19:08

Ýazylmady dile görä

ÝAZYLMADY DILE GÖRÄ

Howalar sowuk
Güllerem soluk
Asmanym ýowuz
Dünýämi dowul
paralaşdy
Güneşi kowup,
Gar aralaşdy
Kalbymyň buzy
Durmuşym duzy
Ählisi şoldy
Bagtymyň gyzy.
Ýüregmiň yzy -
ýüregiňde
Geregim sen -
diýenimde
peýdasyz.
Şeýdasyz
Yşk bolar
öýtdüňmi?
Dertdiňmi dermansyz?!
Gysyldy mäşe
Gyryldy näçe
umyt ganatlary?
Sagatlary
durzup gitdiň aýralykda
"Nätjek, aýralyk-da!"
diýdiňde ötägitdiň.
Hata gitdiň bile-görä.
Dyňzap gitdiň
şol tarapa.
Sol tarapa
agyr düşdi.
Akyl uçdy.
Ýazylmady dile görä...

Ylham GURBANALYÝEW.

2022.12
Категория: Goşgular | Просмотров: 209 | Добавил: Alchemist23 | Теги: Ylham Gurbanalyýew | Рейтинг: 0.0/0
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
"Diýdiñ: Gelin bolup görkezeýinmi?.." / Goşgular - 14.02.2024
Tilki bilen üzüm / basnýa / Goşgular - 10.01.2024
Ynanarmykan? / Goşgular - 30.01.2024
Düýş hem ýagyş / Goşgular - 09.01.2024
Wiswisi lakamly obadaşymyň ömür beýany / Goşgular - 25.03.2024
Tazy / Goşgular - 30.01.2024
"Gitdim senden ilerledip ümzügi..." / Goşgular - 01.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]