17:04

Ýetginjek

ÝETGINJEK

Öñküsine görä üýtgeşik dünýä.
Nämüçindir dünýäñ öñküligi ýok.
Ol özünden uly bolmak isleýär,
Öz ýaşyndan uly bolup bilenok.

Görýän düÿşleri hem öñküleri däl,
Söýüşen gyzlary bardy bir çene.
Ol ýuwaş-ýuwaşdan düşünip barýar
Gelinleñ, gyzlaryñ gözelligine.

Bir täsin täzelik gurşaýar ony,
Ol häzirden görjek bolýar geljegin.
Howlaýar. Ululañ yzyna düşýär,
Geýýär uly doganynyñ penjegin.

Uruşly kinolar ýat boldy oña,
Düşenok ýadyna oýun, kepderi.
A ''Söýgi oduna'' goýberenoklar
On alty ýaşyna ýetmedikleri.

Ýigitligiñ gapypysyny kakýar ol,
Açanoklar, wah, nätmeli? Itmeli?
Itse-de, bu gapa goýberenoklar
On sekiz ýaşyna ýetmedikleri.

Öýe gelýär, urunýar ol iki ýan.
Kakasy geñ galýar: ''How, keýpiñ ýok-la?''
''Meñ ullakan adam bolasym gelýär,
Näme üçin meni goýberenoklar?..''
Категория: Goşgular | Просмотров: 298 | Добавил: Jeksparro | Теги: Gurbannazar EZIZOW | Рейтинг: 5.0/1
Awtoryň başga makalalary

Goşgular bölümiň başga makalalary

Eýdip-beýdip... / edebi ýaňsylama / Goşgular - 12.01.2024
«Превратила всё в шутку сначала…» / Goşgular - 29.02.2024
«Отвергнув гордое сомненье…» / Goşgular - 29.02.2024
Ýolbars we Möjek / basnýa / Goşgular - 05.01.2024
Sumbaryñ kenarynda / Goşgular - 01.01.2024
Kyrk ýaşa ýüzlenme / Goşgular - 03.02.2024
Puluň başarnygy barada agymtyl goşgy / Goşgular - 10.01.2024
Perişan kalbyñ umydy / Goşgular - 01.01.2024
Garyp köñlümiñ soltany / Goşgular - 21.02.2024
Dostluk hakda / Goşgular - 18.02.2024

Teswirleriň ählisi: 0
Teswiri diňe saýta agza bolan ulanjylar goşup bilýär.
[ Agza bol | Saýta gir ]