15:05

Ýazyjy Tirkiş Jumageldiýew bilen söhbetdeşlik

TÜRKMENISTANYŇ MAGTYMGULY ADYNDAKY DÖWLET BAÝRAGYNYŇ LAUREATY ÝAZYJY TIRKIŞ JUMAGELDINIŇ 80 ÝAŞ ÝUBILEÝI MYNASYBETLI SÖHBETDEŞLIK

• ÖZÜM HAKDA GYSGA SÖZ

Durmuşyň ajysyny görüp, ezýetli günleri başyndan geçirmeli bolan adama görmedigi görde galdy diýilýär. 80 ýyllyk ömür ýoluma ser salyp oturşyma şol sözi maňa-da aýtsa boljak diýýärin.
Ikinji jahan urşy başlananda men bir ýaşymda ekenim, SSSR bilen faşistik Germaniýanyň arasynda dört ýyla çeken aýylganç uruş tamam bolanda obadaky ýediýyllyk mekdebe barypdym. Şol ýyl kakam Jumageldi Baky agyr kesel zerarly 45 ýaşynda aradan çykypdy. On adamly maşgala ekleýijisini ýitiripdi, kiçi jigim kyrk günlük bäbekdi.
Kolhoz diýen nägehanyň azaby, zorlugy çagalykdan süňňüme ornady. Şol döwrüň häsiýetini bilmek isleýänlere “Ýiten ýurt” atly kitabymy okamagy maslahat berýärin.
Mekdepde türkmen sowet ýazyjylarynyň terjimehaly okadylanda olaryň hemmesiniň garyp maşgalada doglandygy nygtalýardy, hamala, garyplyk ýazyjy bolmagyň zerur şerti ýalydy. Men sowet zamanynda doguldym, ýazyjy boldum. Kolhozçynyň maşgalasynda doguldym diýip ýazmalydy, kolhozçy üçin “garyp” sözüni ulanmaly däldi. Kolhozda baý ýa-da garyp bolmaýar, diňe sowet kolhozçysy bolmalydy. Sosial gatlagy aňladýan “kolhozçy” sözi geçmişde garyp bolan halkyň göterlen buýsançly basgançagydy. Men ýazyjy bolmagy, özüme nesip eden “anjaýyn ýaşaýyşy” wasp etmegi arzuwlapdym. Muny “Daşrabat” romanymda ýetginjek Ýanaryň arzuwynda beýan edipdim.
Ýazyjy boldum, at aldym. Buýsanan ýerlerim az bolmandy. 25 ýaşymda SSSR Ýazyjylar birleşiginiň agzalygyna kabul edipdiler, 40 ýaşymda Magtymguly adyndaky döwlet baýragyny beripdiler. Bu seýrek faktdy.
1961-nji ýylda Türkmen döwlet uniwersitetiniň türkmen dili we edebiýaty fakultetini tapawutly diplom bilen gutaranymda, hakykatdan hem ýokary bilim alandyryn öýdýärdim. Magtymguly: “Adam özün bilmez, ham-hyýal bolar” diýýär. Bu pikiri meniň döredijilik hem durmuş ýolumyň başky ýyllary bilen hem gabatlaşdyrsa bolar. Soňra okadygymça, öwrendigimçe, dünýä edebiýaty, sungaty bilen tanyşdygymça juda çäkli bilim berlendigine gözüm ýetdi. Şuňa düşünmegim syýasy, ahlak, medeni derejämiň örüsini giňeltdi, sowet ýazyjysy partiýanyň ygtybarly kömekçisi bolmaly diýen ýörelgä ýigrenç bilen garamagyma getirdi. Sowet adamlarynyň çäkli garaýyşyny, häkimiýete baknalygyny, gulçulyk endigini yzarlamak, derňemek döredijilik meýillerime badalga berdi. Şeýle zerurlyga maýyl bolmadyk bolsadym “Mähekdaş” (“Gyz gaçanda”) romanymy, “Ýanan gelinler” powestimi ýazmazdym.
1991-nji ýylda SSSR dargady. Ägirt uly imperiýa birden ýykylar diýen pikir kellämize gelmändi. Onuň gowşandygyny görýärdik, duýýardyk, ýöne entek-entek ýykylar öýtmändik. Ýykyldy. Kommunist ýolbaşçy Gorbaçewyň jar, eden sähelçe aç-açanlygyna çydamady, ýumruldy, sebäbi galp, zanny ýalan ideologiýany söýget edinen döwletiň soňy şeýle gutarmalydy. “Gum böwet sil saklamaz” diýleni çyn.
1987-1990-njy ýyllarda “Edebiýat we sungat” gazetine baş redaktorlyk edenimde öwrülişigiň zerurlygyna gözüm ýetipdi. Şol ýyllar Türkmenistanyň kompartiýasynyň başynda duran Saparmyrat Nyýazow bilen işleşmeli bolupdy, köp halatda onuň garşysyna durupdym. Gadagan edilen mitingde çykyş edip, bize feodal demokratiýa derkar däl diýipdim. Soňra şol Nyýazow garaşsyz diýlen Türkmenistanyň Prezidenti boldy, Türkmenbaşy boldy, “pygamber paýhasly serdar” boldy. Özüne hä diýmedik adamlaryň kastyna çykdy. Meniň eserlerime doly gadaganlyk girizdi, ýurtda adymy tutmak gadagan edildi. Türkmenbaşy bireýýäm dünýäsini täzelän-de bolsa, şol gadaganlyk henize-bu güne dowam edip gelýär. Bu ýyllaryň özüme, maşgalama bimöçber hesret getirendigini, häzir hem dowam edýändigini “Uzaga çeken tümlük” kitabymy okajak adamlar biler.
Şu pajygaly döwürden döredijiligimiň ikinji möwriti başlanýar. Indi maňa sowet ýazyjysy diýmek ýalňyş bolar, muny soňky ýyllarda ýazan eserlerim subut etse gerek. On kitap ýazdym. Döredijilik işim meni ölümden halas etdi diýsem, öte geçdigim bolmaz. “Milli oýun”, “Gorky belasy”, “Ýiten ýurt”, “Täze harabalar”, “Ömürzaýa” atly çeper eserlerim, sahnada goýulmaly dört drama eseri, taryhy, publisistiki alty kitap soňky ýigrimi bäş ýylda ýazyldy. Olaryň Türkmenistanda haçan çap ediljegi belli däl. Hudaýa şükür, daşary ýurtlarda çap edilenleri bar, başga dile terjime edileni bar.
Ýazgymyň başynda “görmedigi görde galdy” diýen sözi getirdim. Diýmez ýalymy! Dünýäniň ýarysyna emrini ýetiren Sowet Soýuzynyň darganyny gördüm. Garaşsyz diýlen Türkmenistanda adyma atanak çekilenini gördüm. SSSR döwründe-de on ýyl daşary ýurtlara ýolumy baglapdylar, ýene on ýyl çykmakdan mahrum boldum, ogullarymyň, agtyklarymyň ýanyna gidip bilmedim. Eklençsiz galdym. Göz tussaglygynda ýaşap ýörün, giden ýerim, baran ýerim barlanýar, telefonym diňlenýär. Nyýazow döwründe öýümiň gabawda saklanan halatlary az bolmandy. Türmä zyňylmanyma geň galýaryn. Iň aýylganç ýeri, men bu ýurtda okyjymy, tomaşaçymy ýitirdim. Bilimsiz kemala gelen iki nesil meniň öňki kitaplarymdan bihabar, habarly bolaýanlarynda-da okap biljek däller. Ol kitaplaryň neşir edilen elipbiýleri ýatyryldy, kirill ýa-da rus elipbiýinde soňky nesil okap bilmeýär, täze latyn elipbiýinde-de bu ýurtda meniň kitabymy neşir etmek gadagan. Ýazyjy üçin okyjysyny ýitirmekden aýylganç zat bolup bilmez. Agyr günleriň bir mahal gutarjagyna umydym bar, umyt bolmasady, men birgiden kitap ýazmazdym, ýagty ýalançyda ýaşamazdym.

Tirkiş JUMAGELDI.

• PIKIRLER...

Şirli öýüň törüne geçip barýarka:
– Molla-da gerekse gerekdir welin, häzir türkmen üçin Taýmaz ýaly adamlar köpräk bolaýsady – diýdi. Oňa gylyç ýarasy düşen daýaw ýigit jogap berdi:
– Onsuzam galtaman gyt däl, her sazagyň düýbünde biri ýatyr.
Şirli hä diýmedi.
– Wah, inim, iň ýaman ýeri şol-da! Her sazagyň düýbünde ýatman, bary üýşüp, bir sazagyň düýbünde ýataýsadylar!..
Daş bosagada ädigini süpürip duranyň biri:
– Türkmen ony etmez – diýdi.
– Etmän geçsin, ylahym-ahyr etsin. Etmäni üçin oňly günem görenok-da. Görmezem, işalla!..
“Janserek” romanyndan.

***

Türkmenler geçmişde agyny aýdym edip, köpüň öňünde aýtmandyrlar. Agynyň aýdyma öwrülen ýurdunda allanäme durmuş bardyr öýtmäň.

***

Gorky adamda yryma ynanjy artdyrýar.

***

Ökünip otyrka türkmenden paýhasly adam ýokdur.
“Gara ýyldyrym” romanyndan.

***

“Gorkut atada” adamlar üçin tebigatyň kulty Hudaýdan hem ýokary diýse bolar. Hudaýy-da tebigatyň üsti bilen kabul edýärler. Özlerini tebigatdan aýralanoklar. Tebigatyň, tebigatdaky jandarlaryň häsiýeti olara adamlaryň häsiýetinden hem ýakyn, ygtybarly. Pikiriň täsiri, onuň dogruçyl aňlatmasy şolaryň mysalynda gazanylýar. Tebigat bilen ýakynlyk adamlaryň kalbyna arassalyk, haýran galaýmaly giňlik salýar. Adamlar soňra tebigatdan daşlaşdyklaryça öz intrigalaryna, içki dawalaryna gümra bolupdyrlar, şoňa baglanypdyrlar. “Gorkut ata” eposynyň gahrymanlary bu keselden halas.
“Hakyda” kitabyndan.

***

Çarwalaryň tebigata gaýymlygy mal arkaly. Tebigat. Mal. Adam. Şu üçlügiň bütewiligine düşünmek isleýän adamlaryň “Gorkut atany” ünsli okamaklary gerek. Adam öz ýaşaýyşynyň bütewiligini Tebigatda görýär. Adamlar özara gatnaşyklaryny-da tebigatdan üzňe göz öňüne getirip bilmeýärler. Islendik mesele bolaýsyn, pikiriň agramyny, sözüň täsirliligini tebigatyň häsiýeti, alamaty bilen gabatlaşdyrýarlar, tebigatyň ýakynlygy bilen hem oňman, oňa özlerine degişli zat hökmünde garaýarlar, ondan on iki süňňüniň, öýüniň, ojagynyň, malynyň ýakynlygyny duýýarlar.
“Hakyda” kitabyndan.

***

Gul zähmeti gullary döredýär.
“Hakyda” kitabyndan.

***

Içki erkinlige endik edinen adama gul häsiýetli jemgyýetde ýaşamakdan hupbatly jeza bolup bilmez.

***

Lenin obany şäher bilen deňleşdirjekdi, başarmady. Türkmenler, onuň tersine, şäheri oba bilen deňleşdirmegi başardylar.
“Täze harabalar” romanyndan.

• SÖHBETDEŞLIK

– Tirkiş aga, söhbetimizi türkmen edebiýatynyň şu güni, umuman Garaşsyzlyk döwrüniň edebiýaty baradaky gürrüňden başlaýaly!

– Men türkmen edebiýatynyň şu gününden bihabar. Garaşsyzlyk diýilýän zamanda dile çolar ýaly edebiýat dörän bolsa, men hem ondan bihabar bolsam, elbetde, bu meniň hatam, ýöne hata goýberendirin öýtmeýärin.

– Türkmen edebiýatynyň ertirini nähili göz öňüne getirýärsiňiz?

– Şu gününden bihabar bolsam, onuň ertirini nähili göz öňüne getireýin?!

– Ýazyjynyň borjy?

– Kimiň öňünde? Ynsabynyň öňündäki borçmy ýa-da döwrüň, jemgyýetiň öňündäki borçmy? Umuman, borç diýip, ýazyjyny bir gazyga baglamak bolmaz. Haýwany gazyga baglap bolýar. Eger gürrüň ynsabyň öňünde gidýän bolsa, goý, oňa her kim özüçe jogap bersin! “Borç” diýilse, biz döwletiň, partiýanyň, diktaturanyň salgy beren ugruna eýermekdir öýdýäris. Şahsy garaýyşlarymyzy, göwün islegimizi ýedi gulpuň aňyrsynda saklaýarys.

– Siziň “Ýaşuly gelýär!” diýen satiriki hekaýaňyz bar. Ýazylanyna kyrk ýyl töweregi wagt geçdi. O hekaýada Meret Pälwanow diýen adam özünden esli ýaş kiçi edara ýolbaşçysyna “Ýaşuly” diýýär. Şol hekaýany okan adamlar şu “ýaşuly” keselinden saplanaýjak ýaly. Ýöne saplanyberenok. Gaýtam, güýjeýär. Ýa bu kesel edebiýat bilen bejererden çökdermikä?

– Çeper edebiýat ýarany bejermeýär, ýarany gorjaýar. Başgaça aýtsak, jemgyýetiň öňündäki zerur meseläni çözmek çeper edebiýatyň, sungatyň işi däl, onuň işi şol meselä üns bermäge, çözmäge ýardam etmeli, ugrukdyrmaly sowallary keserdip goýmakdan ybarat. Eger “ýaşuly” keseli bar bolsa, ol haçan döräpdir, nähili döräpdir, ine, şuny jemgyýete düşündirmeli.
Türkmenler patriarhal, tire-taýpa gurluşda ýaşaýarkalar ýaşulularyň hyzmaty uludy. Olaryň sylagy, mertebesi maşgalanyň, iliň abadanlygyna garap kesgitlenýärdi. Döwlet bolanda syýasat üýtgeýär. Ol patriarhal düzgüne eýermeýär. Emma syýasatyň, hamala, halka ýakyndygyny görkezmek islegi ýüze çykan halatynda ýaşululary orta çykarmak agalyk edýän toparyň gurnaýan oýnuna öwrülýär. Bu oýun kommunistleriň döwründe başlanypdy. “Ýaşulular soweti” ýadyňyzdadyr. Soňra bu oýny Saparmyrat Türkmenbaşy dowam etdiripdi, ony “feodal demokratiýanyň” esasy ugruna öwrüpdi, oňa kanun çykarmak ygtyýaryny beripdi.

– Käte bir ýere myhmançylyga baran wagtym öý eýesiniň okalmaýan kitaplary bezeg üçin goýýandygyna gabat gelýän. Şonda “Mähekdaşdaky” Ojaryň üç sany ensiklopediýa getirişi ýadyma düşýär.

– Ylymyň, bilimiň, medeniýetiň zerurlygy aradan aýrylan ýerde kitap nähilidir bir gymmatlykdyr öýdülmeýär. Siziň diýýän hadysaňyz sowet döwrüne mahsusdy. Ol, megerem, gitse-gelmeze öwrüldi.

– Umuman okyjy ýagdaýymyz 30 ýyl mundan ozalky bilen deňeşdireniňde gaty pes. Munuňam telim sebäbi barmyka diýýän...

– Kitabyň, okyjynyň bolup-bolmazlygy döwrüň döredýän zerurlygyna bagly, “telim sebäp” diýýäniňiziň gözbaşyny şol zerurlykdan gözlemeli.

– A.Taganyň “40 ýylda ýazylan kitaby” bar. Çap bolmasa-da, ol kitap elektron görnüşde okyjylara ýetdi. Siziň ony okanyňyzy, okamanyňyzy bilemok. Onuň käbir parçalary metbugatda hem häli-şindi çap edilýär. O kitap ýazyjynyň gündeligi, ýatlamalary, pikirleri, garaýyşlary... Siz şeýle kitap ýazdyňyzmy?

– Atajan Taganyň agzalan kitabyndan men bihabar. Soňky ýigrimi ýylda Türkmenistanda neşir edilýän gazet-žurnallar bilen tanyşlygym juda çäkli, ýok diýerlik. Atajany tanaýaryn, siziň Garaşsyzlyk diýýän döwrüňizden ozalky döredijiligine-de belet, onuň iş salşan, gatnaşykda bolan adamlaryna-da belet. Eger ol gündelik ýazgylary, ýatlamalary bilen şol adamlaryň hakyky ýüzüni görkezmegi başaran bolsa, elbetde, ony gutlamaly bolar. Munuň üçin şol döwre garaýan, ony seljerýän adamyň şahsy pozisiýasyny hasaba almak zerur. Eger ýazgy: “Pylany bilen tanyşlykda, gatnaşykda bolupdym, ol şeýle diýdi, men hem beýle diýdim” diýen ýaly guraksy hasabata öwrülen halatynda onuň gyzygy, gymmaty bolmaýar. Seniň ýazgyň döwrüň häsiýetini görkezmäge dalaş edýän halatynda, sen hem ony seljermäge ahlak taýdan hukuklydygyňy duýan halatyňda ony okyja hödürläp bilersiň. Atajan Taganyň bu zerurlygy näderejede amal edendigini kitaby okaman aýtmak kyn. Atajany şahsyýet hökmünde tanaýandygyma garamazdan, kitaby okaman baha berjek bolup oturmaýyn.
Men hem adamlara, döwre garaýyşlarymy ýazdym, ýatlama-da ýazdym. Olaryň türkmen okyjysyna haçan ýetjegini aýdyp biljek däl.

– Her ýazyjynyň öz apogeýi bolýar. Siziň iň şowly hasap edýän eseriňiz?

– Bu sowala, goý, okyjylar, edebiýaty öwrenýänler jogap bersin.

– “Pylan eserimi täzeden ýazsam, başgaçarak bolardy” diýýäniňiz barmy?

– Çagany ikinji gezek dogrup bolmaýar. Men geçen asyryň altmyşynjy ýyllarynyň başynda “Gelneje” powestimi ýazypdym. 25 ýaşly ýazyjydym. Ol türkmen okyjysyna ýarapdy. Powesti Mollanepes adyndaky döwlet teatry sahnada goýupdy, rus diline geçirip, Moskwada-da neşir edipdiler.
Ýyllar geçdi, meniň durmuş hadysalaryna garaýyşym üýtgedi, çuňlaşdy. Şol powestiň ideologiýanyň talabyna görä, sosialistik realizmiň ýörelgesinden çykman ýazylan eserdigine gözüm ýetdi. Men ýarym hakykaty ýazypdyryn. Men eseriň baş gahrymany Dünýäniň durmuşyna öz gözüm bilen däl-de, ideologiýanyň dakan äýneginiň aňyrsyndan garapdyryn. Ärsiz galan ýaş gelniň ýalňyzlygyň hupbatyny çekişine üns bermeli däldim, bu pajygany zarpçy zähmetiň dabarasy bilen çalşyrmalydym.
Kyrk ýyldan soň “Ömürzaýa” powestimi ýazdym. “Gelnejedäki” Dünýä bilen döwürdeş, ykbaldaş Altyn atly ýalňyz galan gelniň durmuşynyň bir pursatyny suratlandyrdym, ýalňyzlygyň pajygasyny, tragediýasyny görkezdim. Islendik ideologiýadan, borçdan halas bolmagym, sözüň doly manysynda özümi erkin duýmagym galplykdan halas eseri döretdi. Bu “Gelnejä” dolanmak däldi, başga eserdi.

– Häkimiýet başyna geçen adam haýdan-haý edebiýatyň ýakasyndan tutýar. Munuň sebäbi nämede? Meniň özümiň bu mesele dogrusynda şahsy pikirim bar. Häkimler edebiýaty öz bähbidine gulluk etdirmek üçin ulanýarlar. Ýöne edebiýatyň öz derdi bar...

– Bu ýagdaýa adamzat taryhynda häli-şindi gabat gelse bolýar. Şonda-da hakyky öz zehini bilen beýik eserleri ýazan häkimleri birdem unutmak bolmaz. Olaryň käbiriniň adyny agzaýyn. Mark Awreliý biziň eýýamymyzyň ikinji asyrynda Rime imperatorlyk edip, beýik filosof hökmünde taryha giren akyldar. Filosofiýa ylmy Awreliden başlanýar diýip, ýöne ýere aýdylmaýar. Ol grek dilinde 12 kitap ýazýar, olaryň umumy ady: “Özüňi tana”. Filosofiýa özüňi bilmekden başlanýar. Oňa: “Tagtda oturan filosof” diýipdirler. Ozal adamyň bedeni, ruhy öňe sürlen bolsa, Awreliý olaryň hataryna adamyň akyl-paýhasyny goşýar.
Özümize golaý bolan akyldarlary aýdaly. Mogollaryň beýik döwletini döreden Emir Temuryň agtygy Babyr. Ol taryhda “Babyrnama” eseri bilen meşhur.
Horasanyň beýik weziri Alyşir Nowaýy. Bu genial şahyry dünýäde bilmeýän barmy diý! Onuň bäş kitaby dünýä edebiýatynyň bir sütüni.
Sefewiler – gyzylbaşlar döwletini gurnan Ysmaýyl Hataýy. Onuň “Diwan” atly gazallar kitaby, “Nesihatnama” atly poemasy ýarym müň ýyl bäri meşhur. Şular ýaly ägirtleriň meşhurlygy tagta çykanlaryň käbirini emendiripdir diýmeli. Halkyň depesine galyp, ýeke-täk häkimlik edýän adamlar şöhrata hemişe gabanjaň garaýarlar. Ony her edip, hesip gazanmagyň ýoluna düşüpdirler. Ylham, zehin bilen şöhrat gazanan adamlary ýok edenleri bilen oňman, özleri olaryň ornuny eýelemek isläpdirler. Beýik artist diýdirmegiň kül-külüne düşen Rim imperatory Neron iki müň ýyl ozal şowsuzlygyň derdeserine ulaşyp, “baky şäher” adyny alan Rimi otladypdyr diýilýär, oduň howruna çoýunyp, heşelle kakýar. “Tokaý otla, at gazan” diýlen söz bar. Neron Rimi otlap, at gazanan bolsa, beýlekileriň şöhrata derek ili güldüreni az däl. Degerli bir mysal: Kommunist Leonid Iliç Brežnew on sekiz ýyl sowet imperiýasynyň depesinde oturdy. Onuň şöhratyny galdyrmakdan ötri, ony hamala, beýik eser ýazan awtor hökmünde görkezmegi niýet edindiler. Onuň ady bilen “Kiçi ýer”, “Tarp ýer”, “Galkynyş” diýen kitaplar il-güne hödürlendi. Ýaranjaňlar, çemeçiller şeýle bir şowhun turuzdylar, heý, ýöne goýaý sen! “Çeper edebiýatyň kämil nusgasy!” diýip gygyrdylar. Brežnewe baş baýrak berildi, ol Lenin baýragynyň eýesi boldy. Baýrak gowşurylandaky dabarada onuň ýüzüne aýdylýan mahabaty diňläp, utanaýjak ýaly. Eger-eger, öwgi sözleriň ýakymyna meýmiräp otyr. Soňky ýaýran anekdota görä: bäh, ol kitaplary özümem okap göräýsem näderkä diýipdir. Brežnew öldi, kitaplary gaýdyp ýatlan bolmady, aýdylan anekdot welin, henizem adamlaryň ýadynda.
Saparmyrat Türkmenbaşynyň ady bilen birgiden kitap çykaryldy, oňa-da “beýik ýazyjy” hökmünde Magtymgulynyň adyny göterýän döwlet baýragy berildi. “Ruhnamanyň” öwgüsi çenden aşdy. Oňa kanuny ýagdaýda mukaddes kitap diýildi, metjitde Gurhanyň gapdalynda goýuldy. Ýurt diňe “Ruhnamany” okady, ony Türkmenbaşynyň özi okandyr diýip biljek däl, belki, okandyr. “Ruhnama” hakynda halkyň öňünde telim gezek aýdan sözi ýadymda: “Ruhy hassalara “Ruhnamany” üç öwre okadyň, derdinden dynaýar” diýdi. Indi ýurtda däli-de bolmaly däl, dälihana-da! Ýapyldy. Türkmenbaşynyň sözi il arasynda anekdota öwrüldi. Saparmyrat Türkmenbaşy öldi, soňra “Ruhnama-da” unudyldy. “Beýik serdaryň” galdyran anekdoty unudylmaýar.
Iki ýüz ýyl ozal dünýäniň taryhyna giren beýik imperator Napoleondan: “Heý, siziň gorkýan zadyňyz barmy?” diýip sorapdyrlar. “Gülki bolmakdan gorkýaryn” diýipdir. Tüýs akyldaryň aýdaýjak sözi! Duşmany ýeňip bolar, ýitiren baýlygyňy gaýtadan gazanyp bolar, keselden saplanyp bolar, emma gülkini ýeňip bolmaýar.

– 1988-nji ýylda Magtymguly adyndaky TDU-nyň aktlar zalynda siziň 50 ýaş ýubileýiňiz bellendi. Dabarany ýazyjy Gylyç Kulyýew alyp barypdy. Ol siziň täze ýazan “Gara ýyldyrym” romanyňyz barada, esasan Eşrediň obrazy hakynda gürrüň edipdi. Dabaranyň ahyrynda adaty sorag-jogap alşygynda men size iki sowal beripdim. “Gara ýyldyrymyň” Magtymguly baradaky ikinji kitabyny ýazmak planyňyz barmy?” diýen soragyma bir agyz: “Ýok!” diýip jogap beripdiňiz. Geljekki iş planlaryňyz hakynda soranymda Aba serdar barada taryhy roman ýazmakçydygyňyzy aýdypdyňyz. Ondan bäri otuz ýyl geçdi. Aba serdar baradaky roman ýazylman galdy.

– “Gara ýyldyrym” romanymy ýazyp, on sekizinji asyrda dagynyk halda ýaşan türkmen halkyndan Magtymguly kimin beýik şahsyň döremeginiň zerurlygyna ünsi çekmekçi boldum. Magtymguly hakynda roman ýazmak hyýalymda-da bolmandy. Soňky ýyllar Magtymgulynyň şahsyýeti, döredijiligi bilen bagly pikirlerimi aýratyn esse görnüşinde “Hakyda” atly kitabyma girizdim. Essäni türkmeniň görnükli alymy Ýusup Azmun iňlis diline terjime edip, Angliýada çap etdi. Entek Türkmenistanda çap ediler öýtmeýärin, sebäbi bu ýurtda meniň adymy tutmak gadagan.
Magtymguly hakyndaky oýlanmalarymy has çuňlaşdyryp, iki sagatlyk magnitofon ýazgyda beýan etdim. Bu-da ile tanyşdyrmagyň bir ýoly.
Hawa, Aba serdar hakynda roman ýazmaga çyndan ýapyşanym çyn. Baý material topladym, onuň bolan ýerlerine, Eýrana, Günbatar Türkmenistana aýlandym. Iň esasy-da Aba serdar, onuň döwri bilen bagly şu günki türkmen jemgyýetine aýtmak islän pikirlerimi bir ugra jemläpdim.
Indi stol başyna geçip ýazybermelidim. Bolmady. SSSR dargady, Türkmenistan döwlet garaşsyzlygyna ýetdi diýilýän zaman geldi.
Biz garaşsyzlygy göreşip gazanmadyk, ol takdyryň beren duýdansyz peşgeşi boldy. Hakyna garap aýtjak bolsaň, ol ykbalyň kommunist Nyýazowa beren peşgeşi boldy diýmeli. Türkmen sowet halky süňňüne ornan ynanja, gorka maýyl bolup ýaşamak endigini dowam etdirdi, “beýik Türkmenbaşy” diýen at bilen ýeke-täk, garaşsyz häkimiň – Nyýazowyň öňünde bil büküp durdy. Bu ýagdaýda Aba serdar bilen bagly aýtmak islän pikirlerim ýerliksiz hyýala öwrüldi.

– “Ömür dawasy” powestiňiz ilki Moskwada rus dilinde çykan eken.

– “Ömür dawasy” powestimi ilki “Sowet edebiýaty” žurnalyna berdim. Ol žurnalyň redaktory Beki Seýtäkowa ýaramady. Men geň galmadym. Powestiň ýazylyş usuly başgaçady. Eseriň baş gahrymany baý ogly Ýakubyň pikirleri, dünýägaraýyşy bize buýrulan ýoda gabat gelmeýär. Biz baý ogluny nalajedeýin, biakyl görkezmelidik. Bu meselede redaktorlar iň ygtybarly senzorlar bolmalydy.
Men bärde ýol almajagyma düşündim. Powestimi Moskwada neşir edilýän “Družba narodow” atly belli žurnala hödürledim. Ony rus diline terjime edip, 1969-njy ýylyň on birinji sanynda çap etdiler. Şuňa garamazdan, powest Türkmenistanda juda kynlyk bilen neşir edildi.
Soňra powesti sahnalaşdyrylyp, Mollanepes adyndaky döwlet drama teatrynda goýdular. Bu ýerde-de ilki ýokardaky sebäbe görä, kabul etdirmejek bolup dyzanlar tapylypdy. her näme-de bolsa, döwrüň üýtgeýändigini duýmalydy, onuň talabyna boýun bolmalydy.

– Ýazyjynyň eserlerinde onuň öz gahrymanlaryna simpatiýasy ýa antipatiýasy görünmelimi? Özüm-ä, şu ýagdaýyň tarapdary däl.

– Ýazyjy gahrymanlaryna söýgüsini ýa-da ýigrenjini duýduran halatynda dogruçyl eser döredip bilmez. Döwletiň, partiýanyň ideologiýasy bizden syýasaty goldaýanlary öwüp, arşa çykarmagy, sähelçe garşy çykýanlary ýere sokmagy talap edýärdi. Şonuň üçin hem awtoryň özi otrisatel gahrymanyna turuwbaşdan haramzada diýip gargaýardy. Jüneýit han, Eziz han haramzadalardy, muny “Aýgytly ädimi”, “Doganlary” okanlar bilýändirler. Menden hem Ýakup ýaly baý ogluna haramzada diýmegi talap etdiler. Diýmedim.

– Şahyrlaryň arasynda gadymdan gelýän jedel bar: poeziýada pikir öňdemi ýa duýgy? Elbetde, pikirsiz, duýgusyz goşgy bolmaýar, olaryň ikisem zerur. Ýöne dünýäň şahyrlary şu meselede iki topara bölünip, belli bir karara gelip bilenoklar. Gelip bilerlerem öýdemok. Iki tarapyňam delilleri ýetik.
Indi prozada ýagdaý nähili? Bir tarapda pikir, ideýa, beýleki tarapda obraz, häsiýet. Bularyň haýsysyny bijebaşy hasaplaýarsyňyz? Men ýazyjynyň esasy gözlegi obraz bolmaly, oňat obraz döredip bilseň, häsiýet açyp bilseň, pikiriň özi syzylyp çykar diýen düşünjä gulluk edýän.

– Poeziýada pikir bilen duýgyny, prozada-da pikir bilen häsiýeti bölmek asla mümkin däl. Bütewi janly beden beýni bilen ýüregiň birliginden döreýär ahyryn!

– Prozada kartina meselesi? Irki türkmen prozasynda ýoň bolan ýagdaý: tebigat kartinasy. “Gün özüniň altyn şöhlesini bolluk bilen saçyp durdy” diýen ýaly sözler bilen başlanýan uzak we guraksy kartina gaty kän duşýardy. Ýa-da gahrymanyň keşbine degişli, ähmiýeti bolmadyk informasiýalar agdyklyk edýärdi. Siziň döredijiligiňzde şeýle ýagdaý ýok diýerlik.

– Ýok bolsa, şol gowy-da!

– “Gelneje”, “Başagaý”, “Mähekdaş”, “Ýanan gelinler”, “Ömürzaýa” ýaly eserleriňizdäki esasy gahrymanlary naturadan aldyňyzmy? Anyk prototipleri barmy?

– Hudožnikler bütewi kartinany çekmezden öňinçä birgiden etýud taýýarlaýandyrlar. Gahrymanyň obrazy-da şonuň ýaly, etýudlardan emele gelýär.

– Sowet döwründe-de biziň edebiýatymyz şeýle güýçli däldi welin, SSSR ýykylansoň has-da peseldi. Ýazyjy-şahyrlaryň ençemesi gara sanawa girizildi, Ýazyjylar soýuzy ýapyldy, neşirýat işleri peseldi, çyn edebiýata hossarlyk edýän bolmady. Döwürleýin neşirler diňe ýympyk eserleri çap edýär. Netijede türkmen edebiýaty 20-nji asyryň aýaklarynda sözüň hakyky manysynda çökdi. Biz dünýä edebiýatynyň kerweninden üzülip galdyk.
Indi läbige, batga batan bu gämini niresinden çekip çykarmaly? Nädip?

– Läbige batan gämini çykarjak bolup ýörmeli däl, täze gämi ýasamaly. Häzirki ýagdaýda ol bize başardar öýtmeýärin.

– Siziň 1963-65-nji ýyllarda ýazan “Gelneje” powestiňiz, Çingiz Aýtmatowyň “Ýüzbe-ýüz” powesti, Walentin Rasputiniň “Ýaşa hem unutma” powesti, şu üçüsi bir-birine juda golaý. Üçüsiniňem temasy: uruş, gaçgak, aýal mertligi. Üçüsinde-de çözüliş meňzeş.

– Ýaşaýan ýurdumyz birdi, şol ýurda mahsus syýasatymyz, ykdysadyýetimiz, moralymyz, ideologiýamyz birdi. Bir halkdyk, oňa sowet halky diýilýärdi. Bir duşmanyň garşysyna göreşipdik.

– Goşgy ýazyp gördüňizmi?

– Bäş-üç goşgy ýazypdym, şahyr bolmajagyma mahalynda düşünenime şükür edýärin.

– Terjimeçilik bilen gyzyklanan döwrüňiz boldumy?

– Bolmady.

– Öz eserleriňiziň beýleki dillere geçirilişi barada nämeler aýdyp bilersiňiz? Terjimeçiler bilen nähiliräk işleşýärsiňiz?

– Häzire çenli eserlerim on iki dile terjime edildi. Terjimeleriň şowlusy-da, şowsuzy-da bar. “Daşrabat” romanym iki gezek rus diline terjime edildi. Soňky terjime şowly çykdy. Bu roman litwa diline göni türkmen dilinden geçirildi. Öň litwa dilinde birinji çykan kitabym rus terjimesinden edilipdi. Elbetde, originaldan edilen terjimäniň artykmaç bolandygyna ynanýaryn.
Terjimeçiler bilen işleşýärdim, terjimeçi ökde bolanda, talapgär bolanda peýdasy köp. Tamara Kalýakinanyň, Lýudmila Petruşewskaýanyň jaýdar belliklerini kabul etmezlik eseriň, terjimäniň hiline zyýan berjekdi.

– Internet ulgamyndan peýdalanýaňyzmy?

– Belli bir derejede.

– Romany galam bilen ýazýaňyzmy ýa maşynkada? Kompýuterde işläp bilýäňizmi?

– Diňe ruçka bilen ýazýaryn. Syýa bilen ýazylan teksti kompýutere geçirýärin, şondan soň ony gutarnykly hasap edýärin, sebäbi göçüremde birgiden ýerini üýtgetmeli bolýar. Her romanymyň azyndan iki warianty bar.

– Iş endikleriňiz? Ýazýan wagtyňyz belli bir kada eýerýäňizmi? Kä ýazyjy daňdan turup irden, 8-9-lara çenli işleýär, käsi gije ýazýar.

– Irden günortana çenli ýazýaryn, gijesine işlemek meniň endigim däl.

– Özüňizde ýazyjylyk ukybyny haçan duýduňyz?

– Takyk wagtyny aýdyp biljek däl.

– Ömrüňiziň 60 ýylyny edebiýata bagyş etdiňiz. Telim tomluk iş: dokuz roman, on iki powest, hekaýalar, oçerkler, esseler, publisitiki ýazgylar, taryhy miniatýuralar, ýatlamalar, pýesalar... Edilen işlerden kanagat tapýaňyzmy? Öz ömrüňizde esasy etmeli işiňizi etdim diýip hasaplaýaňyzmy?

– Kanagat tapmadyk bolsam, munça ýyl işlemezdim. Heniz hem işleýärin, ýöne esasy işimi etdim diýip biljek.

– Magtymgulynyň adyna berilýän dawaly goşgular barada nähili pikirde? Şahyryň akademiki neşiri taýýarlansa, edebiýatçy alymlar, magtymgulyşynaslar haýsy goşgynyň Magtymgulynyňkydygyny aýgyt etseler, hiç kim bilen şäriksiz, arassa Magtymgulynyň goşgulary çap edilse gowy bolmazmy?

– Hakyky magtymgulyşynas öň hem bolmady, entek hem bolmaz. Dawaly diýilýän goşgular Magtymgulyny juda ýüzleý bilýändigimiziň netijesi. Ony çuňňur bilýän adamyň özi aýyl-saýyl edip biler.

– Çyn eserler üçin wagt diýen düşünje bolmaýar. Haýsy eseriňiz has uzak ýaşar diýip çak edýärsiňiz? Mümkin bolsa, üç eseriň adyny tutsaňyz! Men “Başagaý”, “Janserek”, “Ömürzaýa” – şu üçüsini öň hatarda goýýan.

– Goý, bu meseläni okyjylaryň özi çözsün. Görüň, siz özüňiz üçin belli netijä gelipsiňiz, men siziň ynanjyňyzy üýtgetjek bolmaýyn.
– Elektron kitaplar barada pikiriňiz? Adaty kagyz kitaplaryň möwriti ötäýdimikä?

– Ýazyjynyň eserini okyja ýetirmegiň dürli usulyndan peýdalanmaly. Her kim islänini alar. Men kagyz kitaplara endik eden adam.

– Ýazyjylaryň käbiri galapyn eserini “meniň” adyndan ýazýar. Üns berip gördüm welin, siziň altmyş ýyllyk döredijilik ýoluňyzda “meniň” adyndan ýazylan sanaýmaly eseriňiz bar. Meniň bilýänlerim: “Ökünç”, “Ömür dawasy”, “Zäher”, “Ýiten ýurt”.

– Bu meseläniň çözgüdi awtoryň şol esere çemeleşiş aýratynlygyna, göz öňünde tutýan pikirini, garaýyşyny ýüze çykarmakda amatlydyr öýdýän usuly saýlap alşyna bagly. Bu hem häsiýete çalymdaş bir zat.

– “Mähekdaş” romanyňyz esasynda “Jennet guşjagazy” atly kinofilm surata düşürildi. Režissýor filmiň çözgüdinde kitapdan düýpgöter daşlaşypdyr. Awtor hökmünde onuň bilen ylalaşýaňyzmy?

– Meniň eserlerim boýunça üç çeper film döredildi. Birinjisi “Başagaý” powestimden “Ot bolmasa, tüsse bolmaz”, ikinjisi “Mähekdaş” romanymdan “Jennet guşjagazy”, üçünjisi “Bagrymyzyň badaşany” romanymdan “Agyr ýük” filmleri. Üçüsine-de şowly boldy diýip biljek däl. “Başagaý” powestim esasynda Boris Nosik bilen ýazan kinokomediýamyzyň ssenarisine uly baha berlipdi. Maslahata gatnaşan moskwaly baş redaktor: “Henize çenli “Türkmenfilme” şunuň ýaly inçe, çeper ýazylan komediýanyň gowuşandygyny aýdyp biljek däl” diýip, aýdanyny delillendirdi. “Muny surata almak üçin komediýa inçeden düşünýän režissýoryň bolmagy zerur” diýdi. Gynansak-da, beýle ussat tapylmady. Gummadyň roluny oýnan belli akter Spartak Mişuliniň ussatlygy belli bir derejede filmi şowsuzlykdan halas eden-de bolsa, ýaş režissýor Hojadurdy Narlyýewiň işi ssenariniň derejesine göterlip bilmedi. Ol komediýanyň režissýory däldi. Şeýle-de bolsa, bu film beýleki iki filmden ýokarydy.
Altmyşynjy ýyllardan soň türkmen obalarynda ýüz beren ýaşaýyş problemalary meniň döredijiligimiň esasy obýektine öwrülipdi. Pagta meýdanyndaky agyr, surnukdyryjy zähmete men çagalykdan beletdim. Oba adamlarynyň durmuş islegine döwrüň talabyna görä garamak üçin beletlik, has beteri-de çynlakaý aralaşmak gerekdi. Olaryň problemasy seniň problemaňa öwrülmelidi. Ine, şu zerurlyk režissýorlar Baba Annanowa-da, Halmuhammet Kakabaýewe-de ýetmedi. Olar Aşgabatda önüp-ösen adamlardy, oba adamlarynyň durmuşyny, olary derdeser ýagdaýa salýan kynçylyklary hakyky dartgynlylygynda görmek olara başartmady. Bu meselede diňe zehin ýeterlik däldi.

– Edebi tankyt ýok. Munuň netijeleri?

– Edebi tankydyň döremegi üçin şoňa zerurlyk duýýan edebi proses gerek. Gynansak-da, sowet zamanynda türkmen sowet edebiýaty diýlen giňişlikde şol bolmady diýerlik. Eseriň sýužet ýordumyny düşündirmek, ýazyjynyň terjimehalyny ýazmak edebi tankyt bolmaýar. Tankytçy diýip tanalýan adamlar köplenç ideologiýanyň, sosialistik realizmiň gorawynda durýan synçylardy. Durmuş hakykatyny adamyň tebigatyna baglylykda seljermek olara düýpden ýatdy.
Bu günki tankytdan men bihabar. Ýitirýän zadym bardyr öýtmeýärin.

– Edebiýata gelýän ýaş nesillere maslahatlaryňyz?

– Öňi bilen, gulçulyga mahsus terbiýeden, gullara mahsus endiklerden, ýaşaýyşdan halas bolsunlar. Hakyky edebiýaty erkin adamlar, erkin garaýyşly, erkin pikirlenýän adamlar döredýärler.

Sentýabr, 2018 ý.

Söhbetdeş bolan Kakamyrat ATAÝEW.

ÜNS BERIŇ!

Gadaganlykdan soňky 25 ýylyň dowamynda ýazan eserlerimiň sanawyny bermegi makul bildim.

1. “Milli oýun”, roman.
2. “Gorky belasy”, roman.
3. “Ýiten ýurt”, roman-ýatlama.
4. “Täze harabalar”, roman.
5. “Ömürzaýa”, powest.
6. “Görgüli”, powest.
7. “Döwletýar beg”, pýesa.
8. “Ýeser oýun”, komediýa-fars.
9. “Kir güni”, pýesa.
10. “Ruhuň tupany”, komediýa-fars.
11. “Kökler”, taryhy miniatýuralar.
12. “Biz kim ekenik?”, esse kitaby.
13. “Uzaga çeken tümlük”, gündelik ýazgylar.
14. “Hakyda”, esseler toplumy.
15. “Deň-duşlarym, kärdeşlerim”, oýlanmalar, esseler.
16. “Garaňkydaky yşyklar”, okalanlar, görülenler hakynda.
17. “Uly ile ýaran ogul”, söhbet.
18. “Türkmen bandasy”, bir jenaýatyň beýany.
19. “Ol günler...”, ýatlama.
20. “Türkmeniň çäresi”, esse.

Men aýatda dirikäm ýa-da ölenimden soň sowet zamanynda, ondan soňky ýyllarda ýazan eserlerimiň toplumyny neşir etmek mümkinçiligi dörän halatynda, olary aşakdaky ýaly saýlap almagy, ýerleşdirmegi maslahat bererdim.

• ESERLERIŇ SAÝLANAN TOPLUMY

1. Birinji kitap. Powestler: “Gelneje”, “Başagaý”, “Arkadag”, “Galyň”.
2. Ikinji kitap. Powestler: “Ömür dawasy”, “Ýanan gelinler”, “Görgüli”, “Ömürzaýa”.
3. Üçünji kitap: Hekaýalar: “Pişekli adam”, “Mähriban”, “Gyrmyzdon”, “Obadaş”, “Ýaşuly gelýär!”, “Tagan mugallymyň söýgüsi”, “Gahrymanyň gelni”, “Nätanyş”, “Gaýly günde”, “Gudaçylyk”, “Bagşynyň ölümi”, “Taňrygargan”, “Siňek”, “Zäher”, “Tragediýa”, “Komediýa”, “Atsyz köçe”, “Bikemal”, “Gumrular”, “Soňky ok”.
4. Dördünji kitap: “Bagrymyzyň badaşany”, roman.
5. Bäşinji kitap: “Janserek”, roman.
6. Altynjy kitap: “Daşrabat”, roman.
7. Ýedinji kitap: “Gyz gaçanda” (“Mähekdaş”), roman.
8. Sekizinji kitap: “Gara ýyldyrym”, roman.
9. Dokuzynjy kitap: “Milli oýun”, roman.
10. Onunjy kitap: “Gorky belasy”, roman.
11. On birinji kitap: “Ýiten ýurt”, roman.
12. On ikinji kitap: “Täze harabalar”, roman.
13. On üçünji kitap: “Kökler”, taryhy miniatýuralar.
14. On dördünji kitap: “Biz kim ekenik?”, esse. “Ile ýaran ogul”, söhbet.
15. On bäşinji kitap: “Uzaga çeken tümlük”, gündelik ýazgylar.
16. On altynjy kitap: “Hakyda”, esseler. “Deň-duşlarym, kärdeşlerim”, portretlere ştrihler. (“Italmaz”, “Gurbansähedowiç”, “Gylyç Mämmedowiç”, “Çary Nurymow” atly esselerimi-de şu kitaba goşmaly).
17. On edinji kitap: “Garaňkydaky yşyklar”. Gadaganlygyň agyr ýyllarynda okan kitaplarym, gören sungat eserlerim hakynda. ‘
18. On sekizinji kitap: “Ile ýetsin nalyşym”. Bu kitaba “Syýahatdan soňky söhbet”, “Mahymyň watanynda”, “Mekge-Medineden soň” atly ýazgylarym, “Merwiň sapaklary”, “Türkmeniň ykbaly”, “Ylham seýilgähine syýahat”, “Nalyş” atly oýlanmalarym girmeli. Dünýäniň azatlykda ýaşaýan ýurtlaryna eden hem etmegi göz öňünde tutýan syýahatlarymyň fonunda öz ykbalym, türkmeniň ykbaly bilen bagly oýlanmalarym hem şu kitapda orun tutsa, juda ýerine düşer.
19. On dokuzynjy kitap: Drama eserlerim: “Derdeser”, “Harmandäli”, “Şagal mesligi”, “Döwletýar beg”, “Ýeser oýun”, “Kir güni”, “Ruhuň tupany”.

Tirkiş JUMAGELDI.
Категория: Söhbetdeşlik | Просмотров: 294 | Добавил: Taryhçy | Теги: Tirkiş Jumageldiýew, Kakamyrat ATAÝEW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Söhbetdeşlik bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 MURGAP  
1401
Her adamyñ her bir zada tapawutly pikiri bardyr. Bir ýerde okapdym "Dünýede näçe adam bar bolsa, şonça filosofiýa bar".
Meniñ pikirimçe Turkmen edebiýatynyñ Dünýä edebiýatyna çykan zehini ATAJAN TAGAN, TIRKIŞ JUMAGELDI.
"Täze harabalar" romany şu saýtda goýuldy.
Ýazyjynyñ başga çap bolmadyk eserleri kimde bar bolsa şu saýta goýmagñyzy Sizden haýyş edýärin.

0
2 Babay  
1481
Ýaz ýagyşynyň lezzetini duýmaga-da gamsyz göwün gerek.
"Biz kim ekenik?" esse.

* * *

Durmuş bulananda suwlaram bulanýar ekeni.
"Täze habarlar" roman.

* * *

Emeldarlaryň jenaýatyna düzgün eden jemgyýetiň bulanyk suwunda sen balyk bolup ýüzdüň, baýadyň.
"Täze habarlar" roman.

* * *

Ägirt wepany haýwanyň ýüregine salan Adam, özüň biwepalygy nirden öwrendiň!
"Gara ýyldyrym" roman.

* * *

Adam bagta gezek gelende deňlik küýsänok, betbagtlyga deňlik küýseýär.
"Ýanan gelinler" powest.

* * *

Bir adam wezipe eýelän oglunyň kabinetine baranda oňa ýaşuly diýip ýüzlenenmiş.

* * *

Bir adamyň rowaçlygy üçin ikinji adam şowsuzlyga uçramaly.
"Janserek" roman.

* * *

Ygalsyz ýazyň asmany meniň ýüregimi guratdy.
"Ýiten ýurt" roman.

* * *

Arassa duýguny söz bilen beýan edilende, çeşme suwuny el bilen duýjak bolnandaky ýaly ony bulandyrmagyň ähtimaldy.
"Ýiten ýurt" roman.

* * *

Ýanyp duran ýüregi arak bilen sowadyp bolanok.
"Milli oýun" roman.

* * *

Syýasat diýlende, bulanyk suwda balyk tutulşy göz öňüme geläýýär.
"Milli oýun" roman.

* * *

Taryhyň çaňy bilen halkyň ruhuny galdyrjak bolanlaryň nä güne düşendigini bilmek üçinem taryhy okamaly-da.
"Milli oýun" roman.

0
3 MURGAP  
1401
Halypa "Ýiten ýurt", "Milli oýun" romanlaryny nireden tapyp okap bolarka?

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]