15:00

"Ýeriň titremeginiň sebäplerini..."

"ÝERIŇ TITREMEGINIŇ SEBÄPLERINI..."

Ýeriň titremeginiň sebäplerini,
Ogly atasyna düşündirýärkä,
Çölüň jümmüşinde, çopan goşunda
Irkiräk döwürde boldy bu waka.

Ogul gürrüň berdi, ata diňledi,
Diýdi onsoň:
- Indi maňa gulak as.
Diýipdirler: ody özgä basmankaň,
Ony ilki bilen öz-özüňe bas.

Ýeriň astyn-üstün gorjap çykdyňyz,
Galmady görgiliň bir bitin ýeri.
Eger şeýdip çişläp dursaň gerşiňi
Aýt, seniň özüň näderdiň,
Ýeri?..

Berdinazar HUDAÝNAZAROW.

"Edebiýat we sungat" gazeti, 03.10.1986 ý.
Категория: Goşgular | Просмотров: 371 | Добавил: Haweran | Теги: Berdinazar Hudaýnazarow | Рейтинг: 5.0/2
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Ýagyş damjasy / Goşgular - 24.03.2024
Täjir tanşyma / Goşgular - 16.01.2024
Suwdan ot çykaran goşgy / Goşgular - 31.01.2024
Sowuk söz / Goşgular - 31.01.2024
Lenç edilen nakyl / Goşgular - 05.02.2024
Rubagylar / Goşgular - 01.01.2024
Siziñki / Goşgular - 30.01.2024
Ömrümiñ manysy bolmaly zenan / Goşgular - 05.02.2024
"Bagşylara" / Goşgular - 07.02.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024

Teswirleriň ählisi: 3
0
1 Yusup  
50
Berdinazar agaň ýatlamalarynda bar. Bir kitabynd-a okapdym. Şahyra bir ýaşyuly gürrüň beripdir. "Ýeri eleme deşik etdiňiz. Ýerem gaharyny bir zatdan çkarmaly" ondan dälmikä diýýän. Ýer titremeler ýerler deşilmänkä-de taryhda bolupdyr.

0
2 Yusup  
50
Şahyryň "Goňşular" diýen proza eserini elektron görnüşine geçirip bolaýsa. Okap gülip hezil etdim. Özümem geçirerdim welin sahypa köp, kompda haýal ýazýan. Iki sahypa göçürdigim ýüregime düşip ýadap başlaýan

0
3 kungfuu  
1292
Men geçirerdim...

Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]