19:55

Ýeñiş Gutlagy

ÝEÑIŞ GUTLAGY

Deil Karneginiň (ýa-da başga biridir) bir sözi ýadyma düşýär: “Uzak Çyn-Maçynda 100-200 adamyň bir heläkçilikde ölendigini eştdim. Gynandym, ýöne meni ýaňyrak ary çakypdy, şoň awusy has ýiti“.
Faşizm, totalitarizm, Gitler, Stalin, Lebensraum, Supergüýç bolmak... bular barada biz bu gün pikir edýäris. Çünki mümkinçiligmiz bar. Ýöne o güniň halkynda  ýokdy. Halk ýeňmek ýa da ýeňilmegem däl, söweşiň tamamlanmagyny isleýärdi.belli bir derejede söweşiň tamamlanan günini baýram kabul edilmegine, men şu tarapdan seredýärin. Stalin radioda gürländen soň buşluk habary,  “Uruş gutardy“ diýip aýlanýardy, obama-oba, ýeňdik diýip däl.
Ynsana laýyk ýagdaýlara görä, bu buşluklar könelişdi we indi biz kimiň kimi, nämäni ýeňenligini, nämäň nämeligini pikir etmäge başladyk. Sosializm faşizmi ýeňdimi? Stalin sosialist lider bolup, gijeler ýatman dünýäni faşizmden halas etmek hakda pikir etdimi? Kommunist dostlarymyzyň gözlerini ýaşardyp gürrüň berýän rowaýatlary nä dereje dogry? ABŞ SSSR-i goldamadyk bolsa nemesler ýeňjekdimi? Gitler dünýä ösen medenýet we asylzada nesil sowgat etjekdimi...
Öz tarapymdan seredýän. Meniň atalarym-babalarymam, belki, Gitleriň ideologiýasyna garşy çykardy, kommunizmi getirmegiň we Staliniň tarapynda Gitlere garşy söweşerdi. Ýöne Ikinji jahan urşuna ýetirmän olaryň ep-esli bölegini, öz watanyny goramak ýaly agyr günä iş edenligi üçin, adalatyň simwoly ýaly kabul edýän Gyzyl Goşunymyz mynasyp jezasyny berip, gyrypdyr. Ep-eslisinem ”Siz gyzgyn çöllerde ýadadyňyz, biraz Sibirde dynç alyň“ diýip ugradypdyrlar. Diňe galanja, gögeleräk bölegi faşist diýlen bir halk barmyş, iki kelleli, dört ellimişin, gelse çaga-çugaňy gyrjakmyş - diýip, şolaryň garşysyna söweşmäge gidipdir.
Faşizmiň garşysyna göreşmek diýlende, Rapollo, Molotow-Ribbentrop ylalaşygy ýaly zatlar ýadyma düşýär. Polşany Germaniýa bilen bilelikde basyp alan SSSR faşizme garşy göreşýän eken. Pribaltika döwletlerini basyp alýarka, Finlandiýanam aljak bolup synanyşýaka, faşizme garşy göreş gidýän eken, düşünmändiris.

Şeýle gürrüň bar: Hezreti Isa gyzyny ýere ýatyryp, gylyjyny çykaryp, elini kesjek bolup durka, asmandan öküz inýär we şondan bäri şo gün Remezan baýramymyş.
Baýramyňyz gutly bolsun.

Nejep BAÝAT.

Категория: Gutlaglar | Просмотров: 503 | Добавил: Hаwеrаn | Теги: Nejep Baýat | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Gutlaglar bölümiň başga makalalary


Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Zeus  
Bähh, onda Beýik Watançylyk urşunda wepat bolan gahrymanlarymyz zyrýa gyrylypdyrlar-da?

0
2 Annigilyator  
Käbirlerine "guýa gusup at gazan" diýseň, şony başarýarlar. Fuflogon!

0
3 mango  
651
Nejep kaka ýazgysynyň soňuny çöpe-çalama uran ýaly.

"Şeýle gürrüň bar: Hezreti Isa gyzyny ýere ýatyryp, gylyjyny çykaryp, elini kesjek bolup durka, asmandan öküz inýär...".

Hezreti Isaň ne gyzy bolupdyr ne-de gylyjy.

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]