04:48 Ýetmez waspyña kelamym | |
ÝETMEZ WASPYÑA KELAMYM Ýürek bilen ýapyşylan kärleriň bihaly ýok welin, mugallymçylygyň şolaryň naýbaşysydygy inkär edip bolmajak hakykatdyr. Sebäbi bu käriň eýeleri — mugallymlar adamyň ykbalyny boýun alýarlar. Olar her bir ynsan balasynyň ylym-bilimden paýyny alyp, durmuşda öz ýoluny tapmaga ýardam edýärler. Şeýle mugallymlar il-günüň, eziz Watanyň egsilmez sylag-hormatyna mynasyp bolup, nesil dowatymyzy aýdyň ertirlere atarýarlar. Nurlanýar şol ynsan bilen asman,zemin–bütin yklym. Çünki bilimiň açarna hökmürowandyr mugallym. Bäşinji umman kalbynda orun tutupdyr mazaly. Iki egninde-de otyr ynsan oglunyň ykbaly. Asman deýin parahat, dury hem-de giň ýürekli, edil enäniň bolşy ýaly okuwçysynyň üstünde kökenek mugallymlary göreniňde “Eger ene-atadan soň tagzym edilmeli ýene bir ynsan bar bolsa, megerem, ol mugallymdyr” diýesiň gelýär. Emma geçmişde mugallym hormatynyň ene-atadan hem ýokarda goýlan ýerlerine çeşmelerde az gabat gelmedik ahyryn. Rowaýatlara görä Isgender Zülkarneýnden“Sen näme üçin halypaň Aristoteli kakaň — patyşa Filipden has ýokary hormatlaýarsyň?!” diýip sorapdyrlar. Şonda ol: “Kakam bedenimi terbiýeläp, meni asmandan ýere inderdi. Aristotel bolsa ruhumy terbiýeläp, meni ýerden asmana göterdi” diýip jogap beripdir.Ýene bir rowaýatda bolsa belli fizikNýutona “Sen juda uzaklary görmegiň hikmeti nämede?” diýip soranlarynda, onuň: “Men mugallymymyň eginleriniň üstünde oturamsoň uzaklary görýärin” diýmegi mugallyma goýulýan çäksiz hormatdan nyşandyr. Sungatyň —bagşy-sazandalygyň, şahyrçylygyň, nakgaşçylygyň, heýkeltaraşlygyň hakdan berilýändigi hakynda köp eşidýäris. Emma mugallymçylygyň sungatdygy hakynda nämeleri bilýäris? Mugallymlarda dünýäde akyldar aýtmyşlaýyn iň kyn zatlaryň biri bolan sözüňi başgalara düşündirip bilmek ukybynyň ösen derejesi bar. Eýsem, şunuň özi mugallymçylyk kärini sungat derejesine götermeýärmi näme?! Şeýle-de olar adatdan daşary ýada hem-de synçylyga eýedirler. Hak mugallym ýyllaryň geçendigine garamazdan, öz okuwçylaryny tanap bilýär. Özi hem bu ukyp olaryň ömri bilen ömürdeş bolýar. Şu ýerde sözümizi delillendirjek bir wakany ýatlasym gelýär. Arada uýam meni okadan mugallymlarymyň birine sataşypdyr. Ýüzbe-ýüz gelnensoň salam bermezligi uslyp bilen jigim mugallymyma salam beripdir. Salamy alan mugallym jigimiň egnine elini goýup, ýüzüne synçy nazary bilen seredipdir-de, “Sen meniň pylan okuwçyma juda meňzeýärsiň. Bolsaňa şonuň özüsiň, bolmasaňam doganysyň” diýipdir. Jigim haýran galmakdan ýaňa allaniçiksi bolupdyr hem-de dessine özüni tanadypdyr. Ine, hakdan içen mugallymyň ýyllaryň hataryna per bermedik gözleri, şaýat bolan pursatlarynyň ýekeje ýeri hem bozulmadyk hakydasy... Işine yhlasly, zähmetsöýer, esasan hem, okuwçysynyň kalbyna aralaşmagy başarýan mugallym iň kämil mugallymdyr, ynsandyr. Biz muňa geçmişiň altyn sahypasyna atlary müdimilik ýazylan ynsanlaryň durmuş ýolunyň üsti bilen hem göz ýetirýäris. Her bir tanymal ynsanyň arkasynda onuň zehini bilen birlikde mugallymynyň irginsiz zähmeti, çäksiz söýgüsi durandyr. Şeýle aýratynlyklara eýe bolan mugallymyň okuwçysynyň ýüregindäki hiç zat bilen ölçäp bolmaýan ornunyň bardygyny şeýle tymsalyň üsti bilen ýetirmek isleýärin. Uzak ülkeleriň birinde bir başlangyç synp mugallymy täze göçüp gelen ýerindäki mekdepde işe başlapdyr. Oňa ýolbaşçylyk etmek üçin 5-nji synp okuwçylaryny beripdirler. Mugallym okuwçylara bilim bermekden ötri, olaryň özlerini alyp baryşlaryna, birek-birekbilen gatnaşyklaryna, egin-eşikleriniň päkizeligine aýratyn üns beripdir. Emma okuwçylarynyň biri ony ünjä goýar eken. Sapaklaryna, egin-eşigine üns bermeýän, hatda synpdaş ýoldaşlary bilenem gatnaşmaýan okuwçynyň syrly ahwaly hakynda ol köp pikirlenipdir. Şeýlelikde, mugallym okuwçysynyň synpdan-synpa geçirilende berilýän häsiýetnamasyny öwrenmäge başlapdyr. Ol häsiýetnamalarda şeýle sözleri okapdyr: “1-nji synp okuwçysy M.H. zehinli, başarjaň, şadyýan okuwçy. Synpdaş ýoldaşlary ony halaýarlar. Ol sapaklaryny wagtynda, özbaşdak özleşdirmegi başarýar. 2-nji synp okuwçysy M.H. göreldeli okuwçylaryň biri. Emma ejesiniň hassalanmagy ony käbir oňaýsyz ýagdaýa goýýar. 3-nji synp okuwçysy M.H. gowy okuwçy. Ýöne ejesiniň aradan çykmagy ony biraz okuwyndan daşlaşdyrdy. 4-nji synp okuwçysy —M.H. sapaklaryna ünssüz okuwçy. Synpdaş ýoldaşlary bilen gatnaşmaýar...”. Okuwçysynyň ýagdaýyny öwrenen mugallym başardygyndan oňa ýakyn durmaga başlaýar. Gowy hereketlerini goldaýar, kemçiliklerini sypaýylyk bilen düşündirýär. Ondan enelik mährini, söýgüsini gysganmaýar. Oglanjyk mugallymyň üns-aladasy bilen öňküsinden özgermäge başlaýar. Günleriň birinde mugallymyň doglan güni bolýar. Okuwçylar oňa al-elwan gülleri sowgat edýärler. Bu oglanjyk mugallyma ejesiniň ýasama gaşlardan düzülen monjugyny hem-de sepinilip üçden bir bölegi galan atyryny sowgat edýär. Mugallym onuň sowgadyny mähir bilen kabul edýär-de dessine atyrdan bilegine sepýär. Mugallymynyň hereketinden monça bolan oglanjyk sapakdan soň mugallymynyň ýanyna barýar-da, oňa şeýle diýýär: “Mugallym, bu gün siziň ysyňyz maňa ejemi ýatlatdy”. Mugallymyň ýardamy bilen oglanjyk gün-günden özgerýär. Ýylyň ahyrynda bolsa göreldeli okuwçylaryň hatarynda okuwyny tamamlaýar. Birnäçe günden mugallym okuwçysyndan hat alýar. Hatda onuň iň gowy mugallymdygy hakynda ýazylypdyr. Bu wakadan soň alty ýyl geçýär. Şol okuwçydan mugallyma ýene-de hat gelýär. Ol hatynda ýörite orta mekdebi göreldeli tamamlan üç okuwçynyň biridigi hakynda gürrüň berýär. Hatyň soňundaky “Siz meniň şu wagta çenli tanaýan mugallymlarymyň içinde iň gowusysyňyz!” diýen sözler bolsa mugallymy has-da tolgundyrýar. Bäş ýyldan soňra gelen hatda bolsa ýokary okuw mekdepleriniň birini üstünlikli tamamlandygy hakynda aýdylýardy. Aý-günüň ýyllar bilen sepleşip geçişini görsene! Nobatma nobat gelýän pasyllar diňe bir heňňamyň goýnunda däl, eýsem ynsan ömründe hem gonak bolýarlar. Muny mugallymyň sypaýy keşbinde-de görmek kyn däldi. Syýa saçlaryna kümüş suwy sepelenen mugallymyň okuwçysyndan gelen haty äýneginiň aşagyndan okajak bolup elewreýşini welin, görmäge göz gerek. Hawa, mugallym ýene-de özüniň zehinli, ylym-bilime yhlasly, başarjaň okuwçysyndan gelen haty okaýardy. Her gezegem hatyň ahyryndaky tolgundyryjy, biri-birine meňzemeýän jümleler ony özüne çekýärdi, ömrüne ömür, şatlygyna şatlyk goşýardy. Bu gezekki hat beýlekilerden üýtgeşikdi. Awtoryň şahsy golunyň gapdalynda “Lukmançylyk ylymlarynyň doktory” diýen sözler bardy. Ine-de, günleriň birinde mugallym okuwçysyndan toý çakylygyny aldy.Bellenilen günde toýuň arzyly myhmany bolan mugallymyň şatlygyny, okuwçysyna bolan buýsanjyny onuň ýüzünden okabermelidi. Mugallym söýgüli okuwçysyny kalbynyň töründäki iň ajaýyp sözler bilen gutlady. Onuň okuwçysyna aýdan sözleriniň täsiri tutuş toýa gelen myhmanlary heýjana saldy. Şol pursat okuwçynyň öz mugallymyna – halypasyna bakýan minnetdarlykdan püre-pür gözleri onuň boýnundaky monjukda eglendi. Sebäbi mugallym toýa onuň ençe ýyl ozal sowgat beren mähriban käbesiniň monjugyny dakynyp gelipdi. Durmuş toýuny tutýan ýigit –yhlasly okuwçy mugallymynyň çagaka başyny sypan ellerini gysdy-da, oňa şeýle sözleri aýtdy: “Eger-de meniň şu dünýäde kimdir birine tükenmez borjum bar bolsa, şol adam sizsiňiz, mugallym! Maňa kalbyňyzda orun, ýaşamaga umyt berip, uly ynam bildirendigiňiz üçin sagboluň! Siz şu dünýädäki iň merhemetli mugallymsyňyz — ynsansyňyz!” Görşümiz ýaly, yhlasly okuwçynyň bu sözlerinde mugallym ähline bolan soňsuz hoşallykbar, giň akabaly mähir-muhabbet, söýgi bar. Onda ussadyň “Mugallym, mugallym! Gör, ne gözel at! Sende gözün açýar ilki adamzat” diýen setirleriniň many özeni bar”. Asla näme inkär edip biler, heý, Bu durmuşa ýürekdigňi, mugallym! Aý bilen Güneşiň lazym bolşy deý, Ömürbaky gerekdigňi, mugallym! Gurbanjemal ANNAKOWA. | |
|
Teswirleriň ählisi: 0 | |