragy esasy işdeş ýoldaşlam, berýär köplenç. Olaram geñ galyp soraýar:
"nädip şunça işleriñden daşgary ýaltanman ýazýañ, edebi, taryhy kitaplary okamaga nädip wagt tapýañ?" D

0
12 Medine  
368

0
13 Medine  
368
Nurdan ýene birzat sorasym gelýä
Ýöne sorasammm

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]